Şu ýerden başlaly
Belki-de bu kyssany owalam eşidensiň. Ýöne maňza batýan
many-mazmuny bolansoň, seniň bilenem ýatlamagy makul bildim.
Kyssa şeýle başlaýar…
«Heniz körpe çaga we köp duýgulardan erkin mahalym, arzuw-hyýallarymyň çägi-serhedi bolmazdy...
Ilki-ilkiler tutuş älem-jahany we ähli barlygy üýtgetmegi-de arzuw edipdim. Az-kem ulalyp, köp zady saýgaryp, dünýä-durmuşa
akyl ýetirip başlanymdan soň, meniň ojagaz arzuwlarym bilen älemiň
üýtgemejekdigine göz ýetirdim.
Soňra öz ýurdumy özgerdesim geldi. Ýöne meni gurşan pikirdir
hyýallar ýurdy özgertmäge hem ýetmedi.
Ýaşym bir çene ýetipdi. Birmahalky arzuw-hyýallardan püre-pür
gursaga derek durmuşdaky has möhüm zatlara üns bermegi ündeýän
sanaýmaly pikirlerim galypdy. Şol wagt maşgalamy özgerdesim geldi. Olary has kämil, has şadyýan we bagtyýar etmegiň kül-külüne
düşdim. Arman, bu arzuwam maňa eýgertmedi. Olaryň hiç birine täsir
edip bilmedim.
Bu wagt bolsa goja göwün, mydarsyz bedenler bilen düşege
baglanyp ýatyryn. Sanalgymyň dolmagyna alýan demim bilen
ädimme-ädim ýakynlaşýaryn. Gursagymda bolsa ahmyra ýugrulan
armanly bir arzuw bar: «Wah, başda men özümi üýtgedip bilen bolsam, onda bu wagta çenli durmuşymdaky juda köp zatlary üýtgedip
bilerdim. Belki-de meniň özümden görelde alyp, tutuş maşgalam
özgererdi. Olaryň meni goldamagy, ruhlandyrmagy belki-de ýurdy
özgertmegime mümkinçilik dörederdi. Kim bilýär, belki-de şeýdipşeýdip bütin älemi üýtgedip bilerdim…».
Köp adamlara mahsus bolan nogsanlyklaryň biri şunuň ýaly
düşünjeler. Durmuşdan we özgelerden zeýrenýän ynsanlar, olaryň
has gowulyga tarap özgermegini isleýän ynsanlar, özlerini ünsden düşürýärler. Olar daş-töweregini gurşap alan garma-gürmeligi
sazlaşdyrmak, düzgün-tertibe salmak isleýärler, emma özlerini welin unudýarlar. Özgeleriň gowulyga tarap üýtgemegini isleýänler ilki
bilen özleriniň has gowy bolmagy üçin yhlas etselerdi, bu iş has ýeňil
we has çalt amala aşardy. Çünki olar öz hereketleri bilen beýlekilere
görelde bolardylar. Üstesine, beýlekiler hem onuň isleg-talabyna
laýyk jogap bererdiler. Gel, onda bu döwletli tutumy hut şu ýerden –
özümizden başlaly!
Özüň bol
«Älemiň dilinden düşmejek özgerişlik sen bol». Mahatma
Gandiniň bu sözlerini biz öwran-öwran gaýtalaýarys. Sen bu dünýä
nähili ýagşy häsiýetleri ýaýratmak isleýän bolsaň, şol häsiýetler ilki
bilen özüňde bolsun. Şol häsiýetler äleme senden çogup çyksyn. Älemiň
nusga alýany sen bol! Diliňden öňürti daşky keşbiň, sypat-syratyň
we bitirýän amallaryň seniň kimdigiňi dünýä ýaýsyn dursun. Özüňi
alyp barşyň, bitirýän işleriň, çekýän zähmetiň, hereketleriň bilen
özgerişligiň altyn nusgasyna öwrül. Özgerişligiň düzgünlerini
älem-jahana sen ýaýrat. Goý, şol asylly gylyk-häsiýetleriň dünýä
ýaýraýan merkezi sen bol. Beýle diýsek, hiç kese asla üns bermän,
diňe özüňi özgert, özüň bilen bol diýdigimiz däl. Esasy zat, özgelerde
haýsy ýagşy häsiýetleriň bolmagyny isleýän bolsak, şol häsiýetler ilki
bilen biziň özümizde bolsun. Başgalardan edýän tamamyzyň mukdary
özümizi alyp barşymyzdan artyk gelmesin. Ikisi sazlaşykly, utgaşykly
gitsin. Şeýdilende her iki tarap bu asylly ýolda birek-birege ýardamarka bolýar gidiberýär. Şeýle bir şygyr setirleri bar:
«Özgelere öwüt berýän, eý, ynsan,
Şol öwüdi özüňe hem ber.
Gel, şony ilki bilen özüňden başlaly,
Hötde gelip bilseň, sen bir hekimsiň».
Ine, biz ilki özümizden talap edip bilsek, özümizi has gowulyga
tarap özgerdip bilsek, onda aýdan sözlerimizi diňlärler, bizden nusga
alarlar, biziň täsirimiz köpe ýaýrar…
Şu ýerden we şundan başla!
Dünýäniň gurluşyny, durmuşyň dowam edişini has gowy usulda
üýtgetmek islesek kimden başlamaly? Iň oňat başlangyç, ýüz görülýän aýna seredeniňizde kimi görýän bolsaňyz, hut şondanam başlaň.
Eger-de ertirimiziň kir-kimirsiz, päkize we nurana bolmagyny isleýän bolsak, onda şu günden, hut şu pursatdan başlap,
durmuşymyzyň we düşünjelerimiziň ýüzüne ýokaşan tegmilleri,
nogsanlyklary, aýyplary aýyrmagy özümize borç edineliň. Nogsanly
ýerlerini kämil edeliň, säwlik-hatalaryny düzedeliň. Özi hem heniz
özgelere maslahat bermänkäk, özgeleriň şeýle gopmagyny tama etmänkäk, ilki özümizi şol düzgüne girizeliň. Özüni düzedip bilýän
adam özgelere hem täsirini ýetirip bilýändir
"Halallyk kyssalary"

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.