ÝERINE DÜŞMEDIK MEŇZETMELER ÝA-DA ÇORBANYŇ ÇORBASY (ýarym degişme)

Aýaklarym saňa tarap uzaýar,
Iki golum saňa sary çekip dur.
Gözel keşbiň gulagymda galypdyr,
Sözleň gözlerime çawuş çakyp dur.

Ýüregim kapasa, göwräm guş bolup,
Uçup bilmän, biygtyýar urunýar.
Saňa bolan söýgim ummanlar aşyp,
Kirşen kimin tolkun atýar, sürünýär.

Al asmana galan Aýyň jemaly
Çägä düşüp, meň ýüzüme garady.
Käbir-käbir goşgularyň derdinden
Şu okaýan setirlerňiz döredi.

Höwrüňiz köp bolsun, körzehin şahyr!
Siz bolduňyz şu goşgynyň özeni.
Çyn şahyrlar çapyp barýan bedewdir,
Öýke etme!
Belki, şahyr bolarsyň,
Nesip etse şahyrlaryň tozany.



Çaryýar ATAÝEW
3 лайков 118 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
27 янв 2023, 19:48
Gözel keşbiň gulagymda galypdyr,

Gulakda nähili keşp galýarka?
Ahmet
27 янв 2023, 19:50
Bu-la çorbaň çorbasynyň çorbasy bolupdyr ?