Sümer Plita ýazgylary (3-nji plita) - 6 dowamy/

ÝERDE ALTYN GÖZLEGINE BAŞLANÝAR


Indi bu bolsa altynyň gözleginiň nähili başlandygynyň we Nibiruny halas etmekligiň puja çykýanlygy hakda bolar.
Eridu çadyrlary gurulandan soňra we gahrymanlar iýip-içip doýanlaryndan soň Ea suwlardan altyn çykarymaga başlady. Ulagda otly daşlary garym-gatym etdi, onuň uly sapyny janlandyrdy; suwy sorýan ulagdan daşary uzatdy; gamyşly suwlaryň içine uzadyldy. Suwlar kristallardan bolan bir gaba dogry uzaldyldy, suwlardan çykarylan bütin metallary Kristal gapda toplandy.
Soňra gapdan geçen suwlardaky balyklar yzyna goýberildi.
Başarnykly Eanyň pikirleridi, elleriniň hünärlidigini aňladýardy. Alty Ýeriň güni boýunça gamyşlygyň suwy sordurylyp suwy başga ýeri akdyryldy. Gabyň içinde metallar toplandy.
Ýedinji gün Ea we Alalu bu metallary derňediler, gabyň içine haýsy metallaryň toplanandygyna seretdiler. Köpüsi demir baýlygy bilen beýleki zatlar bardy emma köp däldi altyn. Ulagda Nudommudyň hünäriniň bir eseri bolan başga bir gapda metal görnüşlerine görä belli-belli edip goýdular.
Alty gün boýunça gahrymanlar her hili edip çytraşdylar; ýedinji gün dynç aldylar. Alty günläp Kristal gaplara boşadyldy, ýedinji gün metallar sanalyp goýuldy. Demir bardy, çoýun bardy we başga-da birnäçe metallar bardy.
Ýöne altyndan bir gysymam toplanmady. Gijesi Aý kiçeldi, ulaldy; Ea onuň bir aýlawyna Aý adyny berdi.

AÝ KALENDARY DÜZÜLÝÄR, MÖWSÜMLER BELLI BOLÝAR!

Aýyň alty gün boýunça ýagty saçýan şahlary Aýyň başyny görkezýärdi. Täji ýarym bolanda ýedinji gün, ol gün dynç günüdi.
Aýyň ýarsynda Aý gitdigiçe tegelenip dolýardy; durlanan soň inçelip solup gidýärdi; Gün öz ugry boýunça Aýyň ýolunyň aňyrsynda görünende ol ýüzüni Ýeriň aýlawyna tarap öwürýärdi. Aýyň hereketleri bilen jadylanan Ea, onuň Kingu hökmünde Kiýe baglydygy hakynda pikir etdi. Bu baglanyşyk nämä hyzmat edýärdi, haýsy gökdäki yşaraty berýärkä? Ea Aýyň bir turuna Aý adyny berdi; onuň aýlanyşyna hem aý diýip at berdi.

AÝ KALENDARY ULANYLMAGA BAŞLANYLÝAR, MÖWSÜMLER BELLENILÝÄR


Aýyň alty gün boýunça parlak şahlary, ol aýyň başyny görkezýärdi. Täji ýaryma öwrülende ýedinji güni, ol gün hem dynç günüdi. Aýyň ýarymynda Aý gitdigiçe togalaklanyp doly görünýärdi; dury gorünenden soň inçelip solmaga başlaýardy. Gün ugry boýunça Aýyň aňyrsynda görünende ol ýüzüni Ýere tarap öwürýärdi. Ea onuň Kingu hökmünde Kiýe baglydygy hakynda pikir etdi. Bu baglanyşyk näme hyzmat etdika, haýsy gök barlygyny yşarat edýär? Ea Aýyň bir ugry boýunça aýlawyna Aý adyny, onuň öwrümine hem aý adyny berdi.
Bir aý boýunça, iki aý boýunça ulagda suwlar aýryldy. Gün her alty aýda Ýere dürli möwsümi berýärdi; Ea bulara ''Gyş'' we ''Ýaz'' diýdi. Gyş bardy we Ýaz bardy; Ea Ýeriň bir aýlawyny ''Ýyl'' adyny berdi. Ýylyň soňunda toplanan altyn hasaplanyldy. Nibiruwa ugratmak üçin bular ýetmedi.
''Gamyşlygyň suwlary ýetenok; ulag bilen okeanyň çuňluklaryna çenli çümeliň'' diýýärdi Ea. Ulagyň baglary çözüldi, yzlygyna sallançak ýaly gaýyp gitdi. Üns bilen bulasdyryldy Kristal gaplar, duzly suwlar arasyndan geçdi.


OKEANYŇ ÇUŇLUKLARYNDA ALTYN GÖZLENILÝÄR, SABYRSYZLYK

Metallar görnüşlerine görä aýyl-saýyl edildi; aralarynda ýyldyraýan altyn mese-mälim görünýär. Ea ulagyň üsti bilen bolup geçen zatlary söz bilen Nibiru planetasyna ugratdy. Anu bu habara hoşal boldy. Nibiru aýlawy bilen Günüň mesgenine tarap ugur ätdi. Nibiru Ýere golaýlaşýardy. Höwes bilen soraglar soraýardy altyn hakynda Anu. ''Nibiruwa ýetermi?'' diýýärdi. Ea oňa ''Ýöne welin suwlardan, intek doly mukdarda altyn toplamadyk, bir şar tamamlansyn, mukdary köpelsin diýip maslahat berdi''.
Okean suwlaryndan altyn gözlenilýärdi, Eanyň ýüregi gysyp darygýardy. Ulagyň böleklerinden toplanan zatlar bilen gök otagy bina edildi.
Baştutanlykdan gowy baş çykarýan Abgala gök otagy ynanyldy. Abgal we Ea her gün gök otagyna uçup Ýeri we onuň tebigatyny öwrenmek üçin işläp başladylar.
Gök otagy üçin ýapyk bir mekan bina edilip Alalunyň ulagy bilen birleşdirilip içine goýuldy. Alalunyň ulagyndaky kristallary her gün derňedi Ea. Ýagtylyk bilen nämeleriň bolup geçendigini düşünjek boldy. Ea Alaludan ''Altyn nireden gelýär''? diýip sorady. Tiamatyň altyn damarlary Ýeriň niresinde? Abgal we Ea gök otagyna uçup Ýeri we onuň tebigatyny öwrendiler. Beýik daglaryň üstünde aýlandylar; düzlükde beýik derýalary gördüler; aşakda sähralyklar we tokaýlyklar, müňlerçe lig giňişlige ýaýylyp gidýärdi.
Okeanlar bilen aýrylan gaty giň topraklary gördüler; Anyklaýan kesgitleýjiler bilen topraklaryň çuňluklaryna hem göz aýladylar. Nibirudakylaryň sabyr-takady tükenen ýalydy, ''Altyn (atmosferany) gorap-saklap bilermi'' diýen gykylyklary eşidilmäge başlady.

ALALUNYŇ ULAGYNDAKY FÝUZELER SÖKÜLIP ALYNÝAR

Anu hem Ea şeýle diýdi:''...Altyny topla, (Ýer) Nibiru bilen golaýlaşanda altyny ugratmalysyň''. Alalunyň ulagyny ulagyny taýýarla, çünki Nibiruwa gelmek aňsat bolar, Şar ahyrlaberende taýyn bolsun. Ea kakasy Anunuň sözlerine gulak asdy.
Alalunyň ulagyny oňarmaklygyň pikirini etdi. Bir gün agşam Gök otagy bilen ulagyň ýany başyna indiler, Abgal bilen birlikde ulaga girdiler; garaňkylykda gizlin iş tertibini taýýarladylar.
Sarsdyryjy ýaraglar ýedi sanydy, ulagdan daşaryk çykardylar; olary gök otagyna ýükläp içinde gizlediler.
Gün doganynda Ea Abgal bilen gök otagyna münüp gözden gaýyp boldylar. Başga bir diýara bardylar. Nirededir bir ýerlerde gizlin gowagyň içine salyp goýdy.
Soňra Anzuwa buýruk berdi Ea. Şar tamamlanýança Nibiruwa gitmek üçin Alalunyň ulagyny oňarmaklygy buýurdy.
Ulaglara gowy düşünýän Anzu pikirlerini we güýjüni jemläp işe girişdi. Ulagyň itijilerini täzeden gözden geçirdi, plita tabellerine seretdi. Sarsdyryjy ýaraglaryň ýoklugyna göz ýetirdi. Anzunyň muňa gahary geldi we gygyrdy.
Ea olary uzak ýerlere näme üçin äkidendigini we gizländigini şeýle aýdyp berdi: ''Ýaraglary ulanmazlyga äht edipdik. Ne göklerde ne-de gaty toprakly diýarlarda.
Anzu bolsa: ''Şo ýaraglar bolmasa Döwülen bilezikden hiç hili geçip bolmaz''.
Olar bolmasa, Suw atyjylar bolmasa howp-hatara nädip çäre görjek. Eriduly serkerde Alalu, Eanyň sözlerini doňledi we Anzunyň sözlerine gulak asdy.


ABGAL NIBIRUWA GITJEK GÄMÄ SERKERDELIK EDÝÄR

Eanyň sözleri Nibiru mejlisi tarapyndan ykrar edildi diýdi Alalu. Ýöne ulag dolanyp barmasa Nibiru ýok bolar. Ugurtapyjylygy bilen Abgal mertlerçe çykyp baştutanlaryň öňünde dikildi. Ýolbaşynda men bolaryn; howp-hatarlara mertlerçe garşy gelersiň''. Karar kabul edildi. Başda Abgal bolmaly we Anzu Ýerde galmaly.
Nibiruda ýyldyzlara serederler gök Taňrylarynyň kysmatlarynyň üstünde durup düşündiler; Sähetli güni saýladylar. Alalunyň arabasyna altynly sebetler ýüklendi.
Abgal Ulagyň öňüne geçdi, serkerdäniň oyurýan ýerine ornaşdy. Ea öz ulagyndan täleý tabelini alyp oňa berdi: ''Bu saňa ýoly görkezer, şuň bilen taparsyň açylan ýoly..''
Ulagyň otly daşlaryny aýlaşdyrdy Abgal.
Ulagyň işleýşi ''wuwwully'' sesi ýaly jadylaýjydy. Ulagyň beýik atyş güýjüni janlandyrdy. Gyzyl ot parlap başlady.
Ea we Alalu, gahrymanlar topary ulagdakylary ugratdylar.
Ulag kükräp, titräp asmana süýnüp gözden gaýyp boldy. Muny Nibiruwa habar berdiler. Nibirudakylar olaryň gelmegine garaşýardylar.


(3-nji Sümer plita ýazgysynyň soňy)

Zekeriýa SIJIN

SÜMER PLITA ÝAZGYLARY
(TAŇRY ENKINIŇ ÝITIRIM BOLAN KITABY)

Terjime eden: @Jeksparro
1 лайков 90 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.