Ýol gözläň.

Şahyr şeýle gürrüň berýär: Köp­ler­de bol­şy ýa­ly adam öň ýö­re­lip ga­tal­dy­lan ýol­dan ýö­re­me­gi go­wy gör­ýär; ol dart­gyn­ly hal­da er­jel­lik bi­len iş­le­ýär, ýö­ne paý­has we ugur­ta­py­jy­lyk bi­len däl. Dur­muş­da üs­tün­lik ga­za­nyp, gir­de­ji­le­ri­ňi art­dyr­mak üçin özü­ňe zor sa­lyp köp iş­le­mek ýe­ter­lik däl. Iş ýö­rel­ge­sin­dä­ki en­dik edi­len, öw­re­ni­şi­len ýö­rel­ge­le­ri üýt­get­me­li, sak­la­nyp ga­lan en­dik­le­ri öz­ger­dip, tä­ze, dog­ry ýo­luň göz­le­gi­ne çyk­ma­ly.
Men daş-tö­we­re­gi sos­na agaç­la­ry bi­len gur­şa­lan we To­ron­ta­dan bir sa­gat uzak­lyk­da­ky aja­ýyp ýer­de ýer­le­şen «Millcroft» myh­man­ha­na­sy­nyň äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan otag­la­ry­nyň bi­rin­de oty­ryn. Tom­suň ys­sy gün­le­ri ýa­ňy baş­lap­dy. Men otu­ran otur­gy­jym­dan bir­nä­çe ädim uzak­lyk­da­ky dur­muş bi­len paý­has­syz gö­re­şiň se­si­ne gu­lak as­ýar­dym. Ki­çi­jik ary pen­ji­rä özü­ni urup wyz­zyl­da­ýar­dy, gat­la­gy böw­süp geç­mek üçin çyn­la­kaý sy­na­ny­şyk ed­ýär­di, ýö­ne uly güýç­ler ony sak­la­ýar­dy.
Wyz­zyl­da­ýan ga­nat­jyk­lar onuň eýe­si­niň mak­sa­dy­na bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len şa­ýat­lyk ed­ýär­di: özü­ňe zor sa­lyp dart­gyn­ly iş­le­me­li, şon­da aý­na­ny böw­süp ge­çip, er­kin­li­ge çy­kyp bol­jak. Ýö­ne ta­gal­la­lar boş ýe­re sarp edil­ýär­di we ha­las bol­mak üçin hiç hi­li umyt ýok­dy. Pen­ji­re aý­na­sy bi­len gö­reş ga­pan ýa­ly bo­lup, has-da berk gys­ýar­dy.
Ary aý­na­ny böw­süp geç­mek üçin özü­ne ag­ram sa­lyp nä­çe dyr­jaş­sa-da, üs­tün­lik ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­li­gi ýok­dy. Ýö­ne ol aý­na­ny böw­süp geç­mek üçin öz öňün­de mak­sat go­ýup­dy we mu­nuň üçin er­jel­lik bi­len jan ed­ýär­di. Ary bu aý­na­nyň ýü­zün­de ölüp gal­ja­ga meň­ze­ýär­di. Ota­gyň beý­le­ki kün­jün­dä­ki ga­py açyk dur­dy. On se­kunt uçuş bi­len mak­sa­dy­ňa ýe­tip, er­kin­li­ge çy­kyp bol­jak­dy. Ga­nat­la­ry­ňy bir­nä­çe ge­zek kak­ýar­syň – bö­wet açyl­ýar we er­kin­li­ge çyk­ýar­syň. Gö­räý­mä­ge ju­da ýe­ňil we ýö­ne­keý… Nä­me üçin ary ha­las bol­mak üçin baş­ga ýol göz­le­män pen­ji­re aý­na­sy­na özü­ni ur­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär? Eý­sem, bu ýo­luň gel­je­gi ýok ahy­ryn. Çün­ki ary­da paý­has ýok we ol öz ba­şa­ryp bil­jek iş­le­ri­ni sa­nap bil­me­ýär. Ary­nyň saý­lap alan ýo­ly pe­ti­ge di­re­ýär, ýö­ne ol mu­ňa dü­şün­me­ýär.
Üs­tün­li­ge ýet­mek üçin hökman zähmet çekip tagalla edilmeli. Em­ma özü­ňe zor sa­lyp iş­le­mä­ge gö­nü­gen­lik el­my­da­ma dog­ry netije bermän, ada­myň öz öňün­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de päs­gel­çi­lik­le­ri dö­re­dýän ha­lat­la­ry bol­ýar. Diňe bir ýol bilen çäklenmek nädogry, muny ýönekeý ary hem başarypdyr. Soňy diwar bilen berkidilen ýol çyksa başga ýol gözlemegi bolsa akyly ýetik bolan adam başarar.
1 лайков 96 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.