Wah, şu siňekler bolmadyk bolsa... / Satiriki hekaýa

WAH, ŞU SIÑEKLER BOLMADYK BOLSA...

Ol on ýaşyndaka şeýle diýdi:
- Wah, meniñem bir portfelim bolsady! Wah, meniñem bir beýleki çagalaryñky ýaly kitabym, oýunjagum bolsady! Ana şonda meniñ nähili okaýşymy görerdiñiz. Meniñ bolsa hiç zadymam ýok. Şu ýagdaýda nädip okaýyn-a men?..

◆ ◆ ◆

On üç ýaşyna ýetende onuñam beýleki çagalaryñky ýaly öz kitabam, öz depderem, öz portfelem, öz oýnawaçlaram boldy. Emma şonda-da onuñ okuwy ýol almady.
- Meniñ, näme, iliñki ýaly egin-eşigim barmy? - diýip zeýrendi. - Ejem, kakam, doganlarym - ählimiz bir otagda ýatyp-turýas. Şu daryşganlykda nähili okarsyñ? Wah, meniñem bir özbaşyma stolum, aýratyn öz oturgyjym, şkafym bolsady! Ana şonda meniñ nähilo okaýanymy görersiñiz!

◆ ◆ ◆

On sekiz ýaşynda indi aýratyn otagy hem boldy.
- Her hepdede sowar ýaly kisäñde on lirañam bolmasa, neneñ iş bilen hoşuñ bolar? Kitap almaly, surat almaly, olarsyz aljak galañ näme? Şolarym bolan bolsa, men özümiñ kimdigimi görkezerdim!
Ýigrimisinde onuñ isleg-arzuwy hasyl boldy.
- Wah, şu kursam bir tizräk gutarsamdym! Durmuş bir zat, mekdebem - başga bir zat! Unuwersiteti gutarmaly, ana okuw şol! Uniwersiteti gutaraýsam, şeýle bir işlärin, şeýle bir işlärin, şonda görersiñiz! Şeýle bir ýazaryn welin, şu bara... Wah, çaltrajyk bir uniwersiteti gutarsamdym! Onsoñ...

◆ ◆ ◆

Ýigrimi dört ýaşap, uniwersiteti tamamlanda ol şeýle diýdi:
- Göwnümiñ islegiçe işläp bilemok. Meniñ ähli küýüm-köçäm goşun bilen bagly. Wah, şu gullugymy bir tamamlasam, gije-gündiz dynman işlejek, ýadamany-beýlekinem biljek däl. Azap etmeseñ, hiç başarjak zadyñ ýok. Azap etmeli, zähmet çekmeli. Şeýle bir ýazaryn welin, dünýä gürrüñimi eder. Wah, goşunçylygyñ ýüzüne köz degsin!

◆ ◆ ◆

Ýigrimi altysynda gullugyny gutaryp, öýlerine gaýdyp geldi.
- Işläp biljek däl! Ýüregime düwşüm ýaly işläp bilemok. Ýazyp bilmeýän! Meniñ ýagdaýymda hiç kimem ýazmaz. Bir döwüm çöregiñ pikirini etmeli. Gowy wezipäñ, akyp ýatan girdejiñ bolmasa, ýazuw-pozuw ýadyña düşermi heý? Wah, bir gowuja işim bolsady! Ertirden agşama çenli dynman işläp, ýüregime düwüp ýören kitabymy ýazardym.

◆ ◆ ◆

Ýigrimi sekiz ýaşynda ol hemişelik işw ýerleşdi.
- Ýok, işläp bilemok, bolany şol! - diýip, ol belli-külli karara geldi. - Görüñ özüñiz, nädip işläýin ahyryn. Adamyñ öýi bolmaly, radiopriýomnigi bolmaly. Radiony açýañ welin, göwnüñ açylýar - süýji söz ýañlanyp dur! Näçe işledikçe işläsiñ geler, asyl ýadamarsyñ. Sazyñ hoş owazyna gulak as-da - ýaz-da otur! Wah, radio, radio!

◆ ◆ ◆

Ol ýigrimi dokuzynda özbaşyna bir öýi kireýine aldy, giden bir etaž özüniñki boldy. Radiopriýomnik hem edindi. Ýöne ýene stoluñ ýeñsesine geçip, ýürekde besläp ýören eserini ýazmaga girişip bilmedi.
- Wah, bu ýekeligiñ oduny sen goýaý! - diýip zeýrendi. - Ýalñyzlyk ýaly ýaman zat ýok! Kalbym edil düýpsüz ýatan gowak ýaly hañlap ýatyr - boş... Ýeri, onsoñ şu ýagdaýda zat ýazyp bilermiñ, döredermiñ? Adama ganat berýän, telwas berýän ägirt uly güýç gerek!
Şo bolmasa, eliñ ýöremeýär. Ýeri, kim üçin işläýin-ä? Nämeden ylham alaýyn. Wah, söýgi, söýgi! Nirde sen, köýdürdiñ meni!

◆ ◆ ◆

Ol otuzynda aşyk-magşuk boldy. Ol hem söýdi, ony hem söýdüler. Emma ol şunça ýyllar arzuwlap gelen işine ýene başlamaga het edip bilmedi.
- Wah, söýgi, söýgi! Munuñ ýaly gowy zay bolmaz! - diýip, ol aýdýardy. - Söýgi ~ ýaşaýşyñ diregi. Ajaýyp duýgy. Emma... öýlenmeli. Ine öýlenerin, onsoñ durmuşym bir akaba düşer, ana onsoñ golumy çyzgap işlärin, enşalla! Wah, bir gowy aýal tapsamdym! Ýekeje minudymam boş geçirmen!

◆ ◆ ◆

Ol otuz iki ýaşap öýlendi. Bagty çüwdi, diýeni boldy, emma ýene işe girişip bilmedi. Muña-da bahana tapylman durmady.
- Durmuş aladasy egnimden basyp, halys lütümi çykarýar. Uzynly gün halt-halt edip, ölmez-ödi güzeran görýän. Döredijilige wagty nirden alaýyn? Döredijilik işi başga zatlaryñ ählisini zyñaýanda-da zordan eýgerdýär, hany oña boş wagt! Menib gazanýanja pulum bilen döredijilik ýadyña düşermi asyl!

◆ ◆ ◆

Otuz altysynda aýlygyny galdyrdylar. Galdyrmasyna galdyrdylar, ýöne, geliñ, onuñ özüne gulak asalyñ:
- Hawa, özbaşdak öýüm bar... Ýöne otaglary gary dar, üstesine-de çagalarym ýanymda. Şu goh-galmagal-da bir adam ýazyp bilermi?! Wah, bir dört ýa bäş otagly jaýa bir ýetsemdim, onsoñ size görkezerdim kimdigimi? Nähili işler bitirerdim gijesi-gündizi durman ýazardym!

◆ ◆ ◆

Otuz sekizinde on bäş otagly jaýa göçüp bardy. Ýöne onuñ ýazjak bolýan işi şol öñküsi ýaly gymyldaman ýatyrdy. Onuñ hiç eli degmedi, işläsi gelmedi.
- Şäherdäki öýde-de bir döredijilik bolarmy? Nädip işlejek ahyryn - edil äpişgäniñ aşagyndan maşynlar şuwlaşyp geçip dur, goh, galmagal. Imisala wagty ýok. Ümsümlik, dynç bolmasa, elime galam alyp bilmeýärin. Pikirimi jemläp bilemok. Bu ýerde bolsa - tozan, hapaçylyk, ala wagyrdy. Wah, maña bir çolaja ýerdejik, gowuja jaýjagaz berseler, ana şonda nämeler döredip bolýandygyny ile görkezerdim!

◆ ◆ ◆

Ol kyrk ýaşady. Edil arzuw edýän jaýy ýaly imisala ýerden şarñyldap duran ajap jaý berdiler. Äpişgesinden seretseñ, göwnüñ açylýar. Näme diýse, eliniñ aşagynda boldy. Ümsümlik. Gykylyk-galmagal ýok. Ind-ä ýazyp başlandyr-ow diýýäñizmi? Aý, ýok, şuny etmedi-dä, ol!
- Neneñ döretjek, neneñ joşjak! Öýüñde owadan-owadan zatlar bolmasa, diwarlary gymmatly suratlar bezemese, ullakan ýazuw stoluñ bolmasa, ýumşajyk kresloñ, mahmal halyñ, her hili çäýnek-käsäñ we şulara meñzeş zatlaryñ bolmasa, asyl döredijilik işiñ ýöremez eken. Döredijilik üçin gözüñ owadana düşmeli. Adamyñ ylhamyny joşa getirýän, heýjana salýan albaý zerur, bir gapdalyndanam hoş owazly klassyk saz ýañlansyn dursun! Gözüñ, gulagyñ mydama hezil edip dursun, ana şonda gül ýaly eser döretmek mümkin, bolmasa - ýok. Eý Tañrym, heý, menem arzuwyma bir ýetermikäm?!

◆ ◆ ◆

Onuñ arzuwy hasyl boldy. Kyrk ikisinde ol ähli arzuw eden zadyny edindi - owadan, gymmat, amatly öý goşlaryny edindi. Edinmesine edindi welin, heý bir zat ýazdymy ýa ýene şo-ol öñküsi ýalymy?
- Ýekeje minutjyk bir meniñ ýerimde bolsadyñ, şonda bilerdiñ! Daşyndan synlap, düşünip bilmersiñ, ýok. Pulumam bar, günümdenem razy, gül ýaly ýaşaýşym bar. Aýalym maña bagt eçildi. Çagalarymam gowy. Öýümem giñ, şarñyldap dur, söz diýer ýaly däl, äpişgämden daş seredýän welin, göwnüm açylýar. Owadan-owadan gymmatbaha zatlarymam bar. Wagtymam kän. Emma... şu siñekler halys edýärler-dä! Siñekler ýüregime düşdi. Stola geçip, arkaýyn işlemäge goýanoklar. Bu nejisler zerarly meniñ görýän günüme, hut, it aglar, dogan. Wah, şu haram siñekler bolmanlygyndan, men nähili işlemelidigini görkezerdim. Gündiz-ä ýatyp bilemok, gündiz ukymy almasamam gije işläp bilemok. Äpişgäni ýapsam-a - yssy alyp barýa, öñüne tor tutsamam gelşiksiz bolýa. Gyşyna işläý diýjek bolýañmy? Gyşyna siñek ýok diýýäñmi?! Şoña ynanýañyzmy? A näme üçin o siñekler bilen gyşyna ýaşamaly dälmişin?.. Wah, şu siñekler bolmanda, nähili ajaýyp eser dörederdim men!..

Terjime eden: Kemal YKLYMOW.

Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.

Çeşme: kitapçy
3 лайков 147 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
My life
28 авг 2022, 21:31
Äpişgäni ýapsam-a - yssy alyp barýa, öñüne tor tutsamam gelşiksiz bolýa.
Gyzykly eken. Siñegem bahana bolan yaly bolup dur))