Ýaşlygymyň dessany (powest)

Täsirlenmek

Jumageldi adatdakylar ýaly okuwdan gelip , päkmesini jaýyň çüňküne taşlady. Okuw eşiklerini çalşyryp , öý eşiklerine geçdi. Elini-ýüzüni ýuwup ,nahar  soramak üçin ejesini gözlemäge başlady. Jumageldiniň ejesi Sona daýza bu wagt magazina  öýe gerekli önümleri almana barýardy. Magazina  gireninde  ogly Jumageldiniň gyz klasdaşlaram bar eken. Sona daýza ýanyna baryp:
-Gurgunmysyňyz gyzlar ,ganymatmysyňyz?!-diýip salamlaşdy. Gyzlar Sona daýzany görüp utanjyradylar.
-Şükür daýza . Gowymy özüňiz?
-Şükür Hudaýa gowy bizem.
Soňra Sona daýza öz içinden "Bular meni tanamaýan bolaýmasyn" diýip özi bilen tanyşdyrdy.
-Men klasdaşyňyz Jumageldiniň ejesi.
-Tanaýas daýza- diýip orta boýly , güler ýüzli, Sähragül seslendi. Tanaman näme, Sähragül olaryň ençe ýyllyk goňşusydy. Soňra Sona daýza gyzlara:
-Oglum Jumageldi mekdepde gowy okaýarmy, özüni tertipli alyp barýarmy?- diýip sorag berdi. Bu sowala uzyn boýly, saryýagyz Gülöwser şeýle jogap berdi.
-Jumageldi öňler gowy okaýardy, häsiýetem gowydy. Ýöne soňky döwür Merdan lapuh meýdiň yzyna düşüp erbetleşip barýar.
Sona daýzanyň bu jogaba hasam göwni göterildi.Esasanam ol ogly Jumageldä şeýle üns berýän klasdaş gyzy Gülewseri başdan aýak synlady. Uzyn boýly, görk-görmekli, edepli, sary ýagyz tüýs ogly Jumageldä mynasyp gyzdy . Sona daýza içinden "Nesip bolsa okuwyny gutarsa oglum Jumageldä şu gyzy alyp berjek " diýip arzuwlady. Gyzlar aljak zatlaryny alyp magazyndan çykdylar. Sona daýza hem gerek zatlaryny alyp , öýe howlukdy. Öýe gele-gelmäne daşarda aýlanyp ýören Jumageldini çagyrdy.
-Jumageldi , Jumageldi ! Gel oglum goşlarymy göteriş.
Jumageldi ýanyna gelenden soň Sona daýza hälden bäri içine sygman duran duýgylarymy daşyna çykardy.
-Oglum ýaňy magazyna baranymda gyz klasdaşlara duşdym.
-Onsoň-diýip Jumageldi gürrüňe goşuldy.
-Olara "Oglum okuwda nähili okaýar özüni tertipli alyp barýardy?" diýip sorag berdim. Şo wagt uzyn boýly,saryýagyz bir gyz şeýle jogap berdi."Jumageldi öňler gowy okaýardy , ýöne soňky döwür Merdan lapuh meýdiň yzyna düşüp erbetleşip barýar"diýdi. Kim o gyz?
Jumageldi ol gyzyň kimdigini bilsedi bilmedik boldy.
-Gülendammyka?-diýip başga gyzyň adyny tutdy. Ýogsa Gülöwserden başga klasynda uzyn boýly , saryýagyz gyz ýokdy. Soňra Sona daýza
-Şol gyzy ulalanyňda saňa alyp berjek-diýip sözüni jemledi .Bu sözlere Jumageldiniň göwni göterildi . Şol gyzdan soň ol Gülewsere başgaça garap başlady. Hakykatdanam Gülewser uzyn boýly , owadan , akylly-başly , dogumly gyzdy. Klasynda ondan gowy sapak bilýänem ýokdy. Ol klasyň "bäşlikçisidi". Elbetde başgada sapaga ökde , bäşlikçi gyzlar bardy ýöne Gülöwser birinji ýerdedi. Ondan ökde okuwçy ýokdy. Sona daýzanyň "Şol gyzy saňa alyp berjek " diýen sözleri Jumageldä ýiti täsir etdi. Şondan soň Gülöwseri hasam halap başlady .

Sen maňa däli diýme durmuşyň özi däli
Hiç gözeli söýmedim men bir seni söýşüm ýaly
Bir-birege göwün berip saýladyk biz bir ýoly
Klasdaşym,göwün hoşum,bol ömürlik ýoldaşym

Seniň gara gözleriň aldy elden erkimi
Saňa ýüpsüz baglandym men synlap gözel görküňi
Söýgi ýakyp ýürekleri mežnun etdi gör kimi
Klasdaşym , göwün hoşum, bol ömürlik ýoldaşym

Bu durmuşyň ýollarynda uçurym kän duzak kän
Bu durmuşda ýalandan seni söýjek ýürek kän
Jumageldi aýdar bu gün hiç bir ýigde seretmän
Klasdaşym , göwün hoşum , bol ömürlik ýoldaşym

(dowamy bar)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
3 лайков 111 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.