Tuýugly poema

TUÝUGLY POEMA

1

Bilýäris Allanyň ady bu Salam,
Şonuň üçin ilki diýeýin salam.
Salam-edep başy,göwünleň hoşy,
Aýrylmasyn salam , walikim salam.

2

"Tuýugly poema ýaz maňa Gerçek,
Şonda saňa diýjek,"Hakyky gerçek"
Menem diýdim "Ýazjak,sen sopy bolsaň,
Sopy bolup gelip diý maňa gerçek"

3

Adym Gerçek ,ilim Ahal ,tiräm top
Yşgym-goşgy,dostum kitap,hobbim top
Setirlerim dostlarymyň goldawy,
Duşmanlarma garşy atylýan bir top.

4

Salam Dürlüm ,ýagdaýlaryň ýagşymy?!
Sözüň sazmy ýa-da ýazyň ýagşymy?
"Gerçek goşgy ýazyp bilmez"diýdiler ,
Synla indi ýagyş ýaly ýagşymy .

5

Ýylgyryp ýanyma geläýdä aýym!
Gündüzler Günüm bol,gijeler Aýym .
Sensiz ýyla döner aýlanmaz sagat ,
Günlerim asyrdyr ,eradyr aýym.

6

Teni ak,bugdaýreňk, gaşlary gara ,
Söýgümi aňlasaň gözlerme gara.
Isleseň sypaýy ýumşak bolaýyn ,
Isle sen dogumly bolaýyn gara.

7

Ýap-ýaňyja gyzaranja ,süp-süýjije alma sen,
Seni senden gabanaryn,meni menden alma sen.
Nüçün kalbym jigläp gidýär şol ady eşdenimde ?
Çünki çagalyk söýgüm Çary gyzy Alma sen .

8

Ýürekdäkilermi aňla açyk ýüz ,
Gelde söýgi ummanynda sende ýüz .
Seni söýüp gezýän başga dünýede,
Arzuwlarym ,armanlarym müňde ýüz .

9

Eliňdäki bir süýjije nar ýaly ,
Göwsüňdäki ondan süýji nar ýaly .
Alma nary görüp jennetdir öýtdüm,
Dowzahynda ýakdy meni nar ýaly.

10

Aslym sorsaň sen ig bolsaň it menem,
Seň ugruňda sergezdanam, it menem .
Ýok it deý wepaly bolup bilmerin,
Gel gowysy bir çukura it menem.

11

Doglan ýylyň ýylan ýaly bolup dur ,
Gür saçlaryň ýylan ýaly bolup dur.
Sen gelmänkäň dünýäm örän sowukdy ,
Sen gelen soň ýylan ýaly bolup dur.

12

Kalba akýan çeşme çaýdyň bir kemsiz ,
Ajyja,gyzgynjak çaýdyň bir kemsiz .
Sen gelensoň üýtgäp gitdi durmuşym,
Ykbalyma mähir çaýdyň bir kemsiz .


13

Gel Dürlijan sylsana göz ýaşymy,
Saňa bagladym men galan ýaşymy.
Gözelligiň gözleginde goşgylar,
Ýazgylarym ýüregimiň ýaşymy?

14

Bossanlykda ýaňja biten bägülmi?
Aýt özüňem hem adyňam Bägülmi ?
Hiç haçan ellere,ýaman ýellere,
Döze bilmen ynjyk,terje bägülmi .

15

Ýürekdäkilermi diňle sen Maýa,
Toýumyza taýýar goýun hem maýa.
Men seni haladym,saýladym ,söýdüm,
Gel durmuş guraly galmaly maýa.

16

Gowusy galmaly indiki aýa,
Ömrüme şöhle saç meňzäp sen Aýa.
Bu dünýäde başga bahar barmydyr?
Ysnyşsa göwünler , gyslyşsa aýa.

17

Deňiziň düýbünde ýaşaýar merjen ,
Merjen sabyr bilen döredýär merjen .
Gaýgylanma,gynamagyn özüňi,
Düşün sen merjenden has zerur Merjen.

18

Saçlaryňam gyzyl,dodagyň gyzyl ,
Elleriň,gollaryň,döşüňem gyzyl .
Sypatyň durşuna gyzyl bolup dur ,
Soňra sorap gördüm adyňam Gyzyl .

19

Bilbil kän daşyňda ,bolsaň terje gül ,
Mydam şu günki deý elmydama gül .
Ömürlik bagta ýar,bolasy gelip ,
Bagtyny baglaýar Bagtyýar hem Gül.

20

Terje alma ýaly ýaňaklaň sary
Ýör gideli biz bagt köşgüne sary
(Edil özi ýaly senem saryja
Seni ýüreginden söýüpdir Sary)

21

Ýüz bermediň "Garyp Sary "diýdiň sen,
"Saçlaryňam çypar,sary"diýdiň sen .
Baý oglana bardyň,aýdaý ne gördüň,
"Barýan atam öýme sary"diýdiň sen .

22

Ýalbardy gyz "Geläý diýdi Didarym,
Didaryňa zar bolupdyr didarym.
Aldyň ygtyýarym hem ygtybarym,
Indi özge gararmyka didarym ?

23

Gussalardan gurap galdym boldum kak
Gir dünýäme duýdansyzja gapym kak
Bol çeşme sen,gurap galan teşne men
Iň bolmanda birje owurt bolaý kak

24

Duýgylarym çimtik-çimtik halymy?
Senden başga bilýän ýok bu halymy.
Şeýle duýgylarmyň sebäpkäri kim,
Menmi ýa-da ýaňaklaryň halymy?

25

Buşla hemme kişä Mämmet,Oraza,
Yslam döwletime geldi oraza.
Gör mömünler gijelerne namazda,
Gündizlerne bolsa tutýar oraza.

26

Ýene-de bir zady aýdaýyn Gadyr !
Bilýäris gijeleň serweri gadyr.
Poemamy gadyr gije ýazýaryn,
Goý gerekli bolsun, goýulsun gadyr.

27

Remezan gutardy gelipdir baýram,
Baýram güni bolýar aýratyn baýram.
Aýt namaz okalýar,janly kesilýär,
Doglan oglanlara dakylýar Baýram .

28

Gurbanlyk gelende ýylgyryp Gurban ,
Diýdi ol "Aýlaryň gowysy gurban ,
Garnyň kemsiz doýýar,işem bolmaýar ,
Bolaýyn gurbanyň gurbanna gurban".

29

Soňra loh-loh edip güldide Aşyr
Diýdi ol "Aýlaryň ajaby aşyr,
Sapar aga sen bir goşulma" diýdi
Gowsy degişmeni üstüňden aşyr

30

Oýlanyp ,ölçerip Durdyýew Sapar,
Daşary ýurtlara eýledi sapar .
Soňra işçi bolup galdy şol ýerde,
Aýalyn,çagasyn görmän bir sapar.

31

Tirkeşip-tirkeşip gelýändir tirkeş,
Şol aýda doglana dakylýar Tirkeş .
Namartlar namartlyk edip göýberýär,
Tirkeşseň merdana är bilen tirkeş.

32

Aýdyň maňa asmandaky ýyldyzlar !
Artyp barýar zeminde-de ýyldyzlar.
Aldaýanlaram kän,aldanýanam kän,
Ykbalyňy çözýärmikä ýyldyzlar ?

33

Gurp galmady ne elde ,ne aýakda ,
Gurplyjadym geçenki aý aýakda.
"Aýaga çolaşyp ýörmäň"diýerdim ,
Gör özümem galdym bu gün aýakda .

34

Dirikä diýmediň käbäňe käbäm,
Indi öz gyzyňa diýýärsiň Käbäm.
Hapysa "käbeler" köpelip barýar,
Bagyşla sen bizi, bagyşla Käbäm.

35

Başlyk boldy hondan bärsi ,gabarýar,
Gör garnyda gitdigiçe gabarýar .
Işgärlerniň gargyşlarnyň güýjümi?
Aýasynda bir gabarçyk gabarýar.

36

Içýäniňe arak,çekýäniň esse ,
Ne kitap okaýaň , ne-de bir esse.
Içýäniň,çekýäniň,okamaýanyň hiç,
Ilden özüň artyk saýýaň iki esse.

37

Dostum diýdi "Şu gün aýyň bäşimi?"
"Howwa" diýdim, "Çagyr" diýdi "Bäşimi".
"Öwezi,Durdyny,Çaryny çagyr,
Bu gün bellejek men ýigrim bäşimi".

38

Menem diýdim "Ýadatdyňaý arassa"
"Haçan boljak günälerden arassa ?"
Senem diýdiň "Men täzeden doguljak,
açaýaly,içäýeli arassa.


39

Ýazaý indi iki ýürek bir boldy ,
Ýataý indi seret sagat bir boldy .
Ýazyp-ýazyp ýaranmadym ýaryma ,
Ýazanymam ýazmanymam bir boldy.

40

Tuýugly poema ýaz diýdiň Gerçek,
Maňa haçan diýjek hakyky gerçek .
Men-ä poemamy ýazyp bilmedim ,
Senem sopy bolup diýmediň gerçek .

(17.04.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
0 лайков 292 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.