Suraýyň sesi / edebi syn
Çagalykda, kolhozyň düýeleri, goýunlary üçin ýandak ýatyrmaga guma gidilerdi – GAZ-53 kysymly ýük ulagynyň yzy, kiçisi 9-10 ýaşly, ulusy 14-16 ýaşly “işgärden” hümerdir.
Ulagam gumaksy, beýikli-pesli, çarkandak ýoldan şo-o-l “hyrryň-hyrryň” gidip barýandyr. Tizligem bolup biläýse – 20 km/sag-dyr.
Ýetmän geçersiň.
Ulagyň agaç kuzowynda silkile-silkile içiň düşüp gider...
...Döredijilik diýlende-de, hemişe şo ýol göz öňüme gelýär.
Ýöne o kolhoz ýolunda, başky ugran badalgaň bilen, barjak ahyrky pellehanaň aýan.
Döredijiligiň ýolunda bolsa şolam aýdyň-äşgär däl.
Nirä eltjek seni, bü tükeniksiz çarkandakly menziller?
Dagamy?
Bagamy?
Bir obamy?
Ýa-da haraba?
Şo gum ýolundan döredijilik ýolunyň ýene-de bir tapawudy – o taýda seni her niçigem bolsa, ulag daşap äkidýär.
Bu ýalňyz döredijilik ýoluňda bolsa, hemme ýüküňem, özüňem götermeli ýeke ulagyň – täk-tenha özüň!
Onsoň şo aňyrsy-bärisi görünmeýän, diňe ilkinji sözüň ýazylyp başlanan pursatyndan başlanýandygy mälim, hatda amanadyňy Hak Eýesine gowşuranyňdan soňam tamamlanjagy-tamamlanmajagy gümana bu ýoldan nädip, nähili ýöremelidigini agtara-agtara tapmalam diňe ýalňyz sen!
Özüniň şo ýoluny, gitjek ugruny tapyp, gadam urşuny sazlap bileniň kalby kanagatly bolýar.
Tapyp-sazlap bilmedigiň göwnem bikararlykdan, galagoplukdan püre-pür...
Indi, bu elkyssa nämüçin gerek boldy?
Bu giriş bilen aýdylmakçy bolunýan zat – meniň pikirimçe, Suraý Babanyýazowa öz ýörejek ýolunam, nädip, nähili ýöremelidiginem mazaly tapyp, seçip-saýlap almagyň hötdesinden gelen şahyr.
Muny nämeden diýýän?
Şahyr gyzyň soňky birki ýylda ýazýan şygyrlaryny okanyňda, hyýalyňda ýagşyja elini düzen, dutara erk etmegiň inçe tilsimlerini gaýym özleşdiren sazanda peýda bolýar.
Suraýyň setirleri, aýry-aýry jümleleri, sözleri – edil mukam ýaly.
Ýaş zenanyň durmuşa, dirilige, çar-töweregi gurşaýan dünýä, özüniň ýaşaýan her gününde özüne gabat gelişýän islendik adama...umuman, bu jahanyň hemmeje zadyna gözlerini giň açyp garaýşynyň mähir-muhabbetden doly mukamy.
Onuň sözleri adaja gussa ýugrulan, päkize ynsan mähri bilen hiňlenýär – edil nämedir bir zady (belki sallançakda ýatan bäbejigiň geljeginiň neneň-niçik boljagynyňdyr) sähelçejik, bildirer-bildirmez gaýgy edýän enäniň, sallançagyň ýüpüni başam barmagynyň ujuna ildirip, gursagyndan sogulyp çykýan, çuňňurdan-çyn hüwdä hiňlenip oturyşy ýaly (Şu sahnada “Aýgytly ädim” filmindäki Aýnanyň sallançak üwräp hüwdüläp oturyşyny tanansyňyz-la).
Suraýyň şahyrana gahrymany üçin Ýeriň ýüzünde gyzyksyz zadam, mähriban seredip, söýmäge, ezizlemäge, hüwdülemäge mynasyp däl zadam ýok – muňa hemmeje zat mynasyp.
Obadaky gölejigem...
Kakabaş horazam...
Adamlar bilenem, Älem bilenem işi ýok, biparh Güneşem, Ýagyşlardyr Asmanam.
Mysal üçin, Suraýyň sesi şeýle diýýär:
Eý, Arş!
Eý, Ýagyş!
Eý, Güneş!
Ýer ýüzünde
Size aşyk
Bir gyzjagaş bar
Günjagaş bar,
Aýjagaş bar,
Menjagaş bar.
Hatda, gijelerine çyrlap ýatyrmaýan çyrlaklaram, Suraýyň hyýaly-şygryýet gahrymany üçin hüwdüläniňe-de, aşyk bolanyňa-da mynasyp:
Çyrlaklaryň owazynda heňjagaş bar.
Ýüregimiň yzasynda demjagaş bar.
Suraýyň şahyrana gahrymany edil Gurbannazaryň gahrymany ýaly, ömrüniň her pursatynda, her deminde: “bu dünýä mahsus ähli zatlaryň öz deňinden sowlup geçmeýänne monça bolup” ýaşaýar. Ol eýýäm özi üçin:
-Älemiň manysy nedir?-diýen sowalyň jogabyny şu günlükçe tapdy (belki, ertir bu jogap ony kanagatlandyrmaz ýa-da onuň many-mazmuny düýpgöter üýtgär).
Şoň üçinem ol şol jogaba Gurbannazaryň gahrymanynyňky bilen birmeňzeş manyda jogap berse-de, şol birwagtda başga ses, başga äheň, başga kapyýa (ýa-da kapyýasyz, galypsyz, ölçegsiz, kähalatda içki setir sazlaşyksyz (ritmsiz) gödeňsizlik) bilen jogap berýär.
Meňzeş.
Ýöne meňzeş däl.
Nämüçin Suraýyň sesi Gurbannazaryň sesi bilen meňzeş?
Öz-özüme berlen bu sowala men şeýle jogap berýän:
-Bu soragyň özi ýalňyş! Düýbünden meňzeş däl. Gurbannazar bilen Suraýyň sesleri däl-de, diýýän zatlarynyň manysy-mazmuny meňzeş.
Gurbannazar diýýär:
Kim aýdypdyr pany diýip barlyga?
Ýaşanyňa juda degýär bu dünýä...
Suraý diýýär:
Ýerde
Şäherde
Köçede
Demim alyp ullakan
Begenýän
Heýjanelek
Men – ynsan.
Gurbannazar bilen Suraýyň şahyrana gahrymanynyň sesiniň formasam ýer bilen gök ýaly.
Gurbannazaryň gahrymany hernäçe dyzmaçlyk bilen çar ýana urunsa-da galyba, ölçege sygmaga çalşyp, öz jylawyndan dartýar.
Başaşa kapyýa, köplenç on bir bogunlyk “aruz” ölçegi, köplenç, setiraşa kapyýaly “murapbag” formasy...
Gurbannazaryň gahrymanynyň sesi, hernäçe däli deňiz deýin gomlaryny kenara urup, zarbygyp, yzyna serpilip, dyňzap dursa-da, ol döwürdeşleriniňem, soňky geljekleriňem aňyna-ýüregine ýetmegiň hatyrasyna, umumy ykrar edilen galyplara, ölçeglere sygmaga çalyşýar. Diňe kapyýalara batyrgaýlyk bilen çemeleşýär.
Mysal üçin:
Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän, arada bar ullakan syr:
Ýokarsynda meniň adym, familiýam,
Iň aşakda bolsa «Ezraýylnesir».
Öz döwründe geň, düýbünden ulanylmadyk, täze ýa-da seýrek başaşa kapyýalar: “iýýän - familiýam” hem-de “syr – “Ezraýylneşir””.
Suraýyň şahyrana gahrymanynyň sesini ýaýmak üçin bolsa, oňa kapyýaňam, ölçegiňem, setir sanynyňdyr, goşgyň düzmegiň ol ýa-da beýleki bir formalarynyňam ähmiýeti ýok.
Suraýyň sesi üçin diňe ikije zat wajyp:
1. Duýgy;
2. Pikir.
Özem hut şu yzygiderlilikde.
Özem Suraýyň sesiniň Gurbannazaryň sesinden ýene-de bir esasy tapawudy – Gurbannazaryň gahrymany “nama gaýryp” hiňlenmäge başlanda – ol pikirini beýan etmek üçin ony duýga duwlaýar. Ýagny, onda duýgy pikiriň hüjümçisi bolup hyzmat edýär-de, esger-pikiriň ynsan aňynyň ojagaz-bujagaz hele-müçüjek ýygynlaň öňünde düýbünden ýan bermeýän aň-galasyny üstünlikli zabt edip almagyny üpjün edýär.
Suraýyň gahrymany hüwdä başlanda bolsa, pikir “esger” däl, ol hüjümem etmeýär, ol duýgyň yzyna kökerilen ýaly eýerýär. Duýgam hüjüme okdurylmaýar. Sebäbi onuň üçin hiç bir ynsanyň aňam, ýüregem zabt edilip, basylyp alynmaly berkitme däl. Ol bar. Ýagny ynsanam, oň kalbam, paýhasam, oň ýaşaýan dünýäsem.
Suraýyň gahrymany üçin şu-da ýetik. Ol diňe şolaryň barlygy üçin olara hüwdi aýdyp berýär, olary hüwdülemekdenem lezzet alýar.
Suraýyň sesiniň hüwdüsem her bir adamyň durmuşyny gurşaýan adatyja, ýöne juda zerur, juda eziz, şolarsyz doly-bagtyýar durmuş mümkin däl zatjagazlar.
Günjagaş bar,
Aýjagaş bar,
Menjagaş bar...
“Sizjagaşlaram bar, eziz doganlar!”.
Bolaweriň!
Siz boluň, hemişe!
Araňyzda-da men bolaýyn!
Diňe kowmasaňyz bolýar!
Diňe hüwdümi diňleseňiz bolýa...
...diýip, Suraýyň şahyrana gahryman-gyzjagaşy, enaýyja hüwdüsine hiňlenjiräp ýör.
“Näme, Suraýyň sesi, öz sesini galyba salyp bilmeýärmi? Hökman ildençykgynç bir zat etmelimi? Hüwdi aýdasyň gelse, iliňkä meňzeş et-de, bogun ölçegini sana, kapyýasyny kebşirle, setirsanyny dürsle-de, aýdywer, oglan! Nä, şeýtmek kynmy? Ýa başaraňokmy?” diýilmegi mümkin.
Başarýar.
Ony Suraýyň ilkibaşky goşgularyny okanyňda-da görmek bolýar:
HIŇLENME
Ak çagbada galan joram,
Nogta saçlaň ezildimi?
Kimsä ýaýabilmän derdiň,
Syr monjugyň üzüldimi?
Agzyň gyýanda gopuzyň,
Gaçyp galanda gotazyň,
Çola burçunda otagyň,
Gözýaşlaryň süzüldimi?
Ýap boýunda şeker igde,
Ýar ýolunda galdy dide,
Her kirpigiň aşyk ýigde,
Hanjar kimin gezeldimi?
Göwün ýumagyň çözläniň,
Sülmüräp ogryn gözläniň,
Pysyrdap adyn sözläniň,
Maňlaýyna ýazyldymy?
Gyzyl kürtäň – gyzyl çoguň,
Ýüze sylar ulus-ilim,
Dähedemläp başlan ýoluň,
Ömür ýolňa uzaldymy?
Ýöne...
Ynsanyň ömrüniň bäbeklik, çagalyk, ýetginjeklik, ýaşlyk, ýetişenlik, ortaýaş, gartaşanlyk, garrylyk ýaly döwürlere, tapgyrlara bölünişi deý, döredijiligiňem ömri tapgyrlara bölünýär.
Her tapgyram öz sesi, öz gahrymany bilen gelýär.
Ýazýan adamlaň aglaba köpüsine mälimdir: Şeýle tapgyryň gelendigini ýa-da döredijiligiň bir tapgyryndan indiki tapgyryna geçendigiňi özüňem duýýaň, düşünýäň.
Onsoň döredijiligiň tapgyry üýtgände ýazýan adamyň erki ony jylawlardan, oň gitjek bolup dyzaýan ümzügini üýtgederden ejiz gelýär.
Döredijiligiň her döwri öz sesinde hiňlenip, öz dilinde gürleýär.
Şo döredijiligi kalbynda göterýän ynsan, diňe – statist tomaşaçy. Ol diňe özüniň bolan boluşjygyny, has dogrusy, indi neneň-niçik ýazan boluşjygyny, haýrany hekgerip synlap bilýär.
Suraýyň döredijiliginiň häzirki tapgyrynyň sesem, hut şu mahalkysy ýaly kapyýasyz ýa-da tötänden emele gelen, şol sözleriň içinde dyňzap duran duýgudan syzylyp çykan gowşak kapyýaly, ölçegsiz, galypsyz hiňlenesi gelýär.
Munuň ýaly şahyrana gahrymanyň sesiniň, duýgusynyň kapyýadyr-ölçege sygmazlygam dünýä edebiýatynda görlüp-eşidilmedik geň-taň hadysa däl.
Gaýta, tersine şygyr düzmegiň bu görnüşi, usuly dünýä edebiýatynda: “iň gadymy poeziýa formasy” diýlip ykrar edilýär. Şonuň şeýledigine “Gorkut ata” eposyny okanyňda-da anyk göz ýetirmek bolýar.
Suraýyň sesi hakda ýene-de bir bellemeli wajyp zat: Suraýyň şahyrana gahrymany düýbünden pafosçyl däl. Onda asla pafos ýok diýen ýaly. Ol asla özüniň hüwdüsini hiç wagt pafos derejesine çykarjagam bolmaýar. Bu-da Suraýyň döredijliginiň ömrüniň ýaşaýan häzirki tapgyrynyň hut maýa-maňzyndan gelip çykýar. Çünki Suraýyň sesiniň hut özi hüwdä pafosyň gelişmejekdigini, eger-de şol hüwdini pafos derejesine emeli götergiläýseňem, onda dessine içki dissonansyň, özünden okyjynyň göwnüni geçirjek ýasamalygyň emele geljekdigini, jany-teni bilen syzýar.
Suraýyň sesi bilen Gurbannazaryň sesiniň deňeşdirmesi dowam edilende, Meň, Gurbannazarda (Gurbannazar Ezizowda) nämä haýranym hekgerýändigini bilýäňizmi?!
Ol islendik temany, jinnek ýalam ýasamalyga, lenji çykanlyga, suwjuklyga ýol bermän, şeýlebir belent pafosyň derejesine çykaryp bilýär. Okanam oň şo pafosynyň ýüreginden-ä däl, bagryndan ezip-ezip, janyndan syzdyryp çykarylýandygyna ýüzüniň ugruna ynanýar.
Ine şu-da şonda aňk edýär.
Biz — ýalançy dünýäň ýalançylary – hemişe pafosyň ýasamalygyna halys endik giden siniklerdir skeptikler, öz-özümizem, illerem aldamaga-da, aldanmaga-da halys endik edip gidipdiris.
Ol bolsa Panyň däl-de BARLYGYŇ hemişe JUWAN bolup taryhda-da, ýüreklerde-de, hakyda-da orun almagy başaran TÜKENEN ROMANTIGI!
Edil şonuň ýaly, Suraýyň şahyrana gahrymanynyň sesem, özüniň biziň her birimize mahsus gussasy, söýgüsi, şatlygy, gündelik hysyrdylary, ýitgileridir-tapgylary, gözlegleri, göwnigeçmeleridir, Gurbannazar aýtmyşlaýyn: “öz-özünden monça bolup ýeňlemeleri”...başga-da kän-kän zatlary bilen okyjylaryň köpüsini gozgaýar. Olaryň aňyna, ýüregine barýan ýoly tapýar.
Galamyň ýiti, görjegiň gowy bolsun, Suraý!
Sözsoňy deregine: Suraý Babanyýazowa ýaly öz ýazyş stilini mydama özgertmäge taýyn şahyrlar üçin, diletant hökmünde meniň pikirimçe, iň howply zat öz-özüňe öýkünmek hem-de şowly çykan we okyjylar tarapyndan gowy garşylanan setirleňňi, sözleriňi birsyhly öwrüp-çöwrüp, gaýtalap, özüňe özüň gurnap beren çarçuwajygyň içinde pyrlanyp ýörmek, şondanam gelip çykýan tema, duýgy, pikir garyplygy.
Ine hatyrjem durup, şundan, öz-özüňi gaýtalap ýörmekden ägä bolmaly.
Dil, edil edebiýat, sungat, üm, yşarat, dürli owazlar we ş.m. ýaly, adamyň pikirlerini maddylaşdyryp, beýleki adamlaryň aňyna ýetirmegiň hötdesinden gelýän, esasy özara aragatnaşyk saklamagyň serişdeleriniň biridir.
Alnan çeşmesi: kitapçy.ru

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.