"Uruş haçan gutarýar?" / dowamy

"URUŞ HAÇAN GUTARÝAR?" / DOWAMY

Urşuň getirýän ýaramazçylygyny diýsene! Uzakdan uçup gelýän ýekeje ok bir adamynyň tenine girýär. Ol adam ölüm hakda oýlanmaga-da, ýagty jahanda iň soňky gezek gygyrmaga-da ýetişmän gözüni ýumýar. Belkem, ol şonuň üçin ullakan ezýetem, agyram duýýan däldir. Emma onuň yzyndan ok degmedik adamlaryň näçesi jebir çekýär!
Gojuk obasynyň garry adamlarynyň köpüsi ýa kör, ýa küýki ýa-da birhili güň ýaly. Ulug aga aýtmyşlaýyn, uruş biziň obamyza edibilenini etdi. Men muny öz obamyzy kemsitmek, obadaşlarymyň üstünden gülmek üçin däl-de, olara nebsim agyryp, dözmän aýdýaryn. Olaryň üstünden gülmek kelläme-de gelenok, asyl-ha hut güläýmeli ýerinde-de gülüp bilmeýärin.
Ine, Öwelek aga görseň, giň köpri bardyram welin, eşegini köprüden sürmän, suwdan geçirjek bolup durandyr. Eşek geçmejek bolýar, Öwelek aga bolsa, ony şaldyr bilen saýgylar. Ahyram eşege diýenini etdirip bilmän: «Nepes jan bolaýan bolsa-ha, sen geçäýerdiň welin!» diýip hyrçyny dişlär. Onuň Nepes janam gyrman urşunda galdy.
Hança aga bardyr. Käte daşaryk çykar-da, elektrik simlerine sereder. «Tok urýa diýýäňiz welin, guşlaram-a otyr oň üstünde? Ýa tok diýilýän zat guşy urman, diňe adamyny urýarmyka?... Hawa-da gyrmanam guşy öldürmän, adamyny öldürdi…» Hança aganyňam Pendigulysy bilen Durdygulysy «Gyrman ýurduna gidip gelmedi».
Hanmämmet aga diýibem birimiz bar. Onuň-a dört oglunyň dördüsem «Gyrmanýada». O pahyr-a Güne seredibem gargynyp ýörendir.
Aňkar aganyň-a özi gyrman bilen duşuşan. Oň käbir häsiýetleri bilen öwrenişiberipdirisem welin, käte gijäniň bir mahaly «Try-bo-ga-a!» diýip galmagal turuzýa-da, zährämizi ýarýar.
Tyrry aga-da bir görseň-ä oňadam ýaly welin, kä ýyl beterlän mahaly, Ýazçaň oýuna telim gün gatnap, ýandak ýygar. Ýygan ýandagyny rejeläp küdelär. Gyş düşübererem welin, uly bir daş kädini egnine atar-da «Kädi işdäsi baryň-a ýörüň-how» diýip, küdesine tarap gider. Kädini küdäniň süýr depesinde goýup, aşagyndan otlar goýberer. Ýeke özi bir tarapa çekilip, tä küde ýanyp bolýança, hezil edinip oda çoýunar. Ahyram «oda gömen» kädisini tapman, «hork-hork» edip aglap oturandyr.
Hawa, Ulug aga aýtmyşlaýyn «Gyrman urşy bize edibilenini etdi. Gojugy sähneden doldurdy».
Biziň Mamur enemizem urşuň zäherini datmaly gojuklylaryň biri bolup galdy.
…Kölli igdeden doly torbany tärime söýäp goýdy-da, garrynyň bir zat diýerine garaşdy. Mamur enäniň diýjek sözlerine biz beletdik. «Köşeklerim uzak ýaşaň, ak gyz ýoldaşyňyz bolsun!» diýerdi.
Bu gezek bolsa, bir torba igde eltsegem biz «ak gyzly» bolmadyk. Mamur ene igdeli torbany görüp, biziň ýüzümize taýly gezek seretdi-de aglaberdi. Onuň gözýaşyny görüp, bizem agladyk. Bu hem onuň geplemegine sebäp boldy. Ol iki elini ýere diräp, kynlyk bilen galdy-da, biziň ýanymyza geldi.
— Goýuň köşeklem, aglamaň! Nurjan wepat bolan däldir. O habar ýalandyr. O geler. Aglamaň. Ynha menem aglamok ahyryn. — Ene bize gözýaşyny görkezmejek bolup direge duwlandy. Soňam ol bize bakyp ýylgyran boldy. Ýöne ol hakyky ýylgyryş däldi-de, «içiýananyň gülküsi» diýen ýaly öz göwnüni aldajak bolýan bagtypes enäniň ýylgyryşydy.
— Ynha, uruş gutarar. Uruş gutardygam Nurjan geler. Toýam ederis.
Mamur ene öz göwnüni aldamak bilen bizi diňdirjek bolýardy. Şol bir mahalyň özünde-de ýüregi ýagşy umytdan doly ene öz ýalan sozlerine özi ynanyp, birneme gujurlanan ýaly boldy. Ol tärime söýenip, torbadaky igdäni synlap gördi.
— Köşejiklem, muny halta gaplalyň!
Mamur ene igdeden püre-pür bolan haltanyň agzyny sypanda, onuň inçejik barmaklarynyň syndyraýandygyny gördüm.
— Indi iki halta boldy. Uruş gutarar. Nurjanam hökman geler. Iki halta igde ähli ýere ýeter.
Şol mahal tüýnüge gelip gonan alahekge «wakakga – wakakga» diýip ses etdi. Mamur ene garaşylmadyk çalt hereket bilen dikeldi.
— Haýyr çagyr, haýyr çagyr! Haýryň bolsa ýene çagyr!
Garrynyň göwnüni göterjek bolýan ýaly alahekge ýene bir-iki gezek gygyrdy welin:
— Ana gördüňizmi? Haýyr çagyrdy, ýene çagyrdy! — diýip, ene ýylgyrdy. Onuň bu gezekgi ýylgyryşy janlydy, umytlydy.
Şol günüň ertesi bolsa gerek, Mamur ene nirä barýanymyzam aýtman, bizem yzyna tirkäp, hatardan çykyp ugrady. Ol ýolboýy «Ynha, biz urşuň haçan gutarýanynam, Nurjanyň haçan geljekdiginem bileris» diýen sözleri irginsizlik bilen gaýtalap barýardy. Şol mahal Gojuk obasynda beýle soraga jogap berip biläýjek ýekeje adam bardy. Olam Hopby işandy. Emma biz Hopby işanlara däl-de, kolhozyň başlygy Sapar agalara bardyk.
Biz baramyzda, Sapar aga hem agyr bir zadyň pikirini edýän ýaly öýüň ortasynda çiň-arkan düşüp, barmagyny dişläp ýatan ekeni. Hatda ol birbada öýüne adam baranynam duýmady.
Başlygyň aýaly Ogulhesel daýza:
— Turaweri, Mamur enesi geldi! — diýen dessine Sapar aga syçrap turdy, salam berdi:
— Hä-ä, Mamur enäň ekdileri, sizem barmydyňyz? Geleweriň! — diýip, ol biziňem göwnümizi awlady.
Mamur ene başlygy görüp saklanyp bilmedi. Ol hünübirýan aglamaga başlady. Ogulhesel daýza-da aglady. Ýöne, Sapar aga welin, bir aşagyndan çykyp bolmajak utanç iş eden ýaly, ýüzüni ýere salyp, keçäniň galyp duran ýüňünden çekeläp otyrdy. Bölejik ýüň gopup, eline gelensoňam ony iki barmagynyň arasyna salyp, togalamaga başlady.
— Sapar jan, indi bu habar çyn bolmaly bolarmy? Nurjanyň gelmedigimidir, balam? Ol meň ýekämdi ahyryn. Sen oň ýekedigini bilýäsiň-ä! Bu habar ýalan bolaýmasyn? Çyn habar bolsa öňi bilen saňa aýdardylar-a. Bu habar ýalan bolaýmasyn, Sapar jan?!
Sapar aga bir zat diýjek bolup ýüzüni galdyrdy-da, belli bir gep aýtmaga howatyr edip, taýly gezek zoraýakdan ardynjyrady. Ol ýene elindäki, indi ýüpe öwrülen ýüňi oýnap başlady.
— Düýn öýlän tüýnügime alahekge gelip oturdy, Sapar jan. Iki gezek wakyrdady. Menem «Haýryň bolsa ýene çagyr!» diýdim welin, Alla ugruna edip, ýene iki gezek wakyrdaýdy.
Nurjanymyň öleni ýalan bolaýmasyn, balam? Ol meň ýeke perzendimdi ahyryn. O dünýä-bu dünýä göz dikip oturanym şeýle bolaýmaly bolarmy? Ol diri bolaýmasyn, hä? Uruş gutaransoň birden geläýmäsin? «Eje salawmaleýkim!» diýip, giräýjäk ýaly bolup dur. Indi bu uruş haçan gutarjakka, Sapar jan? Haçan gutararka, hä?
— Uruşmy? — diýip, başlyk garaşylmadyk ýerden dil ýardy.
— Hawa, hawa, uruş, balam. Gyrman urşy. — Mamur ene öňe omzady. Onuň iki gözem Sapar agadady, hantamady, ynjalar ýaly jogap isleýärdi. Emma Sapar aga-da garra kanagatlanarly jogap berip bilmeýärdi. Çünki ol mesele Sapar aga ýaly kolhoz başlyklarynyň sözi bilen çözülmeli mesele däldi-de, müňläp-müňläp adam jany bilen, gurban bolýan adamlaryň sany bilen çözülmeli meseledi. Garry janygdy.
— Gutarar diýäýsene, balam? Uruş gutarsa, Nurjanymam geler ahyryn. Haram uruş gutarar diýäýsene, Sapar jan?!
Ogulhesel takat edip bilmedi.
— Ýüregiň daşmydy, demirmidi, Sapar? Ýüregiň daş bolmasa «gutarar» diýäýsene! Ol ganym uruş ýene ýüz ýyllap gitmez ahyryn. Gutarar diýäýsene!
Sapar aga ýüzüni galdyranda, oňa nebsim agyryp gitdi. Ol pahyryňam ýagdaýy başgalaryňkydan öwerlikli däldi. Onuň köpi gören könelişen gözleriniň owasy doldy, ýuwdundy, bir zat diýmäge hyýallandy. Emma hiç zat aýdyp bilmedi.
Sapar aga derek Ogulhesel daýza gepläp başlady. Onuň Mamur enäni köşeşdirjek bolup, göwnüni göterjek bolup, ýalan sözleýändigi hem bildirdi durdy.
— Mamur enesi, uruşda her hili zat bolýamyş. Biri ýykylyp özleriniňkiden galaýsa-da, «öldi» habaryny iberýämişler. Atam öýüniň ýanynda-da biriniň ýaramaz habary geldi, ýöne bir aý geçmänkä, özi dolanaýdy. Asyl ol garma-gürmede ýitäýen ekeni. Nurjanam şeýle bolandyr. Nurjanyň-a näme, ýaramaz habaram gelenok. Ol diridir, Mamur enesi, ol diridir. Uruş gutaransoň geler…
Mamur ene birneme köşeşen ýaly etdi-de, ýene Sapar aga ýüzlendi.
— Sapar jan, uruş gutararmyka, Nurjanym gelermikä, aýdaýsana?!
— Mamur eje — diýip, Sapar aga ahyr ýüregini bire baglady. — Nurjan geler-le. Gyrmanam indi kowýas. Urşam tiz gutarar.
Göýä diýersiň, Sapar başlygyň aýdany bilen uruş gutarýan ýaly ýaňky sözlerden soň ýüregine giňlik aran garry begençli gözlerini tegeläp, bize tarap seretdi.
— Ana, köşeklem, men size uruş gutarar, Nurjanymyz geler diýmänmidim?
Sapar aga hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Emma Mamur ene ony görmedi. Şonuň üçinem ol başlyga minnetdarlyk nazary bilen garady-da:
— Agzyňdan Alla eşitsin, Sapar jan — diýdi. — Nurjan gelende, içine hakyt şekerek igdeden dolduryp, toýpaý bererin men saňa…
Sapar aga şempa telpegini çümre geýip turuberdi. Sebäbi ol içi şekerek igdeli toýpaý almajagyna gaty oňat akyl ýetirýär ekeni.
Şol wakadan soň Mamur enemiz aýratyn bir durmuş bilen ýaşamaga başlady. Ol öňki kaddyna ýetmese-de, birneme dogumlandy, hemişeki hysyrdysyna başlady, çakdanaşa uzaga çeken urşuň gutarmagyna ynam bilen garaşdy. Oba adamlary bu ýagdaýdan özleriçe many çykaryp: «Mamur pahyram ýellirgäp ýör öýdýän» — diýenlerem tapyldy. Munuň rast bolaýmagam ähtimaldy. Sebäbi «Nurjan neresse hut öz elimde jan berdi» diýip, akylly-başly epeý adam çyn habar getirensoňam, beýle umyt bilen ýaşamak akyly dürs adamynyň başarjak zady däldi.
Bolsa-da, Kölli ikimiz-ä Mamur enemiziň akylyndan azaşan adam däldigine berk ynanýardyk. Onuň gepi-sözi ýerbe-ýerdi. Diňe «Uruş haçan gutarýar?» diýen soragy köpräk gaýtalaýar diýäýmeseň, gaýry aýdýan zatlarynyň bary sag adamynyň agzyndan çykyp biljek sözlerdi.
Güýz aýlarydy. Buluçlardanmy-niredenmi biziň kolhozymyz bir kerwen gawun satyn aldy. Ol gawunlar diýseň gowudy. Emma düýekeş Hepbeli ony gowudanam gowy edip taryplaýardy. «Pendi topragynyň sähraýy meýdanynda boý alan gawun ýalam bir gawun bolarmy? Agzyňa ýetirmänkäň, gar ýaly bolup eräp gidýär. Basym şularadan Hindistanyň patyşasynada bir kerwen iberjekmişler. Çyn-Maçyna-ha eýýäm aýrypylan bilen ýollapmyşlar. Soňam bu gawun bir gyş dursun, iki gyş dursun, hut sapagyndan ýaňy tänderilen ýaly mizemeýä».
Soňky sözler Mamur enäniň ýüreginiň teýine jaýlaşdy, şol gawunlardan iki sanysyny Nurjanyň gelerine saklamakçy boldy. «Birden ol heniz gawun ternelemänkä geläýse nädip bolar? Telim ýyl bäri balam gawunam dadyp gören däldir» — diýip, ol iki sany garrygyz gawuny zordan göterip getirdi. Onuň birini-hä şol bada kesip, biz bilen iýdi, ikinjisiniň bolsa daşyny alaja ýüp bilen torlap, agajyň ýanyndan asyp goýdy.

* * *
…Gojuk obasynda ala baýtally ýolagçyny atly, eşekli ýolagçylardan gowy görýärdiler. Biri gökbogma bilen kesellese-de, hörezeklese-de ala baýtallydan em soraýardylar. Bu ozaldanam gelýän düzgün ekeni. Ýöne, ala baýtallynyň abraýy uruş gutaransoň hasam beýgeldi.
Şol bahar gününiň öýläni peýda bolan ala baýtally oba adamlarynyň ezeneginden göterilen ýaly etdi. Adamlaryň ýüzlerinde telim ýyl bäri görünmedik ýylgyryş peýda boldy. Goşa köprüniň ýanyndan görünen ala baýtally obanyň ilersinden girip, gaýrasyndanam çykyp gitdi.
— Haý, jemagat gözuň aýdyň! Gyrmanyň tugy ýykyldy! Gyrmanyň tugy ýykyldy! — diýip, ol adam agzynyň ýetişdiginden gygyryp barýardy. Ol saklanmadam, hiç kimden buşlugam almady. Asyl biz ol ala baýtallynyň kimdiginem tanaman galdyk.
«Gyrmanyň tugy ýykyldy!» Emma şol tuguň ýykylymagy üçin ýüz müňlerçe goç ýigitleriň ýykylandygyny il bilen deň hatarda urşuň sütemini gerdeninde çeken gojuklylaryň her biri bilýärdi. Ol ýeňiş pida bilen gazanylan ýeňişdi. Oňa garamazdan, adamlaryň ýüzüne birden ýagty çaýyldy ötägitdi.
Hoş habar ýetenden Kölli ikimiz ony Mamur enä buşladyk. Garry ikimiziňem maňlaýymyzdan ogşady.
— Wah, diljagazyňyzdan aýlanaýyn, köşejiklem, diljagazyňyza döneýin, balajyklam! Ony size kim aýtdy?
— Bir ala ýabyly adam Döwlet ýegenleň ýanyndan girip buşlap gelýä!
Mamur ene agaç okarany igdeden dolduryp, daş çykdy. Ol buşlukça söýünji bermekçidi. Emma ala baýtally biziň biziň deňimize ýetibem bir iki gezek gykylyklap, saklanman geçip gitdi. Mamur ene bolsa igdeli tabagyny gujaklap, onuň yzyndan garap galdy. Kän mahal geçmänkä-de, ol elindäki tabagyň igdesini Kölli ikimiziň üstümize seçip goýberdi.
— Alyň balalam, çöpläň! Toý igdesi bolsun! Nurjanym indi ger.
Töwerege pytrap düşen igde ýygnap gutarardan känem bolsa, Kölli ikimiz toýda edilişi ýaly, bir-birimizi itekläp igde çöpledik. Mamur ene bolsa gapdalda durup, biziň bolup ýörşümize tomaşa etdi.
Urşuň gutarandygy aýan bolup başlady. Ala baýtallynyň gelen gününden bir aý geçip-geçmänkä, Selim frontdan dolandy. Onuň yz ýanyndan Hojat bilen Garýagdy geldi. Emma uruş gutaran gününiň ertesi peýda bolar diýip, ynam bilen garaşan Nurjanymyz welin, tomus aýlanyp, güýz düşdem welin gara bermedi. Şonuň üçin Mamur enäni aljyraňňylyk basmarlady. Ol uruşdan bireýýäm gelen adamlaryň ýanyna ýaňadandan baryp, ozal soran zatlaryny täzeden soraşdyrdy. Şol bir jogap boldy. «Biz Nurjandan Pskowyň eteginde aýrylyşdyk».
1 лайков 189 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 23 авг 2022, 14:12
Şondan soň Mamur ene urşuň gutarandygyna ynanmazçylyk edip ugrady. Nurjan gelmese, onuň pikirçe, uruş gutarmaly däldi. Ol Kölli ikimizden-ä urşuň haçan gutarjakdygyny her günem soraýardy welin, biz ýokkak Sapar aganyň üstüne-de iki gezek dagy gidip-gelen ekeni.
Aý aýlanyp, gün geçýärdi, Nurjan gelmeýärdi. Oňa görä-de Mamur ene üçin, bir mahal gutaran uruş henizem dowam edýärdi.
Gara öýe golaýlamyzda Mamur enäniň biri bilen gürrüňleşip oturandygyny eşitdik. Ýöne, näme üçindir onuň gürrüňdeşi «hä», «hüm» diýmeýärdi. Asyl ol gapdalynda irkiljiräp ýatan Aždaryň arkasyny sypalap, öz-özi bilen gepleşip oturan bolsa nätjek.
— Zeleli ýok, Aždarbaý, zeleli ýok! Garaşyber, ynha uruş gutaran badyna, seň eýäň geler, garaşyber. Şonda ikimizem ylgap, oň öňünden çykarys. Biraz tagapyl et, Aždarbaý, biraz tagapyl et!
Biziň baranymyzy gören Mamur ene geplemesini goýdy-da, öýe girdi. Heniz gyş düşmese-de, howanyň birneme çigregi bar bolany sebäpli, ojaklarda ot ýakylýardy. Ojagyň başyna geçemizsoň, Mamur ene ýene Nurjany ýatlady. Nutjanyň oglanka aglak bolandygyny, kakasy pahyr diňdirjek bolanda diňmän, öz eline aldygy, sesini tapba goýýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi.
Ene heniz gürrüňini soňlamanka, biri içerik girdi. Ol diýseň görmegeý, şol döwrüň ýagdaýyna görä bolmadyk, kaşaň geýnen ýaş ýigitdi. Ol gele-gelmäne:
— Garry, sen Mamur ejemi? — diýdi.
— Hawa, janym, men şoduryn.
— Şol bolsaň, gözüň aýdyň!
Mamur enäniň dili tutuldy. Çaýly käse elinden gaçyp, ojagyň gyrasynda şyglap oturan tüňçäniň depesinden düşdi-de iki bölündi, yzgar gatyşykly kül guruma meňzäp, ýokary göterildi.
— Garry, gözüň aýdyň, Nurjan gelýä!
Mamur ene özüne gelen ýaly boldy. Ol myhmanyň boýnuna bökäýjek ýaly etdi-de, bolan waka ynanmadyga meňzäp köşeşdi.
— Sen näme diýdiň-ä hanym? — diýip, ol çalajadan sorady.
Ýaş ýigit owadan gözlerini oýnaklatdy.
— Ogluň gelýä diýdim, buşlugymy ber!
— Sen kim bolarsyň, haýsy obadan bolarsyň. Nurjanymyň gelýänini nireden eşitdiň? Hany oň özi? — diýip, Mamur ene telim soragy yz-yzyna suňşurdy.
— Men Goçak Küläň inisi. Agam şu gün ertir purontdan geldi. Ol ýaraly bolup, Nurjan bilen bir gospitilde ýatypdyr. Seň ogluňam erte-birigün gelýä.
Şuny diýmek bilen myhman yzyna aýlandy-da, gapa bardy.
— Men-ä garry, Çäşdepedenem birine buşlukçy barýan. Agam «Ynjalsynlar, buşlap gaýt!» diýdi. Söýünjimi berseňiz ugrajak.
— Waý, jan balam, duraweri! Ynha, men saňa söýünjiňi bererin. Geregiň söýünji bolsun! Ähli dünýäm seňkidir, balam!
Buşlukçy iki sany kümüş bilezigi, bir gursakçany goltugyna salansoň çykyberdi.
— Duraweri, duraweri! — diýip, Mamur ene onuň çigninden ýapyşdy. — Seň agaňy haýsy obadan tapyp bilerin?
— Heşdekliň oýuna baryp, Goçak Küle diýseň tanamaýan bolmaz. Özi salama geljekdi welin, gelim-gidim bilen sypybam bilmedi.
Mamur enäniň bagtyny oýaran buşlukçy ýigit gyssanmaç çykyp gidensoň, bizem öýde uzak oturmaly bolmadyk.
Hiayress
Автор 23 авг 2022, 14:13
— Ýörüň, köşeklem, Heşdekleň obasyna ýeteliň! — diýip, garry öýden çykyberdi.
Heşdekleň obasy derýanyň gaýra kenaryndady. Bary-ýogy iki kilometrlik ýoly derýanyň köprüsi bolmany sebäpli, Mara baryp, aýlanyp gaýtmalydy. Emma Mamur ene Mara ýönelmedi-de, göni derýa tarap gitdi. Biz onuň yzyna, Aždaram biziň yzymyza düşdi. Üçimiz üç ýerden «Haý, Nurjan gelýä, buşluk!» diýip, obanyň içini ala-goh edip barýardyk. Bir şatlyk alamatynyň bardygyny aňan garry köpegem kä sagymyzda, kä çepimizde towsaklap ylgaýardy. Biz buşlugymyz üçin zadam alman, diňe adamlara hoş habar paýlaýardyk.
Derýa golaýlamyzda, Mamur ene halys ýadady. Bolsa-da, ol ylgawuny gowşatmady, demi-demine ýetişmän, sojap baryşyna-da: «Men size aýtmadymmy? Ana, gördüňizmi Kölli jan, Orungulym! Uruş gutarar diýmänmidim size?! Nurjanym ýalňyz enesini taşlap gitmez diýmänmidim? Geler diýmänmidim? Uruş gutarar diýmänmidim?» — diýip, agzynyň ýetişdiginden gepleýärdi.
Gyşyň golaýlandygyna garamazdan, Murgabyň suwy örän kändi. Emma enäniň perzende bolan söýgüsi, perzendini gören gözlere bir gezejik garamak höwesi mes suwdanam, mümkin bolan heläkçilikdenem üstün geldi. Mamur ene baryşyna derýa özüni oklady. «Gorkýaňyzmy?» dýýän ýaly nazar bilen biziň ýüzümize sereden Aždaram, az-kem aýak çekensoň suwa girip gitdi.
Biz Mamur enemiz gark bolar öýdüp, kenarda zowzuldap durduk. Emma garry edil guzy ýaly ýüzüp, sag-aman o kenara baryp ýetdi. Ol suwdan çykandan soň, biziň gykylygymyzy eşitse-de, yzyna garaman, ýylgynlyga girip gitdi. Toraňňy tokaýçylygynyň içine girip, Heşdekleriň obasyna tarap eňdi…
Nurjanyň diridigini eşiden gojuklylar begenip, iki bolup bilmediler. Mamur enäniň öýüniň töweregi adamdan doldy.
— Alla öz penasynda saklan bendesini saklar ekeni!
— Ölme-de ýit!
— Geläýse bor gyrnak, başbogusyny tüýdüm-tüýdüm etmezmikäk!
Hesel eje oglan-uşaklara toýpaý berip, eýýäm bir halta igdäni gutaryp barýardy.
— Iýiň, balalam, iýiň! «Ýagşy niýet-ýarym döwlet!» Toýa niýetledi, toýa-da ýarady. Iýiň!
Ypbat aga eýýäm ojak gazyp ýördi.
— Bi ojak ýöne ýere gazylýan däldir, hany, Mamur sygryny soýmabilse soýmasyn!
... Hawa, ojak ýöne ýere gazylmaýar ekeni. Ypbat aganyň garader bolup gazan ojagy Nurjanyň toý naharyny däl-de, Mamur enemiziň düşegaşyny bişirmeli boldy. Gün ikindi ýerine ýetende, çala janly Mamur enäni Heşdekleň obasyndan bir garry adam jygyldawuk tigirli eşegaraba ýükläp getirip gitdi.
Hiayress
Автор 23 авг 2022, 14:13
Görüp otursak, Heşdekleň obasynda Goçak Küle diýilýän adamam ýok ekeni, bu günde-düýnde purontdan gelenem. Asyl ol Goçagyň inisi bolýan ýaş ýigit şol melgunlygy bilen adam baryny çürkäp, zat ýygnap ýören bolsa nätjek!
… Dulda iki ýorgany epläp, Mamur enäni ýatyrdylar. Ol ilkibada gözüni açdy, soňam ýarym sagatlap dilsiz ýatdy. Gün ýaşanda, onuň gabaklary agyr ýüküň astyndan gopýan ýaly ýene bir gezek zordan açyldy. Ol daşyny gabalap oturan adamlary ünssüz synlap çykdy, birdenkä tüýnüge äňetdi. Şol mahal onuň dili wazzyklady.
— Nurjanym gelmedimi? Uruş gutarmadymy?
Dünýä bilen hoşlaşýan Mamur enäniň soragyna jogap bermeli adamdan töwerek doludy. Emma ol agyr soragyň jogabyny bermäge hiç kim hyýalam etmedi.
— Uruş… haçan… gutar-ýa? Adam-lar-r?
Men çydap bilmän:
— Uruş gutardy, Mamur ene, uruş gutardy! — diýdim welin, Ypbat aga ezenegimden çekip goýberdi.
Mamur ene manysyz gözlerini maňa tarap öwrüp, bir zat diýjek boldy, emma dili diýen etmedi. Ýöne men onuň sözsüz diýen soragynyň nämedigini bilýärdim. Ol: «Uruş haçan gutarýar, Orunguly jan?» diýýärdi.
Birden Mamur enäniň elleri bir gapdala süýşüp gitdi. Men nämäniň-nämedigine düşünip bilmedim. Garrynyň iki gözem açykdy. Emma bedeni doňdurylan ýalydy.
Sapar aga ylgap daşaryk çykdy-da:
— Waý, Mamur ene-le-eý! — diýip, uly sesi bilen aglap, özüni ýere goýberdi.
Ol ses Gojuk obasynyň ähli adamsyna Mamur enemiziň ölendigini habar bermek üçin gygyrylan sesdi. Emma biz üçin welin ol ses oba ölüm habaryny äkiden ses bolman, Nurjanyna garaşmakdan dynan ýalňyz enä urşuň gutarandygyny duýdurýan habar bolup eşidildi.

Iýul. 1967. Moskwa.
(1967-nji ýylyň iýul aýy, Moskwa şäheri, SSSR)


Atajan TAGAN
ffgggggffddd
24 авг 2022, 09:59
Atajan Tagan.In gowy goryan ýazyjylammyň biri