Içimdäki guş

Içimdäki guş

(hekaýa)

“Ýene düýşüme giripdir – diýip, Hurma saçlaryny darap otyrka pikirlendi. Ýene şol mämişi köýneginde. Menden Rahadyň ýagdaýlaryny soraýar. Men oňa hemme zat gowy, sen alada etme jan dogan diýip ýalbarýaryn, ol menden razy ýaly başyny atyp ýylgyrýar. Düýşüňde öli adam ýylgyrsa, nämäniň alamatyka?” – diýip, howsalaly pyşyrdady. Ýogyn saçlaryny doly örtübilmeýän keltejik ýaglygyny ildirensoň, howlukmaç çetki otaga girip gitdi. Bir üýtgeşiklik tapjak bolup alakjaýan gözleri nobat gezegini nätanyş ys alan burnuna berdi. Şonda ol gözleginiň netijesiz bolany bilen ylalaşyp bilmän, otagy ýene bir gezek synlap çykdy. Penjire, şkaf şol öňki ýerinde, bir ädimem üýtgemändir. Ýazuw stoly hem ebedilik ýerini tapan ýaly bolup dur. Ol soňundan gözleginiň iň wajyp obýektine – ýerde uklap ýatan on dört ýaşly oglana seretdi. Oglan uklap ýatan wagty öz ýaşyndan iki esse kiçi görünýärdi. Onuň horajyk elleri ýorgan uçup gidäýjek ýaly uç gyrasyndan tutulgy ýagdaýdady. Hurma ony oýarmaga dözmese-de, oglanyň ösgün saçlary kömek etdi. Birden ýüze ýykan ýeňiljek gaharynyň ugruna:
- Rahat – diýip, ýarym kineli äheňde gepledi. Hurmanyň doly adyny tutup gepleýän wagty gowulyga garaşmaly däldigini bilýän oglan ukudan açylmadyk gözlerini süzüp garaşdy. Onuň ýene ýatasynyň gelýändigi haýal dem alyp, kynlyk bilen oturşyndan bildirýärdi. Hurma onuň gitdigiçe horlanýandygyny görüp pessaýlady. – Günortan bolup gidipdir-ä sen turýançaň. Çaý goýaýynmy – diýende, Hurmanyň äheňem üýtgedi. Rahadyň horlanyp barşyna nebsi agyrýardy, ýöne näme alaç tapjagyny bilenokdy. – Bolýar-la, Ra – diýip, ol gowy gören wagty atlandyryşy ýaly, oglanyň kellesini sypalap goýberdi.
- Näme bolýar saňa?
Rahadyň göwünli göwünsiz çörekdir bal iýjek bolup oturşy haýsy saz guralyny çaljagyny bilmeýän sazanda meňzeýärdi.
- Men saňa öňem aýtdym-a. Meň içimde guş bar – diýip Rahat dişinden syzdyryp gepledi. Şo pursat onuň gözlerinden ýüzlerçe şöhleler daşyna syçyrap düşäýjek bolýardy. Günortanyň “ebedi asudalygynda” gulagyňa tanyş sesler bilen penjireden görünýän ak pagta ýaly bulutlar ýüzüp ýördi. Hurma oglanyň adaty däl ýagtylyk bilen şöhlelenýän ýüzüne üns bilen bakyp, “Wah, dodaklaryna çenli agarypdyr” – diýen pikir öwürdi. – Basym ýene barmaly günümiz ýetip gelýär. Onsoň barlagyň netijesini aýdýarlar.
Rahadyň küljümek reňkdäki dodaklary bu habara näme diýýänem bolsa, söz görnüşinde kemala gelmän galýardy. Ol zordan kellesini göterýän ýaly ysgynsyz görünýärdi.
- Ynha – diýip, ol duýdansyz sag aýagynyň balagyny dyzyna çenli çermedi. Ynha, şu guşuň yzlary. Bar ýerim şular ýaly çyzym-çyzym.
Rahat liniýa ýaly uzyn köküň gyzyl çyzyklaryny yzarlap görkezdi. Bir zatlar diýmäge hyýallanan Hurmadan öňürdip, näme üçindir “Uruşmadym hiç kim bilen. Muny şo guş edýär” – diýdi.
- Agyrýarmy? – diýip, Hurma gyzyl çyzyklara nebsagryjylyk bilen bakdy. Rahat jogaba derek aýagyny örtdi-de, başyny aşak saldy. Ol öz ýagdaýyny aýdanyna ökünýän ýalydy. Hurma bilen adamsyna Rahat bilen ýaşamak barha kyn düşýärdi. Sebäbi olar ýetginjekden nämä garaşjagyny bilenokdylar. Bir gezek ol bedre suw içip, demini alman durdy. Şeýdip, ol içindäki guşy gark etmek isleýärdi. Rahady zordan bu pikirinden alyp galdylar. Ol “Meni şu guşdan gutaryň” – diýip, ýerde çabalanyp aglaýardy. Haçan-da Rahat içindäki guşy ýok etmegiň aňsat ýoluny tapandygyny, ony ýüp bilen bogup, howasyz goýjakdygyny aýdansoň, Hurma molladan doga tumar alyp geldi. Hawa, ol birbada köşeşdi hem ynjaldy. Şo döwürler ikindi çagy uzak gözýetime syn edip oturmagy çykardy. Adyny tutup ýüzlenäýseň, bir zatlar aýtjak bolýan ýaly seredýärdi. Göni gözüňe bakýardy. Küljümek dodaklary söz gaçyraýjak ýaly açylýardy. Gözleri häzir aýtmaga taýýarlanýan adam deýin garşydaşyny nyşana alansoňam, hereketsiz, sözsüz doňup galýardy. Lukmanlar gelen netijelerini ýene bir gezek barlap görmegi karar edensoňlar, Hurma agyr dymyşlykda garaşmaly boldy. Ol bir gezek Rahadyň başyny sypalap otyrka, boýnundaky tumara eli degdi.
- Içimdäki guş şuň bilen iýmitlenýär – diýip, Rahat düşündiriş berdi
- Onda baryny iýip gutarandyr
- Ýok entek. Ýuwaş-ýuwaşdan iýýär. Däne ýaly edip. Hurma daýza – diýende, Rahat aýtjagyny bilmeýän adamyň ikirjiňlenmesi bilen sakyndy. – Eger şu guş daşyna çykmasa, meni persala eder ol.
- Goý, goý – diýip, Hurma mundan artyk diňläbilmän gygyrdy. – Seniň göwnüňe gelýär, Ra. Guşlar daşarda ýaşaýarlar. Seret, daş-töwerek guşlardan doly. Saňa, eger isleseň, guş satyn alyp bereli. Gerekmi? Seretjekmi? Otuz manatdan kepderi satýarlar. Her hilisi bar ekeni şolarda
Rahat ýene sesini çykarmady. Ýöne ertesi daňdan Hurmanyň otagyna kürsäp girdi.
- Näme boldy, Rahat? – diýip, Hurma alasarmyk ýagdaýda sorady.
- Sen maňa şular ýaly guş alyp ber. Ol edil şu barmagym ýaly kiçijek bolsun, perlerem mawy reňkde, çüňklerem kinniwanja bolsun. Gözi mele, mep-mele guşjagaz bolup, saýranda-da ähli ýere eşidilsin. Başynda her dürli reňkde ak, sary, ýaşyl, gök reňklerde jygasy bolsun. Ýöne ýekeje dyrnagam bolaýmasyn – diýensoň, ol demini dürsemek üçin saklandy. Hurma onuň haýsy guş hakda aýdýanyny bilmese-de “Bolýar” diýdi. Ol aslynda şo zeýilli guşlar satuwda bardyr öýdýärdi. Lukmany görmekden soňky etmeli işi Rahadyň diýýän guşuny tapyp almakdy.
- Anyk bir netijä gelmek kyn – diýip, lukman barlag kagyzlary uzatdy. Autizm, adatça, çagalykda ýüze çykýar, ýöne... her hili ýagdaý bolýar-da. Ejesiniň ýogalmagy çaganyň psihikasyna agyr täsirini ýetirip biler, aýratynam, ol ýetginjeklik döwründe bolan bolsa. Çaga aňynyň döreýän döwri-dä düşünýäňizmi?
Hurma her gezek lukmanyň “likantropiýa, zooşiza” – diýýän ýerlerinde gözüni tegeleýärdi.
- Ýöne ol öňler ýekeje haýwanam halanokdy, häzirem halanok – diýensoň, Hurmanyň aýak üstünde durmaga ysgynynyň ýokdygy bildirdi. Ol näme üçindir sadadan sypaýy lukmanyň pessaý äheňinde düzedip bolmajak agyr keseliň alamatlaryny duýýardy. Hiç hili esas bolmasa-da, häzir onuň lukmana gygyrasy, jabjynasy gelýärdi. Daş-töwerekdäki ähli zatlar, göwnüne bolmasa, ogrynça duşmanlygyny edip, ýeke-ýekeden kynçylyk döredýärdiler. Edil ary köýen ýaly, özleriniň erbet bolan mahaly nähili bolup bilýändiklerini subut edýärdiler. Lukmanyň “Hiç kim enäniň ornuny tutup bilenok” diýen mahaly Hurma hassahananyň zalyna çykypdy. Eger ol mundan artyk saklansa, özüne ýagy bolup görünýän ähli zadyň gözüne görkezjekdigini bilýärdi.
Rahadyň zol-zol içindäki guş hakda aýdýanynyň täsirem bolup biler. Hurma indi Rahadyň diňe içki dünýäsinde däl, daşky keşbinde-de guşa meňzeşligi görýärdi. Rahat horlanyp, kiçelip barýardy. Käwagtlar onuň gözünde niredendir bir ýerden ýitiburçluk ýaly kesim emele gelip, ol okgunlylyk bilen aşak inýän çyzyklary emele getirýärdi. Rahadyň sesi ýiti, ýöne örän gysga kesgitli äheňe eýe boldy. Ol duýdansyz şeýle äheňde seslenmegi çykardy, ýöne her gezek Hurma onuň äheňiniň manysyny alyp ýetişýänçä gutarýardy. Şu bolşuna Hurma Rahadyň göze görünmeýän, emma aslynda golaýjygynda ýaşap ýören ekiz taýyny tutjak bolýan adamlara meňzeýärdi. Rahadyň ekiz taýy gysgadan kesgitli seslenýärdi, çaltlyk bilen aşak inip düşýärdi. Ýöne hemme zatdan beter, Hurma onuň syrlylygyndan gorkýardy. Ol Rahadyň içindäki guşunyň näme isleýänini bilenokdy. Ýaňy bir dünýä akyl ýetirmäge başlan ýetginjegiň nämä gerek bolanyna düşünenokdy. Diňe bir syrlylyk däl, bu guşuň rehimsiz hem hiç zady gaýgyrmaýan, berlen buýrugy gürrüňsiz ýerine ýetirýän närse bolup çykaýmagyndan heder edip, ol käteler Rahadyň indi ýüzüne çenli ýaýran gyzyl çyzyklaryny sypalap oturýardy.
Şeýle günleriň birinde ol Rahadyň gürrüň beren guşuny gördi. Hurmalaryň mellegi gür baglyk bolup, ýokardan seredeniňde, tegelenip duran silkme telpegi ýatladýardy. Edil telpek ýaly, baglar gür şahalaryny tegeläp, ýaşyl öwüsýärdiler. Şeýle gür ýerleşensoňlar, Günüň şöhleleri hem inçelik bilen baglaryň arasyny kesip geçýärdi. Ýerde buldurap ýatan akar suwuň öwüşgini Günüň şöhleleri bilen çaknyşyp, her dürli öwüşginiň döremegine getirýärdi. Netijede, ýaşyl baglaryň depesinde älemgoşar reňkli şöhlejikler oýnap durdy. Hurma Rahadyň gürrüň beren guşuny şol baglaryň depesinde öwşün atýan Gün şöhleleriniň arasynda gördi. Ol bir saýranokdy diýäýmeseň, galan ähli zat babatda gabat gelýärdi. Ýöne, belkem, uzak syn edip bolsa, onuň daş-töwerege eşidiler ýaly owaz bilen saýraýan bolmagam mümkindi. Rahadyň içindäki guşuny ahyry görmegi Hurmada geň duýgulary oýardy. Bir tarapdan, ol şo guşdan habarlydygyna arkaýyn bolup başlasa, bir tarapdan, munuň bary-ýogy bir zadyň başlangyjydygyny, bilmegiň ýöne bir başlangyçdygyny, esasy döz gelmeli synaglaryň bilmekden soň başlaýandygyny duýdurýardy. Ol Rahada gören guşuny habar bermek üçin seredende, onuň hemme zada gepsiz-gürrüňsiz düşünip, ýylgyranyny gördi.

Bägül ATAÝEWA
0 лайков 58 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.