Laçynyň laçyny / edebi syn

Ýüz müňlerçe ýyllary başyndan geçiren, dünýe ýaly gadymy çöl dabanyny gözýetime direýän bolsa, çal başy bilen özi deýin gojaman daglary ýassanyp ýatyr.
Olaň depesinde bolsa tükeniksiz tämizligi bilen seredeniň gözüni agyrdyp, gözüni deşip gelýän düýpsüz mawulyk.
Megerem, şu aňyrsy-bärisine gözýetmez Mawulyga aşyk bolup, Oň tükeniksizligine akyl ýetirip bilmedik Ebediligiň edermenleri – Hasgurtlar (gadymy türkmen dilinde: “esger” diýmek), hut şu ümmülmezligi üçin ony bakylygyň hut özi diýip ykrar edendirler.
Şoň üçinem oňa: “EBEDI GÖK DEŇRI” diýip mynajat eýländirler...
Ebedilik – bu Mawulyk!
Şol mawy gümmeziň edil aşak çetinde, ganatlary bilen lemmer-lemmer ak bulutlara galtaşyp gaýyp ýören laçynam şo ebediligiň buýsanjy!
Laçynyň ganat ýaýyp, gök asmanda ýelleri erkine tabyn edip, olaň tolkunynda ýüzüşi, gözellikden ýaňa ýüregiň endiredýär.
Olam göýä, öňem onuň edaly uçuşyny synlap duranyň gursagynyň tolgunçly alas-gopaslykdan dolup durandygyny az görýän dek, birdenkä sogduryp-sogduryp, buýsançy owazy bilen asmany ýaňlandyryp goýberýär.
Laçynyň owazynyň ýaňynam, goja daglaň pynhan dereleri garbap tutýar-da, ony öz gursaklarynda onlarça esse güýçlendirip, gaýtalap, çar ýana ýaýmaga howlugýar.
Ýaňlanýar Laçynyň özüne-de, öz ganat ýaýyşyna-da, ebedi gök asmana-da, hol astyndaky garry zemine-de, şol köne dünýäň göwsünde ýaşaýan ynsanlara-da buýsançdan ýaňa dyňzap duran owazy, gadym-müdim daglaň depesinde...
Ýaňlanýar onuň owazy, awara ýelleň özüne mesgen edinen çölleň depesinde...
Ýaňlanýar buýsanjyň, batyrgaýlygyň nusgasyna öwrülen gözel guşuň owazy, ony synlap, diňläp duran ynsanlaryň ýüreklerinde...
Kimiň hatyrasyna, kimiň şanyna ýaňlanýar, Laçynyň owazy?!

*****

Megerem, bu oýlanma-synyň yzyny okan okyjylaryň käbiri: “Kimdir biriniň döredijiligi hakynda öz pikiriňi aýtmak isläniňde, şuň ýaly liriki oýlanmadan başlamak hökmanmyka?” diýip geňirgenmegi mümkin.
Bu synyň awtory hökmünde, bu berilmedik, belki berilmezligem mümkin bu sowala, öňünden gaçyp, “Hawa. Hökman gerek” diýip jogap beresim gelýär.
Nämüçin şeýle hasap edýändigimi, biraz uzynragam bolsa düşündireýin.
Puşkin diýýär: “Biziň hemmämiz nämedir bir zatlary eýdip-beýdip öwrendik” (Все мы учились чему ни будь, и как ни будь) diýýär. Menem şygryýet, edebiýet meselesinde barypýatan diletantlygymy (öwrenjedigimi) hemişe-de boýun alýan. Şonuň üçin islesem-islesem kimiň döredijiligi hakynda-da pikirimi beýan etsem, men edebiýaty öwreniş ylmynyň nazaryýetine, ýagny teoriýasyna laýyklykda däl-de, göwnüme gelşine görä ýazmaga mejbur bolýaryn.
Şygyr ýa-da kyssa bolsa, meniň üçin ilkinji nobatda, edebiýaty öwreniş ylmynda ýa-da filologiýada garalyşy ýaly, belli bir žanrdaky, formalardaky söz düzümleri, ýagny strukturalary däl.
Olar meniň üçin ilki bilen owaz.
Owazam beýlekiler üçin nähilidigin-ä bilemok, ýöne meniň üçin-ä, onuň düzüminde aýdyma mahsuz sözler bolsun-bolmasyn, iki zatdan ybarat – Duýgudan hem Pikirden.
Şol sebäpdenem şahyrana eser hakda şahyrana syn ýazmagyň gelişjekdigem meniň şahsy ynanjym.
Goly çapylandan soň derdini egsip aglaşmak üçin golagy gözläp jezahanadan gaçyp gaýdýan ogry hakdaky rowaýat ýadyňyza düşýändir-ä?!
Ine, ol ýa-da beýleki bir awtoryň döredijiligi barada syn ýazmagyň şu usulam, göçme manysynda aýdanyňda, şol: “golak bilen golagyň aglaşmagy” ýaly bir zat.
Indi bu barha uzalyp barýan moh-mohuň juk-jukyna geçsek, bu syn biziň köp ýyllar bäri öz şygyrlary bilen okyjylary kä gamlandyryp, kä ýylgyrdyp, kä guwandyryp...ýöne, hemişe oýlandyryp we özüne imrikdirip gelýän, zehinine “Aperin!” diýdirýän, şahyrymyz Laçyn Pürjäýewanyň döredijiligi hakynda.
Elbetde islendik syn-seljerme, ilki bilen ony ýazýanyň çuňňur subýektiw garaýşyny beýan edýär. Emma, tarapgöýsüzlik bilen obýektiw hakykatdan ugur alnyp aýdylanda-da, şulary bellemek bolarmyka diýýärin.
Bu synyň başyndaky şahyrana şekillendirmede, Laçyn Pürjäýewaň şygyrlarynyň sesini, şahyr zenanyň zehininden we ruhy ahwalyndan emele gelen şahyrana gahrymany, asman mawulygynda ganat ýaýyp, owazy bilen çar ýanyny ýaňlandyrýan buýsançly laçyn guşa meňzedilmegi howaýy däl diýip hasap edýärin.
Laçynyň şygyrlarynda liriki gahryman näme hakda söz açsyn – ondan buýsanjyň ysy kükäp dur.
Iň bolmanda menuň göwnüm-ä şeýle.
Mysal üçin:

BAGLANMYŞAM...

Men nädip gideýin senden,
Gülleň bilen baglanmyşam.
Dünýäde iň şirin, şirin
dilleň bilen baglanmyşam.
Hüwdiň bilen baglanmyşam.
Öwdüň bilen baglanmyşam.
Aýdymlaryň, sazlaň bilen,
Bedewleň — şabazlaň bilen,
Şatutlaryň, şaçynarlaň,
söwdüň bilen baglanmyşam.

Men nädip gideýin senden,
Yşkyň bilen baglanmyşam.
Atam, babam, pederlerim,
Ýedi degil, ýetmiş ýedi
puştum bilen baglanmyşam.

Ýylgyryşlar, ýygyrtlar la,
Ýagşylyklar, alkyşlar la,
Ýalkanyşlar, galkynyşlar,
Sansyz işler, çoh ýeňişler,
Hem adaty, hem ylahy
güýçler bilen baglanmyşam.

Men nädip gideýin senden,
Asmanyňda ýyldyzlaryň,
Zeminiňde gülleň bilen,
Daglaň, düzleň, çölleň bilen,
Deňiz, derýa-kölleň bilen,
Aşyk eýläp, eýläp şahyr...
Aperi-i-in, gör, kyrkdan geçen
ýyllaň bilen baglanmyşam.

Men nädip gideýin senden,
Adyň bilen, Tuguň bilen,
Oduň bilen, suwuň bilen,
Mele myssyk nanyň bilen,
Duzuň bilen baglanmyşam.

Toýuň-ýasyň, şatlyk-gaýgyň.
Sylag-sarpaň, söýgiň-saýgyň.
Her gursakdaky «jyňňyrdyň»,
«jigggleň» bilen baglanmyşam.
Ejem, kakam, gardaşlarym,
jigilem bilen baglanmyşam.
...Men nädip gideýin senden?!

Hemme zat bar bu goşguda.
Ynsanyň örküni göbek gany daman topraga hemişelik baglaýan maddy zatlaram (asmandaky ýyldyzlar, zemindäki güller, dag-düzler, çöller, deňiz-derýa-köller, şabaz bedewler, şatutlar, şaçynarlar...), maddy däl zatlaram (öwütler, hüwdi, yşk, aýdym-sazlar, ýylgyryşlar, ýygyrtlar, ýagşylyklar, ýalkanyşlar, galkynyşlar, alkyşlar...). Şo zatlaryň hemmesiniň barlygy üçinem Laçynyň gahrymanyň örki şu topraga “baglanmyşam”.
Nämüçin?
Ýeri bolýa, dag-düzleri, derýa-deňizleri we ş.m. bir ýere gitmekçi bolsaň “gerşiňe” alyp ýa-da “çemodanyňa” salyp alyp gidip bolanok. Ýöne ýylgyryş, ýygyrt-pygyrt ýaly elläp bolmaýan zatlaryň hemmesiniň gymmaty, şolary kalbynda göterýän ynsanyň hut özüniň olara bolan gatnaşygyndan emele gelýär ahyry. Aýtmakçy bolýanym, ol zatlaň gymmaty dag-derýa-düz-çöl ýaly olaryň özünde däl-de, seniň kalbyňda saklanýar.
Kalbyň bolsa sen nirä gitseňem ýanyňda ahyry.
Şoň üçinem şol: “baglanmyşam” diýýän zatlaryň gylla ýarysy mydama ýanyňdaka, beýleki ýarysyny bolsa nirä barsaňam tapyp bolýarka, olara “baglanmyşam” bolup ýörmäň manysy nedir?
Ine bu soraga-da Laçynyň gahrymanynyň deregine Gurbannazaryň gahrymany özüne mahsus çuňňur ynandyryjy, her kese aý-aýdyň düşnükli sadalyk bilen jogap berýär:

Käbiri gaýradan, käsi ilerden,
Ýürek bilen gulagyma guýdular.
«Sen hokga çykarma, ýigit, boş ýerden,
Amerikany açasyň ýok» diýdiler.

Beýle açyş hakda edemok hyýal,
Men başga bir ýagşy ýurduň gurbany.
Siziň üçin Amerikany açjak däl,
Siziň üçin açjak Türkmenistany!

(G.Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. 196 sah.)

Nädýä?
Pafosy özüniň jinnek ýalam ýasamalygynyň ýokdugyny ynandyrmag-a beýlede dursun, ýüzüniň ugruna zymdyrylyp ýüregiňe girip gidip, süňňüňi lerzana getirýämi?
“Men başga bir ýagşy ýurduň gurbany. Siziň üçin Amerikany açjak däl, Siziň üçin açjak Türkmenistany!”.
-Aç, dogan! Gaýrat et! Zähmetiňe bereket! Ömrüň bolsun, dogan! Öňem açypdyň bize biziň kalbymyzy! Ýene-de nesip bolsa açarsyň! Bize-de, bizden soňkulara-da...
...diýesiňi tutduryp gidýämi?
Ine: “Gurbannazaryň gahrymanynyň pafosy” diýenimde nämäni göz öňünde tutýan!
Gurbannazaryň gahrymanynyň, Laçynyň “Baglanmyşam” atly ýokarda seljerilen şu goşgusynyň özenindäki pafos babatda dörän sowala berýän şu jogabam, şol birwagtda Laçynyň goşgusynyň matalynyň açar-sözi bolup hyzmat edýär.
-Nämüçin “baglanmyşaň”?
-Buýsanjymdan, yşgymdan, şolaň kalbymda oýarýan ezizliginden ýaňa ýarylyp barýan! Şoň üçin, diňe şoň üçin “baglanmyşam”!
-Onda näme şeýdip, adam ýaly aýdaýmyýaň-da, diňe “baglanmyşam” zatlaryňy sanaýaň-da geçýäň gidiberýäň?
-Aýtjak däl. Diňe şo giden özümiň “baglanmyşam” ajaplygyň gözel-nesip suratyny size çekip berjek. Goý şo şekil siziň ýüregiňizde-de edil meniňkidäki deý “baglanmyşamlyk” duýgusyny döretsin! Meniň her bir zady, jan doganlar, size hetjikläp-hetjikläp, çeýnäp-çeýnäp, üwmeç edip beresim gelenok. Meniň bu “ýagşy ýurda” siz bilen bilelikde aşyk bolup ýaşasym gelýä...
Düşündirip bildimmi?! :-).

*****

Laçyn Pürjäýewanyň goşgularynyň aglaba köpüsine mahsus, şu öz aýtmakçy bolýan zadyny aç-açan beýan edip, ikinji, üçünji gatlaksyz aýtmazlyk häsiýetem, Laçynyň şahyrana gahrymanynyň çagalara harplyk okadýan başlangyç synp mugallymasy däldigi hakynda netije çykarmaga esas berýär.
Ol al-asmanda ganat ýaýýan laçynyň ýaňy!
Şol ýaňam, hol aşakdaky dag dereleri gapyp alyp, gursagynda gaýnadyp, gaýtalap-gaýtalap, çar ýana seçip goýberende, diňläň ony özüňiz!
Düşüniň oňa özüňiz!
Men bolsa size täze owaz edip bereýin!
Goý, ýaňlarym ýaňlansyn jahanda!
Goý, jahanyň waspyn etsin, men-laçynyň ýaňlary!
Ýöne, duýuň, aňlaň bir zady!
Men-laçynyň ýaňlarynda dyňzap duran buýsanç tekepbirligem däl!
Öz ganat ýaýýan gögüň ümmülmezligidir belentliginden beýhuş bolup, seriň sämäp, özgeleri peşeçe görmeýän hondanbärisiligem!
Ol buýsanç, men-laçynyň özüne däl-de, size buýsanç!
Size, doganlar, diňe size, diňe şu ýurda, diňe şu dünýä, diňe şu dirilige...

*****

Şu ýerde, bu syny dykgatly okaýan hem-de Suraý Babanyýazowanyň döredijiligi, öz sesi, şahyrana gahrymany hakdaky syny okan käbir “ýoldaşlarda” geňirgenme ýüze çykmagy ahmal.
Öň-ä S.Babanyýazowanyň döredijiligini G.Ezizowyň döredijiligi bilen deňeşdiripdir.
Indem L.Pürjäýewanyň goşgularyny Gurbannazaryňkylar bilen deňeşdirýär welin, näme Gurbannazaryň döredijiligi türkmen şygryýeti üçin birwagtyň özünde hem-ä etalon (deňeşdirme üçin nusgalyk ölçeg birligi), hem-de lakmus kagyzymy (aýry-aýry suwuklyklaryň düzümini kesgitlemek üçin ulanylýan barlaghana kagyzy)?
Ýa-da bütüki özüniňem boýun alşy ýaly, özüniň ibaly başy çykmaýan zady hakynda seljerme ýazan bolup ýatan, bu bize hakykatda “ýoldaş” dä bolmagy gaty ähtimal “ýoldaşyň” bar bilýäni Gurbannazar Ezizowyň goşgulary bolup, başga şahyry ömründe okap görmedimikä?
Hany bu ýerde Magtymguly, Zelili we ş.m. “klassyk” diýilýänçi nusgawy şahyrlaryň döredijiligi bilen deňeşdirme?
Hany dünýä edebiýatynyň görnükli zenan şahyra-hanymlary Marina Swetaýewaň. Bella Ahamadullinaň. Gabriýela Mistralyň, Simin Behbahaniň, Roza Jamaliň we beýlekiler bilen Laçyn Pürjäýewanyň ýazanlarynyň deňeşdirmesi?
Hany Gurbannazardan soňky ýyllarda adygan, Annaberdi Agabaý, Halyl Kuly, Nobatguly Rejep, Atamyrat Atabaý, Orazguly Anna, Çary Ýegenmyrat, galyberse-de Kakamyrat Rejep, Seýitmyrat Geldi ýaly milli şahyrlarymyzyň döredijiligi bilen Laçynyň şygyrlarynyň utgaşýandygy ýa-da däldigi hakynda bellikler?...
...Bu sowallaryň hemmesine munuň ýaly gysgaça synda jogap bermegiň mümkin däldigi, munuň üçin pylança sahypadan ybarat, düýpli ylmy iş ýazmaly boljakdygy, belli bir derejede ylmy iş ýa-da syn ýazmak pişesinde, “gelin” bolup görmese-de “işiginden jyklap” görenleriň hemmesine düşnüklidir.
Ýöne bir sowala hökman jogap bermeli.
Elbetde, Gurbannazar Ezizow türkmen şygryýeti üçin ýeke-täk etalonam däl, lakmus kagyzam.
Aslynda edebiýat diýilýän närse, ynsan aňynyň döredijilikli işjeňliginiň beýleki görnüşleri ýaly, özüniň täzelige bolan çensiz-çaksyz ymtylyşynda, hiç hili etalonlaram, lakmus kagyzlarynam ykrar etmeýän kakabaş zat.
Her döwrüň, her nesiliň edebiýatynyňam, sungatynyňam öz sesi, öz döreden eserleri olaryň özleri üçin etalonam, lakmus kagyzam.
Şol birwagtda-da ynsan aňynyň assosiatiw tebigatynyň bir esasy häsiýetli aýratynlygy bar. Ol adatça, maddy ýa-da ruhy dünýäň islendik bir zadyna doly derejede akyl ýetirmek, baha kesmek üçin, şo zady şonuň bilen kysymdaş başga bir zat bilen deňeşdirmeli.
Şol birwagtda-da, miladydan öňki 485-410-njy ýyllarda ýaşap geçen grek filosofy Protagor aýtmyşlaýyn: “Ähli zadyň ölçegi adamdyr” (bu sitatany dolulygyna alsaň şeýle bolýar: “Человек есть мера всех вещей - сущих в их бытии и несущих в их небытии”).
Şol sebäpdenem islesek-islemesek şu nukdaýnazarlardan ugur almaly bolýarys. Ýagny, owal-a adamlaň ýaşaýan dünýäsinde öz-özüni ölçeg birliginiň deregine peýdalanmaly adam bolandygymyz zerarly, bir adamyň döredijiligine baha kesmek, ol barada pikirimizi mümkin boldugyndan dogruçyl aýtmak üçin, beýleki bir adamyň döredijiligini deňeşdirme esbaby hökmünde ulanmaga mejbur bolýarys.
Şol sebäpden we ýene-de örkleseňem durmaýan, öwrenen endigimize eýerip, Gurbannazaryň eserlerine ýüzlensek, onuň “Çaga dogrulýan öýüň öňünde oýlanma” atly deňsiz-taýsyz şygrynda şeýle setirler bar:
Oturşymyz bilen,
Turşumyz bilen,
Pikir edişimiz,
Gurşumyz bilen,
Geýnişimiz bilen...

...Biz — ýüzün tutanlar
Ýagmyra, ýele...

(G.Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. 155 sah.)

Nesilleriň arasyndaky gatnaşyga, olaryň öz içindäki birmeňzeşlige berlen gysgadan şahyrana häsiýetnama.
Aýtmakçy bolýanym, diz – geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrlarynda aňy-düşünjesi, şol sanda döredijilik ynançlarydyr, ymtylmalaram kemala gelen X-Nesil – (Nämälim nesil, 1965-1982-nji ýyllarda doglanlar) hem-de Y-Nesil – (Özbaşdak nesil, 1983-1996-njy ýyllarda doglanlar), Gurbannazaryň döredijiliginiň hemişelik bendiwany bolup galdyk.
Maryň hany Oraz Ýaglyň Keminä beren soragyna, onuň şygryýet meýdanynyň oragyny Magtymgulyň orup gidendigini, indi özleriniňem onuň yzyndan şo meýdanyň hoşasyny çöpläp ýörendikleri hakynda aýdanyny ýadyňyza salaýyň!
“Magtymguly – Älem! Bizem şol Älemiň ýaşaýjylary!”.
Ine näme diýýä, molla Kemine!
Azda-kände çyny bilen ýazmak pişesine baş goşan biz üçinem:
“Gurbannazar – Älem!”.
Şol Älem içre-de, biziň her birimiz, öz süýnüp geçip gitmeli ugrumyzy agtaryp, sergezdan bolup ýören meteoritler!

*****

Indi ýene-de Laçynyň döredijiligine dolansak, onuň döredijiliginiň tema çygry juda giň, örän baý. Laçyn hiç wagt tema ýetmezçiliginden ejir çekmeýär.
Laçynyň laçyny bir görseň-ä yşk-heser asmanynda gaýyp ýör:

Seniň adyň tesbi deýin sanaýan:
Süleýman, Süleýman, Süleýman, Süleý...
Manysy-da üýtgäp gitdi sanamaň,
Man- Süleý – man, Süleý – manysy uly – eý...

Otuz milliard jümle ýitirdi güýjün,
Otuz milliard goşgyň täsiri gaçdy.
Bary – ýogy ýekeje söz — Süleýman,
Otuz milliard Älem bilen deňleşdi.

Bu ne hikmet, ýekeje söz galdyryp,
Galan ähli sözi Hudaý garban deý:
Şeýle bolýarmyka ýalkanda Hudaý,
Şeýle bolýarmyka Hudaý garganda – eý?!

(“SSS-e bagyşanýar” http://Islenen.ru/news/s_s_s_e_bagyslanyar/2022-10-11-23502)

Bir görseň, Laçynyň laçyny, biline zünnar guşak guşanyp, tylla ýaýyny getirmegi emr eýleýän oguz beginiň aw-şikar gerdeginiň depesinde pel-pelleýär.
Bir görseň, Laçynyň laçyny ýokarda mysal getirilen “Baglanmyşam” şygryndaky ýaly gözýetimden gözýetime çenli ýaýylyp ýatan türkmen sährasynyň asmanynda, öz görýän zatlaryna buýsançdan sermest bolup, çöl üstüne ýaň salýar...

Görmek isläp bedewleriň çapyşyn,
Jeýhun, Tejen, Murgap derýaň akyşyn,
Oguz atam, Gorkut dädem haky üçin,
Nirde bolsam, gelerin men, Türkmenim!

(“Türkmençe söz” http://Islenen.ru/news/turkmence_soz/2022-03-16-19883)

Käte Laçynyň laçynynyň owazy kinaýalyja gülki garnuwy bilen eşidilýär. Ony okan badyňa-da onda myssa ýylgyryşyň äheňi duýulýar.

«Isleseň,
Mahmal bägül ýaly hamymdan meniň,
Köwüş tikdirip geý!
Isleseň,
Degirmeniň daşy ýaly,
Islän ugruňa aýla!
Isleseň,
Dolanaýyn dolak bolup...
Aýypmydyr, söýýärin!»
Diýäýsemem boljakdy.
Diýäýmedimem-dä.

(“Wah-eý (Ökünç)” http://Islenen.ru/news/wah_ey_okunc/2022-09-22-23160)

Käte Laçynyň laçynynyň owazy pynhan betbagtlykdan, ýaşyryn hasratdan şeýlebir püre-pür welin, ony eşiden dessiňe ýüregiň haýpygelmeden ýaňa para-para bolýar.

Tozýar, tozsun gynanamok köwşüme,
Köýneklemem gezekleşip çüýreýär.
Gün kakatdy, ýel kakatdy keşbimem.
Serimiň hem sämäp bagty çüwmeýär.

Düşýär, syçanguýruk boldy saçlarym,
Gaşlarymam gerilmeýär ýaý ýaly,
Dyrnak hynalamamy hem taşladym,
Men şeýle-de bir bölejik Aý ýaly.

(“Öwrülişik” http://Islenen.ru/news/owrulisik/2022-10-11-23500)


Bir görseňem, Laçynyň şahyrana gahrymany, Saparmyrat Türkmenbaşy aýtmyşlaýyn: “jahana keşt eden hüw-hak derwüşler”, sopular ýaly şükrana.

Agdar- düňder kylyp, Taňry dünýäsin,
Ummana çykmaga gämimi tapdym.
Şükür, hälem baş goýmaga ýolunda,
Pygamber Isa dek kämili tapdym.

Asmana azm urup, dişim çarhladym,
Garaklam çarhladym, aklym çarhladym,
Öňýeten şahyra elim çarpmadym.
Şükür, çyn şahyrlar — päk ili tapdym.

Döwür – döwür keýpim aldy şowsuzlyk.
Durmuşda kyn eken gaýta şonsuzlyk.
Şükür, menem haky goldap gowsundym.
Ynsaby, imany tämizi tapdym.

(“Şükürnama” http://Islenen.ru/news/sukurnama/2022-10-12-23513)

...Garaz, Laçynyň döredijiliginiň çägi-serhedi ýok.
Özem göräýmäge Laçynyň şahyrana gahrymany hemme şygrynda-da täk-tenha öz derdini aýdyp, çar ýanyndaky özgeleň derdine-de, guwanç-begenç, adatylygyna-da üns bermän, diňe öz-özüne gümra bolup ýören ýaly.
Emma, döredijiligiň, esasanam edebiýatyň we sungatyň, döredijilikli işiň beýleki görnüşlerinden düýpli tapawudam hut şunda-da. Ýazýan adam öz derdi hakda sözläp, tutuş iliň derdini egisýär.
Gurbannazaryň “Gözleriň seniň” diýen, aýdyma öwrülen şygrynda şu sözler bar (ol goşgyny meşhur aýdymçymyz Nury aga (Nury Hudaýgulyýew) ýokary derejede, gaty üýtgeşik edip ýerine ýetirýär):

Şatlygy, gamy bilen aýlanyp dur goja Şar,
Onuň özüne ýetik aladasy-derdi bar.
Bir maksadym: ýeňletmek agyr derdini onuň,
Güýç bersin şu işimde, gara gözleriň seniň.

Laçynyň gahrymanam öz derdini ýaýyp, tutuş goja Şaryň derdini ýeňletmegi maksat edinýär.
Özi düşünip ýa-da düşünmän.
Bir aýtgy bar (kimiň aýdandyg-a düýbünden ýadyma düşmeýär): “Adam edil Ummandaky suw damjasy ýaly. Ýöne suwuň damjasynda Dünýäň şekili görünýär”.
Laçynam, her bir jany-teni, çypbakaý çyny bilen edebiýat we sungat bilen meşgullanýan adamam – ine şol Dünýäň şekili görünýän suw damjasy.
Şol sebäpdenem Laçynyň laçyny, özi hakda owazyny ýaňlandyrmak bilen biziň hemmämiz hakda-da asman gümmeziniň astyna ýaň salýar.

*****

Şonuň ýaly-da Laçynyň diňe şygryýet bilen meşgullanman, esasy käri bolan mugallymçylygynyň daşyndan, ýurdumyzyň dürli neşirleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklap, çagalar üçin kiçi göwrümli sahna eserjiklerini ýazmaga-da, publisistiki makalalary taýýarlamaga-da ýetişýändigi hormat goýmaga mynasyp zähmetsöýerlik.
Çünki, halkyň tanaýan islendik köpüň adamsynyň, esasanam ýazyjy-şahyrlaryň öňünde özüne Hudaýberen zehiniň öňündäki jogapkärçilikden başga-da, il-günüň öňündäki jogapkärçiligem bardyr.
Dünýäň ýüki düşünýäniň gerdeninde.
Gurbannazar Ezizowyň: “Meniň galamym antenna meňzäp tutdy durdy “halas ediň” sözüni” diýşi ýaly, ýazyjy-şahyrlar owaly bilen-ä zanny-ýasawy boýunça, galyberse-de, özüniň jany-teni berlen pişesi boýunça ruhy-emosional taýdan juda syzgyr, synçy adamlar bolandyklary sebäpli, olaryň “galamy antenna meňzäp”, jemgyýetde oýanýan islendik täze gyzyklanmany, nämedir bir zada düşünmäge, akyl ýetirmäge bolan çynlakaý ymtylyşy, ilkinjileriň biri bolup syzýarlar.
Öz ýazýan zatlary bilen şol ymtylyşy kanagatlandyrmak borjam, ýene-de şolaryň öňünde durýar.

*****

Laçynyň şygyr dörediş tilsimleridir, usullary, ulanýan ölçegleridir, galyplary hakda bolsa kän agzap durjak däl.
Ýokarda-da belläpdim, filolog ýa-da lingwist däldigim üçin islendik eserde meniň üçin ilkinji wajyp zat forma däl-de mazmun. Ýöne elbetde, aglaba köp ýagdaýlarda formaň mazmundan gelip çykýandygyny ýa-da kähalatda formaň mazmuny kesgitleýän ýagdaýlarynyňam bolýandygyna, ýazmak pişesi bilen uzak ýyllaň dowamynda meşgullanyp ýören adam hökmünde düşünmän duramok.
Ýöne...
Umuman, Laçynyň döredijiliginiň bu tarapyny özüm ýaly diletantlara däl-de, professionallara galdyrsak dogry bolarmyka diýýän (Hudaýa şükür, iliň çöregine dawamyz ýok :-)).
Ýöne şunuň bilen baglylykda, bir zady welin hökman bellemeli: Laçynyň şygyrlarynda forma bilen mazmun hiç wagtam konflikte girmeýär. Ha murapbag, ha muhammes, gazal, kasyda ýa-da murapbag ýa ak goşgy...Laçynyň şygyrlarynyň formasy we mazmuny biri-biri bilen utgaşykly, sazlaşykly çykyş edýär (Laçynyň werlibrde ýa-da kapyýany, ölçegi, setir sanyny, goşgy düzmegiň topbaklaýynlyk galybyny inkär edýän, has takygy kabul etmeýän şygyr formasy bolan “erkin goşgy” görnüşindäki goşgusyna entek duşmadym. Ýa-da öňümden çykandyr-da üns beren däldirin).

*****

Umuman, döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan, özüme her ýazan şygry diýen ýaly örän ýiti täsir edýän hem-de özümiň hormat goýýan şahyrlarymyň biri hökmünde, Laçyn Pürjäýewanyň döredijiligi hakda bu çäkli ekskursymy, onuň başlanyşy ýaly şahyrana hörpde tamamlasym gelýär.
Munuň üçinem bir zady aýtmaly.
Ernest Hemingueýiň – Beýik Hemiň “Jaň kimiň hatyrasyna kakýar” atly romany bar. Şol romana epigraf hökmünde-de Beýik Hem, Jon Donnyň şu aşakdaky sözlerini alypdyr (bu romanyň adam hut şol epigrafdan gelip çykýar):
“Ada ýaly öz-özünde özbaşdak adam ýok; her bir diri – yklymyň bölegi; we eger-de deňiz gaýany opursa, bütin Ýewropa kiçelmezmi – daş gaýaça, dostlaryň mülküçe, seň öz jaýyňça kiçelmezmi. Her bir ynsanyň ölümi menem kemeldýär, çünki men tutuş adamzat bilen bütewi. Şoň üçinem hiç haçan hiç kimi bilmäge ugratma, jaň kimiň hatyrasyna kakýar, ol seniňem hatyraňa kakýar”...
Indi şu ýerde sowal bilen ýüzlenesiň gelýär:
-Tapawudy ýok, ha şadyýan bolsun, ha gamgyn, ha belent buýsançdan püre-pür, ha ýazgaryjy tankytdan zaňňyrdap... Laçynyň owazynyň ýaňy kimiň hatyrasyna, kimiň şanyna ýaňlanýar?!
-Sorama dogan! Ol seniňem hatyraňa, seniňem şanyňa ýaňlanýar! Seniňem, meniňem...hemmämiziňem hatyramyza-da, şanymyza-da...

Galamyň ýiti, görjegiň gowy bolsun, Laçyn!

Sözsoňy deregine: Şygryýetiň belent sungatyndan mahrum, ýöne höwesjeň öwrenje hökmünde aýtjak zadym, Laçynyň şygyrlarynyň köpüsinde ýeňiljek howul-haralyk duýulýar. Bu howul-haralyga-da gowy düşünýän – nijeme ýyl bäri öz söýgüli pişesi bilen meşgullanyp, elini düzen ezberiň: “äý, munyňyz dagy nämejik” diýene çalymdaş kindiwanja, akýüreklije äsgermezçiliginden emele gelýär.
Bu nämede ýüze çykýar?
Şygyrlarynyň käbirindäki setiriň içki akgynlylygynyň – garmoniýasynyň, ritminiň bozulmagy (belki, bu diňe meniň göwnüme şeýledir), käbir kapyýalaryň özara kebşirlenen dek pugta sepleşmezliginde.
Onsoňam Laçynyň şygryýetdäki çärýek asyrlyk tejribesini göz öňünde tutup, ondan şygyrda ýazylan romana, täsinligi bilen haýran galdyrýan mazmunly we üýtgeşik şygyr açyşlaryndan doly iri poemalara garaşýarsyň.

Alnan çeşmesi: kitapçy.ru
1 лайков 1 552 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.