Özüñ saýla

Iki hili täsiri bar alawyñ
Ilkinjisi,adamzadyñ haýryna:
Aldaýjy aýazyñ at salýan çagy
Çoýundurýar gün deý gyzgyn howruna.

Indiki täsiri neneñ aýylganç:
Sähelçe salymda aşar-da çenden,
Ýoluna çykanyñ diñlemän dadyn
Ýakyp-ýandy:r,küle öwü:r bir demde.

Senem göwün içre tutaşdyñ nar deý,
Towakgam: özüñ seç,barjak salgyñy.
Hala,gahryñ bilen ýakyp-ýandyr sen,
Hala,mähriñ bilen ýylat kalbymy.

Mahym Nurgeldiýewa.

26.05.2020 ý
лайков 161 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
24 апр 2022, 14:04
“Isle” sözüň ýerine “hala” sözi gowy gelşipdir. Üýtgeşiklik goşupdyr. Elleriň dert görmesin. Ýene ýaz, garaşýas täzejelere.
Mümkin
Автор 24 апр 2022, 14:06
Nirvana,
Minnetdar,joram!
Maksat
24 апр 2022, 14:38
Sizmi Mahym Nurgeldiýewa?!
Mümkin
Автор 24 апр 2022, 14:41
Keaip_begcon,
Howwa.
????_????
24 апр 2022, 16:07
uns beryan beryan welin bloglaryna baha berip bolanok. bahaber bahaber bahaber
????_????
24 апр 2022, 16:08
Yzdakylar men beren baham
Mümkin
Автор 24 апр 2022, 16:47
????_????,
Howwa.Baha bermek funksiýasyny ýapdym.Sag bol beren bahañ üçin.
Durmush
24 апр 2022, 18:29
Waheeee like basaýjakdym
Mümkin
Автор 24 апр 2022, 19:19
Durmush,
Wah-eý :)
Garabufer
25 апр 2022, 01:34
Wahey
Garabufer
25 апр 2022, 01:35
Bilmedim adyñy ,mâhrimi ya mayamy
Ile belli yyldyzym, adyñ ömrizayamy
Garabufer
25 апр 2022, 01:36
Sayladym , Dūşniklije eken košk
Mümkin
Автор 25 апр 2022, 04:37
Garabufer,
Näme diýýäñ-äý? Düşünen bolsam Arabystanyñ hemişelik raýaty bolaýyn.
Garabufer
25 апр 2022, 21:09
Mümkin,
Maña dūşinmek ūcin , yokary bilimml bolmoly