AHWAL

Ynha...
Tapdym özümi,
Agynjak men-dä...
Aýak ýalaň, başym açyk howada,
Juda sada geýim, köneje jindäm.
Jogap tapyp bilmän ýüzmüň sowala,
Barja güýjim bilen ylgap barýanym.

Gap-gara şalyny zyňyp birýana,
Ýetip barýan, gaçyp barýan bir zatdan.
Nämüçinkä, ýitmäge bahana gözläp,
Argyn göwre halys urunýar herýan.
Görýäňmi, şindem ýaşap ýörşüme,
Alyp gidere zadym galmandyr munda,
Günämden, arzymdan, yşkymdan başga.

Ynha-da serhet.
Nämälim duýgular gurşaýar daşym,
Duman örten dünýä gaçdy gözlerme.
Kiçijek göwräňde Asman bilen Ýer,
Seredip durun men,
Mendäki Saňa.

Bilbil KAKABAÝEWA
8 лайков 139 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Abdylla36
20 фев 2023, 11:40
Örän täsirli goşgy .
W. P
20 фев 2023, 14:25
Ynha...
Tapdym özümi,
Aýak ýalaň, başym açyk howada,
Juda sada geýim, köneje jindäm.
Jogap tapyp bilmän ýüzmüň sowala,
Barja güýjim bilen ylgap barýaryn.

Görnüşde üýtgediläýse nähili bolarka?
Esma
Автор 20 фев 2023, 14:50
W. P,
Menem şeýle pikir etdim-de...
"Şeýle halda barýanym gördüm" diýjek boldym öýdýän.
Birhili pikir bölünmesi bar ýalam boldy ýöne.
Гость
20 фев 2023, 20:30
Gowy )
Öwreniji
21 фев 2023, 01:02
Gowy bolupdyr.

Men kimligimi bilmäýin...???

Senem özüñi tap. Laçyn Pürjäýewa täsirlendiñmi?