Yşk öýüm

Eý ki pynhan sözleýän men derdimi,
Gurmuşam men weýranada ýurdumy.

Weýranadan çykyp göçsem düzgüne,
Güýzünden-gyşyndan gonsam ýaz güne.

Yşk öýün gurupdym – dört tärim bilen,
Işik söýe goýup – öz kärim bilen.

Tüýnük aýlap öý üstünden gonduryp,
Dört ýerinden egri ugy galdyryp,

Berk edip ýerbe-ýer – tärime saryp,
Düzüni uga düzgän – bile ýörip,

Durluk tutdum dört ýerine ýar bilen,
Goşma salyp – üzük goýdum zor bilen.

Tüýnügiň üstünden serpigi atdyk,
Gamyşy aýlap biz işimiz tutduk.

Ýüp aýlap daşyndan – bile ýortduk biz,
Tanapdan toýnukdan urgan atdyk biz.

Tapýapary gapysynda sarkdyryp,
Gyş günleri içinde ot ýakdyryp.

Yşk öýüm gaýymdy her bir binadan,
Gymmatly bahaly kümüş tylladan.

Sörtük ösdi ýel gazygyn gopardy,
Gara ýel gelip barysyny göterdi.

Öýüm darganakda – kaýda bolsamkam??
Ýurdum hazan alsa – nirde gonsamkam??

Bilmedim düzüni gaýym düzmedim,
Ýa ýelgazyk kakyp özüm ezmedim.

Ýa ygagazygy gowşak kakdym men,
Bilmedim – dertdeşler gözýaş dökdüm men.

Umydym bar yşk öýümi diksem diýp,
Gara ýel sörtügi baryn ýyksam diýp.

Humaý diýr hoşabat ösgün elgine,
Biziň üçin, siziň üçin il-güne.

HUMAÝ
Türkmensähra-Eýran


Çeşmesi: https://turkmenkultur.com/menu/ml/t9/humay.html. 07.03.2023ý.
1 лайков 57 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.