***

Saňa şo bir zady gaýtalar ýörerin,
Nädip bolar seniň göwnüňe ýarap –
pikrin etmerin.
Bilýäň-ä, onsuzam işim köp meniň,
Men kowýan guşlary günorta tarap.

Ýarygije oýanyp, tukat şäheriň
Gussasyny ölçeýärin sönmedik
çyralaryndan.
Gyşa aşyk guşlaň sowukdan gatan
jesedini ýygnaýaryn ýodalaň
gyralaryndan.

Säher ýollaň çyralarny söndürýän,
Oýarýan ukusyz awtobuslary
Hem çekip bulutlaň şekillerini,
Ýüp bilen berkidip, göge asmaly.

Soň,
şäheriň adamlary irende,
Ýetimleriň hüwdüsine hiňlenýän.
Gün doganda, duralgalaň birinde
Gelmezmik-ä diýip garaşyp görýän
kimdir birine...

...Her gün öz-özümden gaçyp ýörün men,
Seni gujaklamda aglasym gelýär.
Özümi ugradyp başga ýerlere,
Meniň seniň bilen galasym gelýär.

Begençgeldi Orazow
8 лайков 167 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
16 апр 2023, 15:37
Gün doganda, duralgalaň birinde
Gelmezmik-ä diýip garaşyp görýän
kimdir birine...


-kime garaşýanyňy bilmän garaşmak iň erbedi bolsa gerek şü
Гость
16 апр 2023, 15:38
"Bir gün çykarlaý meňem salýonny maňlaýymdan biri" diýip garaşýan ýaly çýo to
Karkara
Автор 16 апр 2023, 15:46
Liriki gahrymanyň ahwaly bu
Гость
16 апр 2023, 15:47
Karkara,
Düşündimle )
Perman Izakow
16 апр 2023, 20:14
Super?
Venus
17 апр 2023, 02:01
Awtoryň guşlaryň bilen arasy has gowy) hemmesinde diýen ýaly bar)