Ýaş şahyr Baýmuhammet Syddykowyň ýazan goşgylary

Uruş"
39-yň tomsuň güni
Germaniýadan duşman gelmiş
Är ýigitler şehit bolmuş
Dünýäde bolmasyn uruş

El-aýaksyz gallanlar bar
Orden medal alanlar bar
Nurly günem görenler bar
Dünýäde bolmasyn uruş

Baýdak boýly gelinler
Uruşdan gaýdyp gelenler
Berlinde wepat bolanlar
Dünýäde bolmasyn uruş

Asmandan owaz gelmiş
Allam bize nazar salmyş
Gaýdyp gelsin öňki durmuş
Dünýäde bolmasyn uruş

Açylsyn gül-läleler
Ýaňy dogulan çagalar
Hudaýa ediň nalalar
Dünýäde bolmaayn uruş

Dört çaryýar erenler
Dilegim alladan sorap berenler
Mähriban musulman doganlar
Dünýäde bolmasyn uruş

Remezanda agyz bekläň
Iýen duzyňyzy haklaň
Watan topragyňyzy depmäň
Dünýäde bolmasyn uruş

Geldi ýene öňki döwran
Waspyn edeýin öwran
Baýmuhammet sözlär durman
Dünýäde bolmasyn urus!

"Türkmenleriň Jüneýit hany"

Sensiň mydam hanlaň hany
Türkmenleriň Jüneýit hany
Öz wagtynda yurt soltany
Türkmenleriň Jüneýit hany

Türkmenler türkmen eden
Göroglyda mesgen tutan
Gylyç oýnap keman atan
Türkmenleriň Jüneýit hany

Sensiň ýurdun gerçek äri
Russiýalardan galan ary
Alarys biz hökman ony
Türkmenleriň Jüneýit hany

Saňa haýran hyýwa hany
Watan üçin dökdiň gany
Hany sendeý ärler hany
Türkmenleriň Jüneýit hany

Gaýgysyz Atabaý Nerbaýy
Syrdaş kyldyň dogan ýaly
Watanymyz üçin şirin jany
Gurban etdi olaryň bary

Iýen duzumyzy haklaly
Watan topragyn depmäli
Size ýazýan şu namany
Türenleriň Jüneýit hany

"Halkyň Arkadagly Serdary"

Döwletimizi dowlet eden
Beýik maksatlary tutan
Seň bilen gülleýär watan
Halkyň Arkadagly Serdary

Ýaşlarymyz ösýär erkin
Awazamyz urýar tolkun
Alkyş aýtýar ählu halkyn
Halkyň Arkadagly Serdary

Taryhymyzyň ýaňlarynda
Dutar gyjagyň heňlerinde
Ýagty gelejek daňlarynda
Halkyň Arkadagly Serdary

Hajy parzyňyzy bitirdiňiz
Türkmen abraýyn göterdiňiz
Biziň üçin mydam pedersiňiz
Halkyň Arkadagly Serdary

Ak mermerli paýtagtymyz
Dünýe belli bedew atymyz
Egsilmez şan-şohradyňyz
Halkyň Arkadagly Serdary

Garaşsyz Bitarap ýurduň
Berkarar döwleti gurduň
Ýolumyz ak geljek aýdyň
Halkyň Arkadagly Serdary

Çogup çykýar nebit-gazy
Ýaşlar barýar öne sary
Dünýä belli türkmen haly
Halkyň Arkadagly Serdary

Dost-dogandyr ýurtlar bilen
Deňiz-derya portlary bilen
Watan ösýär mertler bilen
Halkyň Arkadagly Serdary

Tehnalogiýalar alyp berýäň
Okuw jaýlarny gurup berýäň
Ýaşlar diňe öňe öňe diýýäň
Halkyň Arkadagly Serdary

"Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar"

Gül watanymyzyň guwanjy siz
Ýagty geljegimiziň daýanjy siz
Bagtyýar halkymyň söýenji siz
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

Gülledip ösdireliň watany
Bilýän zatlarmyzy orta ataly
Öňde beýik maksatlary tutaly
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar


Watan ösüşine goşant gaşaly
Okap öwrenip täze açyş açaly
Bagtyýara döwirde gaýnap joşaly
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

Baýmuhammet Syddykow
şahyr
0 лайков 381 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
28 апр 2023, 20:44
39-нжы йылын томсунда геленок герман гошунлары. 1941 - нжи йылын томсунда СССР-е чозмуш....
Jumamyrat
Автор 28 апр 2023, 20:47
kwadrat kelle,
bu goşgy umuman dünýäde bolan uruş barada beýan edýär ýaş şahyrymyz
Kerbaba
28 апр 2023, 21:15
Juma şahyr,
Акыл эдйар. Йоне тарыхы сенелери булашдырмана хич кимин хакы екдур.
Jumamyrat
Автор 28 апр 2023, 21:47
kwadrat kelle,
Saňa sorag ikinji jahan urşy haçan başlady şoňa jogap ber şahyrymyzyň ýazan teswirine men jogap berjek
Kerbaba
28 апр 2023, 23:41
Juma şahyr,
икинжи жахан уршы 1939 гуйзунде башланды дп засап эдилйар. Эмма хакыкаты айтмалы бллса 1933 йылда Гитлерин хакимети эле алмагы бн башланяр.
Yusup
29 апр 2023, 07:36
Juneyit han diyyanin turkmenlerin saylama gyz gelinlerini saylap mal garalaryny alyp gidip Owganystana gachyp giden hany aydyanmy? Garry gurrylaryny tashlap ursha yaramayanlaryny tashlap giden
Yusup
29 апр 2023, 09:16
Yurduny tashlap gachyp gidene han dal donuk diyilyar. Yurt un janyny orta goyana han diyilyar
Pegas
29 апр 2023, 16:03
Anil Kapur, özüň daşoguzly bolsaňam, Jüneýit hany ýalňyş tanaýan ekeniň.
Yusup
29 апр 2023, 19:34
Pegas,

Fethulla Gulen diyip turkiyede bir adam bardy hazir Amerikada yashayar. Yone Ardogan prezident bolandan son adamlaryn kopusi tanap bashlady. Onler hic hili ady kozy chykmayan adam hazir tutush Turkiye terrorist diyip bilyar..Sebabi Ardogan shony halka erbet adam edip gorkezdi we hazirki yashlar we shundan son boljak nesiller ol adamy erbet diyip tanarlar. Sebabi ol taryha terrrorist diyip ady gecdi. Sholar yaly Taryhda bize owadan edilip gorkezilyan adamlar hazirem shol owadanlygyna gidip dur. Adyllygyny okadym oz gyzyny olduren arinin burny gyshyk porsy diyeni ucin. Bu onun adyllygyny gorkezip biler emma yurtdan gitmek gacmak bolyar. Yurdy bashga dinlinin eline berip gitmek bolyar. Guyjun yetmese boyunam bolma gacmada yone sowesh galjagyna gozun yetsede. Taryh onun adyllygyny yazsada halk ony gitdi diyip aydyar. Hakykat bolsa kitapda owadanlanyp yazlan zatda dalde halkyn arasyndadyr
Pegas
29 апр 2023, 19:49
Anil Kapur, seň halk diýýäniň hemişe-de yňdarma, türkanady. Ors agasy üçin öz han-begini, işan-mollasyny satyp bilen halkyň hijem hakykatyna bil baglap bolmaz. Jüneýit han barada faktlara esaslanýan zatlary biljek bolsaň, Rahym Esenowyň "Jüneýit han" diýen kitaby bar. Şony oka. Özem Rahym Esen diýilýän adam KGB-niň arhiwini dörüp bilen seýrek adamlaryň biri.
Yusup
30 апр 2023, 14:13
Pegas,

Ors agasyna ishan mollany halk satmadyda halka bash bolsun diyip goylan yolbashcylar satdy. Onsonam arhiwden alyp ony okap ustune yalanlary goshup hakykatlary gizlap yazan bolsa name? Magtymgulynyn goshgularynyn kopusinin uytgedilmegine kop goshgulary yazyp onun adyna yuklenilmegine. ine shulary edip bilyanler Juneyit han hakda birtopar yalanlary edip bilmezlermi? Halk diyyanim shonun nebereleri. Tagtaly olar. Shonun nesli. Olar yone gacdy diymedilerde Owgana giden yone anyrda wagty wesyet edipdir yurdunda gomulmegi. Ogullary alyp gaydanmyshyn yurduna. Eger kecetelpek turkmenler giden bolamda gen gormezdim. Yone halka bash bolup yolbashcy bolup gitmek ol gacmaklyk bolya.
Yusup
30 апр 2023, 14:18
Pegas,

Juneyit han hakda hemme faktlar onumde goyulsada yekeje sorag bar mende

Name ucin gitdi Owganystana?

Gaygysyz Atabayew orslar tarapyndan halk dushmany diyip oldurenem bolsalar Juneyit yaly gacmady. TSSR bolmaga uly goshant etdi awtonomny respublika bolmalydyk Ozbege. Ozbashdaklygymyza kop goshant etdi shol adam
Pegas
30 апр 2023, 14:27
Anil Kapur, gaçmaga mejbur edildi. Täze güýç ýygnamak üçin, täzeden güýçlenip gelmek üçin gitdi. Gul bolmazlyk, mertebesini goramak üçin gitdi. Orsa lepbeý diýip ýaşamazlyk üçin gitdi. Gaýgysyz Atabaýew - kommunist ýolbaşçy, Jüneýit - han adam. Bu ikisini garyşdyrma. Gaýgysyz Atabaýew hem öldüriljegini bilen bolsa hereketsiz ýatmazdy. Ony güp-basdy etdiler, duýdansyz ýygnadylar. Jüneýit bolsa hemişe söweşip gezdi orslara garşy. Jüneýit handan aýylganç çekinmekleri hem ýöne ýerden däl orslaň. Hut Jüneýit hanyň döwründe türkmenlerde özbaşdak döwletlilik alamatlary döräp ugrady.