On altynjy söhbet: Gurbannazar Ezizow, Akmyrat Şir, Ahmet Bekmyrat
ON ALTYNJY SÖHBET: Gurbannazar Ezizow, Akmyrat Şir, Ahmet Bekmyrat
NOBATGULY. Osman, dogry zadyň tarapynda durmak, öň subut edilen dogry zady aýtmak, ykrar edilen zady ykrar etmek şu güne çenli edebiýat saýylyp gelinýär. Şu gün geçmişiň klassyky formasynda goşgy ýazýanlaryň ählisi şol ýalňyşy gaýtalap gidip otyrlar. Mysal:
Dostlarym bar dumly-duşda,
Kemiň bilner irde-giçde,
Men adam däl, men perişde,
Günä etsem, müýnüm bardyr...
Şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň «Perzentlik duýgusy» atly goşgusyndan alnan şu mysal daşyndan seredeniňde goşgy ýaly, emma içginräk seretseň, goşga däl, ýa başga bir zada-da meňzemeýär. Birinji setir boş setir, özem dogry setir. Diňe Berdinazaryň däl, ähli kişiniň hem «dumly-duşda dostlary bar». Birinji setiri «Menden» başlan awtor kemçilik meselesine geçeninden, eýýäm, «menden» umumy köpçülige geçip gidýär. Elbetde, «kemiň bolsa bilner». Emma ters tarapy hem bar... Gep köp-köp kemler bilinmänem geçip gidýär. Berdinazar Hudaýnazarow şu bendiň üsti bilen näme diýjek bolýar? «Men perişde däl, günä etsem, müýnüm bardyr». Eý, Hudaý! Ýogsa-da günä etseň, müýnüň bor-da! Kiçijik çagajyk, birden gyssanjyna ýerine siýse-de, mölterip oturmaýarmy, eýse; entek gepläp bilmeýän çaga eden işi üçin müýn duýsa, uly adam, özüni uly şahyr saýyp ýören adam: «Günä etsem, müýnüm bar» diýse, nähili gülkünç bolup ýaňlanýar!? Emma gep bu ýerde munda däl. Gep şu günki adamlarda günä edip müýni ýoklugynda!!! Ogurlyk eden awtor – dogrulyk hakda, naýynsap awtor – ynsap hakda, gorkak awtor – batyrlyk hakda, söýmedik kişi köplenç söýgi hakynda ýazýandygyny biz bilýäris...
Şeýle dogry ýazylan goşgular mende-de köp, «Onda näme mysaly Berdinazardan alypsyň» diýmegiň ahmal!? Berdinazarda beýle mysal örän köp... Dogry däl pikirler hakda bir mysal:
Goý, Muhammet çyksyn meniň hakymdan,
Isa Pygamber hem bersin jezasyn,
Sežd edip öpdüm men käpir haçyndan,
Boýnundan asylyp zyba jenanyň.
Ýokarky üç setiri okaýarsyň-da, haýygýarsyň! Ol nähili käpir haçyndan ogşap bilýärkä awtor?! Dördünji setiri okaýarsyň welin, ters pikir düzelýär duruberýär... Hawa-da, söýgi dini bilýärmi, milleti bilýärmi?! Ynha, bu goşgy ters pikiriň dogra öwrülişi... Şeýle dogry pikirler proza žanrynda has hem köp... Awtorlar alaga-da dogry zadyň tarapynda durýarlar, beýan edýärler, soňam makul tapýarlar... Beýle etmek sözleri galyba salyp – öň taýyn formany ulanyp eser döretmek ahyryn. Sen şol keseli özüňde duýýarmyň, onuň ejirini çekýärmiň, ondan gutulmak üçin näme edýärsiň?!
OSMAN ÖDE. Ilkinji sözlemiň ritm, grammatik hem logiki ölçegleri esasynda tutuş eseriň galan sözlemleri düzülýär. Şonuň netijesinde-de her ýazyjynyň öz stili, öz pikir ýörediş manerasy kemala gelýär. Kähalatlarda bolsa şol bir ýazyjynyň eserleriniň hersiniň öz ritm, dil hem pikir galyby bolýar. Diýmek, bir tarapdan alanyňda, galyp-opalubka meselesi gaty bir otrisatel pursadam däldir. Munuň özi islendik organizmiň jana gelmek islese, belli bir formada hökman belli bir jandar sypatyna – galybyna girmeli bolşy ýaly bir zatdyr.
Ýöne men seniň sowalyňa düşünýän, aga! Biziňki ýaly haýal ösýän, täze duýgudyr pikir, täze syzgylar örän seýrek ýüze çykýan edebiýatda galyp-opalubka hökmürowanlygy bar. Mahal-mahal biziň edebiýat meýdanymyz pikir-duýgy gurakçylygyndan güýçli ejir çekip, onuň topragy ýaryk-ýaryk, sap-sary bolup gidýär. Täzelik şemalynyň az öwüsýänligi bu ýerde dymyk hem petiş howanyň bolmagyna getirýär.
Onsoň daşky edebi tejribelerden, durmuşyň öz ter täsirlerindenem ýazyjylaryň gaty uzakda ýerleşýändigini göz öňünde tutsaň, hasam ýürekgysdyryjy kartina emele geler. Şu iki çeşmeden gözbaş alyp, awtorlar öňki opalubkalary döwmäge, duýgy-pikirleri azajyk ýelejiretmäge çalyşmaly-da! Emma iş ýüzünde şol öňki zatlar gaýtalanyp dur. Ýazyjylaryň köpüsi şol opalubka girmezlige özünde çeperçilik güýç-kuwwat tapanoklar. Irginsiz gözleýji akyl hem täze duýgulara maýyl ýürek seýrekleşen bolmaga çemeli.
Opalubkaly gürrüňi biraz anyk akyma gönükdiresim gelýär. Onuň birnäçe taraplary – aspektleri bar. Ilki bilen, umumy suratda sýužet opalubkasy hakynda gürrüň etmeli. Edebiýatda, onda-da prozada ýyllarboýy şol bir sýužet gurnaýyş prinsipleri, şol bir sýužet ýordumlary dowam edip gelýär. Baýlyk – garyplygyň, ahlaklylyk – ahlaksyzlygyň, gowulyk – erbetligiň arasyndaky meňzeş sýužet konfliktleri ýazyjylarymyzy halys alyp ýatdy. Munuň özi nämeden gelip çykýar?! Meniň pikirimçe, munuň birnäçe sebäpleri bar. Ilki bilen beýle opalubka ýazyjynyň dünýägaraýşynyň original däldigi bilen baglanyşykly. Ýazyjynyň durmuşa, onuň esasy gapma-garşylygy düzýän konflikte, edil häzirki wagtda durmuşda meseläniň nämedigine, onuň düýp manysynyň nämelere syrygýandygyna hususy garaýşy ýok. Şeýle garaýşyň bolmasa, janly reallygyň entek hiç kim tarapyndan kitaba salynmadyk täsinligini, täzeligini hem terligini duýmak asla mümkin däl. Onsoň neresse ruha öňki taýýar opalubka girmekden özge çäre galmaýar. Özem iň geň ýeri – şu zatlar ýazyjynyň özi tarapyndan aňlamazdan, onuň aňy astynda bolup geçibem biler. Aňasty dünýäniň öz hojalyklary bar. Ýöne barybir körzehin akýüreklilik opalubkany aklaýjy fakt bolup bilmez. Körzehin öz energiýasyny batan maşynyň tigri ýaly peýdasyz, boş aýlamaga Hudaýyň özi tarapyn mejbur edilen. Bir akylly adamyň aýdan sözi bar: «Geniniň niräni nyşana alyp, niräni çüýleýänini bir özi bilýär, talantyň bolsa muny nähili edýändigini özem bilýär, ilem». Şu pikiri dowam etdirseň, körzehin öň nyşana alnyp, telim gezek çüýlenen ýeri urýar. Özem her gezek ol muňa, her hal, özi tarapyn edilen açyş diýip düşünýär. Şeýdibem, edebiýatda meňzeş-meňzeş sýužetleri içine alýan sýužet opalubkasy emele gelýär.
Durmuşyň täze taraplaryny açmak, öň görlüp ýörlen zady özüňçe görmek hem görkezmek juda kyn hem seýrek duş gelýän hadysa. Muny başarmak üçin gaty köp zatlar – talant, sowat, akyl, ýürek, zähmet, gylyk zerur. Olaryň biriniň ýok ýerinde, opalubkany taýýarlaber. Ine, Ç.Aýtmatowyň biziň prozamyza eden täsiri juda berk opalubkalaryň emele gelemegine sebäp boldy. Ýazyjylarymyz Aýtmatowyňka meňzeş şeýle bir köp powestdir hekaýa ýazdylar. Edil magnitiň daş-töweregindäki demir zatlary gymyldatman, sypdyrman saklap durşy ýaly, Aýtmatowyň sýužetleri, temalary, obrazlary ýazyjylarymyza hiç hezil bermedi. Çünki özüňde aýdara zat ýok bolsa, munuň öwezini özgeden alan zatlaryň bilen doldurmaly-da! Şeýle-de bolup geçdi, sýužetiň hem temanyň iň bir gelşiksiz, gödek meňzeşliginden başga-da has inçe, «döredijilikli» öýkünmeler, täsirlerem gabat gelýär. Ýöne, sungatda gep inçelikde – gödeklikde däl-de, nämedir bir zady özüň bolup açmasaň, ömrüň uzaga gidenok. Edebi açyşlar bolsa diňe durmuş açyşlaryndan soň gelýär, ol kitapdan alynýan zat däl. Kitap diňe illeriň nähiliräk işleýändigini bilmek üçin okalýar. Bu meselede öz endigim hakynda aýdaýyn: men haýsydyr bir eseri ýazýarkam, haýsydyr bir ýazyjynyň ýa kitabyň täsirini duýaýdygym, şol täsir bilen baglanyşykly zatlary aýryp taşlaýan. Ýa-da olar entek kellämde hem kalbymda döräp başlandan, ony ýolup taşlaýaryn. Ýazyjy şeýle etmelidir diýip düşünýärin. Ol özüne edilýän täsirlerinden goranmaly, özgäniň neslini öz adyna geçirmekden gaçyşy ýaly, iliň tapan pikirindenem gaçmany başarmaly.
Opalubka, täsir, täzelik ýaly meselelerde Gündogar edebiýatynyň öz ýörelgeleri bar. Meniň pikirimçe, bu meselä birtaraplaýyn seretmek bolmaz. Ýöne şeýle-de bolsa şeýle gaýtalanmalar indi bizde üýtgeşik bir hezillik, simpatiýa döredip duranok. Häzir şol manerada ýazaýyn diýýän, öz gadryny bilýän ýazyjy ýok. Diýmek, her näme-de bolsa munuň özi möwritini ötüren edebi amal. Çünki, biziň şindiki ýaşaýan dünýämiz şeýle däpleriň höküm süren dünýäsinden düýpgöter tapawutlanýar. Indi şahsyýetiň indiwiduallygy, hususyýeti, özgelere meňzeş däl-de, meňzemeýän taraplary has uly gymmatlyk saýylýar. Öňler bolsa her kişiniň gymmaty onuň umumy hatardaky orny, şol hatarda ýerine ýetirýän hyzmaty bilen kesgitlenipdir. Şeýdibem, şahyrlar özbaşdaklyga, meňzemezlige çalyşmanyň ýerine öňki aýdylanlary has oňat edip aýtmaga, ony kämilleşdirmäge ymtylypdyrlar. Başgaça aýdanyňda, olar opalubkany kämilleşdirmek, gözelleşdirmek bilen gümra bolupdyrlar. Ony döwmek, üýtgetmek asyl kellä gelmändir, gelse-de: munuň özi garmoniýanyň bozulmagy hasap edilipdir. Muňa nezireçilik diýilýär. Ýok, biziň döwrümiz beýle döredijilik prinsiplerini göterjek döwür däl. Asyl ol agyz dolduryp aýdar ýaly häzirki zaman manysyndaky döredijilik hem däl ahbetin.
Klassyky poeziýamyzdaky ýoň bolan islendik obrazyň – metaforanyň ýakasyndan tut, haýsydyr bir şahyra baglap goýup boljagyny, hut şunuň tapan zady-ow diýjegiňi tapaýmak kyndyr. Birhili obrazlaryň, temalaryň, sýužetleriň kolhoz emlägindäki ýaly ortalygy bar. Şu-da ahyrsoňunda her hili opalubkalaryň emele gelmegine, ýer tutmagyna getirýär-dä.
Hawa, şeýleki edebi-çeper reallykdan baş alyp nirä gaçarsyň?! Elbetde, özge halklaryň, başga edebi däpleri bolan halklaryň edebiýatyna gaçarsyň! Muňa bolsa mümkinçilik gerek ahyryn. Şeýle mümkinçilik diňe XX asyrda açyldy. Biziň ýazyjy-şahyrlarymyz özge halklaryň sergin edebi howasyndan dem aldylar, durmuşa gatnaşygyň özge prinsipleriniňem bardygyny bildiler, şol prinsipleri özgertseň, durmuşyň öňki pozisiýaňda görünmeýän taraplarynyň açylýandygyna düşündiler. Ine, şeýdip XX asyryň birinji ýarymynda türkmen prozasy hem-de täze türkmen poeziýasy kemala geldi. Poeziýada öňki opalubkalary XX asyryň ikinji ýarymynyň başlaryna gutarnykly döwdüler. Täzeleri bolsa 70-nji ýyllarda gutarnykly kemala geldi.
Opalubka döwüjileriň şöhratyna eýe bolanlaryň iň meşhury Gurbannazar Ezizowdy. Ol poeziýadaky obraz, forma hem dil opalubkasyny syndyrdy. Yzyndanam olaryň deregine özüniň opalubkalaryny düzüp çykdy. Türkmen poeziýasy häzirem şol opalubkalaryň içinde öz pikir-duýgusyny ýerleşdirýär.
Türkmen prozasynda şu meseläniň başgaçarak manysy barmyka diýýärin. Proza, dogrusyny aýtsaň, bize Günbatardan gelen sungat. Şonuň üçinem bu ýerde däpleriň üýtgewsizligi has ynjyly duýulýar. Sende şeýle soragyň proza bilen baglanyşykly ýüze çykýandygy-da şunuň üçinmikä diýýärin.
Näme etmeli? Opalubkanyň içine düşmejek bolmaly. Durmuş täsirlerini terligini ýitirmän, kagyza geçirjek bolmaly. Ýöne bu uçursyz kyn zat. Hatda men şeýle diýenimde-de, pikirimi opalubka öwrülen sözlemlere salyp, aýdyp otyryn!..
NOBATGULY. Edebiýaty filosofiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Her bir döwürde edebiýatyň filosofiki problemalara garaýşy bolupdyr. Çünki durmuşyň özi şeýle filosofiki problemalardan doly. Ýazyjy hem durmuşy suratlandyrmak islese, olara seslenäýmeli.
Seniň pikiriňçe, adam ömrüniň manysy barmy ýa ýokmy? Bar bolsa, ol nämeden ybarat? Seniň dünýä bolan garaýşyň nähili?
OSMAN ÖDE. Biziň degişli meselelerdäki pikirlerimiz okyjylary kanagatlandyrmaz öýdüp gorkýaryn. Sebäbi indi ozalkylar ýaly tutumly, öňli-soňly filosofik sistema-da ýok. Her kim özüniň durmuşa şahsy düşünişini aýan edýär. Men, umuman, durmuş, dünýä, adam ömri hakyndaky abstrakt, umumy pikirleriň ýöredilmegini halap baramok. Men – ýazyjy. Ýazyjy hökmünde-de durmuşy hem adamlary öz görşüm ýaly suratlandyrmagy halaýaryn. Onsoň olar hakyndaky pikirler şol suratlaryň özünden gelip çykmalymyka diýýärin. Şol suratlandyrylýan durmuşyň öz logikasyna görä, adamyň dünýä baradaky pikirlerimi aňlap bolarmyka diýýärin. Hut şu hili edip biz Magtymguly, Tolstoý ýaly ýazyjy-şahyrlaryň çeper eserleriniň derňewi netijesinde olaryň filosofiki pikirlerini ýüze çykarýarys.
Ýöne mahal-mahal çeper eserden özge formalarda-da, aýdaly, makala görnüşinde öz pikirleriňi başga birine ýetiresiň gelýär. «Sebäbi näme» diýseňem, çeper forma sygmaýan pikirlerem az bolmaýar. Her bir pikir özüne görä formany talap edýär.
Häzirki intellektual durmuşda pikiriňi aýan etmegiň şonça köpdürli formasy bolany üçin ýazyjy özünde zat goýman, mazmunyny tutuşlygyna ahyryna çenli açmaga çalyşmalydyr. Filosofiki meseleler hem şol durşuna beýan edilende, çeper däl prozany talap edýär. Elbetde, munuň üçinem ep-esli taýýarlyk gerek. Men hemişe ýazyjylaryň publisistik çykyşlaryny okamagy, olary ýazyjynyň çeper eserleri bilen deňeşdirmegi halaýaryn. Olar hökman biri-biriniň üstüni ýetirýärler.
Adam ömrüniň manysy diýen filosofiki mesele çylşyrymly hem köptaraplaýyn, inçe mesele. «Ömrüň manysy pylan zatdadyr» diýip aýtmak özüm üçin-ä örän kyn. Şeýle sowala bir zarbada jogap berip bilýän adamlara-da gözüm gidýär. Adamyň ömründe-de her döwür bir döwür bolar ekeni. Meniňem şeýle çürt-kesik jogap tapýan döwürlerim bolupdy. Indi geçipdir...
Her zadam bolsa, adamyň özi islese-islemese onuň pikirini özüne çekip duran predmetler hem meseleler bolýar. XX asyr adamzadyň öňki döwürlerde adam ömri meselesinde ýöreden pikirleriniň köpüsine zarba urdy.
Meniň pikirimçe, adam ömrüniň manysy hakyndaky meselä: Dostoýewskiniň «Dünýäde hiç bir zat çagajygyň gözýaşyna degýän däldir» diýen beýik pähiminden ugur alyp, çemeleşmeli. Adam ömrüniň manysy adamzadyň esaslandyran ahlak kanunlaryny bozmazdan, çagalary ýetişdirmekden, ekläp-saklamakdan ybaratdyr. Adamyň akyl hajatlaryny kanagatlandyrmagyň özi oňa lezzet baryny berip biler. Bu lezzet kämillik gözleýän adamda döräp biler. Kämilligiň bolsa çägi ýokdur. Ol absolýut hakykata çenli ýoldur. «Ol ýoly geçip gördüm» diýýäne men-ä duşamok.
Ömrüň manysy – bu bir gutarnyksyz gürrüň. Şu mahala çenli ýaşap geçen adamlaram şony gözläp geçipdirler... Gel, gowusy, başky gürrüňe dolanaly. Örän dogry zady aýtmagyň edebiýat däldigini Gurbannazar Ezizow hem aýdyp geçipdi. Ýadyňa sal:
Biziň kärimizde ýagşy niýetiň
Ýarym döwlet däldigini bilsem-de...
Bu ýerde poeziýada, has giň alsaň – edebiýatda «Ýagşy niýet – ýarym döwlet däl» diýmek bilen: dogry zat, gowy isleg – edebiýat däl diýilýär. Her hal Gurbannazar dagynyň nesli poeziýa uly täzelik getirdi, emma ondan soňky siziň nesil hem, ondan soňky nesil hem önjeýli zat getirmedik nesil hökmünde pikir ýöredilýär, emma kyssada weli, şol aýyl-saýyllyk hem ýok.
NOBATGULY. Her nesil ýa iki nesil aşa edebiýata bir täzelik getirip bilýän bolsa, ol edebiýat däldir, ol modadyr, garaz, edebiýat däldir. Täzelik diýilýän zat hem Dubaýdan getirilýän täze haryt däl.
Aýdaly, orta asyr gazalçylyk formasyny, düşnüksiz dilde, ýagny ylmy dil bolan pars dilinde şygar ýazmagy terk edip, goşgyny bagşylar bilen baglaşdyrmak üçin klassyky forma getiren Magtymgulymy ýa ondan öňräkki şahyrlarmy – uly täzelik etdiler. Edebiýat halkyň diline geçip, aýdyma öwrülip unudylma belasyndan özüni halas etdi. Emma Magtymgulydan soňra klassyky formada goşgy ýazmaga beýik klassyk zerurlyk hem, orun hem goýmandyr. Magtymgulynyň diýmedik, aýtmadyk zady ýok. Ýöne her hal Keminedir Mollanepes onuň söýgi lirikasyny has çeperleşdirip, edebiýatda özüne orun alsa, garadan gaýtmaz Seýdi harby-gahrymançylyk, Zelili watançylyk temasyny ösdürip, beýik akyldaryň yzyny basyp duran klassyk şahyrlar bolmagy başarypdyr ahyry.
Gurbannazar dagynyň nesli hem altmyşynjy ýyllarda eýýäm rus, ýewropa, galyberse-de, dünýä edebiýatyny öwrenip, okap, şolaryň taýýar nusgasyny biziň edebiýatymyza getirdiler. Oňa «eksport poeziýa» diýilse dogry bolar. Ýöne Gurbannazarda Baýron, Petefi, Lermontow ýaly ägirtlere mahsus bolan talant-da, ykbal-da, şahsyýet-de bardy. Ol sözüň doly manysyndaky klassykdy. Şol beýiklik hem poeziýanyň eksportuny, hamana, eksport däl-de, Gurbannazar tapan ýaly görkezdi. Biz beý diýmek bilen Gurbannazaryň edebi hakydadaky ornuny çigit ýalyjak hem kemsitjek bolamzok, ýok, eger, Gurbannazar ýaly uçursyz uly talant, uly şahsyýet, uly ylymdar adam, şahyry bolmadyk käbir halklara poeziýada şol öwrülişigi etmek şindem başartman gidip otyr. Ony ozalky SSSR döwründäki edebiýat ylmy aýdypdy. Biziň nesle-de, bizden soňky, bizden ýene onunjy nesle-de diňe şol poeziýany, Gurbannazar dagynyň getiren poeziýasyny her taraplaýyn kämilleşdirmek, çuňlaşdyrmak, giňleşdirmek, gözelleşdirmek galaýýar. Başga ýol ýok.
Dogry, käbir ýaşlar, hatda biziň neslimizden, bizden öňki nesilleriň käbir wekillerem ak goşgyny edebiýata getirmek üçin dyrjaşýar, men hem dyrjaşdym, Emma geregi ýok diýen netijä geldim.
Edebiýat başlananda hem ak goşgy bilen başlanypdyr, gutaranda hem ak goşgy bilen gutarsa gerek, emma entek poeziýanyň ýaşasy gelýär.
OSMAN ÖDE. Nobatguly, sen käbir zatlary edil aňyrsyny görüp gelen ýaly aýdaýýarsyň. Ynha: «Gurbannazar dagynyň getiren poeziýasynyň her taraplaýyn kämilleşdirmek, çuňlaşdyrmak, giňleşdirmek, gözelleşdirmek galaýýar. Başga ýol ýok» diýýärsiň ýa-da: «Goşgy ak goşgy bilen başlanypdyr, ak goşgy bilenem gutarar» diýýärsiň. Seniň bu sözleriňi haýsydyr bir şägirdiň aksýoma hökmünde kabul ederinden gorkmaýarmyň?! Onuň: «Indi täze zat tapyp bolmaz» diýip, göwnüçökgünlige düşerinden, ýa-da poeziýany öldürmezlik üçin ak goşgy ýazmakdan el çekerinden çekinmeýäňmi? Ýeri bolýa, munuň üçin jogap berjegem bolup durma. Elbetde, gözlegden mahrum adam edebiýata gelmez-le. Ine, öz-özünden şägirt meselesem orta çykdy. Şu meseleden bir sowal bereýin-le. Nobatguly, seni şu günki ýaş şahyrlardan başlap biziň neslimizden ýetişen şahyrlara çenli gowy görýärler. Olaryň aglabasy seni halypa saýyp, senden öwrenýärler, seniň bilen tirkeşmek isleýärler. Sen bir gepiňde «Ähli şahyrlar bolup Gurbannazaryň yzyndadyk, onuň bilen gürleşmegi, oturmagy, tirkeşmegi bagt bilýärdik» diýip, ýatlaýşyň ýaly, ýaş şahyrlar seni ruhy mugallymy hasaplaýarlar, sen welin, ne olara kömek edýäň, ne tirkeşýäň. Dostuň ýüzüne diýleni, seniň häsiýetiňde yzgytsyzlyk, göwnüýetmezlik, garasöýmezlik bar. Sen näme diýip mekdep döretmek islemeýärsiň?
NOBATGULY. Mandelştam Osip Emilewiç diýip bir şahyr bar, şu güne çenli meniň bilýän şahyrlarymyň içinde mugallymy ýok şahyr hasaplanýar. Bir gezek onuň ýanyna bir ýaş şahyr baryp, meniň goşgularymy çykaranoklar, kömek et diýeninde ol: «Gümüňi çek, Iisus Hristosa kim kömek etdi?..» diýip, gaty gaharlanypdyr. Men Mendelştam ýaly gödek däl, emma kömek edip şahyr edip bolmaýanyna akylym ýetip dur. Alla bermedik bolsa, bendesi bi meselede hiç hili kömek edip bilmeýär. Alla talant beren bolsa, onda kyn, onda çekmeli jebriňi çekip, ençeme gapydan işiň oňman, hümläp, hümläp şahyr bolunýar. Ýeriň astynda süýji suwuň giden okeany ýatyr, emma çeşme islendik ýerden çykaýmaýar, çeşme gara-gara daglaryň aşagyndan atylyp çykýar. Şahyryň egnindäki, kalbyndaky gara-gara dag näçe mähnet bolsa, näçe beýik bolsa, şonça-da ol çeşme baý bolar, şonça-da çeşmesi şirin hem sowuk bolar. Alla kime talant beren bolsa, onuň üstüne gara dagy hem ýükläp goýberýär. Men deň-duşlarymdan gaty köp şahyrlary bilýän, talant kemi ýok, emma agalarynyň arkasyndan ýazanjasyny syýasy guramanka çykaryp, entek toplum goşgusy ýokka kitabyny neşir etdirip bilselerem, şahyr bolmadylar. Elhenji şol! Yzgytsyzlyk, garasöýmezlik, gynansagam, mende bar. Men özüm bilen mydama gidişip, ýaramaz gylyk-häsiýetlerimden dynjak bolýaryn, emma başardanok. Ýöne, bir zady weli aýdaýyn, degnama degäýmeseler, deňagramlylygymy saklamaga çalyşýan.
Mekdep meselesi, Gurbannazar ýaly bolmak meselesi maňa başartmaýar. Maňa halypa hökmünde, hormatlaýan şahyry hökmünde otuz-kyrk şahyr goşgy bagyşlady, olar meniň bilen ýakyn aragatnaşykda, emma jemlenişip, o zamanlardaky ýaly tirkeşmek başartmaýar. Men köplenç ýeke bolmagy halaýan. Magtymgulynyň: «Gaçgynym köplükdir, gözlegim hylwat» diýşi ýaly, özüm bilen ýalňyz galmak meniň üçin tapylgysyz bagt. Ýalňyzlykdan halys bolamsoň bolsa göwün açyşmaga adam gözleýäň, emma ol mahal meslekdeş tapylmaýar. Ýap-ýaňy men Arçman kurortynda saglygyma seretdirip geldim. Kurorta girenimde kimdigimi soradylar, «şofýor» diýip ýazdyrdym, soňky ýyllar saglygym bolman, çykyş etmäni goýbolsun diýen ýaly edemsoň, daşymdan tanaýan gaty azalandyr öýtdüm, emma ilçilik, tanaýan az däl eken. Her gün agşam biri oturyşyga çagyrýar. Gitseň-ä saňa gerek däl soraglara jogap berip, şahyr bolan bolup oturmaly. Bir gün ýagşy, iki gün ýagşy. Barmasaňam, seni ulumsy hasaplaýarlar. Umuman, şahyryňky kyn. Her kim seniň bilen oturjak, içjek, gürrüň diňlejek. Şeýdibem, şahyrlar içegen bolýar...
OSMAN ÖDE. Gurbannazar Ezizowyň «Halyl Kulyýewe» diýen goşgusynyň iň soňky setiri ýadyňdamy? «Goý, älemde men ýetmäýin bu dünýä!» nähili gowy pikir, isleg! Eger ýalňyşmaýan bolsam, Gurbannazar bu islegine ýetdi. Ol bu gün bize, türkmen halkyna ýetenok. Magtymgulydan soň Gurbannazaryň ady tutulýar. Munuň özi ymgyr uly mertebe! Häzir Gurbannazar bolanlygynda biziň poeziýamyz, diňe bir poeziýamyz hem däl, edebiýatymyz juda öserdi. Durmuşda köp iş bitirip giden ärler bar. Olaryň bitiren şol beýik işlerine döwründe mynasyp baha berlipdir. Baýraklar, sylaglar berlipdir. Ýöne Gurbannazara näme berlen bolsa, ölenden soň berildi. Men Gurbannazar bilen ýakyndan tanşyp, gürleşen adam däl. Men ony ömrümde birje gezek gördüm. Ol iki sany şahyr – Atamyrat Atabaýew hem Mämmet Seýidow bilen Lenin prospektiniň (häzirki Türkmenbaşy şaýoly) troruary bilen uniwersitetiň öňünden geçip barýarka görüpdim. Şonda ýoldaşym: «Hana, Gurbannazar dagy geçip barýar» diýdi. Gurbannazar iki şahyryň ortasyndady. Gaýşarybrak barýardy. Egninde ak plaşy bardy. Ol çilimi şeýle bir süýjedip çekýärdi welin, hoşuňa gelsin! Men olaryň yzyndan ýüz ädim dagy ýöräp gitdim. Gurbannazar mugallym deýin olara janygyp-janygyp nämedir bir zatlary düşündirýärdi. Olar gaty assa ýöreýärdiler. Şonda men Gurbannazara bir mukaddeslik hökmünde seretdim. Şony görendigimi oturan-turan ýerimde gürrüň berdim ýördüm. Meniň şol wagtky düşünişim boýunça häzirki zaman türkmen edebiýatyny Gurbannazar Ezizowsyz göz öňüne getirip bolmaýardy. Ol şu derejäni otuz ýaşynyň içinde gazanyp bilipdi. Onsoň onuň «men bu dünýä ýetmäýin» diýmesi tebigydy.
Ýaşap ýörüs, köp talantlary elimizden giderdik. Onsoň olaryň ýetmeýändigi juda bildirýär. Ynansaň, Gurbannazary göresim gelýär, onuň bilen gürleşesim gelýär. Men beýle uly bagty hiç bir zat bilen deňeşdirmezdimem, çalyşmazdymam.
Men käteler, ýeke galan çaglarym Gurbannazar bilen gürleşýärin. Akmyrat Şir bilen, Ahmet Bekmyrat bilen, Bapba Gökleň bilen gürleşýärin. Olar şu günlerimizi gören bolsalar nähili begenjekdikleri hakda pikir öwürýärin.
Olary hiç bir zat bilen, hiç kim bilen çalyşar ýaly däl. Akmyrat Şir, Ahmet Bekmyrat, Bapba Gökleň bilen bir saçagyň başynda, gör, näçe gezek oturdyk, gör, näçe gezek pyýalalarymyzy çakyşdyryp, saglygyň şanyna göterdik. Arman, saglyk bizi götermedi.
Pikirimizi jemläp aýtmak islän zadym: öleniňden soň bu dünýä, bu dünýä-de däl, halkyňa ýetmeýän bolsaň, onda seniň gaty beýik adam boldugyň! Bize ýetmeýän Gurbannazar Ezizow, Ahmet Bekmyradow, Akmyrat Şirow, Bapba Gökleňow – beýik adamlar. Bu-da ölçegiň bir görnüşi bolsun gerek.
13.08.1995 ý.
Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.