Toplar
«Coca-Cola» kompaniýasynyň öňki ýerine ýetiriji direktory Braýan Daýsonyň otuz sekuntlyk çykyşynda sözlän sözi:
Durmuşy bäş topy howada aýlap, ýere gaçyrmajak bolunýan oýun diýip göz öňüne getiriň. Şol toplar – iş, maşgala, saglyk, dost-ýarlar we ruhumyz. Siz bularyň baryny ýere gaçyrman, howada aýlap dursuňyz. Bularyň arasyndan «işiň» rezin topdygyna düşünmek size kyn düşmez. Sebäbi ol eliňizden gaçaýanda-da, böküp ýene ýokaryk galar, öňki ýerine barar. Emma beýleki dört top welin, çüýşeden ýasalandyr. Bularyň birini eliňizden gaçyrsaňyz, döwler. Döwülmese-de, çat açar welin, edil öňküsi ýaly-ha bolmaz.
Ine, şol dört topy ýere gaçyrmajak boluň! Iş wagtynda eliňizde baryny edip işläň. Iş wagty gutaransoň welin, derrew öýüňize gaýdyň. Maşgalaňyz hem-de dost-ýarlaryňyz üçin näçe wagt gerek bolsa, bölüp aýryň. Bir kemsiz dynjyňyzy alyň.
Gymmatlyklar diňe gymmaty bilnende gymmatlydyr.
3 комментария