Waý-faý ogrusy / henekli hekaýa

Işden ýadaw gelýär.
Goňşy kempir öňünden pete-pet çykdy.
Belki, bu tötänlik bolman, onuň ýoluny garawullap duran bolmagam ahmal.
Özem, bu şu wagt 50 ýaşap gelýär, ol bolsa bu mönçagaka-da şu sypatyndady.
Ömralla darak görmedik saç-a “makaron zäwutda partlama” diýilýäni.
Egninde-de şol bir sary gidip, göwşüllän, egri dyzdan halady.
Içem içkisiz.
-Goňşy,-diýdi:-sen bilýäňmi, bi maňlaý goňşyň seniň waý-faýyňy ogurlaýa...
Bu çagalykdan belet – aýaldan azan bu aýjyna “hä-hawa” beräýdigiň, işiň gaýtdygy.
Her bir sözi zäher bolup bagryňa damýar-da, içiňden guradyp taşlaýar.
Onsoň özüňe-de bildirmän, sähel günüň içinde ýigreneniň töweregiň bolýar duruberýär.
Şol sebäpdenem ol, ýaşka-da kempirden beter kempiriň sözüne, kän bir pitiwa etmezlige çalyşdy.
-Bolar, bolar goňşy! Salawmaleýkim! Waleýkim! Öý-içeri saglykmy? Abatlykmy? Hä bolýa, bolýa. Gowuçylyk-gurgunçylyk bolsa, oňa ýetesi zat ýok. Sag bolaweriň-de, bar bolaweriň...
Ol, öz beren salamyny özi alyp, hal-ahwalçylyk sowallarynam ýetişibildiginden özi jogaplamaga howlukdy. Kellesine gelen jümleleri “sygan sarnamasy” bilen samraşdyrybam, kimdir birine gaty oňat bejerip, şyltak atmaga häzirlenen garryň deňesinden, zut, geçip gaýtdy.
Emma, munuň ýaly sözleriň bir nejis häsiýeti bar.
Ynsanyň durkuny bina kylmak üçin alnan, birki gysym topragy, öň megerem, öz-özüni teýim-takyr guradyp taşlan müňkürlik deňziniň teýi bolan bolara çemeli.
Kempiriň, özüniň bildirmänjik jüwlündirilýändigi hakyndaky mergimuş sözleri, onuň kalbynda zakgun agajy bolup gögerdi.
Waý-faýyny ogurlaýalar...
Onuň bolsa mundan habaram ýok.
Bäh...
Öl-dä ölýän bolsaň!
Seniňem bir öz öýüňe, öwzaryňa hojaýyn bolaýşyňy diýsene!
O taýda-ha, hanha, seni uwlundyryp, seniň zadyňy bildirmänjik çilip otyrlar.
A sen bolsa dünýeden bihabar, hywaňdan ildirip oturanlaryny hywaňam duýanok...
Haý, görene özüni çürkedip ýören, keçetelpek, köwek zaňňar diýerler-laý, seň ýaly sammyk oýnatga...
Öz etini özi iýip gelşine, ol öýdäkisi bilen hal-ahwal soraşybam weji bolmady. Öňünde goýlan nahar-şora-da çümhörek ýapyşdy.
Aýalynyň: “nämmolýasyna-da”, iş-alada perdesine duwlanyp, başdansowma jogap gaýtardy.
Sebäbi oňam ýagdaýyna-häsiýetine belet – owal-a özünden beter iňkisçil, üstesine-de il arasynda “nerwinni” diýiýän sähne – dynnymça zadam Kuhy-Kapça ünji edinip başlaýar-da, onsoň walerýanka bilen korwaloly, “alyň, onda saglyk bolsun”, käseläp jyňkydyp ýör.
Pula durýar-a-how, o zatlaram!
Haýsy bir alada-gaýgyny korwalol bilen timarlajak ýörjeg-aý?!
Gaýgysy, edil itiň biti ýal-a-how, bi ýalançyň!
Gamyny näçe iýýämikäm diýseňem, tükenmeze dönüp, hiç tükenenog-a-how, bi eýgörmüşler!
Birneme özüňe basalyk berjek bolaýman, munuň ýaly çemeleşme bilen çemeleşip ýörseňem, diňe dermana sarp edýäniň-de juldan çykaryp äpberäýmese...
...Garaz şu pikirler bilen, özüni durky-düýrmegi bilen holtumyna gysan was-wasy ünji barada höwrüne-de kelam agyz geplemedi.
Ýaňzytmadam.
Soramadam.
Diňe gözi daş-töwereginde, goş-golamynda.
Waý-faýyny niresinden nädip ogurlaýarkalar?
Penjiräň portyçkasyndan sümlüp, jüneýärlermikä?
Ýa-da, ol ogry goňşyň lakgy heleýi, günlerde bir gün munuň laňňasy heleýiniň gep-gybat bilen başyny-gözüni aýlap, daşky gapyň açaryny çiläge-de, onuň dublikatyny ýasatdylarmyka?!
Äý, bi şeýtana sapak beren, waý-faý ogrusy kümsüklerden her zada garaşaýmalydyr-laý!
Ine görersiň welin, kelläňe gelmejek bir üýtgeşik emel bilen, bi piliň gulagynda uklap ýören a:m bendeleň halalja waý-faýyny aňşyrtmanjyk jünäp ýatandyrlar...
Bu dowully oýlanmalary kellesinde aýladygysaýam, onuň gursagynyň alas-gopaslygy artyp gidip barýar. Beýnisine dömen şo ýekeje awuly pikir bolsa, şol bikarar howsalasyna hasam meçew berýär:
Waý-faýyny ogurlaýalar...
Nätmeli?
Nätmekden Hudaý saklasyn welin, onda-da...
Nätseň dogry boljak?
Ýa milisä jaň edip: “Jan doganlar! Gaýrat ediň! Gaty bahym bu ýana şo ysgaw itiňizem alyp geleweriň-de, şu alnymda ýaşap ýören alahöwren waý-faý ogrularynyň bandasyny bahymrak tutup äpbereweriň!” diýip, zarynlasa dogry geläýmezmikä?!...
Bäh, bi adamlaňňam, beýle-de bir doňuzdan gelen doňuz bolaýyşlaryn-aý!
Ýüzüň-ä gören ýerlerinde gülüm-ýalym.
Ýeňsäňdenem ine – waý-faýyňy ogurlaýalar...
Özem-ä-how, bolýa, ýat bolsaň, bigäne nätanyş bolsaň, ýa-da düýn-öňňin atdanlykda gabatlaşylaýan, çalatanyş bolsaň.
Ýok-how.
Eýýäm nijema ýyllar bäri goňşy otyrlar.
Alynma-alyn ýaşaşybam, ol-bi üýtgeşigräk owkat bişirilse, bihal ýerden gadyr akdyransyrap, iki öýüňem heleýleri, birew-birewe ibirt-de-zibirt goňşokara daşaşan bolup ýörler...
Ine, indem, me saňa: “Sakgalyňa nemedeýin, bolýamy?!”, waý-faýyňy ogurlap ýatyrlar...
Utanonoklaram-aý war-a!
Tüfüňemmiri-laý, war-a!
Tükenen-laý war-a, şü adamlaram war-a!
Kellesin-ä şu pikirler, iç ýüzünden sarygarynja deý gemirýär.
Hytyrt-hytyrt.
Hytyrt-hytyrt.
Gözüniň öňünde-de, gabat-garşysyndaky goňşusynyň, ýarygijeden soň, il ýatyp it uklanda, ýüzüne gara çalnan, garageýim sypatda, assyrynlyk bilen bukdaklap, gapysyna ýakyn gelýäni janlanýar.
Ine ol, gelýär-de, ilk-ä onuň gapysyna gulagyny tutup, doňuz diňini salýar.
Olaryň hemmesiniň hakyky bigam mahawlar deýin, hor çekişip ýatandyklaryna ykjam göz ýetirenden soňam ol, gapyň gulpuny özüniň ýasama açary bilen şykyrdatmanjyk açýar. Pişik basyşyny edip içerik giribem, elindäki bedresini dolduryp, olaryň waý-faýyny ogurlamaga başlaýar.
Onuň edil şonuňky ýaly garaýüz, garageýim sypatdaky aýalam, oňa ýardamçy.
Bärk-ä olaryň bosagasynyň iç ýüzünde duran ýerinden bedresini waý-faýdan doldurýar-da, daşaryk uzadýar. Onuň gotdaja heleýem, ogurlyk waý-faýly bedräni gyzyl tapan dek garbap alýar-da, gybyr-gybyr gybyrdyklap, haýdap, ony öýüne boşadyp gelýär.
Är-aýal ikisi daşap otyrlar, daşap otyrlar.
Çenräjigini bilip, bes edäýenoklaram.
...Bu sahna hyýalynda bolup geçýänem bolsa, onuň ulili bilen bagyryberesei gelýär:
“Boldy edäýiň-ä-how, naýynsaplar! “Ynsabam bir dine ýarpy” diýipdirler. Ogram bolsaň, herki zadyň çeni, çaky bardyr-a-how, war-a! Diňe özüňizi bilmän, öýüň eýelerine-de bir zatjyklar goýaýyň-a-how! Olara-da waý-faýsyz ölmeli diýlen zat ýokdur-a-how, war-a! Ýeri bolýa, ogurladyňyz, taň etdiňiz! Indi bir, jinnekçe bolsa-da ensap ediň-de, eýelerine-de, bolmanda bir, ölmez-ödülik bolar ýaly, biraççygam bolsa waý-faý galdyraýyň-a-how, war-a! Halys bilinmese-de, tekiz ýalanana dönderip, taňkyradyp äpbermeli diýlen zat ýokdur-a-how war-a!”.
...Ol öz etini özi iýip ýörşüne, näme edýändigini özem aňşyrman, içerisini, öwselesini birlaý gözden geçirýärdi.
Hemme zady ýerbe-ýermi?
Ýok zady barmy?
Birdenem güpbe ýadyna düşdi.
“Şu-la haçan görseň, şu elindäki bilen dogan okaşan ýaly weli, şö-ýä şo zatlardan habardar bolmaly” diýip hasap etdi-de, ogluna ýüzlendi:
-Oglum, şü waý-faýy ogurlap bolýamy?
Ogly elindäki smartfondan gözüni aýyrman, çiňarkan düşüp ýatyşyna:
-Howwo, kaka,-diýdi.
Oglunyň bu jogaby, hälden bäri bolanja erkini-sabryny çugdamlap, özüniň erkek çarbaýlygynyň öňüne böwet basyp oturan, munuň çydam käsesine daman iň soňky damja boldy.
-Äý men bilýädimem-laý, bi zatlaryň ýöne ýerden beýle däldigini,-diýip, adatça erkekleň aglaba köpüsinde bolşy ýaly, onuň gursagyny gemirýän iňkisi, günäli-bigünäni saýgarman, çem geleniň üstünden eňteriliberýän, şerraýdan gelen şermende gahara ýazdy:-şü agzyňyza guş gonduryp ýörşüňize, ol-a arly ýyllap waý-faýyňyzy ogurlap, jürüňizi dikip ýörmek ekeni, syrtyňyza geýilgi tammanyňyzy syrypyryp gitselerem duýmarsyňyz, siz kellesine taýak degen sähneler! Size war-a, size, ine şeýdip, haçan görseň ýa tilfonyňyzy gujaklap eplenip ýat diýseň! Ýa-da nahardan-şordan, öýüň işinden ellibizar geçip, telewizordaky aňkawlara aňalyp otur diýseň! Şony başarýaňyz! Başga eliňizden, diliňizden poh gelenog-a, siziň! Häk, diýmäýin diýsem, tükenen ýalýagylary!
Kakasy, gaýa ýok gopuz ýok, sebäpsiz-bahanasyz ýerden, duýdansyz jabjynmaga başlanda, aňk-taňk bolan ogly, ýatan ýerinden kellesini çala gyşardyp, geňirgenip bakdy.
Muňa onuň hasam bolmajysy boldy.
-Tur, gazarylyp ýatma-da, gözümiň alnynda!-diýip ol, jynssyz azgyryldy:-Nä, maňa gözüňi gyýtardýaň, tüntawyň biri tüntaw! Ondan-a git-de beýdip, ejeň-ikiň öýde halyňyza maňkaňyzy siňekledip, pohuňy böregiňe garyp oturman, waý-faýyňyzy oňaryň! Beýle ýanyňyzdan hüpüledip waý-faýyňyzy ýumrup ýatyrlar! A siz bolsa, eşegiň gulagyna okalýan ýasyna meýmirän büre ýaly bolup, hiç zady bileniňizde-de ýok, duýanyňyzda-da...
Kakasy, herrelen badyna ýerinden zyňlyp galyp, öňünde dim-dik oturan ýigdekçe, hasam geňirgendi:
-Nämäň waý-faý-aý, kaka?!
Onuň gany depesine urdy. Paýyşdan-paýyş sögünesi gelip, dili gijäp gitdi. Hyrçyny dişläp, dodagyny çeýnäp zordan saklandy.
-Nämäň waý-faýy bolar öýdýäň, han ogul?! Seň waý-faýyň! Meň waý-faýym! Ejeň waý-faýy! Şü henizem ýumrulman gezip ýörenine, meň-ä haklymy haýrana goýýan, tutuş tünegimiziň waý-faýy!-diýende, özüne agram salmakdan ýaňa, onuň sesi gyryljakdan boguksy çykdy.
-Kaka, bizde waý-faý ýog-a!
Oglunyň seslenmesi onuň badyny aldy.
Hasam janagyryly gargynjyramak üçin döşüne dolduran ýelini, dişiniň arasyndan syzdyryp, pyssardy. Birdenem kellesine geldi:
-A onda sen şu pille tilfonyňda nämişläp ýatyrdyň? O internet diýýäniňde däldiňmi?
Gögele müýnürgedi:
-Goňşulaň waý-faýynda-laý-ow, kaka...
4 лайков 333 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pakize
13 май 2023, 11:18
Bulara alada gaýgyny özleri tapýa ekeni ýok ýerden. Mugt way fay ulanýanam öz ogly eken.
Öwreniji
14 май 2023, 11:20
???
Мердан
16 май 2023, 02:57
Бах