Sümer Plita ýazgylary (3-nji plita)
ÜÇÜNJI PLITA
Nibirunyň täleýu meniň ellerimde, aýdanlarymy üns berip diňle. Nibiruwa goýy reňkli Ýerden ses ugradyjy tarapyndan şeýle sözler ugratdy. Alalunyň sözleri patyşa Anuwa baryp gowuşanda Anu gaty geň galdy, gulaklaryna ynanmady: patyşanyň maslahat soraýan adamlary hem muňa geň galdylar, alymlar gökden inen ýaly bolup haýran galdylar. Olar: ''Alalu ölmedimi?'' diýip soradylar biri-birlerine. ''Başga bir dünýede gezip ýörendigi dogrumyka?'' diýip biri-birlerinden ynanman soradylar. Nibiruda bukulyp bir ulaga münüp şo ýerden ugradýan bolaýmasyn ol!?''
Ulaglaryň serkerdeleri patyşanyň huzuryna geldiler: Alymlar gelen sözleri derňäp, barlaşdyrdylar. Sözler Nibirudan gelenokdy. Döwülen bilezigiň aňyrsyndan gelýärdi. Olaryň çykaran netijesi şeýle görkezýärdi. Patyşa Anuwa muny bolşy ýaly aýdyp berdiler. Anu integem muňa ynanyp bilenokdy.
Huzuryna gelenlere ''Sözlerini eşidendigimizi'' ýollaň Alaluwa diýdi. Gök ulagdan Alaluwa şeýle diýsinler: ''Patyşa Anu saňa salam ýollaýar, janyň sagdygyny eşidenimde begendim...
ALALU ANUNYŇ ÝERINE GEÇMEKÇI BOLÝAR
''...Nibirudan gaçyp gitmeklik üçin hiç hili sebäp ýokdy, Anunyň ýüregi ynjalmady. Halasgär altyny hakykatdanam tapan bolsaň, Nibiru halas bolsun rugsat et'' Anunyň sözleri Alalunyň ulagyna gowuşdy. Alalu derrew onuň jogabyny gyzgyny bilen ýetirdi: ''Sizi salamata ýetirip, kömek etsem, şejerämiň barly asylly bolandygyny kabul edip şazadalar ýygnaga toplansynlar. Serkerdeleriň başyna geçeýin, emirime boýun bolsunlar. Mejlis meni patyşa diýip yglan etsin, Anunyň ýerine tagta geçeýin. Alalunyň sözleri Nibiruwa baryp gowuşanda onuň bu teklibine ýene-de geň galdylar.
Anu nädip aýrylsyn tagtdan diýip biri-birlerinden soraşdylar: ''Alalu ýalan sözleýän bolsa näme!? Niräk gitdikä? Hakykatdanam altyny tapypdyrmy?''
Alymlary çagyrdylar, ylymdarlardan soraşdyrdylar. Iň ýaşulylary şeýle diýdi: ''Alalunyň ussadydyryn men, Başlangyja degişli hekaýalary eşidipdi; saýýara arasyndaky Gök söweşlerini bilýärdi, suwlak janawer Tiamaty (Ýeriň atasy) we onuň altyn damarlaryna degişli okuwy öwrenipdi.
NIBIRUDAKYLAR ALALUDAN SUBUTNAMA SORAÝARLAR
Eger hakykatdanam döwülen bilezigiň aňyrsyna baran bolsa gonan mesgeni Ýerdir. Ýedinji saýýara. Bu ýere toplananlaryň arasynda bir şazada öňe çykdy. Ol Anunuň ogullaryndan biridi, Anunyň aýaly Antudan bolan şazadady.
Enlildi ady. Ady Emirleriň jenaby diýen manyda. Ol şeýle diýdi: ''Alalunyň teklibi edil ýerine ýetirilip barylmaly däl. Onuň ellerinden bela üstüne bela gelipdi, ýumruklaşmakda tagtyny ýitirdi.
Tiamatyň altynyny hakykatdanam tapan bolsa, munuň subutnamasy gerek; atmosferamyzy halas etmek üçin ýeterlikmi altyn? Döwülen bilezikden geçirilip nädip getirilip biliner?'' Anunyň ogly Enlil şeýle diýeninden soň beýlekiler hem sorag üstüne sorag ýagdyrdylar.
Gaty köp subutnama gerek diýdiler bir agyzdan. Enliliň beren maslahatyna görä subutnama Alaluwa baryp ýetende, Alalu Ýere gelmek üçin köp jepalar çekendigini, kösenendigi hakynda dogry habarlary ýollady. Synaýjynyň içindäki Kristal kysmyny ýerinden çykaryp hemme tapyndylary gözleşdirdi. Subutnamany Nibiruwa ugratdy. Alalu onuň ýany bilen şeýle sözlerem ugratdy: Subutnama baran bolsa patyşa diýip yglan ediň meni, buýrugyma boýun egiň!'' diýip pert sözleri ýollap goýberdi.
Alymlar subutnamany görüp doňňara daş ýaly doňup galdylar. Alalu Sarsdyryjy ýaraglary bilen Nibiruny peläkete ugradypdy, Sarsdyryjy ýarag oky bilen bilezigiň arasyndan ýol açypdyr.
Nibirunyň aýlawy o ýere golaý baranda bela inderer...
Mejlisde gorky, tolgunma örboýuna galdy. Patyşalygy şeýdip ele almak hakykatdanam bolup biläýjek ýagdaý.
Anu Patyşalygyň şejeresinden gelmegine garamazdan tagta göreşip çykypdy. Şazadalaryň arasynda Anunyň ogly aýak üstüne galdy. Her hili ýagdaý başa düşende çykalga tapýardy. Ylymdarlaryň arasynda tanalýardy.
E.A. ÝERE TARAP UÇMAGYŇ UGRUNA ÇYKÝAR
Suwlaryň syrlaryny öwrenen ussat E.A. öýi suw bolan diýmekdi ady. Anunyň birinji ogludy; Alalunyň gyzy Damkina öýlenipdi: ''Meni dünýä getiren kakam Anu patyşadyr diýdi'' Ea.
Alalu bolsa gaýynatam. Iki kabylany birleşdirmekdi öýlenemde bar niýetim; bu dawwany köşeşdirip birligi saklajak bolýaryn. Anunyň Alaluwa ugradan ilçisi bolaýyn, Alalunyň giden yzyny yzarlap gideýin. Ulagyň içinde Ýere ugraýyn, bilezikden geçmek üçin ot bilen däl-de suw bilen ýol açaýyn. Rugsat berseňiz Ýerdäki gymmat altyny suwlardan çykaraýyn welin Nibiruwa ýollansyn.
Alalu ylymdarlaryň geljek netijesine garaşýança Ýerde patyşa bolsun, Nibiruny halas etjek bolsa, rugsat berseňiz täzeden tutluşyk bolsun, göreşsin. Nibiruda täzeden kimiň höküm sürjekdigi şonda äşgär bolar.
EANYŇ SÖZLERI BIR AGYZDAN KABUL EDILÝÄR
Şazadalar, danyşmenler, ylymdarlar, serkerdeler Eanyň sözlerini diňlediler. Geň galdylar. Hikmet bilen doludy sözleri. Meseläni çözüpdi. ''Dogry, şeýle edilsin'' diýip yglan etdi Anu. Ea uçuşa taýynlansyn, altyn barlagdan geçirilsin. Soňra Alalu bilen ikinji gezek göreşjek, ýeňen Nibiruda patyşa bolsun.
Anunuň bu sözlerini Alaluwa ugratdylar. Alalu pikirlendi-de muňa razy boldy: ''...Oglum Ea Ýere gelsin, suwlardan altyn çykarylyp, Nibiruny halas edip, ikinji gezek göşeş başlasyn, Anumy ýa-da men patyşa bolmaly?
Şeýle bolsun diýip Anu jemlenenlere yglan etdi. Enlil garşylyk görkezmek üçin ýerinden turdy. Ýöne giç boldy. Indi Patyşanyň sözleri üýtgemeli däldi.
Ea ulaglaryň durýan ýerine gitdi. Serkerdeler we ylymdarlar bilen tanyşdy. Uçuş wagtyndaky öňden çykjak howply, kyn ýollary hasaplady. Altyny nädip çykaryp getirip boljakdygy hakynda pikire batdy. Alalunyň gözleglerini üns bilen derňewden geçirdi.
SÜMER PLITA ÝAZGYLARY
Sümer klinopis ýazgylaryna düşündiriş beren: Zakariýa SIJIN
Terjime eden: @Jeksparro
(dowamy bar)

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.