KIM MEN?!

Tanadyňmy meni, aýtsana?!
Göwni joşgun bahar-da men.
Gül yşgynda, gün yşgynda,
Saýrak dilli Bilbil-dä men.

Ummanlarda ýüzüp ýören
Bir dymmaja balyk-da men.
Sebäp tapsam öýkelegen,
Çaga ýaly lälik-dä men.

Söýýän obamyň säherin,
Garagumly Garagyz men.
Kalbynda gussa ornaşan
Her ýapragy sary Güýz men.

Käte uçýan guşlar ýaly
Gunça açýan gürletseler.
Söýýän mährem ynsanlary,
Ýürekdeş men syrlaşsalar.

Näme diýseň gelşer maňa,
Awara göwni çöllerde
gezýän yşkdan bir däli men.
Ýöne anyk boýun alýan
Şahyr däl men.
8 лайков 175 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
27 янв 2023, 10:16
1-nji bendiň kapyýasyny oňarsana.
Yusupahmet93
27 янв 2023, 11:21
Awtory Esmanyñ ozumika?
Pegas
27 янв 2023, 12:17
Yusupahmet93
Awtory Esmanyñ ozumika?

Hawa.
W. P
01 фев 2023, 17:01
Gowy, goşgy bolupdyr, Bilbil, tüweleme!
W. P
02 фев 2023, 08:46
Täze goşgyň ýokmy?
Esma
Автор 02 фев 2023, 09:05
W. P,
Salam Wepa. Sag boluň tesbiriňize.
Şu günlerde goşgy ýazamok. Başarsam goşgy ýazmajak bolýan.Ýazanlarymdan hem bir wagt göwnüm geçdi. Sebäbini özümem bilemok. Poeziýa meň üçin manysyz bolup galdy şu günlerde . Köp okaýan goşgularymyň hem täsirini duýamok. Ýa men goşgy okamok. Aý garaz şeýle...
W. P
02 фев 2023, 12:21
Esma,
Salam, kämilleşýänsiňiz. Onda ýakyň günlerde gowy goşga garaşsa boljak sizden, garaşarysam.
Esma
Автор 02 фев 2023, 12:57
W. P,
Minnetdar!