Samahyllama

Ol 1915-nji ýylda dünýä indi. Ony öýde aglatmadylar. Çaga aglaberjek boldugy saýyn ejesi barmagyny çomaldyp:
- Haýt, bedasyl, gap sesiňi! - diýip haýbat atýardy.
Gülmek hem gadagandy, aglamagam gadagandy, kakasy:
- Sem boluň! - diýip buýurýardy.
Öýlerine myhman gelende-de:
- Ýuwaşja otyr, galmagal etme - diýip, ony geplemez ýaly edýärdiler.
Ejesi öýde ýeke galanda oňa:
-Wah, gürlemesene, ýürege-bagra düşdüň. Bir salym bir ynjalykly oturaýyn-la - diýýärdi.
Tä ýedi ýaşaýança eşidýän sözleri şular ýaly sözler boldy.

* * *

Mekdebe gitdi. Sapak wagty bir söz aýtdygy:
- Gepleme diýilýär saňa! - diýip, mugallym gygyrýardy.
Klas tagtasyna çykaryp:
- Soralýan zada jogap ber. Kän ýaňrama - diýip, öňünden duýdurýadylar.
Şeýdip on iki ýaşady.
Orta mekdebe gitdi. Çala agzyny açdygy:
- Senden soralanok - diýdiler.
Direktor oňa: "Söz kümüş, dymmagam altyn" nakylyny ýatlatdy.
Türk dili mugallymy:
- Iki gezek diňläp, bir sapar sözle. Adamyň iki gulagy, birem agzy bardyr - diýdi.
- Ýuwaş!
- Gap sesiňi!
- Ýaňrap oturma!
Tä on bäş ýaşyny doldurýança şeýle dowam etdi.

* * *

Lisseýe gatnap başlady. Bu ýerde-de onuň ilki eşiden sözi:
- Sözländen dyman ýagşy! - boldy.
- Kän gürleme.
- Dymypjyk otyr!
- Sem boluň!
On dokuz ýaşaýança şeýle boldy.

* * *
Uniwersitete girdi. Öýde oňa:
- Uly adamlar gepleýärkä, kiçiler gulak asmalydyrlar - diýip, pent etdiler.
Ejesi:
- Söz ulyňky, suw kiçiňki - diýip öwretdi.
- Professor bir sapar:
- Diliňi dişläp gezgin! - diýdi.
Şeýde-şeýde ýigrimi üç ýaşady.

* * *
Gulluga gitdi. Bölümiň komandiri:
- Gepleme, eşşek ogly! - diýip buýruk berdi.
Seržant:
- Bes et samahyllyňy! - diýdi.
Kapitan:
- Tükediň gürrüňizi! - diýdi.

* * *

Polisiýa çagyrdylar. Polisiýa gullukçysy gahar bilen:
- Kim senden zat soraýar! - diýdi.
Komissar bolsa:
- Diliňi damagyňa goýbererin! - diýdi.

* * *

Işe girdi. Ýanyndaky ýoldaşlary barmaklaryny dodagyna ýetirip:
- Ýuwaş-ş! - diýdiler.
- Jan dogan diliňi saklaweri! Bir belaň üstünden barýaň! - diýdiler.
Başlyklar hem:
- Gören ýeriňe burnuňy sokup ýörme! - diýdiler.
- Ol seň işiň däl!
- Saňa näme?
- Ugruňa gez, ýogsa-da...

* * *

Öýlendi. Aýaly:
- Başyňa döneýin, sen bir goşulma - diýdi.
Çagalary dünýä indi, ulaldylar:
- Kaka, bu zatlara seniň aklyň çatmaz. Goşulmada arkaýyn oturyber! - diýdiler.

* * *

Bu adam - belli bir derejede men, belli bir derejede siz, belli bir derejede biziň hemmämiz.
Öňki döwürlerde aýallar ärleriniň dillerini lal açdyrmak üçin nahara garamandalak atar ekenler. Bize-de görýän weli, şony beren bolmalylar. Hany bir göz aýlaň, diliňiz ýerindemi?! Dilimizi ýuwdan bolaýmaly biz. Agzymyz barda, dilimiz ýok.

* * *

Indi şol - hem maňa meňzeş, hem size meňzeş adam söz azatlygynyň berilmegini talap edýär. Onuň gepläsi, aýdasy gelýär.
Emma oňa:
- Gepleme! - diýýärler.
Meniň bolsa oňa:
- Aýt! Içiňi dök! Göwnüňde kitüw galmasyn! - diýesim gelýär.
- Ýöne nähili aýtjak? Nädip aýtjak? Hany, biziň dilimiz barmy ahyry...

Eziz NESIN
7 лайков 184 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
21 фев 2023, 16:27
Güýçli jemlemä garaşypdym. Gowy gelýärdi. Jemlemäni oňarmandyr.
Suleyman
21 фев 2023, 20:14
Adamyň isleginiň, erkinliginiň çägi bir barmyka özi?!
Adamda nebis bar. Nebis özüni "Men Hudaý" diýdirmek derejesine çenli alyp gidýär ynsany, eger oňa erk etmeseň (Meselem: Faraon)

Diýjek bolýanym, Eziz Nesiniň şu kyssasy ýazylan döwürde-de we häzirem Türkiýede onça-munça demokratiýa bar. Kanunlar işleýär. Şoňa garazmazdan hem, 'siziň edýäniňiz bolonok', 'bizi gysýaňyz, bogýaňyz, gürletmeýäňiz' diýilýär.
Bu sözler hemme döwürlerde-de diýilýär. Hatda Demokratiýaň atasy bolan Amerikada-da diýilýär.
Sebäbi, adamda nebis bar...
Retro
Retro
22 фев 2023, 03:15
Gorkaklyk sebäp.
Gorkuzyp, gorkaklygy döredip, gorkup gezer ýaly etýäler. Içinden birdir-ikidir Gorky duýgusyndan gutulýan bar emma........