Professor we çakyr...

Filosofiýa professory synpda okuwçylaryna öňündäki käbir materiallary öwredýärdi. Ilki bilen öňündäki boş bankany 5 sm kesip ony daşlar bilen dolduryp başlady. Ol okuwçylardan bankanyň doludygyny sorady we okuwcylar doludygyny boýun aldylar.

Bu gezek professor bir guty çagyl daşyny alyp, bankanyň içine guýdy. Küýzäni ýeňil silkende, daşlar uly daşlaryň arasyndaky boşluklary doldurdy. Professor ýene-de okuwçylaryndan bankanyň doludygyny sorady we olar razy boldular.

Bu gezek bir guty çäge alyp, bankanyň içine guýdy. Elbetde, gum galan boşluklary dolduranda, okuwçylaryna şol bir soragy gaýtalady. Talyplaryň hemmesi bankanyň doludygyny gaytladylar.

Bu gezek professor stoluň aşagyndan bir çüýşe gyzyl çakyr alyp, bankanyň içine guýdy we çägeleriň arasyndaky boşluklary dolulygyna doldurdy. Talyplar gülüp başlanda:

"Indi" -diýdi, "bu bankanyň durmuşyňyzy alamatlandyrýandygyny bilmegiňizi isleýärin. Daşlar durmuşyňyzda möhüm zatlar. Ýagny maşgalaňyz, söýgüliňiz, saglygyňyz. Bular durmuşyňyzy doldurjak, manyly etjek zatlar , hemme zady ýitirseňiz hem we çagyl daşlary bolsa siziň işiňiz, öýüňiz., awtoulagyňyz ýaly möhüm zatlar we ş.m. Gum bolsa galan ownuk zatlar.

Ilki bilen bankany gum bilen doldursaňyz, çagyl daşlary we uly daşlar üçin ýer bolmaz. Durmuşyňyzda-da edil şonuň ýaly. Ähli wagtyňyzy we güýjüňizi ownuk zatlara sarp etseňiz, durmuşyňyzda siziň üçin möhüm zatlara ýer bolmaz. Soňra sözüni dowam etdi:

Bagtly bolmak üçin gaty möhüm zatlara üns beriň. Çagalaryňyz bilen oýnaň, yzygiderli lukman barlagyndan geçiriň. Söýgüliñiz bilen wagt geçiriñ. Elmydama işe gitmek, jaý edinmek, abatlamak we sadaka bermek üçin wagtyňyz bolar. Ilki bilen uly böleklere wagt sarp ediñ hakykatdanam möhüm şolar. Ileri tutýan zatlaryňyzy kesgitläň. Galan zat gum.

Okuwçylardan biri elini galdyryp, şerabyň nämäni aňladýandygyny sorady.

Professor ýylgyrdy: "Soranyňyza begenýärin. Durmuşyňyz näçe doly görünse-de, hemişe gowy çüýşe şerap üçin ýeriň bardygyny görkezmek üçin." :))))
3 лайков 148 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gumly gelin
30 июн 2022, 12:05
Gowy....Sag boluñ ýetirenñiz üçin.
Döwlet Şöhradow
30 июн 2022, 14:05
Öň görüpdim bir wideoda psiholog rusça düşündirýärdi...
Гость
30 июн 2022, 14:52
Içmeýänleňki boş durmalymyka gumdan soň
Ra 4444
Автор 30 июн 2022, 17:41
suw guyay name.
icmela sendagy :)))