Nurmyrat Saryhanowyň ýazyjy we döwür baradaky sözleri
NURMYRAT SARYHANOWYŇ ÝAZYJY WE DÖWÜR BARADAKY SÖZLERI
- Ýigitler! Siz ýöne meniň aýdýan zatlarymy gaty görmäň. Ýazyjy bolmak örän kyndyr. Ýazyjynyň zähmeti, edil zergäriňki ýaly, iň çylşyrymly, iň agyr zähmetdir. Ýazyjy özüniň zähmet miwesi bilen okyjynyň aňyndan orun almalydyr. Okyjynyň göwnünden turup, aňyndan orun almak bolsa ýeňil-ýelpaý iş däldir. Ol herkese miýesser etdirip duran däldir - diýip, ol gaýtalap-gaýtalap aýdardy. Soňundan bolsa:
- Ýazyjy üçin iň kyn mesele hem döwür, düwrüň talaby bilen aýakdaş bolmagy başarmakdyr. Şony başaryp bilseň, halky şu günki tolgundyrýan sowala jogap bermegiň hötdesinden gelip bilseň - seniň ýazanyňy okarlar, gelip bilmeseň - okamazlar. Kitabyň her näçe galyň, her näçe küti hem bolsa, onuň peýdasy ýokdur, okyjy halamasa, ony eliniň tersi bilen zibil gutusyna zyňyp goýberer - diýýärdi.
- Bu, bir mesele. Şonuň bilen bile ikinji bir örän möhüm mesele-de bardyr. Ol hem çeperçilik, ussatlyk meselesidir. Çig kerpiçden gurlan jaý bilen mermer diwarly binanyň ömri deň bolmaz!... - diýip, ol Magtymgulynyň diwanyny, Alekseý Maksimowiç Gorkiniň tomlaryny, Anton Pawlowiç Çehowyň kitaplaryny öňümize süýşürerdi-de:
- Ine çeperçilik mekdebi-de şulardyr. Bulardan akylly, bulardan ajaýyp mekdep bolmaz. Okaň, öwreniň, okaň, sapak alyň! - diýip her sapar sözüni jemlärdi.
Guldurdy Sähetdurdyýew "Ýazyjy we döwür" kitabyndan

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.