Dünýäm saňa!
Sen-ä menden uzaklaşýaň gitdikçe,
Dünýämiň güllerem solýardy kem-kem.
Göwräm sen tarapa dartylyp barsa,
Kalbymam gaýtalap diýýärdi:”Sen-sen”
Biziň ykbalymyz bir bolup biler,
Ýöne aýry gelýär barýan ýolumyz.
Ynha basym, bir gün, şeýle gün geler,
Birleşer, deňleşer sagy-solumyz.
Seni söýüp bir derde-hä ulaşdym,
Bir-de bahar, bir-de tupan aňymda.
Söýgüni bagş edip sapa berseň-de,
Yzasynam gaýgyrmansyň ýanynda.
Gitme! Gitseň äkit menem ýanyňa,
Ýyly mähir bermek kynmy ýa saňa?
Gaýgyňy men aljak, şatlygym seňki,
Mähre teşne dünýäm sowgat, ýar, saňa!
Şatlyk Esenow
Комментариев нет