"ALTYNJAN HATYN" OSMAN ÖDE
Ýatlamalara çümüp oturan Togrul soltana birden älem gapyşan ýaly boldy. Ol «Altynjan! Altynjan!» diýip pyşyrdady. Soltan giň içerä sygman, atylyp daşaryk çykdy. Onuň daşaryk çykandygyny gören Agajy bilen emir Uhjury ylgap geldi:– Kyblaýy älemim, bir zat gerekmi?!– Uklap bilemok. Ýüregim titreýär, ýüregim agzymdan çy kaýjak bolýar. Emir Uhjury misgin ýylgyrdy:– Melikämizi gözleýärsiňizmi, çagyraýynmy?– Kimi, kimi?– Altynjan hatyny...– Goýsana, emir. Özüň bilýärsiňä, Altynjan Zenjanda.– Bizem şeýle pikirdedik. Şonuň üçin wizantiýalylaryda Zenjana ugratdyk. Dogrusy, melikämiziň haçan içerik girenini görmän galypdyrys. Mirşeplerem melikäniň siziň bargähiňize haçan girendigini bilenoklar.– Diýýäniň näme seniň, emir?! Altynjan Zenjanda. Uhjury ýene ýylgyrjaklady:– Bolýar, bolýar, kyblaýy älemim. Men hiç zat göremok, hiç zat bilemok.– Näme gördüň?– Altynjan melike siziň ýanyňyzda ekenä. Näme hyzmat et meli bolsa, biz taýýar, kyblaýy älemim.– «Altynjan şu ýerde» diýip, saňa kim aýtdy?– Hiç kim aýdanok.– Onda näme üçin «Altynjan şu ýerde» diýýärsiň?– Men ony, ine, hut şu iki çöňňe gözlerim bilen gördüm. Ony diňe men däl, hajyp Abdyrahman Agajy hem gördi. – Emir dogry aýdýar. Hatyny ýapýaňyja menem gördüm – diýip, hajyp Abdyrahman Agajy emir Uhjurynyň sözlerini tassy klady.– «Gördüm» diýýärsiňizmi?– Hawa, gördük, merhemetli kyblaýy älemim.– Haçan?– Sizden sähelçe salym öň daşaryk çykdy ol. Ony diňe emir ikimiz däl, şu duran mirşeplerem gördi – diýip, Abdyrahman Agajy gapdalynda doňan ýaly bolup duran uzyn murtly mirşepe ýüzlendi: – Ýaňy Altynjan hatyn bargähden çykdy gerek?!– Ýaňyja gapdalymdan geçip gitdi, merhemetli soltanym – diýip, mirşep aňyşmaňyş bolup durşuna aýtdy.– Men Altynjan melikämiziň şu ýerdedigini bilmändirin – diýip, Abdyrahman Agajy gara çyny bilen janykdy.– Hany ol?!– Ine, şu hyma girdi – diýip, emir Uhjury soltanyň bar gähiniň sol tarapyndaky hymany görkezdi. – Men melikämize salam berdim. Ol meniň bilen mylakatly salamlaşdy, halahwal soraşdy. Men Allatagalanyň gudratyna haýran galýaryn: Altyn jan hatyny göreniňde oňa orta ýaşan hatyndyr öýder ýaly däl. Ol hakyt ulugyza meňzeýär. Gara çynym, ol hakyt perizat. Ol size mynasyp hatyn. Men ony başda görenimde: «Bä, bu owa dan gyz bu ýerde näme iş edýärkä?» diýip pikir etdim. Görsem bolsa, ol hakyt Altynjan melikämiz eken. Mundan ýigrimi ýyl öňki owadanlygyny birjikde kemmändir. «Nädip garraman sak lanýarka?!» diýip oýlandym men. Altynjan hatyn: «Eý, emir, soltanymyzy gözüňiziň göreji ýaly goraň. Soltanymyzyň jany sag bolsa, ähli zat gowulyk, abadanlyk bolar» diýdi. Men nähi li ýumuş bar bolsa, şol ýumşy bitirmäge özümiň taýýardygymy aýtdym. Hatyn: «Hökümdaryň hiç zady kem bolmasyn. Ony goraň, mertebeläň. Meniň sizden başga towakgam ýok» diýdi. Emir Uhjurydan bu sözleri eşiden Togrul soltanyň ýüzi oda tutulan ýaly garaçowlam boldy, ol zähreteleklik birle ellerini ýokary uzatdy, soň aşak çökdi, ýere maňlaýyny urup, aýylganç bir ses edip gygyrdy. – Altynjan!.. Altynjan!..– Size näme boldy, merhemetli soltanym?!– Altynjan öldi, Altynjan!..– Ol hähhäzirem bardy. Ol, ine, şol bargähe girdi. Egninde apak atlaz çenberi bardy. Uçjak guw ýalydy ol.– Gepleme, gepleme!.. – diýip, soltan gulgula turuzdy. ...Altynjan hatynyň Diýarbekirde soltanyň bargähinden çykyp gidendigine köpler ynanmady, ýöne onuň bargähden çy kan pursady Zenjanda wepat edendigi welin hakykatdy... Wallahy aglam bissewap – dogrusyny Alla bilýär.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.