Maňa meni gaýtarsynlar

Eý, adamlar,
Sözi asal adamlar!
Meniň tutuklygmy göwne almaň siz,
Ynjamaň siz agras çyksa sözlerim.
Size däldir didelermiň kinesi,
Sizden däldir ýaşa dolsa gözlerim,
Takdyr maňa tukat ykbal eçilip,
Alçaklygmy girdabyna ýyllaryň
Oklady-da, heýhat goýdy ornuna.
Işim bolmaz hile bilen, al bilen,
Sulhum almaz şelaýynyň gybatyn,
Dost syryna sandyk boldum, azmadym.
Öz janyma dözdüm, dosta dözmedim,
Ah, men ykbal bilen ýalňyz söweşdim,
Tamakin bolmadym:
«Bar men» diýenden,
Aman dilemedim her öňýetenden.
Baş egere merdiň merdin gözledim...
Iň soňy bu ykbal utdy daraşyp,
Meni menden alan ýyldan soraşyň!
Ygyp galdym men özümden azaşyp,
Eger mümkin bolsa tapyp alajyn
Maňa meni gaýtarsynlar, haýyşym!

«AWAZA» ŞYPAHANASYNYŇ
HÜNÄRMENI.
Awtory bagyşlasyn adyny alan ýerimde görkezenok.
4 лайков 137 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
24 апр 2022, 15:57
Goşgy diýseň manyly. Şahyr duýgusyny gowy beýan edipdir.
Kitapçydaky Kalba Nur agzaň goşgusy.
Saýrak guş
Автор 24 апр 2022, 16:09
Nirvana,
Köp sag boluň aýdanyňyza.
Kalby nur gelnejäniň köp goşgularyny okapdym. Ýöne bu goşgusyny bilemokdum.
Durmush
24 апр 2022, 18:28
Gowy dislike däl like basandyryn
Saýrak guş
Автор 24 апр 2022, 18:37
Durmush
Gowy dislike däl like basandyryn

Düşündiriş bilen arza ýazandan like basanyň aňsat diýdiňmi ýa? :)
Pegas
24 апр 2022, 19:20
Bu goşgyň gowudygyny...
Durmush
24 апр 2022, 19:55
Saýrak_guş,
Dogry. Bolmasa wara .....