Rubagylar

Gork, gorkma ahyry bolmaly boljak,
Erkana aglajak, erkana güljek.
Tisginip günde müň ölüp ýörenden, -
Bir gezek doguldym, bir gezek öljek.

Derek dursa bolar derek ýerinde.
Çynar çynar, garak garak ýerinde.
Zor bilen gepletjek bolmaň ýüregi
Özi dillenýändir gerek ýerinde.

Gözeliň gymmaty synyna bagly.
Pyçagyň gymmaty gynyna bagly.
Adam bolmak agyr, alym bolmaklyk
Göçürýän kitabyň sanyna bagly.

Danany tankytla, dogrulyp geler.
Ýalňyşyna ýanar, gowrulyp geler.
Bir nadana aýdan pendiň, öwüdiň
Özüňe ok bolup öwrülip geler.

Ýalmandyrýan diliň, ýylanyň dili,
Julumy ters salyp iderdiň weli...
Bir adyl tapyldy, arkamy tutdy
Şükür pil bar eken düýeden uly.

Oturmak gerek däl, turmak gerek däl.
Oýlanyp, ölçerip ýörmek gerek däl.
Ýumruk bilen çalýan ýigit döredi
Pianino üçin barmak gerek däl.

Bilmedik nähili, niçik sözlediň,
Belki, bir azajyk içip sözlediň.
Gamaşyk asman hem açylyp gitdi
Ömrüňde bir ýola açyk sözlediň.

Şert edýäris: Duz bar, öwlüýä kessin.
Hak söze däl, şerte kän gulak asdym.
Bir ýumurtga gaçran towguň gopgunna
Haýgyp iner botlan maýa dur sessiz.

Adalata kemsiz ýugrulan ýurdum.
Elmydama ylhamyma güýç berdiň.
Arzuwym: namartlar satmasyn beglik
Hemem ejizlänin görmäýin merdiň.

Durmuş bu oýnuny bildirmän goýmaz:
Ol aglatman goýmaz, güldürmän goýmaz.
Batyryň zarbasy sowular gider,
Gorkak ýapyşaýsa öldürmän goýmaz.

Amandurdy ANNADURDY
3 лайков 99 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
10 янв 2023, 20:59
Gapydan kowdular, törden kowdular,
Öýläne-de goýman, irden kowdular.
“Sesiň sesimize meňzänok” diýip,
Gargalar bilbili hordan kowdular.