Художник

Suratkeş
(hekaýa)

Onuň surat çekip bilmek ukybyny gaty giç bildiler. Bilen wagtlaram eýýäm hiç zady üýtgedip boljak däldi. Täzelikde okadyp başlan surat mugallymy Awrora Muhammedowna bir gün ony ýanyna çagyrdy-da, kimdigini sorady. Oglanjyk örän çekinjeňlik bilen “Azat” diýdi.
- A familiýaň? – diýip, Awrora Muhammedowna ýap-ýaşyl gözlerini güldürdi.
- Ahmedow...
- Näme diýsene, Ahmedow, sen örän talantly oglanjyk ekeniň. Saňa öňräkden üns bermeýişlerinii diýsene. Sen suratkeşleriň maşgalasyndanmy, hä?
Oglanjyk “ýok” diýýän terzde kellesini ýaýkady. Awrora Muhammedowna onuň goňras saçlaryny mähir bilen sypalap durşuna:
- Haýran galaýmaly, sen örän üýtgeşik surat çekýärsiň – diýdi. Soňundanam oglanjygyň çeken suratyny eline alyp, täzeden synlamaga başlady. Surat ýukajyk kagyzyň ýüzüne gara galam bilen çekilendi. Gara galam bilen gatyrak basylan ýerleri kagyzyň beýleki ýüzündenem bildirýärdi. Suratdaky zatlar diňe ak hem-de gara reňkde çekileni sebäpli, birbada içiňi gysdyrýardy. Ýerde pytrap ýatan ýapraklardan çen tutup, suratda güýz paslynyň çekilendigini aňmak mümkindi. Ýapraklar seteran duran üç – dört sany agaçlardan dökülen bolmaly. Şol agaçlaryň ortanjysynyň depesinde ýeke ýapragam ýokdy, aşaky bölegindäki ýalaňaç şahalarda-da bäş – alty sany ýaprak galgaýardy. Beýleki agaçlar bolsa, ýalaňaç agaja seredende, entek ýapraklydy. Ýalaňaç agajyň aşagynda bir eli bilen papagyny tutup duran, müçesi kiçijek garrynyň keşbi bardy. Arka tarapyndan çekileni sebäpli, onuň diňe selçeňlän saçlaryny, özüne uzyn bolýan penjegini hem-de giň edilip çekilen gyýma balagyny synlamak mümkindi. Garry gojanyň seredip duran ugrunda Gün ýaşyp gelýärdi.
- Sen suratlary durmuşdan alyp çekýäňmi ýa-da olary saňa biri öwredýärmi? – diýip, Awrora Muhammedowna suratdan gözüni aýyrman sorady. Hiç hili jogap almansoň, oglanjyga tarap öwrüldi. Azadyň syýa degen barmaklaryny eline alyp gülümjiredi. Azat indi mugalllym bilen birneme öwrenşipdi, ýöne şonda-da, doly gutarmadyk oňaýsyzlygyny ýeňip bilmän, aşak seredýärdi. Şol aralykda mugallymyň dyzyndan geçip duran gara ýubkasy bilen ujy tegelek ökjeli köwşi gözüne ilip gitdi. Awrora Muhammedowna bilen bolan gürrüňdeşlikden soň Azat öňküdenem beter çekinjeň bolmaga başlady, aýratynam, mugallymyň özüni gözden salmaýandygyny duýup, synpdaşlaryndan gyra çekilenini kem görmedi. Surat sapaklarynyň birinde Awrora Muhammedowna okuwçylara gartaşan zenanyň ýa-da erkek adamyň suratyny çekmegi tabşyrdy. Soňky sapakda her kim başarnygyna görä surat çekip gelipdi. Kimsi öz garry enesini, kimsi goňşusyny, hatda, gazet – žurnallarda gören ýaşululary hakynda surat çekenem bardy. Suratlaryň käbirinde garry adamlaryň ýüzündäki ýygyrtlara çenli anyk çekilensoň, Awrora Muhammedownda sorag baryny döredýärdi. Ol bir-de “Özüň çekdiňmi?” diýip sorasa, bir-de “Kitapdan yzarladyň gerek?” diýip, gözüni gyrpyp goýberýärdi. Bu başagaýlygyň içinde onuň hiç bir zada goşulman oturan Azada gözi düşdi. Oglanjygyň gözleri maksadyna ýeten adamlaryňky ýaly parahatdy. Awrora Muhammedowna oglanjygyň öňündäki suraty eline alan wagtynda Azat ýylgyrjak ýaly etdi.
- Hany, sen näme çekdiň? – diýip, mugallym eýýäm surata seredip duran bolsa-da, düşünmezlik bilen göz gezdirdi. Bu gezek surat diňe ak, gara reňklerden çekilmän, dürli galam bilen çekilen ekeni. Suratdaky ýaşyl otlar bilen örtülen kiçiräk meýdan mellegiň keşbini göz öňüne getirdýärdi. Mellek ýer birnäçe çillere bölünip, şol çilleriň gyrasynda-da üzüm çybyklary ösüp otyrdy. Hol beýleräkde – mellegiň aýagujunda ýeňi tirsegine çenli çermelen dolmuş zenan gap-gaç ýuwýardy. Zenanyň bükülibräk oturyşy, giň köýnegiň aňyrsyndan bildirip, sallanyp duran göwüsleri, gök köýneginiň eteginden çykyp duran keşdeli balagynyň gyrasy onuň gartaşan aýal bolaýmalydygy baradaky täsiri oýarýardy. Munuň şeýle ýa däldigine eger zenanyň ýüzüni görüp bolsa, anyk göz ýetirmek mümkindi. Ýöne zenanyň boýny sag tarapa gyşaryp durdy we kellesine derek sag gapdaldaky aşhananyň suraty çekilendi. Aşhananyň iki sany gözi – penjiresi bolup, gapysy içine tarap açylýandygy sebäpli garalyp, hoňkaryp ýatyrdy. Awrora Muhammedowna birbada surata düşünmedi. Ol gap – gaç ýuwup oturan zenan boýnuny gyşardyp, kellesini aşhananyň aňyrsynda gizländir öýtdi. Ýöne bu mümkin zatmydyr, eýsem?! Mugallym kem – kemden suratdaky aşhananyň gap – gaç ýuwup oturan zenanyň kellesidigine akyl ýetirdi.
- Ahmedow, sen, sen – diýip, ol demini içine çekdi. – Pikasso, eger Hudaý bar, Pikasso – diýip, uly hyjuw bilen gygyrdy.
Şeýle täsin suratlary çekýändigi sebäpli mugallymyň öwgi sözlerini gysganmaýanlygyndanmy, nämemi, Azadyň üýtgeşik surat çekýändigi hakyndaky gürrüňler goňşularyna-da gelip ýetdi. Olaryň sungata örän höwesek adamlardygyny Azat şu çaka çenli güman etmän ekeni. Asyl olaryň hemmesi diýen ýaly sungat bilen bagly adamlar eken-ä. Bir gezek goňşulary Hekimberdi aga ony ýörite ýanyna çagyryp, saçy egnine düşüp duran erkek adamyň suratyny görkezdi.
- Ine, şu adam – diýip, ol süýem barmagyny surata degribräk gepledi. – Meniň kakam şu. Öz döwründe, bilýäňmi, nähili suratlary çekipdir. Şedewr. Hatda, Moskwa-da çagyrypdyrlar – diýende, Hekimberdi aga surata degribräk görkezen süýem barmagyny ýokary galdyrdy. Soňundanam:
– Arman, bolmandyr-da – diýip, ahmyr bilen kellesini ýaýkady. Azat ondan nämäniň bolmandygyny näler sorajakdy, hatda, öňküsinden ulalan gözleri bilen soran bolmagam mümkin. Ýöne jogaba derek onuň saçyny oýunçyl sypap goýberdiler.
Şol gün Azat üçin agyr gün bolupdy. Ilki bilen-ä, gözüni açyp – açmanka, ýumuş bilen şähere gidip gelmegi tabşyrdylar, mekdepden gelensoňam, myhmanlar üçin taýýarlanylmaly saçaga kömekleşdirdiler. Eger şular ýaly oturylyşyklarda ejesi Azadyň aýratyn zehinini tekrarlaýan gürrüňleri etmesedi, ol saçagy höwes bilen bezärdi, höwes bilen diňlenjek aýdymlary saýlaşdyrardy, basymrak küdümiň teýine gitmek baradaky pikirleri dagy golaýyna-da getirmezdi. Azada hasam öz şanyna aýdylýan öwgi sözleri ýakanokdy. Şol pursat çakyşdyrylýan stakanlaryň sesinden ýaňa onuň kellesinde ak galmagal döreýärdi. Galmagalyň sesi bir aýdymy sarap duran patefonuň arakesme wagtyndaky haşşyldawuk sesine meňzeşdi. Bu-da öz gezeginde Azadyň ähli ylhamyny asmana uçurýardy. Onsoň uçup giden ylhamyň ýene öz kellesine dolanyp düşmegi üçin eslije garaşmaly bolýardy.
Ejesiniň yzyna tirkäp gelen myhman gelnini ol öň görmändi. Şeýle myhmanlaryň käbirini ozaldan görýänem bolsa, häzirki wagtda tanyşlykda durýanlarynyň bardygyna seretmezden, Azat barybir olardan daşda ýaşaýardy. Ol suratkeş, onuň dünýäsi görüp – bilip ýören adamlary bilen däldi. Onuň dünýäsi öz hyýalyndaky obrazlar bilendi. Azada şeýle dünýäde ýaşamak ýeňil düşýärdi. Hakyky dünýäni ýatladýan islendik bir zat islendik bir pursatda onuň keýpini gaçyryp ýa göterip bilýärdi.
- Ynha, saňa täze surat getirdim – diýip, ejesi göwnühoş ýylgyranda, Azat myhman gelne aňk bolup seredýärdi. Myhman gelniň çepiksije göwresini, kiçiräk boýuny hasaba alyp, oňa daşyndan otuz ýaşam dözer ýaly däldi, ýöne ýüzündäki krem bilen gizlemek islän ýygyrtlaryndan çen tutup, otuz ýa ondanam ýokarydyr diýen netijä gelýärdiň. Gyýk gözleri ikiýana oýnaklap, dodaklarynda ýylgyryş doňup galan ýalydy. Has-da şu ýylgyrşyň manysy Azadyň gözüni egläpdi. Sebäbi entek salam diýmänkä, myhman gelniň aňyrdan gelşindäki ýaly ýüzünde ymykly ornaşan ýylgyrşy salam diýensoňam, bir tabyny üýtgetmedi. Ol şu boluşda öz roluna girip, indem yzyna çykybilmeýän artistlere meňzäp gidýärdi. Gelniň surat kemi ýokdy. Onuň dik duran ýerinden bir aýagyny beýleki bir aýagynyň üstüne atyp, gelşindäki ýylgyrşynam üýtgetmän, gyýk gözlerini süzübräk synlaýşynyň özem bir suratdy. Azat uzak tap getirmedi. “Salam” – diýip, ýuwaşja pyşyrdapmy, madyrdapmy aýdansoň, başyny aşak saldy. Ýene saçakdaky stakanlary ýerbe- ýer goýmak bilen meşgul bolup ýörşüne, ejesiniň şelaýyn gülüp “gaty ýuwaş oglandyr” diýýän sözleri gulagyna ildi. Myhman gelniň zer bilen bezelen gara reňkli pombarhat köýnegini stakanlaryň aýnasyndan synlaýarka, ol tasdanam birini elinden gaçyrypdy. Azadyň göwnüne bolmasa, bir-de süýri, bir-de dörtburç, bir-de togalak şekilde janlanyp duran çepiksije göwrede şu şekiller bilen bir meňzeşlikmi ýa kanunlaýyklykmy bardy. Azadyň içindäki duýgularynyň ählisi diýen ýaly hor bolup, munuň şeýledigini tekrarlaýardylar. Myhman gelin saçak taýýar boluberende, Azadyň ýanyna geldi. Ol ädim ädende-de, dähedem dessemleýän ýaly ädýärdi. Şo bolşuna oýunlyk bilen gözüni güldürmegi, kellesini bir gapdala gyşardyp ýesersiremegi unudanokdy. Azat başyny galdyranda, ýene şol gelniň henizem durkuny üýtgetmedik ýylgyrşy bilen gabatlaşdy
- Meniňem suratymy çekersiň-ä? – diýip, myhman gelin gaşlaryny galdyrdy. Azat oňaýsyzlyk bilen ikiýana göz aýlasa-da, “hawa” diýmekden başga jogap tapmady. Durmuşda şeýlebir pursatlar we şeýlebir adamlar bolýar welin, “ýok” diýen jogap asla olar üçin döredilmedik ýaly bolup gidýär.
- Köp sag bol – diýip, myhman gelin gyýk gözlerini süzdi. – Seret, ýöne owadan edip çekgin. Owadan edip çekmeseň – diýende, yzyny aýtman sesli gülüp goýberdi. – Halaman! – diýip, süýkdürip aýtdy. Myhman gelin otagdan çykyp gidýänçä bolan gysgajyk wagtyň içinde Azat onuň surata gaty bir meýliniň ýokdugyny aňyp ýetişdi. Ol aýdýan zadyny aýdyp bolýança, şoňa bolan höwesini gaçyrýanlardan ýa derrew başga bir tarapa öwüsýänlerden bolmalydy. Ýa-da belkem, näme isleýändigini özi bilmeýänlerden bolmagam mümkin. Azat hem agyr ýüküň aşagynda galan ýaly, hem agyr ýüküň aşagyndan çykan ýaly uludan dem aldy. Ejesiniň garaşýan myhmanlarynyň ählisi gelensoň, saçak başyna geçdiler. Azat hemişekiler ýaly, bir bahanajyk bilen gözden sypdy-da, näme gerek – ýaraklary bar bolsa, özüniň beýleki otagda boljakdygy baradaky habary galdyryp gitdi. Oňa owaldan öwrenşikli myhmanlaram bolsa bardyr welin, täze myhmanlaryň içinden Azat diňe şol myhman gelni aşaklyk bilen synlamagy unutmady. Onuňam gözüni aýyrman seredýändigini tutuş bedeni bilen duýdy. Hatda gapydan çykyp barýarka-da, myhman gelniň özüni gyýk gözleri we üýtgewsiz ýylgyrşy bilen ugradandygyny aňdy. Pursatsalymdan ol öz molbertiniň öňünde pikire çümdi.Şo pursat ejesi myhman gelniň suratyny çekmegiň zerurdygyny we bu tabşyryga sowuk-sala çemeleşmezligi duýduraýyn diýen niýet bilen oglunyň otagyna kellesini sokdy. Azadyň süýük gara reňke boýalan çotgasy çyranyň ýagtysyna öwşün atyp, howada doňup galdy
- Hä, sen eýýäm çekýäňmi? – diýip, ejesi kanagatlylyk bilen söz gatdy. – Berekella, oglum, çekiber, çekiber... – diýibem howlukmaçlyk bilen otagyň gapysyny ýapdy. Goňşy otagda aýdym sesini eşidip, Azat olaryň arasynda myhman gelniň bardygyny ýa ýokdugyny bilmek üçin diň saldy. Tapyrdy seslerini eşidip, birki sany jübütiň hökman pyrlanyp tans edýändigini çaklady, sebäbi öňki gezeklerde şo hili pursatlara tötänden gabat geläýen wagty hut şeýle bolup çykýardy. Ejesi onuň adyny tutup çagyrdy. Azat çaltlyk bilen myhmanlaryň otagyna geçenem bolsa, gapynyň agzynda ýaýdanjaňlyk bilen saklandy. Otagyň içinde on töweregi myhman bolup, olaryň üçüsi erkek adamdy. Azat olaryň içinden uzyn boýly, inçesagat adamy tanady. Onuň gözleri ýaşyldy we hemişe şobir odekalony sepinýärdi. Ýüzünden hemişe balzamyň ysy geler durardy. Az sözleýärdi we Azada mydama diýen ýaly gülümjiräp seredýärdi. Ejesi bu adamy “synpdaşym” diýip tanadypdy. Beýleki iki : orta boýludan daýaw pyýadalary Azat öň görmändi. Erkek adamlaryň üçüsem ýanaşyk otyrdy. Azat olaryň biriniň jorabynyň öz ýaşyna görä gelişmeýän reňkdedigini bellige aldy. Gözi bilenem şol adamy yzarlady. Özüne seredilýänini duýan daýaw pyýadalaryň biri gyzyl dişini ýaldyradyp ýylgyrdy. Azada öz ýanlaryndan ýer görkezdi. Myhman gelin bolsa oturan ýerinden gobsunyp, näme üçindir diňe gyzyl dişli pyýadany nazarlap gürledi:
- Bu oglanjyk meniň suratymy çekýär.
Azadyň gür gaşlary “oglanjyk” diýen söz bilen ylalaşman çytylyp gitdi. Oturanlaryň ählisi diýen ýaly biri – biriniň üstüni ýetirip, garyşyk geplediler: “Tüweleme”, “gel, geç-ä beýdip durman”, “bize-de görkezäý-dä”, “surat çekýärmi bu oglan?”, “hany göreli bakaly”. Şeýleräk jümleleriň içine tasdanam çümüp başlan Azat gelşi ýaly geplemän, çaltlyk bilen otagdan çykdy. Göwnüne bolmasa, ol ýerden ýöremän suwda ýüzýän ýalydy, sebäbi aýylganç başy aýlanýardy. Oňa otagyň içinde duran azajyk wagtynyň dowamynda otagyň garyşyk ysyndanam, garyşyk gürrüňlerindenem ýetipdi. Çeken suratyny göterip, otaga giren wagtynda eli ýeňiljek titreýärdi. Surata gözi düşenleriň sesine suw sepilen ýaly bolaýdy. Olar birbada nämäniň – nämedigine düşünmän, agyzlaryny öweldişip seretdiler. Suratda myhman gelniň keşbine derek gara we ýylmanak pişigiň suraty bardy. Ol bir aýagyny öňe atyp, awunyň üstünden gelen we häzir özüni awunyň üstüne oklaýjak ýaly görnüşde (pozada) çekilendi. Pişigiň kime meňzeýändigini myhman gelinleriň biri bada-bat aňyp, aşaklyk bilen ýylgyrdy. Beýlekilerem uzagyndan pişigiň kime meňzeýändigini gyýk gözlerinden we gözleriniň ýeserlik bilen ýaldyraýşyndan aňdylar.
- Men şular ýalysyny öňem bir ýerde gördüm. Afrikada. Gara pişik bu. Siam pişigi bar-a – diýip, ýognas pyýadalaryň gyzyl dişlisinden beýlekisi böwşeňligi aradan aýyrmak maksady bilen dil ýardy. “Şeýlemi? Hmm” – diýip, gyzyl dişli ardynjyrady. Zenanlaryň birki sanysy “Bolupdyr”, “Tüweleme” diýişlerine daş – töweregindäkilere aşaklyk bilen göz gezdirýärdi. Düşünmezlik bilen alakjaýan gözler ahyry Azadyň ejesinem, onuň gapdalyndaky synpdaşynam tapdy. Azat özüne beriljek bahany öňünden bilýän ýaly, kaýyllyk bilen egnini gysdy. Gözleri bilen näçe sapar düşündirişi talap etseler-de, Azadyň ejesi hiç zat gepläbilmedi. Diňe elindäki stakandan owurtlansoň, ogluna barmysyňam diýmedi-de, hamana, ol ýok ýaly bolup, şu galagoply pursatda-da imisala oturan synpdaşyndan işdäçarlaryň birini uzatmagy sorady. Näme etjegini, suraty alyp, otagdan çykjagyny ýa çykmajagyny bilmän duran Azady ýognas pyýadalaryň gyzyl dişlisinden beýlekisi halas edäýdi. Ol : “Bolupdyr, jigim, sag bol. Ynha, Mähri gelnejeň göwnese, alsyn öz suratyny”- diýende, Azat häliden bäri ýürek edibilmedik zadyny etdi. Ol myhman gelniň göni gözüne seretdi. Elbetde, ýognas pyýada degişýänem bolsa, “ýarym oýun ýarym çyn diýleni-dä.” Ýognas pyýadanyň äheňinde kinaýa-da, duýgudaşlygam, ählisiniň şeýle bolup gutaranyna begenmekligem, şu surata heşelle kakmaklygam duýulýardy. Myhman gelniň welin gitdigiçe gaşlary bürşüp, ýognas pyýada alarylyp seretdi. Oňa bu suratyň ýaramaýandygy mese-mälim duýulýardy. Azadyň özem şo agyr nazardan binesip galmady. Myhman gelin zordan ýuwdundy-da, göwünli – göwünsiz “sag bol” diýdi. Soňam gyýk gara gözlerini aşak salyp, mundan artyk geplemek islemeýändigini mälim etdi. Daşyndan bildirmedigem bolsa, Azat çeken suratyny göterip, beýleki otaga geçip barýarka, öz ýanyndan duýlar – duýulmaz ýylgyrýardy. Umuman, ol titreýän elleri bilen getiren suratyny kanagatlanma duýgusy bilen beýleki otaga geçirdi. Şo pursatda myhman gelniň ýüzündäki öwrendikli ýylgyrşynyň ýitip ýok bolup, deregine hakyky ýüz keşbiniň peýda bolşy göz öňüne geldi. Azat şo wagt “Ýok, sen otuz ýaşyňda ýa-da şondanam aňyrda bolmaly” – diýip, içini hümletdi.

Bägül ATAÝEWA
0 лайков 85 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.