Tuýugly poema

Tuýugly poema

Başlangyç

1

Bilýäris Allanyň ady bu Salam
Şonuň üçin ilki diýeýin salam
Salam-edep başy,göwünleň hoşy
Aýrylmasyn salam , walikim salam

2

"Tuýugly poema ýaz maňa Gerçek,
Şonda saňa diýjek,hakyky gerçek"
Menem diýdim "Ýazjak,sen sopy bolsaň,
Sopy bolup gelip diý maňa gerçek"

3

Adym Gerçek ,özüm türkmen ,tiräm top
Göwnüm goşgy,dostum kitap,hobbim top
Sungat äleminde gerçek bolaryn
Duşmanlara garşy ataryn kän top

4

Ine saňa sähra,ine saňa düz
Gelde oýna ,ýaýna,saýra goşgy düz
Sazlansyn kapyýa,gözlensin many
Gizlensin lirika ,sözleň bolsun düz

5

Salam Dürlüm ,ýagdaýlaryň ýagşymy?!
Sözüň sazmy ýa-da ýazyň ýagşymy
"Gerçek goşgy ýazyp bilmez"diýdiler
Synla indi ýagyş ýaly ýagşymy

6

Nämüçin sen maňa diýýärsiň "Akyl"
"Akylym"diýmäýdä galmady akyl
Sen-ä akmak bolduň , menem akylly
Asyl akmak maňa berip dur akyl

7

Ýylgyryp ýanyma geläýdä aýym
Gündüzler Günüm bol,gijeler Aýym
Sensiz ýyla döner aýlanmaz sagat
Günlerim asyrdyr ,eradyr aýym

8

Näzleriň kofedir,sözleriň şeker
Ikisinden garyp beräýdä Şeker
Her gün säher gujagyňda öreýin
Bu zäher ömrüme bolaýda şeker

9

Teni ak,bugdaýreňk, gaşlary gara
Söýgümi aňlasaň gözlerme gara
Isleseň sypaýy ýumşak bolaýyn
Isle sen dogumly bolaýyn gara

10

Ýap-ýaňyja gyzaranja ,süp-süýjije alma sen
Seni senden gabanaryn,meni menden alma sen
Nüçün kalbym jigläp gidýär şol ady eşdenimde
Çünki çagalyk söýgüm Çary gyzy Alma sen

11

Ýürekdäkilermi aňla açyk ýüz
Gelde söýgi ummanynda sende ýüz
Seni söýüp gezýän başga dünýede
Arzuwlarym ,armanlarym müňde ýüz

12

Şu bendimi saňa bagladym Gözel
Gür gaşlaryň ,mar saçlaryň ne gözel
Dünýämiň eýesi Dünýägözelim
Gör adyňam Gözel ,özüňem gözel

13

Waspyň ýazyp kän çaýlarym sowady
Lowlan yşgym indi biraz sowady
Özümdenem kiçi diýip ýördüm men
Asyl menden kän ekeni sowady

14

Ýarymym adyna "Jennet" diýdiler
"Sogap gazan jaýyň jennet " diýdiler
Asyl jennet dünýede-de bar eken
Şol ýaryň gujagy jennet "diýdiler

15

Eliňdäki bir süýjije nar ýaly
Göwsüňdäki ondan süýji nar ýaly
Alma nary görüp jennetdir öýtdüm
Dowzahynda ýakdy meni nar ýaly

16

Gelde ähli duýgylarmy döw indi
Arzuwlarmy,armanlarmy döw indi
Halys irdim bu duýgyly dünýeden
Bolaýyn men bir duýgysyz döw indi

17

Gelmediň sen eräp gitdi gar indi
Sen gelermiň ,gelermi şol gar indi
Sensizlikde ýaşaýaryn ser-sepil
Gussalarňy gussalarma gar indi

18

Gussalardan gurap galdym boldum kak
Gir dünýäme duýdansyzja gapym kak
Bol çeşme sen,gurap galan teşne men
Iň bolmanda birje owurt bolaý kak

19

Sensizlikde sergezdanam , it menem
Bolaýynla bir wepaly it menem
Ýok it deý wepaly bolup bilmerin
Gel gowysy bir çukura it menem

20

Doglan müçäň ýylan ýaly bolup dur
Gür saçlaryň ýylan ýaly bolup dur
Sen gelmänkäň dünýäm örän sowukdy
Sen gelen soň ýylan ýaly bolup dur

21

Elektrik togy ýaly barmagy
Her degende sandyradýar barmagy
Gelnim öýme gelen güni toý maňa
Maňa ýasdyr onuň öýne barmagy

22

Saçlaryňam gyzyl,dodagyň gyzyl
Elleriň,gollaryň,döşüňem gyzyl
Sypatyň durşuna gyzyl bolup dur
Soňra sorap gördüm adyňam gyzyl

23

Terje alma ýaly ýaňaklaň sary
Ýör gideli biz bagt köşgüne sary
(Edil özi ýaly senem saryja
Seni ýüreginden söýüpdir Sary)

24

Bilbil kän daşyňda ,bolsaň terje gül
Mydam şu günki deý elmydama gül
Ömürlik bagta ýar,bolasy gelip
Bagtyny baglaýar Bagtyýar hem Gül

25

Şunça ýyllap çopan bolduň , mal boldy
Mallaryňam bary ýagşy mal boldy
Doýmadyňmy ýalançynyň malynda
"Mal-mal"diýip ahyr özi mal boldy

26

Gurbanlyk gelende ýylgyryp Gurban
Diýdi ol "Aýlaryň gowysy gurban
Garnyň kemsiz doýýar,işem bolmaýar
Bolaýyn gurbanyň gurbanna gurban"

27

Soňra loh-loh edip güldide Aşyr
Diýdi ol "Aýlaryň ajaby aşyr,
Sapar aga sen bir goşulma" diýdi
Gowsy degişmeni üstüňden aşyr

28

Goşulma diýsede goşuldy Sapar
(Olam ýaňy-ýakyn bolupdyr sapar)
Diýdi ol "Öwünip ýadamadyňmy?
Şol bir zady gaýtalap ýüz müň sapar

29

Ýylgyrypjyk otyr ine Remezan
Diýmedi "Aýlaryň gowsy remezan "
Entek barymyzdan kiçi çagady
Boldy barymyzdan uly Remezan

30

Remezan gutardy ,gelipdir baýram
Baýram güni bolýar aýratyn baýram
Musulmanlaryň bir -birini gutlaýar
Doglan oglanlara dakylýar Baýram

31

Gurp galmady ne elde ,ne aýakda
Gurplyjadym geçenki aý aýakda
"Aýaga çolaşyp ýörmäň"diýerdim
Gör özümem galdym bu gün aýakda

32

Gerekmi sil kimin joş urup akmak
Şunça akdygymça diýýärler "Akmak"
Heýde akyllynyň gadry bilnermi?
Bolmasa dünýede men ýaly akmak

33

Goý diýseler diýibersinler akmak
Gerekdir sil kimin joş urup akmak
Akyp-akyp ahyr deňze ulaşsam
Bilerler neneňsi gowy zat akmak

34

Işe girdim puljagazym bol boldy
Begenjimem,gazanjymam bol boldy
Işgärlerden kän ekeni başlyklar
Başlyklarmyň bary bolda bol boldy

35

"Maňa tämiz ýüreklerde bolsa ýer"
Diýip goşgy ýazýan tapsam ajap ýer
Gynanma "Men juda aşakda "diýip
Seret aşagyňda göterip dur Ýer

36

Ejem ýada düşýär mäländä guzym
Diýerdiň çagakam sen maňa "Guzym"
Ömür boýy guzyň bolup galaýyn
"Indi goç bolupdyr"diýýärsiň "Guzym "

37

Kähalat maňada diýýärler "Uzyn"
Sebäbi anyk bu boýum uzyn
Arasynda gowsun saýlap alaýyň
Çünki boýum ýaly goşgymam uzyn

38

Ýazaý indi iki ýürek bir boldy
Ýataý indi seret sagat bir boldy
Ýazyp-ýazyp ýaranmadym ýaryma
Ýazanymam ýazmanymam bir boldy

39

Tuýugly poema ýaz diýdiň bolda
Ýazjak ,gowja sözler tap maňa bolda
Kyrka ýetse poema bor " diýdiler
Ine kyrka ýetdi poema bolda

40

Tuýugly poema ýaz diýdiň Gerçek
Maňa haçan diýjek hakyky gerçek
Men-ä poemamy ýazyp bilmedim
Senem sopy bolup diýmediň gerçek

Gerçeknazar Amannazarow

(24.03.2023)
3 лайков 282 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Retro
Retro
24 мар 2023, 23:11
Biriňiz alsaňyzlaň elinden şuň telefonuny
Poems
25 мар 2023, 00:26
Gaty gowy bolupdur, bular yaly poemany yazyp basharyan az, galamyñ yiti bolsun
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 00:40
Jemsitpoet,
Düşüneniň üçin sag bol .
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 00:42
Retro
Biriňiz alsaňyzlaň elinden şuň telefonuny

Şonsuzam telefon özümiňki däl
Retro
Retro
25 мар 2023, 01:07
Gaty gowy bolupdur, bular yaly poemany yazyp basharyan az, galamyñ yiti bolsun


????????.....
Öwreniji
25 мар 2023, 07:38
Poeamamy bu, Rubagy? ????? Dogrymy aýtsam Aklymam garrapdyr ýaly. Berekella Näme ýazanam bolsañ.
Mümkin
25 мар 2023, 07:44
Dogan , tuýug diýlen zadyñ kapyýalaşýan sözleri omonim (aýdylyşy, ýazylyşy birmeñzeş, manysy başga sözler) bolmaly. Siz çala ýalñyş düşünipsiñiz. Meselem, birinji tuýugyñ kapyýalaşýan sözleri salam - salam - salam - üçüsiniñem añladýan manysy bir.
Düzli, "Ýagşymyly" "Gerçekli" kapyýalar dogry. "Akyl" kapyýaly tuýug hem ýalñyş. Üçüsem şol bir many. Şonuñ ýaly ýalñyş tuýuglar kän eken. Özüñiz täzeden gözden geçiräýiñ.
Öwreniji
25 мар 2023, 07:45
Zehin Idegsiz gögeren (Hydyraýy pomidor ýaly) şolam bir ýerden iýmitini ýetirmeseñ, hasyly kiçi bolýar. Sen Zehiniñ köp zada sarp etmede Köp zady zehiniñe sarp et. Bolmasa gaty ownadyp barýañ. Bir sözüñ üstünde işlejek bolup, uzakly gün pikirlenip gowuja zat bolar diýip oýlananlarymam, Sen kakyp alyp dursyñ ???. Çynym goşgularyñ sany köpeldigiçe tagamy ýitip barýar.
Owrenyan
25 мар 2023, 10:33
Geň galaryn öýtmeýädim,
bi zamanda bi çakda,
ýöne şu setirler haýrana goýdy meni (dyzaberseň birzatlar, birzatlar çykjagam ýaly-laý :-)):

Salam Dürlüm, ýagdaýlaryň ýagşymy?!
Sözüň sazmy ýa-da ýazyň ýagşymy
"Gerçek goşgy ýazyp bilmez"diýdiler
Synla indi ýagyş ýaly ýagşymy
Owrenyan
25 мар 2023, 10:35
Remezan,

"Hydyraýy" - ýaman gowy söz eken-ä.
Biz tarapda idegsiz, özbaşyna gögeren ekine "hyrawa" diýilýä.
Ýöne "Hydyraýy" has ajap eken. Hamana "adaty daýhan däl-de Hydyr ata ideg-yssywat eden ekin" diýen manyda. Bet. Sag bol. "Ölinçäň öwren" (barybir şo akmaklygyňa-da ölersiň :-)) diýilýäni.
Öwreniji
25 мар 2023, 11:47
Owrenyan,
Salam Serdar aga, el.poçtañyzy berseñiz habarlaşar ýaly
Gerceknazar
Автор 25 мар 2023, 15:52
Maslahatlaryňyz we bellikleriňiz üçin hemmeňize sag bolsun aýdýaryn. Indikilerde hökman göz öňünde tutaryn.