Leýlisaç
Men ýene-de şol birmahalky ikimiziñ bukuja öýmüze öwrülen leýlisaçyñ aşagynda durun. Ýöne birbada men öz gözlerime ynanmajak boldum. Biziň hemişekije öýmüzde kimdir biri owadanja otgurgyçlary goýupdyr. Özlerem biri-birine ýakynja ýerleşdirilipdir. Men özümi gallap duran şabram şahalary ýekän-ýekän sypadym. Olaryň ysy-da, durky-da şol birmahalky ýaly mähriban. Olar meni häzirem il gözünden gizleýär. Ýadyňa düşýärmi, mekdebi tamamlan günümiz biz her ýylyň maý aýynyň ýigrimi bäşinde şu ýerde duşuşmagy wadalaşypdyk . Ýöne birki ýyllap wadada wepaly bolsagam, soňky döwürde başagaýsyrap ýörüs. Bu gün weli, maý aýam däldi, onuň ýigrimi bäşem. Häzir altyn güýzüň bosagasy. Meň göwnüm halys seni küýsänsoň, oba tarap gaýdyberdim. Ynha, indem durun şol bukuja öýümizde. Bir seretsem, sen gelýäñ sallanyp. Men saňa oba geljekdigimi aýtmandym ahyry. Diýmek, iki ýürek bir bolanda, ara daşlykda-da birek-biregi duýup bilýän eken. Muny ikimiziň ýürekdeşligimiz hem subut edýär.
Dogrusy, çagakak biziň gatnaşygymyza hemmeler haýran galardy. Herimiz obanyň bir çetinde ýaşasagam, haçan görseň, bile biten ýalydyk. Mekdebe bileje giderdik, bileje oturaradyk. Oýnamyzda-da bilejedik. Sapaklarymyza-da bileje taýýarlanardyk. Ene ýabyň boýyndaky söwütlik, olaryň gapdalyndaky leýlisaçlaryň aşagy ikimiziň söýgüli mekanymyzdy. Elimiz sypyndygy dilleşen ýaly, şol ýerde gögererdik. Gezmek-gezmek oýnamyzda herimiz bir leýlisaçyň aşagynda öý edinerdik. Öýümizi dürli agajyň ýapraklary, gülleri bilen bezänimizde-de biz biri-birimizden kem galmajak bolardyk. Owadandan owadan gülleri, ýapraklary saýlap, olary haly düşek edinerdik. Biri-birimiziňkä gezmäge baranymyzda-da sowgadymyzy täsinje etmäge çalyşardyk. Elbetde, biz öz oýnumyzda şeýdip ululary gaýtalap, olardan görenimizi ededndiris-dä. Ýogsam ýedi-sekiz ýaşly gyzjagajlaň aňyna beýle zatlar geljekmi? Soň-soňlar göze görnüp başlanymyzda-da ikimiz leýlisaçlaryň aşagynda oturyp, kitap okardyk, mekdep synaglaryna taýýarlanardyk. Asyl, görüp otursak, şol leýlisaçlar, olaryň şabram şahalary biziň üçin mähribanlygyň mekany eken. Ene-atalarymyzam, deň-duşlarymyzam bizi diňe şol ýerdedn tapyp bolýandygyny bilýärdi. “Şajemalyň gyzy bilen bagryň badaşdymy, leýlisaçyň aşagynda oýnanyňdan, içeriniň işine kömekleş, ol- bu bişirmäni öwren, erteki gün gerek bolar. Siz gyz maşgala, bir öýe düşeniňizde özüňiz kösenersiňiz ” diýip, ejem käteler igenerdi. Ýöne biziň ejemiz ikimiziň şol bukuja ýerde durmuş mekdebini geçýändigimizi bilenokdy. Biz keşde çekmäni-de, nahar bişirmäni-de, öý-içerä seretmäni-de hut şol ýede öwrendik. Sebäp okaýan kitaplarymyz, ene göreldesi ikimiziň her günki oýnumyzda, baryş-gelişimizde, oturyp-turşumyzda gaýtalanýardy. Ikimiz oýun oýnaýan ýaly bolsagam, şeýdip uly durmuşy gaýtalaýan ekenik. Keşdäni biri-birimizden nepis çekjek bolup dyrjaşardyk. Başymyza geýýän gültahýamyzy hem hut şol ýerde tikipdik. Suratlar arkaly haly ýüwrütmäni, dokamany öwrendik. Dogrusy, keşde çekip, herimiz özümize tahýa tikinenem bolsak, halyny hyýalymyzda dokardyk. Çitimleriniň syklygyna, ýüplükleriniň inçeligine, darak kakyşymyza örän ünsli çemeleşerdik. Bir gezek mekdebiň haly gurnagyna baranymyzda Gülnabat mugallyma haly dokap bilýändigimizi aýtdyk. Ol bize ynanmajak boldy. Şonda sen Gülnabat mugallymyň gapdalynda oturdyň-da çitime başladyň.
- Sen-ä duranja bir zenin ekeniň. Haly çitmäni nireden öwrendiň. Sen gurnaga-da gatnaňok weli, şonda-da beýlrekilerden pes däl, çitim çitişiň, darak kakyşyň öwrenjäňkä meňzänok.
- Biz haly dokamagy suratlaryň, nusgalaryň üsti bilen öwrendik.
– Ussat halyçy bolmak üçin tejribe, görelde gerek. Şoň üçinem indi her gün gurnaga gatnaň, şonda mekdebi tamamlaýançaňyz, ökde halyçy bolarsyňyz.
Şondan soň biz okuwdan çykyp, ilki gurnaga barardyk, soňam leýlisaçlaryň aşagynadaky öýümize. Orta mekdebi tamamlanymyzdan soň, men-ä ýokary okuw diýip, Aşgabada gaýtdym. Senem mekdebiň çeper eller gurnagynda gyzlara haly dokamany öwredip başladyň. Ýadyňdamy, şonda köpler seniň halyny şeýle nepis dokap bilýäniňe höwes ederdiler. Haçan görseň, leýlisaçyň kölegesinde oýnap ýören gyzyň halyny şeýle ussatlyk bilen dokap bilýandigi hemmeleri haýrana goýdy. Ýöne hiç kim biziň başga has gizlin syrymyzyň bardygyny bilenokdy. Ikimiz hiç wagt biri-birimizden aýrylmazlyga kasam edipdik. Nirelerde bolsagam maý aýynyň ýigrimi bäşinde çagalyk mekanymyzda duşuşmagy wadalaşdyk. Durmuşa çykanymyzda-da bir günde toý tutmagy, mydama iki maşgala bolup, gatnaşmagy niýet etdik. Ýöne durmuşda hemme zat öz isleýşiňçe bolup durmaýan eken. Biziň wadamyz mekdebi tamamlan günümiz soňlandy... Ynha, indem şol birmahalky çagalyk öýümizde otyryn. Laýlisaçyň şabram şahalary bolsa şol öňküsi ýaly, meni öz goýnunda gizleýär.
Añyrdan gelýärkäñ seniñ göwnüñdäkini añmak isläp, ýüz-gözüñi, ädim urşuñy synlaýan. Elleriñi hereketlendirişiñden many ogurlajak bolýan. Sen weli, birden-ä gaýgyly görünýäň. Birdenem bu jahanyñ ähli ünji- aladasyny arka atana meñzeýäñ. Meň ylgap öňüňden çykasym, seni bagryma basasym geldi. Ýöne men saňa garaşmaýan sowgdyňy etmek üçin ümsümje oturdym.
Sen weli, şunça wagt görüşmedigem bolsak, geldiñ-de sesiñi cykarman, gapdalymda dyz epdiň. Keýpiñ ýokdugyny soraman biläýmelidi. Men saňa gysmyljyradym-da, gujagyňa doldum. Biz esli mahallap sessiz sözleşdik. Çünki biz biri-birimiziň ýagadaýymyza sözsüz düşünýärdik. Şonda garaz, bir zadyň seni ynjalykdan gaçyrýandygyny duýdum. Soň seljerip otursam, menden köp mahal bäri habar bolmany üçin biynjalyk bolan ekeniň.
Soňky döwürde ikimiziň juda seýrek duşuşýanymyza, oba wagtly-wagtynda gelip bilmeýänime çynym bilen gynandym. Sebäbi durmuşa çykyp, öý-işik bolanyňdan soň, jora bilen günde-günaşa gatnaşyp ýörmäge, onda-da ara daş bolanda maý tapylmaýan eken. Ýöne biz näme üçindir muňa düşünmejek bolýas. Ynha, bu gün iş arasynda maý tapyp, çagalygymyzy ýatlamak üçin göni laýlisaçly mekana geldim. Dogrusy, hiç ýere sowulman, gün gijikmänkä, leýlisaçlaryň goýnuna dolup, geçip giden şol üýtgeşik dünýä seýran edeýin, sen ýanymda bolmasaňam, hyýalymda oňa dolanaýyn diýdim. Ine-de sen geldiň. Gör, ahyry ýürekdeşlik nireden başlanýan eken. Meniň oba gelendigimi seniň kalbyň syzan bolarly. Birek-biregiň gujagymdan sypyp, biraz yza çekilenimizde nazarlar çaknyşdy:
- Jemal, men bu gün seniň gara berjegiňi duýýardym. Ir bilen käsämde boýçy görüp, baý, begendim-ä. Seň geljekdugiňi Meýlise-de aýtdym. Ol ynanmadyk boldy. Meň weli ýürejigim syzyp dur-da geljegiňi. Ýogsa-da sen bu oturgyçlary neneň gördüň?
- Kim ýasanam bolsa, gowy ýasapdyr, işine ökde eken.
- Bu Meýlisiň leýlisaça minnetdarlygy. Bir gezek saňa garaşyp otyrkam, obamyza täzelikde işe gelen Meýlis meni şu ýerde ilkinji sapar gördi. Şondan soň leýlisaçlyň aşagy Meýlis ikimiz üçinem wadaly mekana öwrüldi. Obamyzyň köp-köp ogalan-gyzlary ýaly, tä toý tutýançak ol bizem il gözünden gorady. Onsoňam Meýlis biziň heniz-henizlerem şu ýerden aýrylyp bilmeýändigimizi gowy bilýändigini, leýlisaçlaryň biziň mekanymyzdygyny,ýöne gadyrly myhmany öýde garşylamalydygyny düşündirjek bolup kän çytraşdy. Ahyry bolmansoň, ol biz üçin ýöriteläp ýasady bulary. Indem ol bize öýde garaşýar. Jerenleriň howlusyndan girenimde öz gözlerime ynanmajak boldum. Işigi eýwanly, bakjaly bagly giň howla gelşik berip duran iki düýp leýlisaç biri-birinden zyýadady. Olaryň ýere degsem-degsem diýýän şabram şahalarynyň arasyndan üsti näz-u-nygmatdan dolup duran desterhan görünýärdi. Meniň geň galanymy duýan Jeren:
- Bu leýlisaçlary Meýlis bir ýerden-ä getirip oturtdy, Dogrusy, biz olaryň nahaly ýaş bolmansoň, kök almaz öýtdük weli, asyl pajarlap ösüp gidiberdiler. Sered-ä olaryň owadanlygyna. Men olardan gözümi aýryp bilemok. Girsem-çyksam ikimiziň şol leýlisaçlaryň aşagyndaky öýjagazymyz göz öňüme gelip dur. Onsoň özüme şol gulpagyny tasadyp ýören gyzjagazmykam öýdýän. Bu leýlisaçlar biziň birek-birege beren sözümiziň, hemem Meýlisiň bir bakyşda dörän söýgüsiniň bakylygyna şaýat. Ýör, indi saçak başyna geçeli. Häzir Meýlisem, gaýyn enemem, baldyzlarymam geler. Olaram saňa garaşýa.
Oňa çenli otagdan ylgap çykan gyzjagaz maňa salam berdi-de, Jereniň gujagyna doldy.
- Eje, meň saçym ledýlisaçyň şahalary ýaly uzynmy, owadanmy?
Gyzynyň ýaňagyndan mähir bilen öpdi-de Jeren:
- Leýli jan, senem edil şü leýlisaçlar ýaly owadan. Saçyňam edil onuň şahalary ýaly barha uzalar gider- diýdi.
Leýlijigiň mähirden doly gözlerinde men birmahalky Jereni gördüm. Hyýalymda mekdep ýyllarymyza dolanyp, ýaşlygyň, juwanlygyň derýasyny boýladym-da, gyzym bolaýsa, adyna hökman Leýli dakaryn diýen karara geldim. Alty ganat ak öýi ýatladyp duran leýlisaçyň aşagynda ýazylan saçagyň başynda jemlenen agzybir maşgalanyň arasynda wagtyň nähili geçendiginem duýmandyryn. Ýakymly günleriň ýatlamasy diňe bir göwnümizi däl, tutuş süňňümizem ýaşlyga dolady.
Gaýdyp barýarkam leýlisaçlary ýene bir gezek görmek üçin ene ýabyň ýanyndan geçdim. Leýlisaçyň şabram şelpeleriniň arasyndan çala görünýän gyzjagaşlar öz oýunlary bilen başagaýdy. Diýmek, durmuş dowam edýär.
Ogulgerek Ussaýewa.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.