Gündelik ýazgylary
Gündelikden
Pikirleriň original ýa däldigini diňe wagt, çäk, giňişlik kesgitleýär. Original pikir ýok we şol bir wagtda islendik pikir original, sebäbi ol başga bir adamyň, diýmek başga bir çägiň, giňişligiň hem-de wagtyň öňümi.
Hiç kimiň gürlemeýän ýerinde gürlemek hezil.
Ganaty buza ýelmeşip, doňup galan betnyşan ördeijigi daýhanyň halas etmeginde bir hikmet barmyka?!
Buratino-eýesiz, pasportsyz hem işsiz...
Eýe-Patyşa
Pasport-raýatlyk
Işsizlik-sosial status(dereje)-diýmek: patyşasy, raýatlygy, işi ýok adam. Sorag: Buratino kim? Kreminal? Awutsaýder?
Töwekgelçiligi köplenç ýitirmäge hiç zady bolmadyk adamlar edýär.
Taryha hiç kim bolup gelmeli, her kim bolubam ýaşamaly.
Adamlar ilkibaşda bir hudaýa ynanan bolsalar gerek, ýöne wagtyň geçmegi bilen olaryň hudaýdan eden dilegleri olaryň öz isleýşi ýaly tiz hasyl bolan däldir. Şo sebäpli olar täze-täze hudaýlary oýlap tapandyrlar we iň gyzykly ýeri olar öz tapan hudaýlaryna çokunypdyrlar hem baş egipdirler.
Hakykat pozulan ýerindenem görünýär.
Durmuşda hemişe özümize degişli bolan zady biziň özümize satýarlar.
Akyl, adalat, söýgi ýaly düşünjeleriň jynsy ýok.
Eger başlygymyzyň kimdigini bilsedik, onda nähili dolandyrylýandygymyza düşünerdik.
Senden ötünç soraýandyklary üçin däl-de, bagyşlamak zerur hasap edeniň üçin bagyşlamaly.
Hiç zady unutmazlyk hemme zada düşünmekligi talap edýär.
Nirededir bir ýerde başlyklyk edýän wagtyň birbada kesgitli buýruklary bermäge çekinýärsiň, ýöne bu çekinjeňligi birden ýeňmek islegi adamda haýran galaýmaly tiranizmi terbiýeleýär. Onuň gürledigiçe, edil ýaňy dil bitiren çaga ýaly, gürläsi gelýär.
Ýalanyň kagyzyňky ýaly ysy bar.
Men köp zatlar babatdaky dogry ädimi ynanmalydyr öýden ýerimde ynanandygym üçin ätdim, sebäbi ynanmaly adamym meniň iň ýakyn adamlarymdan ybaratdy we olar san taýdan örän azdy. Yananar ýaly ýakyn adamy gazanmak-utuş gazanmaga deň.
Gussa çekmek-tebigaty boýunça örän geň hadysa. Köplenç gussa çekýändigiň sebäbi seniň garaşýan predmetiňden başga zat bolup çykýar.
Hasrat-bu ýürekden bolan wagty adaty adamlaryň düşünip biljeginden üzňe bir zady döredip biler. Megerem, dörediji adamlaryň köplenç paranormal tragiki ahwalda gezýändiginiň sebäbi şundan bolsa gerek.
Adamlar hemişe iň gynançly zatlara gülýärler.
Ýazyjy döwre görä däl-de, ýüregine görä ýazmaly, sebäbi döwürler geçýär we beýleki nesiller üçin gymmatlygyny ýitirýär. Diňe ýürek bilen ýazylan eserleriň döwri bolmaýar.
Gadymy ýewreýler ganda Janyň bolýandygyna ynanypdyrlar, “gan bilen ýazmak” “jan bilen ýazmak” diýmekdir.
Ölen adamlar barada Hakykaty aýdýarlar.
Akyl-hiç wagt ýeňilmeýär, şo sebäpli akylsyz güýçli haýwany güýçsüz akylly adam boýun egdiripdir.
Ýaşaýşyň özüniň hereketli surat bolany üçin suratlaryň iň soňunda şo formada çekilmegi mümkin.
Tizligiň artyk ýerinde Wagt ýitýär. Wagty ýitirmekden uly betbagtçylyk ýok bolsa gerek. Bir mysaly alyp göreliň: Ok-ele alyp görenimizde kiçijek metal bölegi, gatyrak zyňaýmasaň, aýnanam döwenok, ýöne ony şeýle bir tizlik bilen hereketlendirýärler welin, ol köp zatdan parran geçýär-de ýok edýär. Wagtyň ýiten ýerinde weýrançylyk ýa şoňa bolan ýol başlaýar. Sebäbi “Ok-” Wagty ýitirmezlik biziň pikir edişimizden örän wajypdyr.
Instinkt-başlangyç duýgy. Ilkibaşdaky duýgy bolany üçin ol çylşyrymlaşmandyr, ýagny söýgä ýa-da ýigrenje öwrülmändir. Elbetde, bu unikal hadysa häzir diňe haýwanlarda dowamly ýaşaýar. Ç. Aýtmatowyň “Deňiz ýakasynda gezýän alaköpegi” şu hadysany çeper beýan edeni üçin gyzykly hem tolgundyryjy.
Instinktiň Duýga öwrülmegi edil Adamzadyň taryhy ýaly uzak hadysadyr.
Hemme zatlar biri-birine deň we biri-birine garşy.
Balzak realist ýazyjy, özem sosial realist ýazyjy. Onuň eserlerindäki sentimentallyk diňe taryhy romanlarynda gowy ýüze çykypdyr.
Saýlawy bar adam-bu hiç haçan dolandyrylmajak adamdyr.
Bägül ATAÝEWA

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.