Ykbala arzym ..

Nä menden alýaňmy ykbal aryňy,
Kesekä ýar etdiň söýen ýarymy!

Meni bendi etdiň özge ojaga,
Zar boldum mähirli, yssy gujaga.

Nalyşym bar ykbal ýadadym indi!
Meniň özgelerden aýt nämäm kemdi?

Menden alanlaňňy gaýdyp ber maňa,
Gacyran bagtymy tapyp ber maňa!

Ber isleseň ýagyş,isleseň ak gar,
İsleseň al alma,isle gyzyl nar.

Boý syraty meňzesin zor gercege,
Sözi kepil bolsun nurly geljege.

Gözleri gözlerme meňzesin ýada,
Alcak hem akylly,mähirli - sada.

Özgäň nesibini berme synagma,
Düşüp gören bolsun durmuş synagna.

Gülmedik gözlermi güldürip bilsin,
Yşkdan gecen kalby söýdürip bilsin.

Ýagşy giýew bolsun eziz käbäme,
Bahana tapmasyn kakam käýäre.

Gynama ber indi alan bagtyňy,
Beze weyran bolan köňül tagtymy!

Nyrhy näce bolsa pajyň bereýin,
Elde barym,ýogum harjym bereýin.

Esasy zat bolsun göwnüme laýyk,
Ýa-da şahyr bolsun ýüregi ýanyk.

Kejeleşme bagtym ber indi ykbal!
Ş.... "Bagtly bol!" Diý indi ykbal!

02.09.22y
Ş.D
1 лайков 120 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Shahan
16 дек 2022, 20:41
Das etsinay alan gyzyn seyle gosgy yazyo otyrsa asjakmy, oldurjekmi
Ahmet
17 дек 2022, 11:00
Ýazan zadyň öz durmuşyňa degişlimi? Birhili öz durmuşyňa degişli ýaly edip ýazypsyň. Ýagny:

Nä menden alýaňmy ykbal aryňy,
Kesekä ýar etdiň söýen ýarymy!

Meni bendi etdiň özge ojaga,
Zar boldum mähirli, yssy gujaga.

— şeý diýmek bilen, täze gelin wagtyň öňki söýgüligiňi göresiň gelip, küýsäp ýazylan setir ýaly.
Ahmet
17 дек 2022, 11:03
Ýagşy giýew bolsun eziz käbäme,
Bahana tapmasyn kakam käýäre.

Öňki giýew näme? Ony aradan aýyrmalymy ýa eýýäm aýryldymy?
KingFlower
Автор 17 дек 2022, 12:36
Audit1,
Zehine hic hormat yok
KingFlower
Автор 17 дек 2022, 12:36
Vekil_City,
Oz isiniz bn boluň kesekiniň doredijiligine burnuňyzy sokmaň!
Ahmet
17 дек 2022, 12:55
KingFlower
Vekil_City,
Oz isiniz bn boluň kesekiniň doredijiligine burnuňyzy sokmaň!

Köpçülige çykaryldymy, diýmek, tankyda hem islendik teswire durnukly bolmagy başarmaly. Başaraňokmy, onda çykarma! Ýazýan zatlaň hiç haýsam türkmençilige gabat gelenok. Ýewropalylaryň medeniýetine degişli bolaýmasa. Sebäbi, eýýäm sen gelin bolupsyň, ýöne öňki söýgüliňi küýseýäň. Näderejede düşnükli bolýar, men-ä düşünmedim dogrusy...
KingFlower
Автор 17 дек 2022, 13:15
Vekil_City,
Öläýme demiňi al
Ahmet
17 дек 2022, 13:58
KingFlower
Vekil_City,
Öläýme demiňi al

Aý dogan, menä mowzugyňy teswirledim, üýtgeşik zat ýazamoga toba estagfrullah...