Alma agajy

ALMA AGAJY

Otyr gatnawly ýol gyrasynda,
Ýapragy mahmal deý alma agajy.
Her ýyl gunça getirse-de, nämüçin,
Miwesiz ol,
Tapylanok alajy.

Ony saýalady öten-geçenler,
A ol bolsa öz bolşundan utandy.
Ýene bahar geldi,
Umyda girip,
Gunduzdan ak ýaglygyny atyndy.

Ykbal ony aglatmady bu gezek,
Ol miwe eçildi,
Şeýle bir goçak.
Gök pudak içinde gizlenip durşy,
Iň ajap görnüşi ýadyňa saljak.

Eger-eger dözüp iýer ýaly däl,
Ussat zergär ýasan ýaly, gyrmyzy.
Şahada söýgi deý gözüňe ilýär,
Almanyň guwanjy,
Umyt arzuwy.

Daragt söýgüsine şaýat boldular,
Gijede Aý,
Gündiz günüň kuýaşy.
...Bir dokmäde dişläp zyňdy keýpine,
Pudaklarda galdy almaň gözýaşy.

Oguljemal ÇARYÝEWA.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 24.05.1985 ý.

0 лайков 141 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.