Öleňlikde Öküz gören Gurbaga Synandy öküz deý uly bolmaga, Çünki ol bäsdeşdi her görenine - Çişýär ol ine: "Seret, jora, öküz deý boldummy men?" "Ýok - diýdi gurlawuk - entekler daş sen." "Ýene bir bak, indi şeýle çişeýin, Derrew borun öküz deýin." "Ýok, araňyz örän daş." "Indi neneň?" - "Heniz hem öňkiň, ýoldaş." Ýene haşlap, Çişip başlap, Öküz deýin bolmaga, Çişip durka, ýaryldy-da, öldi şonda Gurbaga.
Комментариев нет