Men jägildäp gelemde...

Men jägildäp gelemde,
Ýüzüne syldy öňýeten.
Bir günem sessiz-üýnsüz,
Gaýdyberdim dünýeden.

Ýaşam bolsa kän zatlar,
Göterendir bu gerden.
Düşürmän, ýüküm bilen,
Gaýdypdyryn dünýeden.

Taýýar täzeje mazar.
Şehit bormy mendenem,
Gölegçime goşulyp,
Gaýdyberdim ondanam.

Dymyp gelýäs ýolboýy,
Bir-ä erbet möňňürdi.
Gelip otyryn öýe,
Gölegçimden öňürti.

Görsem, meň üçin diňe,
Aglap otyr ýanan şem.
Men öň gelip garaşdym,
Hiç gelmedi gölegçim.

Laçyn Pürjäýewa
21.09.1998ý.
4 лайков 79 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
17 фев 2023, 09:56
Gölegçimden öñürti ☺️