“UKLADYŇMY, DÜNÝÄM?..”

Ukladyňmy, dünýäm? Ýa henizem nem ýuwan gözleriňi bir nokada dikip, geçen günleri ölçerýäňmi? Gör, bu durmuş bizi nädäýdi! Otursak-tursak oýumyza gelmejek ýagdaýlara duçar edip, göwünlerimizi, göwrelerimizi bir-birekden juda alyslara zyňyp taşlaýdy. Säherler kimin täp-tämiz ýüregiňi bimähreme baglap goýaýdy.
Aýtmasaňam, bilýärdim, duýýardym saňa juda ýakyndygymy — meni özüňe ýakyn görýändigiňi. Haýran galýan! Sensiz göz öňüme getirip bilmedik günlerim aýlara, ýyllara, tutuş bir ömre öwrülip galdy. Agşam çyg düşen üzüm ýapraklary kimin negözel ýakymlydyň... Şapak deý gyzaranyňdaky ýaňaklaryň gözelligini men nämä deňäp bileýin ahyry! Kalbyň owadanlygy günäsiz çaganyň gözleri deý gözleriňde ap-aýdyň görnüp durmanmydy nä?!
Sen bagtyň hut özüdiň! Gaýmak ýaly göwnüň bardy... Üýtgeşik dünýäň, şahyrana ýüregiň bardy seniň... Meni birmahallar lezzetden püre-pür äleme ataran ol bakyşlaryň ömri şeýle gysga bolmalydymy?! Ýatlamda damagyma lokga daş direlen ýaly bolýan. Gorkýan, ol daşyň eräp, keç ykballara bolan agym bolup, didämden ýaş damjalary bolup paýramagyndan...
Barybir, ýürek aglap dur. Diňdir-dä, diňdirip bilseň! Sen maňa özge kalplara düşünmegi öwretdiň. Biz iki bolup, özgäň hasratyna gyýyldyk, şatlygyna guwandyk. Sebäbi biziň derdimiz, lebzimiz, ynamymyz, ýüregimiz birdi. Iki bolup bir dünýä bakdyk, bir ykbaly küýsedik. Bir ojagyň oduny ölçerjekdik...
Men saňa düşünýän. Hut şonuň üçinem seni ýazgaramok. Barybir, hawa, barybir, düýn düýnde galdy. Biz bu gün aýry-aýry durmuşly adamlar. Nirede, kim bilen, nähili ýaşasaňam, sag gez! Hiç haçan ýaňaklaryň şapak kimin gyzaryşlardan mahrum bolmasyn! Bu uzak ýollar näzikligiňe näziklik, ýakymyňa ýakym goşsun! Seniň bagt saçylyp duran didaryňy görýänçäm, hoş!

Gündüň, özge kalby çoýmaňy gördüm,
Güňdüm, özge ýigdi söýmäňi gördüm.
Wah, ot aldym — lowlap-lowlap ot aldym,
Ýaňy başyňdaky öýmäňi gördüm...



Sapa HOMMADOW
9 лайков 162 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
25 фев 2023, 08:22
Сабырсызды бу гун бизин гахрыман,
йурек сув устунде, гечди кэн заман.
Карта гоян дунйэдэки бар-ёгун,
Гочгунли оюнча денупдир агын.
Ышкы онун дуз берипдир элине,
Баглыды ыкбалы алжак гулуне.
Ким билйэр, банкчы она нэме бир,
Онлук гелип дузелерми йигримбир.
Я-да онун дови сурмэн эбеди,
Гелерми элине ша билен еди?

Su setirlere dusunmedimda ayratyn mowzugam achmadym
picasso
25 фев 2023, 08:24
Humar oynuna menzedilen yaly wn seyle duzgunler bamyka