Kabul eýle!

Eý, meniň söýgüli hanym,
Diňle meniň arzy-halym!
Indi meniň ýok takatym,
Meniň sözüm kabul eýle!

Eger-de sen bolsaň ýarym,
Saňa gurban bolsun janym.
Sensiň meniň bar hyýalym,
Meniň duýgym kabul eýle!

Senden başlar söýgi ýolum,
Seniň bilen ötgeý ömrüm.
Urup durka bu ýüregim,
Meniň söýgüm kabul eýle!

Baýramgylyç diýr bar imanym,
Budur meniň hal-ahwalym.
Şol gyza ýetir ýa Allahym,
Meň dilegim kabul eýle!

Baýramgylyç Sapargylyjow.
8 лайков 300 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
20 авг 2022, 09:26
Erbet däl, gynandyryjy ýeri "sen" we "saňa" sözleriň we klassik şahyrlaryň goşgularyndan alynan setirleriň köplügini aýtmasaň.
#B.S
Автор 20 авг 2022, 09:27
Hiayress,
shlyapa
Ejegyz.
20 авг 2022, 09:32
Men näme üçin "like" basyp bilemok?!
#B.S
Автор 20 авг 2022, 09:33
Ejegyz,
Bilemok
Pegas
20 авг 2022, 11:09
Şahyrlar ordasynda bir tekiz ýerçi ýokdy, indi olam bar. Çok şükür))
#B.S
Автор 20 авг 2022, 11:14
Pegas,
goshgy ;)
#B.S
Автор 20 авг 2022, 11:14
Rigel,
Ýoklaý...
menembiri
20 авг 2022, 14:02
Magtymguly bolan!)))
menembiri
20 авг 2022, 14:03
Bola diýjekdim
Belki
20 авг 2022, 14:07
Şahyr bolup goşgyñ tehnikasyny öwrenesim gelýär diýseñ gowja bellikler edip berjek.Diýýäñmi şony?
#B.S
Автор 20 авг 2022, 14:08
Belki,
Ok! :)
Belki
20 авг 2022, 14:27
At we görkezme çalyşmalaryny kän ulanmak goşguñ çeperçiligini peseldýär.
Goşguda 7 gezek "meniñ" at çalyşmasy,1 gezek "meñ" at çalyşmasy ulanylypdyr."Sen"at çalyşmasyndan ýasalan sözler 5 gezek ulanylypdyr.Üç ýerde görkezme çalyşmalary (bu,şol,budur) ulanylypdyr.Bulam goşgudaky çeperçiligiñ ýoguna ýanypdyr.
Kapyýa diýlen zat ýok.(hanym,halym,takatym we ş.m)
Nusgawy edebiýata eýerip ýazmak Durdy Gylyç şahyrdan soñ ýagny 20-nji asyryñ başlarynda modadan galdy.Eger goşguda adyñy ulanjak bolsañ muny "Pylany diýr" diýen ýaly köneçil görnüşde däl-de "Eger-de dokuzy düz bolan bolsa,Bir goşgam ýazmazdy Seýitmyradam"diýen ýaly täzeçil görnüşde ulanmaly.
Goşguda öñ ýüz gezek lenç edilen pikirleri (Seni söýdüm,köýdüm,kabul eýle we ş.m) däl-de,hiç aýdylmadyk ýa-da seýrek aýdylan pikirleri gozgajak bolmaly.
Şoñ üçinem goşga täze başlanlara seniñ ýazyşyñ ýaly murapbag formada däl-de boşaşa görnüşde ýazmagy maslahat berýän.Sebäbi munda galyp gowşak bolany üçin pikir ýeñil beýan edilýär.Boşaşa forma mysal:
Dertdeşine dert ýolugsa (a)
Duýarmyş diýdiler ynsan (b)
Sözlemäge sözi känkä (ç)
Dymarmyş diýdiler ynsan (b)

Häzirlikçe aýtjagym şular.Üstünlik!
#B.S
Автор 20 авг 2022, 14:30
Belki,
Belledim sag bol!
Maksat
20 авг 2022, 15:00
Berekella @Khanture gowy ýazypsyñ, höwri köp bolsun.(aşyk zat bolduñmy?:))
Dowsypat
20 авг 2022, 17:17
Khanture,Global maýlama saňada täsir edipdir öýdýän.Goşgy ýazyp başlapsyň!
#B.S
Автор 20 авг 2022, 17:24
Dowsypat.,
Howwa :)))
Yusup
20 авг 2022, 23:53
Soyguden eshshi bolanlar shahyr bolya yureginin yangyjyna
Yüreksiz
21 авг 2022, 08:36
Anil Kapur,
Şuda her zat tapaýýa))