Arzuwlan eýýamyň geldi , Pyragy

"Arzuwlan eýýamyň geldi , Pyragy " atly bäsleşige .

"Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,
Gyzylbaşlar gelip weýran eýledi"

(Magtymguly Pyragy)

Ýürekden ýazylan golýazmalaryň,
Zulumkeş eýýamyň gurbanydymy?
Ençe kitaplarňy atdylar oda,
Olar Allaň adyn görmänmidimi?

Ýa-da duýmanmydy ýürek awysyn,
Ýa olaryň gapykmydy garagy.
Emma elden bermän erkiň, namysyň,
Halkyňa howandar bolduň Pyragy .

Bu gün ,kalba şypa şygyrlaryňy,
Türkmen Gurhan kimin aýap saklaýar.
Geçibersin ençe-ençe eýýamlar,
Syrly setirleriň kalpdan çykmaýar.

Hak saňa bagş etdi şeýle hormaty,
Bolduň köňülleriň sönmez çyragy.
"Dünýälikden at islärem" diýerdiň,
Bu gün adyň dünýä doldy Pyragy .

Işledip elde däl, sözde ýaragy,
Elmydama dogry sözi sözlediň.
Zalymlara ajy boldy sözleriň,
Alymlara süýji boldy sözleriň.

...Uly şatlyk-şowhun bilen belleýäs,
Bu gün 300 ýaşyň doldy Pyragy.
Bäş welaýat bir saçaga jemlendi,
Döwletiň berkarar boldy Pyragy,
Arzuwlan eýýamyň geldi , Pyragy .

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
4 лайков 138 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
Автор 08 май 2023, 22:06
Rigel
Salam. Siz bilen habarlaşyp bolarmy

Elbetde +99365228952 habarlaşaýyň.