Klaýw Steýplz Lýuisiň “Narniýanyň ýazgylary” atly eserler toplumynyň ideýa-çeperçilik derňewi.

Klaýw Steplz Lýuisiň ömri we döredijiligi.
Klaýw Steplz Lýuis – iňlis edebiýatynda Irlandiýaly ýazyjy, şahyr, mugallym, alym we teolog.
Ol 1898-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Iňlis imperiýasyndaky Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast diýen ýerinde eneden doglupdyr, emma ömrüniň köp bölegini Angliýada geçiripdir.Lýuis okamagy örän ir wagtlardan bäri gowy görüpdir. Onuň kaksynyň öýi kitaplardan doly bolupdyr. Lýuis 9 ýaşyna çenli şahsy mugallymlar tarapyndan okadylypdyr. Soňra onuň kakasy ony okamaga we ýaşamaga Angliýa ugradypdyr. Ol Herdfordşirdäki Winýard mekdebinde okaýar. Ol bu mekdebe gitmezinden öň onuň dogany hem Herdfordşirde bolup gören eken. Köp wagt geçmänkä bu mekdep, okuwçy ýetmezçiligi zerarly ýapylypdyr. Soňra Lýuis öýünden bir mil daşlykdaky ýerleşýän Belfastdaky Kampbel kollejine gatnapdyr ýöne birnäçe aý geçmänkä ony hem respirator ýagdaýynyň meseleleri sebäpli taşlamaly bolupdyr. Soňra ol Anglýadaky Worsetşiriň Malwem şäherindäki saglyk şypahanasyna ugradylýar. Ol ýerde “Çerburg Öýi” diýip, atlandyrylýan taýýarlaýyş mekdebine gatnaýar. Onuň hristian dinini taşlan döwürleri hem şol döwürler bolupdyr. Ol bu dini taşlaýar we bolýar.
1926-njy ýylda bolsa “Dimer” ýaly goşgular ýygyndysy neşir edilipdir. 1930-njy ýyllaryň başlaryndan bäri Lýuis “Ýüzükleriň hökümdary” eseriniň awtory bolan Jon Tolkin bilen ýakyndan dostluk gatnaşygynda bolupdyr.
Tolkiniň maslahaty bilen, 1950-1955-nji ýyllarda Klaýw fantaziýa sikliniň esasynda düzen çagalyk ýatlamalary barada, ýagny awtora meşhurlyk getiren “Narniýanyň hronikasy” atly eserini ýazypdyr. Ýazyjynyň “Narniýanyň ýazgylary” atly eserler toplumynyň ideýa-çeperçilik aýratynlyklary.
Eseriň temasy. Durmuşyň ýazyjynyň ünsüni özüni çekýän taraplary, hadysalary, wakalarydyr predmetleri çeper eseriň temasy hasaplanylýar. Her bir eseriň hakyky temasy ondaky gozgalýan meseledir. Tema eseriň haýsy ugrundan ýazylandygyny, onda nähili materiýallaryň ulanylýandygyny habar berýän zat. Emma bu durkunda tema eserdäki gozgalýan esasy mesele barada entek doly düşünje berip bilmeýär. Şeýle bolansoň, her bir eseriň hakyky temasy onda gozgalýan problema ýa-da anyk meseledir. Eseriň ideýasy. Gozgalýan problema berilýän jogap, suratlandyrylýan hadysalar barada gelinýän netije, olar barada çykarylýan höküm eseriň ideýasy hasaplanýar. Eserde maksadaokgunlylyk esasy ideýa bolup, oňa aýratyn keşpleriň her haýsynda hem gabat gelmek bolýar, mundan daşgary ruhdan düşmezlik hem bir ideýa bolup gelýär. Eserde gahrymanlaryň gozgalýan temalar boýunça her bir gatnaşyklarynyň üsti bilen romanyň aýratyn bölekleýin ideýalary hem açylyp görkezilýär. Ýazyjy eseriniň adyny “Narniýanyň ýazgylary” diýlip atlandyrmak bilen, onuň eseriň ideýasy bilen baglanyşykly bolup durýandygyny açyp görkezýär. Şonuň üçin, eseriň esasy ideýasy Narniýa atly ýurdynda bolup geçýän täsin hadysalar bolup, ýazyjy munda fantastiki häsiýete ýugrylan wakalary ündeýär we olary ýazgy hökmünde aýratyn 7 sany kitaba bölýär.
Söýgi we dostluk, ömür we ölüm, gabanjaňlyk we husytlyk, ata-eneler bilen çagalaryň gatnaşygy ýaly müdimilik temalardan-da problema ýa-da mesele gozgalmalydyr. Gozgalýan problemanyň çuňlugy, düýplüligi eseriň ideýa-estetiki gymmatynyň, ähmiýetiniň uly bolmagyna sebäp bolýar. Her bir hakyky çeper eserden edilýän esasy talaplaryň biri onda gozgalýan problemanyň, meseläniň möhüm aktual bolmagydyr. 1. Narniýanyň ýazgylary” atly eserler toplumynyň gahrymanlarynyň
çeper keşbi.
Ýolbarsyň keşbi.
Kitaplaryň hemmesinde diýen ýaly peýda bolýar. Ýolbars narniýalylaryň esasy daýanjy bolýar. Narniýada ýüze çykan ähli kynçylykly meseleler Ýolbarsyň güýji, gaýratlylygy we ugurtapyjylygy esasynda çözülýär.
Ak Jadygöýüň keşbi.
Bu kitapda esasy otrisatel gahryman hökmünde görkezilýän keşp Ak Jadygöýüň keşbi bolýar. “Ýolbars, jadygöý we egin-eşik şkafy” eserinde ol Ýolbarsa we bütin Narniýa halkyna we jandarlaryna köp kynçylyklary görkezýär. Täsinlikler dünýäsi bolan Narniýany bakylyk gyşa öwürýär. Piter Pewensi.
Pewensileriň iň uly çagalarynyň biri bolup, ol eserde položitel gahrymanlarynyň biri bolýar. Ýolbarsda, Jadygöýde we Şkafda Sýuzany halas etmek üçin gürleýän möjek Maugrimi öldürýär we Ak jadygöýiň garşysyna Narnian goşunyna ýolbaşçylyk edýär. Aslan oňa Beýik Patyşa diýip at dakýar we Piter Ajaýyp diýilýär. Şazada Kaspi, Kaspiniň tagtyny dikeltmek üçin basyp alan şa Miraz bilen bäsleşýär. Iň soňky söweşde Aslan soňky gezek Narniýada gapyny ýapmak wezipesini ýerine ýetirýär.
Sýuzan Pewensi.
Sýuzan Pewensi maşgalasynda ikinji çaga bolup, ol eserde položitel gahrymanlaryň biri hasaplanylýar. Ýolbarsda, Jadygöýde we Şkafda Sýuzan Aslanyň ölüp, gaýtadan direlmegini görmek üçin Lýusa ýoldaş bolýar. Lýusi Pewensi.
Klaýw Lýuisiň “Narniýanyň ýazgylary” atly eseriniň esasy gahrymanlarynyň biridir. Ol ýönekeý “Pewensi” atly iňlis maşgalasyndan bolan gyzjagaz bolýar. Lýusi, Pevensie dört doganyň iň kiçisi. “Pevensie” çagalarynyň hemmesinden Lýusi Aslana iň ýakyn we Narniýa baryp gören adam gahrymanlarynyň arasynda Lýusi, Narniýa iň köp ynanýan adamdyr.
Şazada Kaspian X.
Kaspian IX-nyň ogly bolýar. Eserde Kaspian položitel gahryman hökmünde görkezilýär. Ol garadan gaýtmaz, mert, we batyr. Kaspi ilkinji gezek Miraz şanyň ýaş ýegeni we mirasdüşeri hökmünde özünden soňky kitapda tanyşdyrylýar. Daýysy tarapyndan öldürilmekden gaçyp, Telmarine basyp alyşyna garşy Köne Narnian gozgalaňynyň lideri bolýar. Edmund.
Edmund, arslan, jadygöý we şkafda Narniýa giren ikinji çaga, özüne berlen türk lezzetini iýmekden Ak jadygöýiň jadysyna düşýär. Kitabyň hristian mowzugyny dönüklik, toba etmek we soňra gan gurbanlygy arkaly halas etmek bilen doganlaryna Ak Jadygöý bilen dönüklik edýär, ýöne hakyky tebigatyna we erbet niýetlerine tiz düşünýär we Aslanyň janyny gurban etmek bilen halas edilýär.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili e edebiýaty fakultetiniň 5-nji ỳyl talyby Atamyradow Ỳusup
0 лайков 75 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.