On ýedinji söhbet: Kese söhbet

ON ÝEDINJI SÖHBET: Kese söhbet

Nobatguly bilen gündiz sagat on ikide öýde duşuşmagy, söhnetimizi dowam etmegi mundan iki gün öň wadalaşdyk. Men başga işlerimi taşlap, söhbetdeşlige taýýarlyk gördüm. Emma Nobatguly gelmedi. Elbetde, bir işi çykandyr-da. Onuň hökman bir degerli bahana tapjagyny bilýän. Men ýeke galdym. Hyýalymda onuň bilen baglanyşykly wakalary ýatladym. Şol wakalaryň käbirini men size ýetirýärin, hormatly okyjy.
Bir gezek dört-bäş bolup meýlis edip otyrdyk. Nobatguly şonda tost şekilli gürrüň edip, türkmen tireleriniň ökde kesplerini sanamaga durdy:
– Atym bar diýip Ahala barma, pälwanym bar diýip ärsara barma, gepe çeperim bar diýip Mara barma, bagşym bar diýip saryga barma – diýip, bulguryny agzyna ýetirdi, öz tiresi, ýomut tiresi agzalmany üçin edil alkymynda oturan Amanmyrat Bugaýew:
– Haw, agasy, ýomut näme!? – diýdi.
– Ýomuda, asyl-ha barma… Ýomut ýoluňda oturýar – diýip, bulguryny başa çekdi.
* * *
Bir gezek kinostudiýada Nobatgulynyň kabinetine üç-dört kinorežissýor, redaktor üýşüp, bir oglana çişlik getirdip, arak içip başlaýarlar. Nobatguly ol mahal eýýäm içmesini ymykly goýan mahallarydy, ony içirjek bolup ýörite şeýden ekenler. Olar arak içýärler, doňuz etinden bişirilen çişligi iýýärler, soňundanam:
– Hany, Nobatguly, bize bir töwir edip ber – diýýärler.
Şahyr:
– Heý, oglanlar, iýeniňiz doňuz eti, içeniňiz arak, eden gürrüňiňizem zynahorluk. Bularyň ýekejesiniň bar ýerinde hem töwir bolmaýar ahyry – diýipdir.
* * *
Bir sapar Nobatguly bilen Atamyrada ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew:
– Beýdip enteşip ýörmäň, işläň, adam boluň – diýip käýäpdir. Nobatguly biparhlyk bilen:
– Biz şahyr boljak bolýas, adam bolmak programmamyzda-da, ustawymyzda-da ýok – diýipdir.
* * *
Bir gezek ýaşuly ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow Nikolaý Zolotarýow diýen ýazyjy dostumyzy çagyryp:
– Nobatguly bilen içmäň, ony aýaň, ol örän uly şahyr – diýip, Kolýa pent beripdir. Kolýa-da ony dessine piwnoýda içjek bolup durka Nobatgula aýdypdyr. Nobatguly:
– Sen, Kolýa, öte eşidensiň, ol: «Nobatgulynyň puluna içmäň, onuň puluny aýaň, ol şahyr» diýendir – diýipdir.
* * *
Nobatguly goňşusy Sähetmyrat bilen bir şahyryňka oturmaga barýar. Ol şahyr elinde baryny orta goýupdyr. Olar hezil edip oturýarlar, o mahal aýalam öýünde ýok eken. O şahyryň aýaly inçeden uzyn bolansoň, görgülä «çöp» diýip lakam hem dakan ekenler. Bular meý-mes bolup otyrkalar birden «çöp» lakamly aýal öýe geläýipdir. Hälki hezil edip oturan şahyr, keýpini gaçyryp, çyny bilen telewizora sereden bolýarmyş, ony aňan Nobat Sähetmyradyň böwrüne hürsekläp, turmak bilen bolýarlar. Öý eýesi otur diýse-de, bular turup, daşary çykýar. O şahyr öz düşen ýagdýyndan utanyp ýuwmarlajak bolup:
– Näme birden turuberdiňiz, allanäme hezil edip otyrdyk. Ýeri bi ikiarada näme boldy, ara näme düşdi? – diýipdir.
– Ara «çöp» düşdi – diýip, Nobatguly Sähetmyrat bilen gaýdypdyr.
* * *
– Nobatguly, siziň bu pýesaňyz gaty uzak dälmi? 75 sahypalyk sahna eserini goýmak möwriti ötdi dälmi? Eseri kim sahna çykarmakçy?
– Eseri döwrümiziň gaty uly režissýory Kakajan Aşyr sahna çykarmakçy. Bu eser Kakajanyň stilindäki eser däl, şonuň üçinem biz ony ýaňadan režissýor bilen işlemeli bolarys. Inim, men pýesany bolmalysy ýaly ýazýan, aýyrjak kişi aýrybersin, emma «şu taýynyň kemi bar» diýip, goşmasalar bolýar.
– Eseri tas dokumental diýýärsiňiz. Soltany tagtyndan agdaryp, gözenekde tagt üstünde oturdany hem türkmenler diýýärsiňiz. Seljuklar hem türkmenler, seljuk imperiýasyny agdarýanlar hem türkmenler! Bu nähili bolýar!?
– SSSR-i Gorbaçýow dagatmadyk bolanda kim onuň ýanyna barýar, kim milt edýär!.. Taryha nazar salaňda beýnidäki on ýedinji ýylda orslaryň çeken serhetlerini aýryp pikir etmeli bolýar.

21.09.1994 ý.

Osman ÖDE
0 лайков 249 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.