Eje şeýle bir aglasym gelýär!
Eje, şeýlebir aglasym gelýär, gözýaşlarym bilen bütin älemi gark edip.
Eje şeýlebir aglasym gelýär, dodaklarymyň titremesine goşup, bütin älemi sarsdyryp.
Eje şeýlebir aglasym gelýär, bütin älemi batly sesim bilen lerzana salyp. Ýöne başaramaýaryn, adamlar ejiz görmeginden gorkup däl-de seniň kalbyň aglamagyndan gorkup eje Eje meniň bu göz ýaşlarym seniň begenç gözýaşlaryňa maýa goýum bolar.
Eje men saňa aglamazlyga söz berip bilmerin, emma seniň gaýgylanyp, ejizläp aglamagyňa ýol bermejegime söz berýärin. Munuň üçin bolsa elbetde, seniň şatlygyň üçin biz perzentleriň elimizde barymyzy ederis. Eger doganlarym howa şary bolup seni göge galdyrmak islese men howa şarynyň ýokara göterilmegine kömek berýän ýeňil gaz bolaryn, ýa-da howa şary deşilse men şol ýerde õzümi goýup ýama bolaryn eje. Seniň bu dünýade armansyz gezmegiň üçin men kynçylyklaryň arasyndan edil daşy ýaryp çykýan çaýyr kimin kynçylyklaryň içinden erş- argaç bolup geçerin eje.
Eje sen töwerekdäkileriň maňa tarap ugrykdyran urgylaryndan hiç birahatlanma, Nýutonyň 3nji kanunynda aýdylyara jisimler ululyklary boýunça deň, emma ugry boýunça garşylykly güýçler bilen täsirleşýär. Olar meni äçe uly energiýaly urgy bilen ursalar özleri hem şonça energiýaly urgy bilen zeperlenýärler. Belkide " Balam, yzyna gaýtargy alsalar hem seniň hem janyň agyrýara " diýseň, ýok ,ýok arkaýyn bol eje ojagaz urgylar meni erksizlendirmez, edil molekulalary bütünleý togtatmak üçin O kelwin( -273⁰c ) temperatura gerek bolşy ýaly olara uly güýç gerek bolar, emma bu temperaturany almak kyn boluşy ýaly, bu güýji olara özlerinde toplamagam kyn bolar eje.
Eje men içimden it ýyrtyp agalap, daşymdan gülümsiremekden yadadym,töweregimdäkileriň özlerine meni gereksireden bolup goýýan sahnalaryny tomaşa etmekden ýadadym, öz ejizligimi gizläp özümi batyrsyratmakdan ýadadym, özlerini duýgularyma düşünýänsiredip aslynda duýgularymyň gramdan bir böleginede düşünmeýänlerden ýadadym. Ýöne men ýadasam hem bu endiklerimi dowam ederin seniň kalbyň bilen aglamazlygyň, hemmelere gerekli perzendim bar diýip buýsanmagyň, batyr çagaňa guwanmagyň, düşünmez derjede akmak çaga däldigimi görüp rahatlanmagyň, bu dünýäden armansyz göz ýummagyň üçin eje. Men bularyň hemmesini seniň üçin ederin eje.
Men gerek bolsa seniň üçin özümi oda ataryn diýsemä ýalňyş bolar, sebäbi hiç bir eje perzendini ota atyp synlap durmaz, bu ejeler üçin ýüregini oda gowurmakdanam kyn bolar. Ýöne haçanda sen meniň üçin õzüňi oda atanyňda men suw bolup atylaryn eje.
Eje - seniň gözleriň lenç edilen ummana däl-de, bütin älemi söhleleri bilen ýagtyltýan ýyldyzlara meňzeýär. Ýyldyzlar öz şöhlesi bilen älemiň ýaşaýşyny üpjün edýän bolsa, seniň gözleriň nury bilen perzentleriň gelejege barýan ýoluny ýagtyltýarsyň eje.
Eje-seniň kalbyň edil äleme meňzeş, biz adamlaryň älem barlygynyň soňuna aňymyz çatmaýşy yaly, seniň kalbyňdaky söýgüňe, mähriňe biz perzentleriň entek- entek aňy çatmaz eje, haçanda õzümiz eje kaka bolanda düşüneris, edil ylym has ösende äleme göz ýetirişimiz ýaly.
Rigel.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.