Gül ýüzli ýigitler...

GÜL ÝÜZLI ÝIGITLER...

Perdeliniň işden geleni hem şoldy welin, körümşek ejesi ýüzüni garaňkyradyp, oglunyň yzysüre öýe girdi. Ýigrimi ýaşly boý gyzynyň adyny tutup:
— Täçnabady-ha dugtora äkidäýmeseň ak öýländen bäri «içim agyrýa» diýip, urunup otyr. Kakaňam öýde ýok — diýdi. Perdeli aýagyny hem epmän daş çykdy. Işigindäki garažy açyp, gyzyl «Žigulini» otlady. «Bar getir!» diýip, ýuwaş, emma kesgin gürledi. Ejesiniň Täçnabady yzyna tirkäp öýden çykanyny görüp, maşyny işige eltdi. Garaňkyda oňly saýgarmasa-da, jigisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny ýüzünden aňdy. «Irgözinden dugtor çagyraýmaly ekeniňiz-dä» diýdi. Oňa iňňildiden başga jogap bolmady. «Bolmasa menem bile gidäýeýin?» diýen ejesine, Perdeli: «Işiň ýok!» diýip, gödeňsi jogap gaýtardy.
Obadan onçakly uzak bolmadyk raýon merkezindäki keselhananyň nobatçysyna jigisini tabşyransoň, Perdeli daş işige çykyp çilim otlandy. «Köriçege dagymyka? Kesjek bolsalar rugsadam-a soraýandyrlar» diýip, ýaňadandan kabulhana girdi. Hälki, kabul eden gelinleriň birinden: «Men garaşybereýinmi ýa...» diýip, çekinibräk sorady. Gelinleriň daýawragy muňa golaý geldi. Ýyljyraklady:
— Garaşyň, elbetde garaşyň! Özüňizem obadan gelipsiňiz, bellisini bilip gidiň-dä, indi munça bolanyna görä. Indi basym bolar. Wagty golaýlan ekeni. Uf-f, çilimiňiz näm-ä, jan dogan!
Perdeli agzyndaky çilimini tas ýuwdupdy. Erbet bir zady ýüregi syzan ýaly iki ýana elendi. Sakyndy.
— Näme golaýlapdyr? Näme diýjek bolýaňyz?
Mele gelin aýtmasyz bir zady aýdandyryn öýdüp, dilini dişledi.
— Siz onuň nämesi?
— Ol gyz meniň jigim.
Duranlaryň hemmesi hem birhili boldular. Özara pyşyrdaşdylar. Gyzyň näme üçin garnyny ýasy guşak bilen çekip daňandygyna-da olar indi düşündiler. Şonuň üçinem olaryň biri ýuwaşlyk bilen Perdelä: «Azajyk garaşyň entek» diýdi. Biri «tirk-tirk» edin zalyň ugry bilen aňryk gitdi. Ýarym sagat ýaly wagt geçensoň, şol «tirkildi» ýene eşdildi. Kem-kemdenem golaýlaşdy. Elini haladynyň jübüsine sokup gelşine, ol ýoldaşlary bilen bir zatlary maslahatlaşdy. Beýleki zenanlar oňa: «Bar, onda aýt!» diýşip, yşarat etdiler. Olam: «Men-ä barybiljek däl» diýýän terzde, ýüzüni ynjyly çytyp, burçdaky oturgyja çökdi oturyberdi. Gussaly gözlerini aňyrsy gijäniň gara perdesi bilen örtülgi penjirä dikdi. Perdeli bilen başda gepleşen daýaw, mele gelin ýüregini bire baglap ýerinden turdy. Daş işikde garaşyp duran Perdeliniň ýanyna bardy. Bir salym gepläp bilmän owsun atyp durdy. Ahyry hem ýaýdana-ýaýdana:
— Gaýdyberiň, hemme zat düzüw — diýdi.
— Howwa, näme bolupdyr?
Gelin gizlejegem bolup durmady.
— Ogly bolupdyr!
— Kimiň?!
— Uýaňyzyň.
Perdelini biri guýa zyňan ýaly boldy. Ol özüniň şowurdap aşak gaçyp gelşine çenli açyk duýdy. Düýbüne ýetýänçä görgüsini gördi. Uzak ekeni... Gaty uzak ekeni... Ine-de onuň aýagy ýere degdi. Gaty. Ellerini guýynyň diwaryna diräp, aýaklaryna agram berdi. Kimdir biriniň özüne goltgy berýänini hem duýdy. Bu näzik beden, hoşroý ysly zenanyň ýaňky «buşlukçy» gelindigini bilensoň: «özüm giderin» diýip pyşyrdady. Ol indi bolan işe doly göz ýetirdi. Birbada näme etjegini bilmän ýaýdandy. Bir-ä keselhananyň ýagty penjiresine, birem gijäniň aňyrsy görünmeýän tümlügine, taýly gezek seretdi. Aşagyndan çykmasy kyn, agyr ýüküň aşagynda galandygyna hem düşündi.
Ol maşynyň ýanyna gelip çommalyp oturdy. Nobatçy jaýynyň penjiresinden, hälki zenanlaryň özüni synlaýandyklaryny, bir zatlar diýişýändiklerini duýdy. Olaryň biriniň ylgap çykaga-da: «Wiý dogan, siz bizi bagyşlaň, ýaňky ogly bolan başga biri ekeni. Biz ýalňyşypdyrys» diýmegini isledi. Töweregine
garanjaklap kän garaşdy. Emma bolmady. Halys girere başga deşik tapmansoň maşynyň içine girdi. Otlady. Dişlerini şakyrdadyp gaza basdy.
...Maşynyň sesini eşidensoň, ejesi düwdenekläp daş çykdy. Büdüräp gelşine Perdeliniň alkymyna dykyldy.
— Nähili Täçnabadyň ýagdaýy? Ýagşymy? Kakaňňam şumatjyk gelip duruşy. Gitjek bolup durdy yzyňyzdan. Ýagşy dälmi özi indi?
Perdeli: «Ýagşy-y...» diýip, öz-özi bilen gepleşýän ýaly, böwrüni diňläp dem salym durdy. Birdenem atylyp garrylaryň bolýan jaýyna girdi. Kakasynyň näme diýenini hem aňşyrman, dulda asylgy duran, ata-babasyndan galan gylyja ýapyşdy. Ony gynyndan sogrup aldy-da, gapa tarap ylgady. Gara ýer ýaly ýuwaş oglanyň lowlap ýanmasynyň ýöne ýere däldigini aňan Muhat aga tarsa ýerinden turup, oglunyň öňüne böwet
boldy.
— Bolşuň nähili?! Nirä? Munyň näme?!
Oňa çenli ejesi hem gelip Perdeliniň boýnuna zyňdy.
— Waý, balam, näbela boldy?!
Perdeli gazap bilen ata-enesiniň ýüzüne taýly gezek alarlyp bakdy. Gan öýen gözler gandar göründi. Perdeliniň dişleri şakyrdady, elleri sandyrady. Sürnüp gelen gazap, çykara ýol gözledi. Ol kükregini ýarara getiren sözleri birsydyrgyn aýdyp bilmän, üzlemsaplam edip garrylaryň üstüne gygyrdy.
— Gyzyňyz ogul dogurdy! Boý gyzyňyz... — Ol atasyna barmagyny çommaltdy. — Duluňda dogurdy-y! Duluňda-a! — Ýaňy görýän ýaly ejesine hem penjesini açyp topuldy. — Senem şoň bilen bile öldürmeli. — Sakga sägindi-de, atasyna tarap öwrüldi. — Üçüňizem, ýok, dördümizem bile öldürmeli. Hemmämizem öldürmeli.
Perdeli hununa bäs gelip bilmän aglap başlady. Ýöne, ol aga meňzemedi. Ol ullakan apy-tupanyň ýürege sygman, köwsarlap, köwsarlap ujypsyzja çykalgadan çykjak bolup dyzamagydy.
Muhat aga oglundanam beter elendi.
— Ýalandyr-r-r! Ýalandyr diýýän men saňa köpeý ogly! Ymmata sygmajak zat meniň öýüme sygmaz. Äber bäri, atam pahyrdan galan gylyjy. Öz elim bilen pürrelärin eger şo çyn bolsa. Kelamylladan ant içdigim bolsun şu! Ganjygam öldürin, köpegem. Meň namysymy itiň oslugna taýlanyň tohumy tükenýänçä gidişerin. Getir-r! — Ol oglunyň elindäki gylyja ýapyşdy. Perdelem: «Ýok, özüm gitjek» diýip, gylyjy sypdyrmady. Tut-da bas bolşup ýörüşlerine, Muhat aga ogluna ýalbarmaga başlady. — Goýber, guzym, men gideýin. Meň yzymda aglap galjak çagam ýok, sen ýaş çagalaryňy dökme...
Perdeli gylyjy gazap bilen silkip kakasynyň elinden boşatdy. Çykyberjek bolanda, boýdaş bolup duran
ejesi boýnundan aslyşdy. Bu zatlaryň nämeler bilen gutarjagyna akly ýetip duran ene elini ýakasyna ýetirdi. Aýalaryny patladyp-patladyp kükregine urdy. Eňredi.
— Emdiren süýdüme razy däldirin gitseň. Gitme! Gitme! Ýag-da bolsa ýulundym, men şondan. Päliňden el çek! Ölen eken-dä!
Şol wagt Perdeliniň aýaly çagalarynyň elinden tutup içeri döküldi. Iki elini serip işige germeldi.
— Biziň maslygymyzy basyp ötersiň. Ýogsam ötmersiň. Gitjek bolsaň, öňürti bizi gyryp, onsoň git!
Yzanda-çuwan bolşup duran gara kellejikleriň arasyndan gözüni ýumup gapydan çykan Perdeliniň öňünden Muhat aganyň inisi Sähet aga çykdy. Däli iner deý agzyndan ak köpük saçyp dyzaýan inisini garsa gujaklap, bagryna basdy.
— Dur! Dur, bir agyz sözüm bar.
Oňa çenli beýlekilerem gelip ýapyşdylar. Goýbermediler. Muhat agany hem goýbermediler. Soňabaka daşarda goh edip duruşlaryna ökünşip öýe girdiler.
— Sen şumat döw bolup barsaňam oň golaýyna eltmezler, gury goh edeniň galar — diýip, arkasyny tama
ýaplap oturşyna Sähet aga agasynamy, inisinemi, kime diýýäni belli bolmadyk halda gürledi. — Barmagyňy batyrsaň özüň günäkär borsuň. Her ýan ýatsaňam seňki ters bor. Soň ol az salym böwrüni diňläp oturdy-da:
— Be-e, hiç haýsyňyzam şumada çenli duýmaýşyňyzyaýt, muny. Aý, howwa-da, emelem köpelişipdir-dä indi. Çörli kösäň gyzynam duýmadylar-a öňňil dogurýança.
Muhat aga başyny tutup yrandy.
— Wah, ömürboýy buýsanç bilen göteren telpegim itiň syrtynda galdy-ow!
— Şu ýagdaýda başga ýol-a ýok Muhat! Hemmämizede agyr şu. Ýöne kada bar, kanun bar, şondan çyksaň-a günäkär borsuň.
Muhat aga iki aýasyny serip howany eledi:
— Bu ýagdaý kada gelýämi, onsoň, Sähet?!
Sähet aga-da jany agrap duran adam, kejikjek boldy.
Ynjyly gürledi.
— Gelmände nätjek-dä. Men-ä bolar-boldajyny, geler-geldejini aýdýan. Göz-görtele çukura itekläsim gelenok size. Maňa ýeňilmi bi? Gaýtam sen Perdeläde basalyk bol! Jahyldyr, gözüňden sypdyrma.
— Wah, gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn... — diýip, Perdeliniň ejesi şol aglap oturşyna seslendi. — Biz indi nädip öýden çykaly, nädip iliň ýüzüne bakaly? Şu gije daň bir atmabilseýdir Hudaýym!
«Içi ýanan gazal okar» diýen ýaly Sähet aga-da öz göwnüne näjaý zatlary aýdyp içini egismek isledi.
— A-aý, ýeňňe, daňam atar, günem dogar. Ilem eşider. Işli-işimize-de barmaly borus. Etjek zadyň bolmaz. Her kimiň öz kädisinde derek bolsun diýsene. Ildegündedem-ä bar, şuňňaly gyz-oglan. Öňki ýyl Çörli kösäň gyzynyň şeýle bolanyny eşidip öler ýaly namys edipdik. Ýogsam oba bir diýäýmeseň garyndaşam-a däl. Geňem germändik. Beh! Şol gezek şony şähere eltägede ýedi ýoluň ugrunda bir agaç dikipjik asyp goýaýan
bolsadylar. Baý, pent bordy-ha! Ýok. Gördi-bakdy towuklaryna «tok» diýýän ýok, basdylar ata gamçyny, urdular şama şaýyrda. «Kimden bolsada barlyş, ýazlyş» diýýäler, ana, bar bolany. Bir adam namys astynda galdy-ow, ölmez-gülmez güne düşdi-ow diýen pikir ýok. Gaty gabahat zadyň-a başyny başladylar bular. Hälem bolsa wagtynda «haý-küş» ediläýedi-dä belki.
Inisiniň gürrüňlerinden göwni suw içmedimi, nämemi, Muhat aga gyňraldy:
— Sen maňa indi nätmelidigini maslahat ber!
— Maslahaty şol oň. Degseňiz-ä özüňiz gidersiňiz. Öýüne getirip bäbegini «huwwalabam-a» bolmaz. Howwa-a... Beýlesinem gör-dä, özüň. Patasyny alaýmasaň...
Muhat aga agralan başyny ýuwaşja galdyrdy, aşak ýokary edip, birnäçe gezek yralady. Gözüniň gytagy
bilen ýer bagyrtlap ýatan Perdelä seretdi. Agasynyň gürrüňi başga ýana syrykdyraýmagyndan ätiýaç edýän ýaly, Sähet aga çalt-çalt gürledi:
— Öldi hasap edäýsene! Köňlüňden çykarda dyn. Şondan gowusy bolmaz. Gyzmalyk edip Perdelem bir zadyň üstünden baraýmasyn.
...Muhat aganyň çiginleri aşak gaçan ýaly boldy. Iliň ýanynda diliniň keltelendigini, ýüzüniň nurunyň dökülendigini duýdy. Nädeňde namysyň astyndan çykyp boljakdygy hakynda oýlandy.
Ol inisiniň beren maslahatyndan başlady. Bir janly soýaga-da gyzynyň patasyny aldy. Ed-dil öz ýakyn garyndaşy bolaýmasa üýşmeleňe hiç kim gelmedi. Çekindiler. Ýöne Täçnabada welin, bu habar günübirin ýetdi. Derňew organlaryna hem ýetdi. Muhat aga bilen Perdelini raýon milisiýasyna çagyrdylar.
Milisiýanyň naçalniginiň orunbasary, orta boýdy, çalasyn ýigit Şyhdurdyýew, Muhat aga bilen mylakatly salamlaşdy. Perdelini kabulhanada goýdy. Gojany gapdalynda oturdyp çaý berdi. Ondan-mundan mesaýy gürrüňler edibem gojany özüne gowy öwrenişdirdi. Ýaşulynyň tolgunmasy galansoň bu gün näme üýşmeleň edendigini sorady. Muhat aga gizlejegem bolup durmady.
— Gyzym öldi... Ýigrimi ýaşyndady... Öläýdi... Heniz durmuşa-da çykmandy.
Şyhdurdyýew: «Hüm-m» edip, bir zatlar ýazyşdyrdy. Öňki parahatlygy bilen:
— Bolanok, Muhat aga! — diýdi.
— Näme bolanok.
— Şol edişiň bolanok. Diri adama pata etmek...
— Iki aýagyny göre sokup oturan atany, enäni, gül ýüzli ýigidi galmaz güne salmak bolýamy?
Şyhdurdyýew ýüzüni sypajaklatdy.
— Birneme sowaşsaňyz, bu zatlaryň bary geçer gider ýaşuly. Ogluňyza-da aýdyň. Uýasyna azar berip ýörmesin. Biz o çaganyň atasynyň kimdigini eýýäm bildik. Oňa çaga bilen gyza eýeligem etdiris. Asyl ol boýun towlajagam bolup duranok. Aljak dälem diýenok. Özem asyl siziň tanyýan ýeriňiz ekeni. Puşmanam edýäler. Töwella-da gelerler. Howwa, hemmesi düzelişer, Muhat aga. Siz ýöne giňiräk boluň! Bu ýerde hiç hili üýtgeşik zat ýok. Ýaşlardyr-da... Ýalňyşypdyrlar-da...
Muhat aga para-para bolup bölündi.
— Öldi! Öldi diýdim men saňa ýaňy! Muhat gylyjyň astynda galar, namys astynda galmaz! Oglumam galmaz! Köpek bilen çörňeşmänini ýa asmandan inen birinden däldigini menem bilýän. Ýöne namysym gitdi, namysym. Indi şony aklap ak guş etseňizem maňa bir sümeklik peýdasy ýok. Ganda giňlik etse bolar. Ara ölüm düşende-de geçse bolar. Ýöne namysa gezek gelende welin ýürek giňlik edip bilmez. Ýarylar. Darka ýarylaýar...
Muhat aganyň bokurdagy dolup yzyny sözläbilmedi. Şyhdurdyýew azajyk dymdy-da, ýuwaşja gürläp başlady.
— Biziň wezipämiz jenaýatyň öňüni almak. Şol gyzyň howpsyzlygyny üpjün etmek. Şonuň üçinem biz ogluň ikiňiz bilen gepleşik geçirýäs. Ýap-ýaňyja oba guramalaryňyz bilenem gepleşdik. Olara-da gep gelmän durmazmyka diýýän.
Muhat aga uludan demini aldy. Goltugyndan ullakan ak ýaglygy çykaryp ýüzüni, gözüni süpürdi. Soň ýenede
düýrläp goltugyna dykdy.
— Tohumymda, haramzada gatanjyma ýokdy, inim! Näbileýin-dä. Ahyr ýaşymda namysa-ha galdym. Türkmeniň aty-dony, ady-abraýy, iň gymmat zady onuň namysy dälmidir? Türkmen namysdan çykybilmese, namys ony öldürýändir... Men-ä ýagşy ýigit gaýtjak. Derdim agyr. Öýe bir ýeteýin. — Muhat aga durupdurup elendi. — Her kimiň öz zandynda derek bolmasa, oňa gurama nätsin, ýolbaşçy nätsin. O bendelere azar bermäňiz-ä hijem bolanok. Günä — kim günä eden bolsa şonuň özündedir.
Ýaşulynyň ýürejiginden syzdyryp aýdýan gürrüňlerini diňläp, oňa nebsi agyryp oturan Şyhdurdyýew «otur» diýen manyda elini salgady. «Käriň şu bolsa her zatlara öwrenişmeli bolýar-ow» diýip, başyny ýaýkady. Ýenede Muhat aga çaý guýup berdi. Golaýrajygyna süýşdi. Öňküsi ýaly ýuwaş gepledi.
— Men hemmesine düşünýän ýaşuly. Seňňem ýagdaýyňa düşünýän. Ýöne, senem biziň ýagdaýymyza düşün! Biz jenaýatyň öňüni almaly. Siz ganygyzgynlyk etmeseňiz bize şo bolýa. Ýöne... Elbetde... Siziň aýdanlaryňyz... — Ol ýerinden turdy-da, Muhat aganyň egnine elini goýdy. — Ýazylan hem-de ýazylmadyk kanunlar bar, agam! Ine, şol ikisiniň aralygynda-da bir ýol bar. Düşünýäňizmi? Umuman, siz paýhasly adam. Men muňa ynanýan... Obadaşlaryňyzam şeý diýdiler. Düşündiriş beýlekem ýazyşyp durmaly ikimiz. Onda näme, men sizden arkaýyn bolaýjak. — Ol elini uzatdy.
— Hoş, Muhat aga! Ogluňyz bilenem gürleşeýinmi?
— Oglum meň diýenimden çykmaz — Muhat aga sesini sandyradyp, stoluň üstüne süýem barmagyny çommaltdy.
— Ysnat getirene, namys getirene jeza berer ýalam bir kanun çykaryň, han ogul!
Muhat aga çykyberende, «bor, bor» diýip zoraýakdan ýylgyran bolup duran Şyhdurdyýew ony ýene saklady.
— Muhat aga, ýaňky, başky gürrüňimizem ýatdan çykarmaň. Diri adama aş-suw berip ýörseň gelşiksizdä. Gaharyň ugruna gitmäň! Özüňiz bilýäňiz...
Ýaşuly Şyhdurdyýewiň ýüzüne seretdi. Onuň ýüzünden: «Şu döwürde-de bir namys beýleki diýip
şeýdip ýörmek bolarmy. Häk, ýaşuly, köne pikir Ýbolýaňyz-ow» diýen manyny aňlajak boldy. Emma ýigidiň ýüzünde beýle alamat görünmedi. Öz duýgusyny äsgermezlik etmändigi üçin, goja Şyhdurdyýewden köp minnetdar boldy. Dönüp çykyberjek bolanda, garry göwün gubaryny serpip mert gepledi.
— Aý, indi oň sakydy sowuldy inim! Berme diýseň üç-ýedisini bermäýerin. Ýöne şol gyzyň öleni-hä çyn.
Ol daşky jaýda özüne garaşyp oturan ogluna: «Ýör!» diýdi-de, şol ýerden göni oba gaýtdy. Ruluň başynda oturan ogluna garap içinden: «Horlanypdyr-ow» diýdi. «Gül ýüzli ýigitleriň gyzyl meňzini soldurýan zatlar-da,
ine şu» diýip, dişini gyjady.
Ýolda bir öwülýälik bardy. Şoň deňine ýetenlerinde Muhat aga:
— Sakla, oglum, öten-geçenlere bir aýat okaly — diýdi.
Muhat aga aýat okady. Özem maşyndan düşüp okady. Bolansoňam köne tümmeklere bakyp durdy-durdy-da,
ogluna ýüzlendi:
— Sen ötägit Perdeli jan, men şu bendeleriň üsti bilen pyýadalap gideýin, oba özüm bararyn.
Perdeli kakasynyň ýüzüni-gözüni halamady.
— Bolýa-laý, kaka, ýör, gideli-le!
Her näçe özelense-de etmän, elini salgap giden kakasyny ýeke goýbermäge dözmän, bu-da sessizüýnsiz onuň yzyna düşdi.
Muhat aga mazarlygyň içi bilen geçip barýarka-da şol gepledi gitdi.
— Kän-kän mertler ýatandyr bu ýerde. Namartlardanam ýatany bar. Olaram ýer göterip zyňaýanok. Ä-äl, bu dünýe giň-ow! Bularyň köpüsini men tanaýan. Hor-zar bolsalaram, binamys-a däldiler. Namys üçin baş alyp, baş bererdiler. Şulaň haýsyny turzup sorasaň sora: «nädip öldüň?» diýip. Öz ajalyna ölmedigi «namysdan öldüm» diýer. Howwa, türkmen bir bu mele sähranyň hydyraýy gögeren päkize çöpüdir oglum. — Ol az salym dymdy-da ogluna pent etdi. — Şol gyrnak üçin şirin janyňy gynamagyn. Özi ýakypdyr, özi hem ýanar. Saňada ýeňil-ä bolmaz. Nätjek, çek. Saňa başga ýol ýok. Namysjaňlyk etseň çagalaryňy dökersiň. Ýöne irde-giçde şo ýüzügaranyň ýüzüni görerin diýseň aýt, sendenem geçjek...
Obanyň çetinden giriberensoňlar Perdeli ýene yzyna, maşynyny goýan ýerine tarap gaýtdy. Ýol boýy içini gepletdi. Telim gün bäri janyna jaý tapman ýören ýigidiň gany depesinden dabanyna, dabanyndan depesine baka telim ýola at saldy. Maşyny goýan ýerine gelensoňam oba tarap aýagy çekmän kän oturdy. Çilim
çekdi. Ahyrsoňunda rula geçdi-de, maşyny otlady. Ýolda şäherden oba barýan pyýadalar sataşsa-da, hiç kimi mündürmedi. Hiç kimi göresi hem gelmedi, hiç kime görünesi hem. Öýlerine ýetip barýarka, işikdäki üýşmeleňi görüp geň galdy. Goňşulary Sytdyh aganyň öňünden çykyp: «Perdeli, kakaň pahyr-a ýurduny täzeledi, ses et!» diýen sözlerini eşitse-de, göýä eşitmedik ýaly bolup içeri girdi. Yzanda-çuwan bolşup oturan aýallaryň arasy bilen ätmerläp, törki jaýa, Muhat aganyň ýatan ýerine girdi. Mähriban atasynyň gapdalynda oturyp, dyzyna çökdi. «Menden bir razymyň kaka? — diýip sorady. Yzyndanam — Razy bol!» diýdi. Eýýäm haçan gelip ölmäge ýetişendigini sorasy geldi. Sorap bilmedi. Birdenem kakasynyň gözleriniň açykdygyny görüp tisgindi. Aýasyny goýup, emaý bilen gözlerini ýumdurdy. Sakgalyny, murtuny düzedişdirdi. Usullyk bilen galdy-da, gapa ýöneldi. Işigiň agzyna ýetiberende gaňrylyp ýene bir gezek yzyna seretdi. Şonda onuň gulagynda kakasynyň mundan ýarym sagat öý aýdan sözleri ýaňlandy. «Türkmen öz ajalyna ölmese, namysdan ölýändir oglum!»
Perdeli bir zatlar hakynda pikir etjek boldy. Emma gyssagara başlan pikirini soňuna çenli pikirlenip ýetişmedi. Çozuşyp gelýän oba adamlaryndan gizlenibem bilmedi, görünmäge hem bogny ysmady. Bir gurruk guýa özüni atasy, şoň yzgaryna ýan berip, dokuz ýyllap ukudan açylman ýatasy geldi...
...Gojany ol gije myhman aldylar. Ertesi guşluk wagtlary ony düýnki geçip giden ýerine getirip, küpürsäp ýatan mele toprakly ýerde hormat bilen jaýladylar.


1981 ý.

Juma HUDAÝGULY
0 лайков 78 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.