******

Ýeňip gitginiň.
Bir dana diýipdi: durmuşda oglum,
Ähli kynçylygy ýeňip gitginiň.
Eger üstünlige ýetmek isleseň,
Şol agyr ýollary eňip gitginiň.

Doguşyn synlap gör, Günüň hem Aýyň,
Çöregin iýmegin husytçy baýyň,
Hödür-kerem bilen berilen paýyň,
Özüň kaýyl bolup oňup gitginiň.

Köpelsin şanyň hem alkyşyň seniň,
Halal rysgalyňda bolmasyn kemiň,
Ýaragyn derdine mydam il-günüň,
Ömürlik aňyna siňip gitginiň.
Dawut Hojageldiýew.
2 лайков 126 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
23 мар 2023, 16:17
Goşgyny haladym, ýöne şu "gitginiň" diýen söz edebi dilimizde ýok. Ýerine başgarak söz ulansaň gowy bolaýjak ýaly.
"Bir dana diýipdi" diýmegiň özi şol danaň aýdanyny gulagyň bilen eşideniňi aňladýar. Döwrümizde ýaşaýan dana kimkä? diýip oýlandym (Diňläp otursaň-a hemmämizem dana welin...).
"Şol agyr ýollary eňip gitginiň" şu ýeri diňe kapyýa üçinmikä ýa awtor başga zat diýjek boldumyka?
"Husytçy" husyt sözün-ä eşidýärdik, husytçy ondanam bäş beter diýmekmikä??
"Hödür-kerem bilen berilen paýyň" o nähili paý bolýarka, düşünmedim.
"Köpelsin şanyň hem alkyşyň seniň" şanyň hem alkyşyň sözleri bir setirde oňuşmaýan ýaly göwnüme, ikisini aralar ýaly ýene bir söz goşmalymy ýa??
Garaz gowy, döredijiligiňize üstünlik!
Edepli Gödek
23 мар 2023, 17:31
Haýranym haýranda haýran haýkyrýada.
Näme üçin häzirki döwürde eline galam alan kişi tut-da-bas akyl berip ugraýa?!
Jan dogan (hemme akyl-ündew görnüşde goşgy çyrşaýan öwrenjelere degişli) seň bu zatlaryň gerek däl! Senden öň million setir ýazyldy bu babatda. Entek biz Pyragyň, Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň aýdyp gidenlerini bir ýerine ýetireli! Seňki näm-aý?! Ýazýaňmy ýaz! Ýöne akyl berme! Gül diý, gyz diý, yşk diý, bolýa al eje diý, tebigat diý oňaryp bilseň, söýgiň nämeligini bilmän söýdüm diý, köýüp görmedik halyňa köýdüm diý ýöne gaýrat et adamlara akyl berme! Oňarýaňmy "aç gözümizi" ýaz hakykaty şolar ýaly akylyň, pähimiň, paýhasyň özüňden daşyp daş-töweregiňe dökülip duran bolsa.
Edepli Gödek
23 мар 2023, 18:08
Nähili dana ol kynçylygy ýeň diýýä ýöne nädip ýeňmelsini weli öwredenok.
Üstünlik näme özi? Özüňe sowal şol nämä düşünýäň üstünlik diýip? Haýsy agyr ýollar? Düşünmedim. Aý, Günüň doguşuny synlap gymyldaman otyrsaň husydyň-a däl ondan beterräk biriniňem eline garamaly bolaýmasaň. Näme indi diňe hödür-kerem bilen oňşuk etmelimi? Hemme diwana bolmalymy? Nädip şan köpeltmeli? Ýa-da näme indi şany-şöhraty ýogy sen adamam hasap etmeli däl diýjek bolýaňmy? Halal rysgal gaty jedelli bolaýmasa häzirki ýaşaýyşyň şertinde. Il derdine ýaramak gowy-la. Ýöne eden işiň iliň gözüne dürtülip durmaly seň düşünjäň boýunça hä? Ömürlik aňa siňmek bolanda näme bolýa maňa dogry düşündürsene iň gowsy özüň?! Meselem, men awtobusda bir ýaşuly birine otyrmana ýer berdim diýeli şolam il derdine ýaramak bolýa dälmi? Ýa-da iki sagatlap surnugyp ýeten nobatymy bir gyssagly bendä berdim diýeli bulam il derdine ýaramak bolýa dälmi? Ýöne men-ä bularyň hiç haýsyny ömürlik aňyna siňmek üçin etmedim. Garaz ilki öwren, bişir, iý, süňküni gemir ýülügüni sor, töwürüňi galdyr soň bize tagamyny aýt! Özüň datmankaň bize dadyrjak bolma naharyňy. Belkem çigdir, duzlydyr nä bilýäň?...
picasso
23 мар 2023, 19:54
Gurbannazar Ezizow Dantes barada yazypdyr Kerim aga gosgularnyn ichinde taryhdan dunyeden mysallar getirip bilipdir dunyagarayyslary gin bolupdyr dine duymak yetmandir maglumatlary ulanyp bilipdirler Nobatguly agada hem seyle material doly gosgulary gormek bolya
picasso
23 мар 2023, 19:57
Gurbannazar Ezizowyn dantesi yone bir meselem sahyryn gosgularynda materiallar dolup dasyp yatyr seylerak gosgular yazyp bilayseler hokman taryh dal dowrumuzdaki dunyewi tragediki yagdaylar barada maglumatlary getirip bilsediler hasam gowy bolardy
Parahat.
Автор 24 мар 2023, 16:20
Awtoryň adyndan hemmäňize sagbolsun aýdýan! Gaty gowy zatlar öwredeniňiz üçin. Ýöne düşünmän goşgy okamaň şunam ýatladaýyn. Haýyş.