Ömür

Ömrümiň 24-nji ýylam geçip barýar. Emma şu ýyllaryň ähli gününä diýmäýin, köp aýlarynam anyk ýatlap biljek gümanym ýok. Sebäbi aýdyň, geçen ömrümiň köp bölegi ýatlar ýaly ýakymly ýa-da ýakymsyz ýatlamalara beslenmän, ýönekeý geçenliginden bolmaly. Ýakymly günler haçan-da seni bagtly bolmagyňa sebäp boljak adam gelende gelýär. Ýakymsyz günler bolsa, ol giden soň başlaýar. Ýadyňdan çykan günler bolsa, şol bagt diýen ynsanyň düýbünden, durmuşyňdan, ýadyňdan we ýüregiňden gidende başlaýar eken...

20.10.2022ý.

Aýgül Ýazweliýewa
11 лайков 309 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
17 фев 2023, 07:42
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir dilber,
Gör, näçe daşlaşdym seniň yşgyňdan?
Seni juwan gyzlaň keşbinden idäp,
Idäp ahu-gözli gyzlaň çeşminden.

Ýöne hiç zat çalşyrgysyz däl eken.
Görseň, iňe, gözleriňe söweýin!
Bir zyba gyz otly söýgi bilen däl,
Mähri bilen tutdy seniň öweziň.

Bar eken bagtyňam ýerin tutýan zat,
Bozlap aýra düşen bagtymyň ornun,
Tutdy akja gundagynda jägildäp,
Däbşenekläp ýatan ilkinji oglum.

Belkem, yrgadyryn, durnuksyzdyryn
Ýa-da uýgunlaşyp ýürek zaryma,
Özümi ýitirip gam-gussa bilen,
Dönüp gidendirin başga birine.

Belkem, mejnun bolup söýen däldirin,
Ýaşlygyň alydyr kalbymdaky ot.
Sensiz ýaşap bilmän ýören hallarym,
Göz öňüne getiribem bilemok.

Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir dilber,
Galan ömrüme-de şu günüm bolýar.
Ýöne käte seni bagryma basyp,
Şeýlebir, şeýlebir aglasym gelýär.

Nobatguly Rejepow
Aksary
17 фев 2023, 12:11
Özümize sorag berdirmesene!
Aksary
17 фев 2023, 12:12
Ol gelmeli gitmelisi bn ylalaşar ýaly däl
Pegas
17 фев 2023, 12:20
“Günler haýal geçýär, ýyllar çalt geçýär...” diýýär bir şahyr. Ýene-de bir şahyr: “Günler gün berenok, aýlar aýanok...” diýýär.