ÝENE SYNAG...
Säher şemaly bilen oýandym ýene iň asuda günleriň birinde. Saçymy sypalap geçýän bu tämiz şemal, hamala, içimde könelişen öňki duýgusyz umytlaryma gaýtadan jan berýän ýalydy. Özümi dünýä ýaňy gelen päk çaga dek duýdurýan bu şemal täze söýgimi habar berjek, daýawdan gelen uzyn, nurana aksakal sypatynda ýene-de öňki ýalan duýgulary getirjek ýalydy. Pany dünýede ýalandan doýan bu ýüregim hemişeki ýaly ýene-de aldyrdy özüni o ýalan şemala. Heniz ýürek ýarasy bitmedik men, ne ýüregimi diňlejegimi, ne-de aklymy diňlejegimi bildim. Ikirjiňlenip durkam birden ýüregime gelen ylham bilen düşegimden nädip bökenimi bilmän galypdyryn. Şemalyň güýjüne açylan penjirämden gelen nur saçyp duran ak kepderini görüp ýüregim ynjalyberdi. Duýýardy, her näçe aldananam bolsa, kepderiniň agzyndan çykjak buşluga garaşyp, begenjinden iki bolup bilenokdy ýüregim. Bu gezek öňküden üýtgeşik boljagyny syzdy we ruhuma: “Eý, meni men edýän Yşkyň Piri! Meni, hanha, şol görýän kepderime elt!” diýdi. Göreliň hany, bu gezekki synag-da öňküleri ýaly puç bolarmy ýa bu gezek, hakykatdanam, bagt perisini görkezýän kepderä ýetip bilermi...
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.