Garawulhanadaky gürrüňçilikler - 6: ŞIRNEPES

2004-nji ýylyň 16-njy dekabr güni Türkmenistanyň mejlisine saýlawlar geçirildi. Meniň garawulçylyk edýän institutymyň binasy bolsa şäheriň degişli etrabynyň saýlaw merkezi edilip bellendi. Meniň nobatçylygymam hut saýlaw gününe düşdi. Çünki, dynç ýa baýramçylyk günlerine gabat gelse biz gündizem durmaly bolýardyk. Üstesine şol günler ýoldaşymyzyňam biri syrkawlapdy-da, men oňa deregem durmagy öz boýnuma alypdym. Birnäçe gün öňünden taýýarlyk görüp başladylar. Býulleten atar ýaly iki sany dik sandyk, gizlin ses berer ýaly germewler ýasadylar. Sekretarlar oturar ýaly birnäçe stollary hatarlap goýdular. Hemmesiniňem üstüni Türkmenistanyň baýdagynyň reňki bolan ýaşyl reňkli mata bilen örtdüler. Saýlawçylaryň atlaryny aňsat taparlary ýaly, sekretarlaryň oturjak uzyn stolunyň arkla tarapyndan uzaboýuna ýüp çekip, hersine ullakan edilip iki ýa üç harp ýazylan kagyzlary asdylar. Ösen ýurtlarda saýlawyň adalatly, demokratik usulda geçýändigini ýa geçmeýändigine, düzgün bozulmalara ýol berilýändigine ýa berilmeýändigine gözegçilik etmek üçin, saýlawlarda daşary ýurtly synçylaryň oturdylýandygyny eşiden bolsalar gerek, şolara ökünmek üçin, diwara golaýrak ýerde üsti ýaşyl mataly aýratyn bir stol goýdular. Gapdalyndanam «Milli synçy» diýen ýazgyly tabliçgajyk asdylar. Ýöne, soň görüp otursak, resmi suratda «Milli synçam» ýok ekeni-de, gelen-gideniň öňünde boş durmazlygy üçin, şol stoluň başynda eli boşrak mygallymlary gezek-gezegine oturtdylar. 
Üç günläp mugallymlardan daşary etrap polisiýa bölüminiň, howpsuzlyk komitetiniň işgärlerem nobatçylyk etdiler. Hemmesem meniň garawulhanamda. 
Saýlaw güni daň bilen daşarda ses güýçlendiriji, içerde-de ses beriji enjamlar goýup, fonogramma boýunça aýdymçylary aýtdyryp başladylar. Aýdym aýtmaly oglan ýa gyz eline mikrofon alyp daş çykýar-da, aýdyma goşup agzyny gymyldadýar. Gyşyň güni bolansoň birinjiden-ä daşary sowuk, ikinjidenem entek gelim-gidim başlanmandy. Üstesine-de alagaraňky. Has beterem institutyň prorektory aýdymçylaryň üstki eşiklerini aýryp diňe tahýaly we keteni köýnekli çykmaklaryny talap edýär. Şonuň üçinem, gapynyň agzynda ýeke özi eli mikrofonly digdenekläp duran oglana ýa gyza gözi düşen gyssanmaç ötegçiler ýa patrullar olara geň galmak bilen, durup-durup seredýärdiler we özara bir zatlar diýşip gülüşýärdiler. Bir pes boýly, garagözelejik gyz-a: «Utanýan, öten-geçenler maňa bakyp gülüşýärler» diýip, aýdymyň orta bilinde kürsäp yzyna-da girdi, ýöne, ony ýyljak kabinetinden ýegdekläp çykan prorektor dessine yzyna ugratdy. 
Şol gün tä günortana çenli ýeke bir meniň garawulhanam däl, binanyň uly foýesem adamsyz bolmady. Ondan soňam agşam sagat onlara çenli institutyň hojalyk bolüminiň işgärleri iki ýana gaýmalaklaşdylar. Goýlan stollary, germewleri institutyň ammaryna daşadylar. Ondan-mundan bir günlükçe dilenip alnan amanat halylary, drama teatryndan getirilen haýsydyr bir dekorasiýany maşyna ýükläp eýeli-eýesine ugratdylar. Diňe şondan soň garawulhanada nobatçy mugallym ikimiz galdyk. Ol boýy kelteräk, saryýagyz, tegelek ýüzli, çep dulugy dyrnagyň aýtymy ýalyrak peşehordaly, joşgun bilen, çalt-çalt gepleýän Şirnepes atly ýigitdi. Salamlydy. Terbiýe görendigini her sözünden, her bir hereketinden aňmak bolýardy. 
Meni iki günüň ýadawlygy halys basmarlap barýardy we derhäl ajy gök çaý içmek gerekdi. 
Çaý başynda ondan-mundan, göz üçin geçirilen saýlawyň geçişinden gürrüň etdik. Söhbetimiz aýlanyp-öwrülip ýene-de durmuş wakalaryna syrykdy. Men oňa ýokarda size gürrüň beren wakalarymy gysgaça aýdyp berdim. Döwürden naladym. Adamlaryň ahlak derejeleriniň şeýle çalt we aňsatlyk bilen pese gaçyp bilişine haýran galýandygymy aýtdym. Onuň: «Aý, ýok, edil beýle-de däldir, ol bir hälki agzy boş adamlaryň tapýan gürrüňleridir, bolaýsa-da iki-ýekedir, onça-munça zat islendik döwürde-de bolýandyr», diýmegini isledim. Emma o-da meniň öňki gürrüňdeşlerim bilen bir hörpden gopdy. Gürrüňdeşiniň näbelet meselesine beletligi üçin begenýän ýaly endigine görä joşgunly gürledi. 
― Sen näme, piliň gulagynda uklaýaňmy? 
― Aý, ýok, piliň gulagynda-ha uklamok welin... Ýöne, şu görýän, eşidýän zatlarymy içime sygdyrybilemok. 
― Sygdyrybilmeseň ýaz! ― diýdi-de, Şirnepes maňa garaçyny bilen ýüzlendi. ― Ine, menem saňa şolar ýaly wakanyň birini gürrüň bererin welin, munam ýaz! Goý, sapak bolsun! Şeýdäýmeseň başga çykalga ýok. 
― Bolýa-da... Asyl ýene bir hekaýatyň ýeri kem ýalam bolup durdy ― diýip men diňlemäne taýyndygymyň alamaty hökmünde oňa golaý süýşdüm. ― Munça bolanyna görä seňkinäm diňläli. 
― Diňleseň gardaş, bu meselede özümiziňem günämiz ýok däl. Özümizem şolar ýaly bir ýeňlesräk maşgala duşsa sowlup geçibilemizok. Elläp göresimiz gelip dur, özüňem şeýlesiň. Ýokuş gören bolup oturansyň welin, gabat gelse aňsat ýüzüňi öwüräýmersiň. Menem şeýle. Edil ýörite ugruna çykyp ýören bolmasamam, bir gezek şolar ýalynyň toruna özümem düşdüm... ― Ol gürrüňiniň esasy bölümine başlamazdan öň az-kem dymdy. ― Baş-alty ýyl mundan öň, güýz aýlarynyň bir güni işden soň maşynjygyma münüp öýe tarap barýadym. Niýetim bazara sowlup ony-muny almakdy. Bazaryň deňine ýetip duranymdanam uzyn boýly, inçe billi, akýagyz, ullakan gara gözleri ak maýanyň köşeginiňki ýaly balkyldap duran bir gelin ylgap geldi-de, bir gyrada üýşüp duran içi birgiden azyk önümlerinden doly üç-dört sany pakede tarap elini uzatdy. 
― Jan dogan ýüküm agyr, şolary öýe taşlap bersene, nyrhynyň gürrüňi ýok! 
Men kireý etmeýärdim, ýöne gelin garaçyny bilen özelenip duransoň ýok diýibilmedim. Şonuň üçinem: 
― Eýle bolsa azajyk garaşyň menem bir aýak üstünden bazara girip çykaýyn, nyrh hakda welin dogrudan-da hiç hili gürrüň bolmaz ― diýdim. 
Gelin meniň degişmäme ýa-ha düşünmedi ýa-da üns bermedi. 
― Wah, bazara girip çykýançaňyz başga-da maşyn geler welin, howlukmajrakdymam-da... Bu zatlarymy öýe düşürip, soň bakja-da barmalydym-da, çagamam almalydym-da, azajyk gijä galaýdym-da. ― Ol ýoluň gyrasynda taksä garaşyp duran adamlara tarap naýynjar ugrady. ― Garaşýanam köprägem-dä... Gaýrat etseňiz köpräk töläýerdim-dä... 
Men dözmedim. 
― Ýeri bolýa-da münäýiň. 
Men maşyndan çykdym-da, gelniň zatlaryny ýüksege ýerleşdirdim. Adatça gelin-gyzlar ýat maşynyň yzky oturgyjyna münäýgiç bolýarlar. Ol welin beýtmedi. Meniň gapdalymda oturdy. Öňürti bakjanyň üstünden geçsek amatly boljakdygyny aýtdy. Salgy berdi. Derrewem gürrüňe başlady. Ýagy ýaly gyşyň ýetip gelýändigi, şäher jaýlarynyň gowy ýyladylmaýandygy, garaşsyzlyga geçileli bäri işsizligiň köpelendigi, ulag diýlen zadyň adamyň ganatydygy, özüniň ulagsyz iňňän kösenýändigi, eger-de mundan bäş ýyl ozal, adamsy tarpa-taýyn ýogalyp ogly ikisini taşlap gitmedik bolsa özleriniň bir eýýämler maşynly bolaýmalydyklary barada dynman gürrüň etdi. Garaz, salgy beren ýerine ýetip-ýetmänkäk ol ikimiz köne tanyşlara öwrüldik. Birdenem ol elime ýapyşyp diýen ýaly: 
― Ine, bakja-da geldik, duraýyn şu ýerde ― diýdi. 
O diýeninem etdim. Bökjekläp duran garagözelejik, ýaňaklary possuk ýaly, alty ýaşlaryndaky oglanjyk ejesindenem alçak ekeni. Öýlerine barýançak «jedir-jedir» edip hezil berdi. Öz adynyň Kerimdigini, ejesiniň adynyň Şirindigini, aýtdy. Meniň adymy sorady. Alajym ýok, aýtmaly boldum. 
Olar dört mertebeli jaýyň ikinji gatynda ýaşaýan ekenler. Men gelniň zatlaryny göterişip çykmana döwtalap boldum. Garşy bolmady. Öýüne girenimizden soň bolsa çaý içip gitmegimi teklip edti. Onuň bu teklibine Kerimjigem goşuldy. Maňa razylaşaýmakdan başga alaç galmady. 
Şirin pul uzatdy. Men güldüm. 
― Nyrhyň gürrüňi ýok diýmediňmi näme? 
― Diýdim welin, senem diýdiň-dä. 
― Bolupdyr-da onda, indikiň näme... 
Meniň hälki degişmäme ol şondan soň düşünip galdy. Birgeňsi ýylgyrypdy. Çaýdan soň ol maňa öý hem iş telefonynyň belgilerini berdi. Aşgabatdaky kiçiräk zawodlaryň birinde baş hasapçy bolup işleýändigini aýtdy. Hökman jaňlaşmagymy haýyş etdi. 
Ertesi men oňa jaň etdim. Duşuşyga çagyrdym. Bir hepde ýaly sypajaň atyp gezdi. Bolýa-da diýenok, ýogam. Ikinji hepdäniň iň soňky güni: «Işden soň yzymdan geläý» diýdi. Bardym. «Ýeriň barmy» diýdi. «Ýok» diýdim. «Onda ertir öýe geläý, Kerimi ejemlere eltip gelerin» diýdi. Aýdyşyna görä ejesi şäheriň günorta çetindäki täze gurlan mähelleleriň birinde, öýlenen ogly bilen ýaşaýan ekeni. Kakasy ýok. 
Dogrusyny aýtjak maňa onuň özem, adam diýseň ýarady. Tüýs, Şirin diýseň şirin. Sözlerem şirin, özem şirin. Birinji duşuşygymyzdan soň ol maňa: «Aýal adam bu babatda hiç haçan dogrusyny-ha aýdýan däldir welin, sen maňa ynan, adamym ýogalaly bäri hiç kim bilen gatnaşyk edemok, sen birinjim» diýdi. Men oňa ynandym. Çünki, hernäçe alçak hem bolsa özüni alyp barşynda ýeňillik, ýeňleslik jelepçilik tejribesiniň nyşanlary duýulmaýardy. 
Kem-kemden öwrenişip başladyk. Ysnyşdyk. Duşuşyklarymyz has ýygjamlaşdy. Soňabaka birek-biregi günde bir gezek görmesek kararymyz ýetmedi. Birek-biregi gabanmak diýen zat welin ýokdy. Gabanara bahana-da ýokdy. Günuzyna ikimizem işde bolýardyk, işden soňam men ony öýüne alyp gaýdýardym. Maňa aýtman ýa menden bisorag hiç ýere gidenokdy. Käýindirmeýärdi. Özüm dargursaklyk ediberjek bolsamam, alçaklygy bilen derrew gaharymdan açýardy. Kän zat aldyrtmaýardy, juda zerur bolmasa pul soramaýardy. Men seniň özüňi gowy gördüm, gelip-gidip dursaň, söýseň, oglum ikimizi maşynyň bilen gatnatsaň, gitjek ýerime äkidip getirseň maňa bes» diýýardi. 
Şeýdip ýörşümize bir görsem iki ýyl geçäýipdir. Onuň maňa bolan mähri egsilmeýärdi. Her gezek baranymda gujagyny giňden açyp garşy alýardy, hezil edip hyzmat edýärdi, söýgi pursatlaryny bolsa ikimizem edil hyýaly bir düýşdäki ýaly diýseň lezzetli geçirýärdik. Birek-birekden doýmaýardyk, ganmaýardyk. Her gezek onuň gujagyndan sogrulyp gaýdanymda ýüregim gursagymdan sogrulaga-da onuň düşeginde galan ýaly bolýardy. O-da delmuryp-delmuryp galýardy. Barşym ýaly jaň etmegimi, ertesem hökman gelmegimi haýyş edýärdi. 
Şolar ýalyda kalbymda öýden, çagalarymdan, aýalymdan sowaşaýmaýyn, diýen gorky döreýärdi. «Ýa assa-ýuwaş arany açybersemmikäm» diýip oýlanýan wagtlarymam bolýardy. Ýöne, wagt eýýäm etjegini eden ekeni. Ahyrsoňunda men öz ýüregimiň oňa ömürlik bent bolandygyna ynanmaly, söýendigimi boýun almaly boldum. 
Has beteri men eýýäm onuň çagasy bilenem öwrenişipdim. O-da maňa öwrenişipdi. Baranymdan: «Daýy-y!» diýip, boýnuma zyňýardy. Elimden tutup töre geçirýärdi. Diwanyň üstünde oturdýardy, böküp dyzyma münýärdi we dünýäniň gepini tapyp jedirdemäne başlaýardy. Sorag yzyna sorag berýärdi. Men oňa her baranymda bir sowgatjagaz eltýärdim. Ol muňa hasam begenýärdi. Bökjekleýärdi. «Ine, daýym şekelat berdi» diýip, ejesine buşlaýardy. Özem indi bakja dälde, mekdebe gatnaýardy. Has dogrusy meniň bilen bile gatnaýardy. Şol gatnawlaram bizi öwrenişdirýärdi. Kerim ikimiziň dostlugymyza Şirin hasam begenýärdi. Daşymyzdan guwanýardy. Käte degişip: «Sen Kerime kaka bolup bilmersiňmi, ýa öýüňizden çekinýäňmi?» diýýärdi. Şol pursatlar men özümi hakykatdan-da ol öýüň eýesi, Şiriniň adamsy, Kerimiň bolsa kakasy ýaly duýýardym. Tä, ömrümiň ahyryna çenli olara elimden gelen kömegi gaýgyrmazlyga öz ýanymdan söz berýärdim. 
Emma aýal ýüregi ikimiziň pikir edişimiz ýaly däl ekeni, gardaş. Çylşyrymly, dözümli, albaýly bolýan ekeni. 
Äri biri bilen gezip ugrasa aýaly, aýaly gezip ugrasa äri hökman duýýar diýýäler. Bu hakykatdanam şeýle. Sebäbi, aýal bolsun, erkek bolsun tapawudy ýok, öňki düzgünini üýtgetdigi öňi bilen özüni alyp barşy, gepi-sözi üsti-başy üýtgäp başlaýar. O zatlary diňe özüne gowy erk edip bilýän adamlar pynhan saklap bilýärler. Beýle erk bolsa her kime etdirip durmaýar. Men özüme erk edip bilipdirinmi ýa aýalym giňlige salypmy, geçirimlilik edip sesini çykarmandyrmy, ony bilemok, ýöne şol tarapdan maňa hiç hili gep-söz bolmady. Ýöne, soňky döwürlerde Şiriniň öňküliginiň ýokdugyny welin aňyp başladym. Duýdum. Has takygy ýüregim duýdy. Çünki, onuň özüni alyp barşy birhili müýnli ýalydy. Hernäçe syr bildirmejek bolsa-da, düşekde ýatanda-da, hyzmat edende-de, öňki hereketlerini edip bimeýärdi. Pikirli gezýärdi, sus görünýärdi. Öňki alçaklygyny bir ýerlerde galdyran ýalydy. Meniň welin göwnüme garalyk getiresim, oňa bolan ynamymy syndyrasym gelenokdy. Şeýtanyň ugruna gidip nähak göwnüne degäýmäýin diýýärdim. Belki men zerarly eje tarapyndan gep gelýändir, maňa aýdybilýän däldir, öýtýärdim. Ýöne, islendik syr iru-giç äşgär bolýar. Temen haltany böwsün çykýar. 
Şiriniňkem şeýle boldy. 
Bir gezek men hepdäniň anna güni işden çykyp etraplaryň birine toýa gitdim. Öýe-de, Şirine-de ýekşenbe güni gelerin diýdim. Emma, bir söý bilen şenbe güni dolanyp geldim. Gelşim ýalam Şiriniňkä sowuldym. Niýetim onuň bilen aýak üstünden salamlaşyp, Kerime-de bir şokolatjagaz berip geçjekdim-de, soň öýe baryp dynç aljakdym. 
Emma näme üçindir Şiriniň gapysy wagty bilen açylmady. Çakym çak bolsa ol hökman ogly bilen öýde oturan bolmalydy. Çünki, düýn oba gitjek wagtym habarlaşanymda ol ertir oňa gitjek ýa muňa gitjek diýmändi. Duýdurman o ýan, bu ýan gitmek endigi bolsa ýokdy. Şeýle-de bolsa onuň gyssagly suratda ejesiniňkä ýa joralarynyň birniňkä çagyrylan bolmagy bolup biläýjek zatdy. 
Yzyma dönjek bolup durkam gapy çalaja açyldy-da, zynjyrbent boldy duruberdi. Aňyrdan Şiriniň ýarpy ýüzi göründi. Wagtyň öýläne sapandygyna garamazdan ol göýä diýersiň ýaňyja ukudan turan ýalydy. Ýüzi-gözi ýadaw, saçlary büýr-bulaşyk. Argyn. Tukat. Men: 
«Näme bolýa, ýaraňokmy? ― diýdim. Zynjyrbendiň ýazaryna, gapynyň doly açylaryna garaşdym. Emma ol zynjyra tarap elinem uzatmady. Ýellenen gabaklaryny ýerden galdyrman durşuna: 
― Öýde ejem bar ― diýdi. 
Şo çaka çenli meniň şol gapa gelip giribilmän yzyma gaýdan ýerim ýokdy. Ýöne, meniň ertir geljekdigimi göz öňüne tutup, bu gün ejesini myhmançylyga çagyran bolmagy mümkin diýen pikiri men ortadan aýyrmaýardym. Ýöne, onuň bolup durşy ejesini garşylana meňzänokdy. Galyberse-de ogly öýde bolmaly ahyry. Näme üçindir o-da görnenok. Ol meniň sesimi eşideninden ylgap gelip boýnuma zyňmaly ahyry. Emma aňyrdan ses-üýn eşidilmeýärdi. Belki ýatandyr? Mümkin! 
Şonuň üçinem men: 
― Kerim ýatyrmy? ― diýdim-de, ýoldan ýörite şonuň üçin alan şokoladymy jübümden çykardym. ― Şuny şoňa beräýjekdim. 
― Kerimi düýn ejem alyp gidipdi-de, bu günem alman gaýdyberipdir. ― Ol kynlyk bilen ýüzüme seretdi. ― Ýogsa-da agşamlyk gel, şony alyp geleli ― diýdi. Men: 
― Bor ― diýdim-de, gitmäne hyýallandym. Şondan soň onuň birhili ýüki ýeňlän ýaly boldy. Dili açyldy. ― Sen näme, gitmediňmi? Ýa ir geldiňmi? Habaram etmediň. Duýdurmadyňam. Duýduran bolsaň ejemi ugradardym. 
Men sesimi çykarmadym-da, yzyma öwrülip gaýdyberdim. Erbet zat barada pikir etmezlige çalyşdym. Galyberse-de onuň aýdýanlarynyň dogry bolaýmagam mümkin ahyry. Şonuň üçinem öýe baryp arkaýyn dynjymy aldym. Agşamlyk gelip Şirini ejesiniňkä äkitdim. Ogluny alyp çykýança garaşdym-da, ýene-de öýüne getirdim. Ol maşynyň aýnasyndan maňa tarap egildi. 
― Düşjekmi ýa ýadawmy? 
― Ýadaw. 
Şonuň bilen gep gutardy. Çünki, hernäçe özüme basalak bolsamam beýnimde alasarmyk pikirler at salýardy. Ýürek bir zatlar duýjak, beýni bir zatlar syzjak bolýardy. Bir saklaýan zat bardy, o-da pähim-paýhas. «Howlukma, gaharyňa bir iş edäýme, iň soňky sözüňi diýäýme, anygyna ýetmän ýarylaýma» diýýärdi. Galyberse-de, Şiriniň özüniňem öňki şelaýynlygy ýokdy. Şonuň üçin olam artyk mürehet etmedi, meniňem gaty bir düşesim gelip durmady. Gaýtdym. 
«Öýde ejem barly» gürrüň welin ýarym aýdan ýene bir gezek gaýtalandy. Göwnüme ýene bir gezek çiglik gitdi. Ýöne, barybir ýara entek doly bişişmändi. Gysymyňa gysar ýaly tutaryk ýokdy. Tussumandan dübläberseň bolsa gelşiksiz boljakdy, sähelçe osmakladyberseňem: «Sen-ä indi meni gabanybam başladyň, munyň-a bolanok» diýip, gaýtam özümi haýalçyradýardy. Özüniň welin islese-islemese bir zatlary ýaşyrjak bolýany bildirýärdi. Hamala diýersiň aramyza her gün bir göze görünmeýän ýukajyk perde düşýän ýalydy. Her gün biri-birimizden bir ädim daşlaşýan ýalydyk. 
Bir günem öýde ikiçäk otyrkak ilk-ä bir jaň geldi. Şirin ony almady. Ýarym sagat ýaly wagtan soňam gapy kakyldy. Men Şiriniň ýüzüne seretdim. Ol erbet gyzardy. «Kimkä janlarym bi? Ýa ejemmikä?» diýip aýalaryny ýalaňaç göwüsleriniň üstüne atanaklaýyn goýdy. Men: 
― Bar-da göräý ― diýdim. 
Ol göwünli-göwünsiz ýerinden turdy. Haladyny egnine atdy. Kynlyk bilen ýöräp gapa bardy. Açdy. Aňyrdan erkek adamyň şadyýan sesi eşidildi. 
― Barmysyň-aý? Ýoksuň öýdüp ýüregim ýaryldy. Jaň etsemem almadyň. ― Tomsuň günüdigine garamazdan erkek kişiniň sesi edil aýazda galanyňky ýaly sandyrady. ― Hany, çaltyrak açsana... Öldüm-le... 
Megerem ol girmäne hyýallanan bolsa gerek, Şiriniň sesi howsalaly eşidildi. 
― Dur, dur, öýde ejem bar. 
― Ejem? 
― Ýuwaş! Köp gepleme. Birden eşidäýmesin. 
Pakediň şykyrdysy eşidildi. 
― Al onda bu zatlary bir al. 
― Ýok, ýok. Ejem görse bu näme, diýer. Kim getirdi, diýer. 
― Al onda şuny Kerime ber. 
― Kerim ýok. 
Indi aňyrkynyň sesi howsalaly çykdy. 
― Näme üçin ýok? 
― Ejem şu gün irden öýlerine äkitdi-de, goýup gaýdyberipdir. 
Depämden gyzgyn suw guýlana döndim. Çünki, gapydan duran adama aýdylan sözleriň barysy meniň mundan sähelçe wagt öň, hut şol ýerde durup birem däl, iki gezek eşiden sözlerimdi. Şonuň üçinem, howul-hara egnime köýnegimi atdym-da, gapa tarap ugradym. Arka tarapyndan «çygşyldy» eşidilen Şirin «hiýh» etdirip bir gyra çekildi. Gapyny ýapjak boldy. Emma, gapyny daşda duranam saklady, menem sakladym. Çünki, ol ikimizem biri-birimiziň kimdigimizi bilmelidik. Ýüze çykan ýagdaý ikimizdenem şony talap edýärdi. Zynjyrbent duran gapynyň aňyrsyndaky syrdam boýly, tolkun atyp duran şar gara saçlary yzyna gaňtarylgy, akýagyz, ýeňsiz ak köýnekli, gara balakly, aýagy ýalpyldap duran gara köwüşli, boýny melemtil galstykly, görmegeý ýigit bir maňa, birem bir gyrada bukuljyrap duran Şirine seredip ep-esli durdy-da, dişlerini gyjap batly ses bilen: 
― Şirin! ― diýdi. Yzdan Şiriniň burnunyň ujy bilen bir gözi görünendenem maňa tarap baş atdy. ― Şumy ejeň? ― Şirin dodagyny dişläp ýene bir ädim gaýra tesdi. Ýigit maňa seredip ajy ýylgyrdy. ― Daýza salowmaleýkim. 
Men eýýäm hyýalymda: iki ýigit bolup bir jelebiň üstünde uruşmalymy ýa uruşmaly dälmi, uruşmaly bolaýanda daş işikde uruşmalymy ýa içerde uruşmalymy? Aslynda ol ýigitde günä barmy? Onuň ýerinde özüm bolan bolsam özümi şondan parahat alyp bararmydym? Onsoňam häzir ikimizem deň ýagdaýda durus. Bir tapawutly ýerimiz men-ä içerde, ol bolsa daş işikde. Ýöne, şu pursat çözlüşmesek indiki gezek onuň içerde, meniň daş işikde durmagym mümkin. 
Ýigit hiç hili uruş alamatlaryny ýüze çykarmady. Az salym meniň ýüzüme seredip durdy-durdy-da, ýüreginden syzdyrap: 
― Birini aldan ikinjisinem aldar, ýagyň özüňe nesip-etsin ― diýdi. Soňam Şirine degişli edip ― Haý biwepa! Beýtjekdigiňi bilen bolsam ― diýdi-de, hyrra yzyna öwrülip çykyp gitdi. Içi zatdan doly paket daş işikde galdy. Her niçik hem bolsa men onuň yzyndan: 
― Halypa! Sen kyn görme-de daşarda birazajyk garaş, kimiň daýza, kimiň daýydygyny düşünişeli, kimiň näçe gezek «eje» bolanyny hasaplaly ― diýdim. 
Emma ol ýigit maňa tarap nazaram aýlamady. Ýüzüniň ugruna bir zatlar diýdi, ýöne, näme diýenini aňşyrmadym. Içki jaýa girip eşiklerimi geýdim. Çykjak bolanymda henizem şol ýerde ýüzüni tutup duran Şirin gapyny «şark-şurk» gulplady-da, arkasynam şoňa berdi. Birdenem ulyili bilen möňňürip boýnuma zyňdy. 
― Gitme! Men saňa hemmesini gürrüň bereýin. Bir zady boýnuma alaýyn. Otur-da diňle, soň nätseň şeýt. ― Şondan soň ol golumdan tutup törki jaýa geçirdi-de, diwanyň üstünde oturtdy. Özem gapdalyma çökdi. ― Men muny saňa wagtynda aýdybilmedim ― diýip, ýene-de aglady. ― Mundan üç aý öň men bulaşdym. Işde. Hasap-hesip barlagy bolanda ýetmezçilik çykdy. Işimi suda geçirdiler. Barlagy ýaňky oglan alyp barýardy. Ol meni kän süýredi. Ahyram: «Eger-de aýdanymy etseň men seni sypdyraýyn. Pul iýen başlyk bilen baş injener. Sen ýöne olaryň elindäki gurala öwrülipsiň. Seni bulaşdyran zat şol dokumentlerde seniň goluň barlygy. Şonuň üçinem, seniň meseläňi eýläk çekibem bolýa, beýläk çekibem bolýa» diýdi. Meniň günäkär däldigimi başlyk bilen baş injeneriň özem aýtdy. «Bu gelne degmäň, näme jeza berseňiz bize beriň, biz günäkär» diýdi. Ýöne, ýaňky ýigidiň welin meni aňsatja sypdyraýasy gelmedi. «Kimiň basylyp, kimiň basylmaly däldigini olar çözenok, men çözýän» diýip, daşymdan kerep baryny aýlady. Tor gurdy. Bir günem: «Bu meseläni bir ýerde oturyp arkaýynçylykda çözeli» diýdi. Men hernäçe göwnemesemem gorkyma razy boldum. 
Şol günüň ertesi ol meni kafe çagyrdy. Çykdajysyny özi çekdi. Iki sagat gowrak oturdyk. Gaýtjak wagtymyz ol maňa: «Aýdanlaryma razy bolsaň men seni türmeden-ä bir alyp galaýyn, üstesine öňki işiňde galar ýalam edeýin» diýdi. Aýalyndan çaga bolmaýandygyny, islesem ikinjisi edip aljakdygyny, hiç zatdan hor etmejekdigini, çaga dogrup bersem eliniň aýasynda saklajakdygyny, çünki meni iňňän gowy görendigini aýtdy. Men elbetde, gezýänim bar, diýmäne-hä ejap etdim. Ärimiň ýokdygyny bolsa ol gowy bilýär. Şeýdip men kyn güne galdym. Bir tarapdan türme gözüme garalyp görünse ikinji tarapdan seň keşbiň ýoluma böwet bolup durdy. Ahyram gorky üstün çykdy. Razy boldum. Ýöne, diňe ýekeje gezek duşuşmana razy boldum. «Şonan soň meni ideme. Men başym boş bolsa-da o zatlardan daş. Biriniň ikinjisi bolmak bolsa niýetimde-de ýok» diýdim. Şeýdip ýagdaýdan baş alyp çykaryp, senem bilmän galarsyň öýtdüm. Şeýdibem duşuşyga gitdim. Kimiň öýüdigini bilemok, bir otagly jaýa eltdi. Şol gün dynç günüdi. Saňa-da: «Ejemlere gitjek, şu gün gelnejemiň doglan güni» diýdim. Uzynly gün bile bolduk. 
Ýöne, ol onuň bilen menden el üzmedi. «Entek iş doly ýapylanok, ýene bir gezek duşuşaly, şondan soň hoşlaşarys» diýdi. Men agladym, eňredim, «Indi maňa degme, ýolumdan sowma» diýdim. Emma ol barybir menden el üzmedi. Bir-de türmä ibärin diýip haýbat atsa, bir-de meni gowy görendigini, mensiz oňup bilmejekdigini aýdyp özelendi. «Ýa gatnaşýanyň barmy?» diýip, gözlerine ýaş aýlady. Ýaňky aýdyşym ýaly oňa sen barada aýtmana-ha çekindim. «Näme üçin başda aýtmadyň, näme üçin aldadyň» diýip üstüme gygyrar, dokumentlerimi bulaşdyrar, basdyrar öýdüp gorkdum. Şeýdip ikinji gezek hem razy boldum. Ol gezek ol meni öz maşyny bilen aramgähleriň birine alyp gitdi. Özüniňki däl. Ýöne gowy. Gurnalan. O-da dynç günüdi. Ol gezek hem men seni «Ejemlere gitjek, içerisini aýyrmana kömekleşjek» diýip aldadym. 
Başda gujagyma gorkuzyp giren hem bolsa özümi hakykatdan-da gowy görýändigine «doňza bir ok» berip geçiberýänlerden däldigine gözüm ýetdi. Şeýle-de bolsa meniň ýüregimde sen durduň. Ol bolsa meniň kalbyma zor bilen, dyzap girjek bolýardy. Üstümde ölüp-öçüp barşy huşuma gelmänem duranokdy, ýöne ynan, meniň ony saňa çalyşmak niýetim ýokdy. Ol üçünji gezek duşuşyga çagyranda men çürt-kesik garşy boldum. Aýdanyňy etdim, şundan soň namartlasaň meni basdyraý, diýdim. «Iki boldy näme, üç boldy näme, şu gezekden soň adyňy tutmaýyn» diýdi. Ynandym. Iki gezek poha batamsoň üçünji gezegem batyp sypsam kaýyl boldum. Ýöne, onda-munda görnüp ýörmezlik üçin o gezek ony öz öýüme çagyrdym. Kerimi ejemlere iberdim. Olara-da, saňa-da: «Joralarymyň biri oturşyk edýä, ýatymlyk gidýän» diýdim. 
Şol gije öňkülerden üýtgeşik boldymy ýa doga-jady etdimi, bilemok, dördünji gezek eýýäm ony meniň özüm çagyrdym. Şeýdibem ysnyşdyk. Şonda ol: «Nähili hyzmat et diýseň edeýin, ýöne, menden başga bilen baş goşma, meni aldama, öň birinden gaty agzym bişdi, sen bir beýtme, arkaýyn geleýin, arkaýyn gideýin, müňkürlik edip pikirli gezmäýin, kelläme agram salmaýyn» diýdi. «Bor» diýdim. Soň özünden-özi gelse-de kowup bilmedim. Bir aýdan soň bolsa gujak açyp garşyladym. Özümiňem ony gowy görendigime kem-kemden göz ýetirdim. Bir günem: «Razy bolmadyk bolsam sen meni dogrudanam basdyrarmydyň» diýip, soradym. Ol: «Hiý menem bir seni basdyryp bilerinmi ― diýip, bagryna basdy. ― Ol bir bahanady. Barlagdan sen bolsa barybir sypýadyň. Ýöne, men seni gowy gördüm, maksadyma ýetmek üçinem ýalan sözledim, haýbat atdym, gorkuzdym. Has takygy jenaýat etdim, näme jeza berseň indi özüň maňa beräý» diýdi. 
Men senem gowy görýärdim, Şirnepes! Men seni häzirem gowy görýän. Şonuň üçinem, gujagyma başga birini salanymy aýdyp seni gynandyrasym, senden aýra düşesim gelmedi. «Seniň wagtyň gutardy, sen git, meniň güllerimi indi başga bir bagban tirýär, balyma başga bir ary goýar» diýip bilmedim. Bu ýagdaýyň uzak dowam etmejekdigini bilýärdim, ýöne, bir bil baglan zadym seň özüň aňyp gidersiň öýtýärdim. Gözüme iň gowy çykalga şol bolup görünýärdi. Ýöne düşün! Düşün hem ynan! Bu iş başda senden göwnüm sowandygy üçin däl-de, meniň bulaşyklyga düşendigim sebäpli boldy. Ine indem başymy çaşyrdym. Iki oduň arasynda galdym. Näme etjegimi bilemok. Ol-a eýdip gitdi, senem beýdip gitseň. Men iki toýdanam galan Baýram däli boldum. ― Men Şiriniň elini egnimden aýryp gapa tarap hyýallandym. Ol beter aglady. ― Gitme!!! Sen bir gitme! Öt günämi! ― Ol çöküne düşdi-de iki dyzymdan gujaklady. ― Bagyşla meni! Ol indi gaýdyp gelmez. Men oňa belet. Onuň indi menden göwni syndy. 
Onuň bu sözleri çyn ýürekden aýdýan bolmagy mümkindi. Ýöne, men indi ol ýerde durup biljek däldim. Ikinji gezek aldanmana töwekgelçilik edip biljek däldim. Şol pursat edil kimdir biriniň agzyndan galan aşy iýen ýaly erbet ýüregim bulandy. Meniň Şirine: «Sen bir gal, diýip sen näme, meni o ýigide görä binamysrakdyr öýtdüňmi? Ýa onda bar göwün mende ýokdur öýtdüňmi?» diýesim geldi. Emma iş indi aýdyşyp-diýişerden geçipdi. Bolan işe göz ýummak mümkin däldi. Ýaňky ýigidiň aýdyşy ýaly, bir gezek biwepalyk eden aýalyň ikinji gezegem etmejekdigine güwä geçmek mümkin däldi. Şonuň üçinem: 
― Men mundan artyk saňa eje bolup biljek däl, Şirin ― diýdim-de, ýüzümiň ugruna çykyp gitdim. 
Daş çykanymdan soň töwregime garanjakladym. Hälki ýigidi gözledim. Uruşmak, sögüşmek üçin däl-de, derdinişmek üçin, duýgudaşlyk etmek üçin gözledim. Hiç ýerde gözüme ilmäninden soň ýoluň gyrasyndaky bagyň aşagynda ýüzüni sallap duran maşynyma tarap ugradym. Haýsydyr bir güýç bolsa ýürek damarlarymy güýçli gollaryna sarap Şiriniň ikinji gatdaky jaýyna tarap çekýärdi. 
Şol güýç meni iki aýlap şo tarapa çekdi. Üçünji aýda az-kem gowşatdy. Bäş aý diýende goýberdi. Şol bäş aýyň içinde çeken hupbatlarymy, gam-gussalarymy bolsa Hudaý adam ogluna görkezmesin, diýip biljek. Ysnyşmak, öwrenişmek iň ýamanam şondan soň aýrylyşmak erbet zat ekeni. Bir bulaşanyňdan soň başyňy alyp çykmak kyn ekeni. Agyr hem jebirli ekeni. 
Şirnepes sözüni tamam edenden soň, aşaklyk bilen maňa tarap gyýa-gyýa garady. 
― Nähili? Öňki eşidenleriňçe bamy? 
― Hiç birem gow-a däl ― diýip, men agyr oýa batyp oturşyma gamgyn seslendim. 
Elbetde, bu gürrüňleriň içinden eriş-argaç bolup geçýän wakalar Bäşşe dagymyzyň student döwürlerimizdäki edýän gürrüňlerimiziň temasyndan has aýylganç. Türkmen halkynyň, onda-da onuň aýal-gyzlarynyň asyrlar boýy gazanan ahlaky häsiýetlerine ters gelýän hadysalar. Diňlemek, eşitmek ýokuş degýär. Ýöne, hakykat. Aýbyny ýaşyran bolsa aýňalmaz» diýipdirler. Muny biz aýtmasak il aýdar. Iliň agzyndan eşitmek bolsa bize mundanam beter ýokuş deger. 

*** 

Eýsem-de bolsa şu meselede dogrudan-da, aýallar günäkärmi ýa erkekler! Şolaryň haýsy durumsyz? Bir dili şireliniň biri ş: «Dünýede yrylmajak zenan ýok, olary yrmany başarmaýan erkekler bar!» diýipdir. Eýsem bularyň haýsy biri dogruka? Belki, özüňiz bir zat diýersiňiz? 

Juma Hudaýguly

GARAWULHANADAKY GÜRRÜŇÇILIKLER - kökenli hekaýatlar - böleginden.
1 лайков 160 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.