“BAHAR DIÝEN GYZA MEŇZEŞ BAHARYM...”
Bahar, bahar, ýüregimiň aramy,
Ýadadym men uçursyz kän garaşyp.
Sen geldiň-de, kalba kanagat berdiň,
Ýalaňaç baglaram tapdy ýaraşyk.
Ykbalymyz meňzeş ýazylan ýaly,
Meň bijäme düşüpsiň sen kartda.
Meniňem göbegim kesilen eken
Çärýek asyr ozal 10-njy martda.
Men ýagty jahanda ýolagçy kibi,
Döken külüm ýetmez munda gadaga.
Gül bolup, seň bile solmaga kaýyl,
Sallah başym bolsun saňa sadaga.
Bahar diýen gyza meňzeş baharym,
Bilýädim men senden göwnüm bitjegin.
Sen meniň ummy*, mähriban Bahar,
Ýa ölsem yzymda goýup gitjegim?!
✏Çary ÝEGENMYRADOW
*Şu sözüň tehniki ýalňyşdygy belli. Ýöne näçe gözlesegem, asylky görnüşini tapyp bilmedik. Biz şonuň üçin şu sözi durşy ýaly bermek kararyna geldik.
Ýadadym men uçursyz kän garaşyp.
Sen geldiň-de, kalba kanagat berdiň,
Ýalaňaç baglaram tapdy ýaraşyk.
Ykbalymyz meňzeş ýazylan ýaly,
Meň bijäme düşüpsiň sen kartda.
Meniňem göbegim kesilen eken
Çärýek asyr ozal 10-njy martda.
Men ýagty jahanda ýolagçy kibi,
Döken külüm ýetmez munda gadaga.
Gül bolup, seň bile solmaga kaýyl,
Sallah başym bolsun saňa sadaga.
Bahar diýen gyza meňzeş baharym,
Bilýädim men senden göwnüm bitjegin.
Sen meniň ummy*, mähriban Bahar,
Ýa ölsem yzymda goýup gitjegim?!
✏Çary ÝEGENMYRADOW
*Şu sözüň tehniki ýalňyşdygy belli. Ýöne näçe gözlesegem, asylky görnüşini tapyp bilmedik. Biz şonuň üçin şu sözi durşy ýaly bermek kararyna geldik.
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.