Hudožnik

Hudožnik

(hekaýa)

Ujy saralyp giden otlar ýaz aýlarynyň soňky pursatlaryny başdan geçirýärdi. Kebelekler tomsuň yssysyny duýmaga başlan ýaly pessaýdan haýal uçýardylar. Megerem, birden maýyllap, birden gyzmak indi tebigatyň aýrylmaz bölegine öwrüleni üçin kebelekleriň başy aýlanýandyr. Diňe janly-jandarlaryň däl, adamlaryňam enter pelegi çöwrülen ýaly bolýar şeýle howada. Adamzat jemgyýetiniň barha durnukly bolmaga çalyşýan dünýäsinde howanyň ediberşini diýsene. Howanyň pursatsalymda üýgtgeýändigine diňe adamlar däl, ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar öwrenşip bilenok. Şo hili günlerde Gün duran ýerinden gozganmaýan ýaly bolup görünýär, zemindäki ähli zatlaram onuň bilen sazlaşykda “pauza” girýär. Ýakubyň ýaşlygy şular ýaly säginmä öwrenişip gitdi. Ol indi käte bir gysgadan zordan seslenýän horazyna-da gaşlaryny galdyryp seredýär. Ýetginjegiň kütek burçluga meňzäp duran gür gaşlary bar. Şo gaşlary sebäpli ol tüýlek adamdyr diýen täsiri oýarýar. Näme üçindir Ýakup haýwanlary hem düzgün tertipde saklap bolýandyr diýen pikirde gezýär. Eger olar bilen göz arkaly düşünşip bilmese, başga usullary ulanýar. Ýaşlykdan bular ýaly dözümliligi halamaýan kakasynyň gatyrganmasy bolsa peýdasyz. Ýakubyň on ýedi ýaşy bar, göwnüne ýaran gyzlar bolsa ondanam köp. Ol şo gyzlaryň içinden Gülnar atlysyny söýýär. Daş – töwerekdäki towuklaryň ala zenzele bolup gaçyşyndan hiç kim onuň Gülnary ýatlaýandygyny çak etmeýär. Ýakubyň “kiçijek şalygynda” zulum görýän janawerlerden daşary mellek ýerdäki ösümliklere-de azary ýetýär. Ýakup jogapsyz söýgüsiniň aryny mellek ýerindäki janly-jandarlardan we ösümliklerden çykarýar. Onuň jogapsyz söýgüsiniň ruhy astynda ýaşamak käwagtlar şeýlebir çekip çydar ýaly däl diýilýänlerine barabar bolýardy. Ýakup güýç bilen “asudalygy” üpjün etse-de, barybir “ebedi adalat” ony rahat uklamaga goýmaýar. Ol Gülnaryň keşbinde ýetginjegiň aňyna dolup, gysyp-gowurmaga başlaýardy. Ýakup deň-duşlarynyň ýanynda uly adam ýaly görünjek bolup, dilini dişleýän bolsa, ýekelikde bolan wagty oý-hyýallaryna diýen etdirip bilenokdy. Gülnaryň göwüsleriniň üstünden düşen saçlary goýnuna dolap alýardy. Ol saçlaryň alma ysly şampun bilen kükeýändigini ýatlap, birnäçe gezek çöşläp görýärdi. Şonda Gülnaryň gara saçlary kagyz ýaly inçe bedeniniň ýarysyna çenli örtýärdi. Edil kiçijek üçburçlyk ýaly şekillenýän göwüsleri onuň ähli göz öňüne getirmeleriniň başlangyç nokadydy. Sebäbi olar ýaňy dörän miwe ýaly özüne çekijidiler, kiçijek bir zat ýaly günäsizdiler. Olar owadan nagyşly ýakanyň aňyrsynda gizlengi durşuna üsti gadymy ýazgyly syrly belgileriň hazynasy ýaly görünýärdi. Ýakup şol runa ýazgylary ýaly syrly belgilerden aňry geçip, olaryň hakykatda nähilidigini göresi gelýärdi. Onuň pikiriçe, Gülnar akýagyz bolany sebäpli, kiçijek üçburç göwüsleri hem aýna ýaly ak bolmalydy. Ol şo pursaty göz öňüne getirip, durmuşda has kämil derejede amala aşyrmak isleýärdi. Nähilidir bir duýgy agyr basyş bilen onuň bedenine çümüp gidýärdi. Şonda Ýakup ýürek gürsüldisini eşidip, muny Gülnara bolan söýgüsiniň alamatlary hasap edýärdi. Soňundan, agyr basyş bilen agram salan duýgy geçip gideninden soň, ol Gülnarly ýatlamalaryny has-da uzaldýardy. Onuň hyýalyndaky hereketleri ýygjamlaşyp, özi üçin täze-täze etaplary açyp goýýardy. Oý-hyýallarynyň birinde-de Gülnar oňa garşylyk görkezenokdy. Sebäbi gyzyň gaşlaryna ýetip duran zülpleriniň astynda garagol gözler oýnaýardy. Gaşlaryny bolsa inçelik bilen ütüp, ýetmeýän ýerini galam bilen doldurýardy. Gülnar örän ynanjaň hem sadaja gyzlara meňzeýärdi. Onuň her hili reňkler bilen boýalan gabaklary köplenç egnindäki köýnegi bilen reňkdeş bolup çykýardy. Ýetginjeklik döwründe has-da uzyn bolýan kirpikleri gara reňk bilen boýalyp, ol gyzy göze ilginç görkezýärdi. Ýöne şeýle göze gelüwliliginden beter Gülnar hemmeler bilen ýylgyryp gepleşýärdi. Hemmeleriň göwnüni tapaýjak, olar bilen dostdur jora bolaýjak bolýardy. Gülnaryň hyrydarynyň köpdügi ýetginjegi öjükdirýärdi. Ýöne beýleki söz aýdyjylardan tapawutlylykda ol howlukman hereket edýärdi. Barybir gyzyň ondan gaçyp gitjek ýeri ýokdy. Ýakup bolsa Gülnary ömür taýydyr öýdýäni sebäpli gyssanmazlygy, ölçerip dökmegi makul bilýärdi. Ony, hatda, Gülnaryň başga bir oglan bilen gepleşýändigi baradaky gürrüňlerem alada goýup baranokdy. Bu döwürde, esasanam, onuň ýaşynda gepleşmeýän barmy näme? Onuň özem birnäçe gezek söýgi synanşyklaryny etjek bolupdy ahyryn. Ýöne her gezek nämedir bir zat ýetmän, ol şo ýetmeýän zady Gülnardyr öýdüpdi. Ýok, beýleki gyzlaram owadan gyzlardy, elbetde. Olaryňam ähli zady ýerbe-ýer, bolmalysy ýaly ýerleşendi. Ýöne olaryň hiç birinde Gülnaryňky ýaly dolulyk ýokdy. Olaryň hiç birinde onuň zenanda görmek isleýän zatlary tutuşlygyna jemlenmändi. Ýa kem-käsleýin, ýa ýarym ýalta diýilýän gözellikden bolsa, ol ganyp bilmeýärdi. Göz öňüne getirmeleriniň niresinden tutanyňda-da, janyňa hezil berýän, hyjuwyňy artdyrýan gyz gerekdi. Gülnar bolsa iç içine açylyp gidýän rus matrýoşkasy ýaly gyzdy. Näme üçindir Ýakup ony hiç kime meňzemeýän, ýok ýerden döräýen zatdyr öýdýärdi. Bu döwürde ähli gören zadyňa hakykydyr öýdýärdiň. Şeýlelikde, gyzyň tebigy owadanlygynyň her dürli kosmetiki bezegler üsti ýetirilensoň, ol on ýedi ýaşly gyza däl-de, kämil zenana çalym edýärdi. Ýakup Gülnaryň üsti bilen dünýä aralaşmak isleýärdi. Onuň pikiriçe, şu wagtdan tebigy owadanlygyny her dürli bezegler bilen göze ilginç görkezip bilýän Gülnar ähli zat babatda Ýakubyň göwnünden turaýjak ýalydy. Gülnara söz aýtmagy meýilleşdirip ýören günleriniň birinde onuň henizem gepleşýän oglanynyň bardygyny ýaňzytdylar.
- Kim ol? – diýip, Ýakup ähmiýet bermediksiräp sorady
- Bäşim bar-a, “ç” klasdaky, hudožnik – diýip, synpdaşy jogap berdi
- Hä omy ?
Ýakubyň ýüzündäki kinaýaly ýylgyryş ýat myhman deýin äm-sämlikde saklandy. Bu ýylgyryşda nähilidir bir alada bar bolsa, onda ol diňe Gülnar sebäplidi. Ýakup hudožnigi özüne garşydaş hasaplamaýardy. Ony asla özi ýaly oglanlaryň deňinde-de görmeýärdi. Şo sebäpli hat zat ýazyp, wagtyny gidirip durman, söýgüsini gönümel gyzyň özüne aýtmagy makul bildi.
- Gülnar dursana – diýip, onuň edil alkymyna dykylyp bardy. Gyzdan limon süýjüsiniň ysy gelýärdi. Ol süýjini agzynyň ähli böleklerine aýlap sorýardy, şonda onuň gyzyl dodaklary kä öňe çykyp, käte bolsa berk ýumulýardy. Ol, hamana, geplemäge-de ýaltanýan, onuň bilen gepleşmek üçin jan etmelidigini görkezýän gyzlara meňzäp, gözleri bilen näme gerekdigini soraýardy. Bu Ýakup üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Daşyndan seredeniňde, ähli kişiler bilen ýylgyryp gepleşýän gyz hakykatda bir sözem diýesi gelenokdy. Ýakup öz ýanyndan gowşanyny duýdy, ýöne eýýäm yza gaýtmaga ýol ýokdy.

- Saňa aýtmaly zadym bardy. Agşam gepleşer ýaly nomeriňi berjekmi?

- Ýook – diýip, Gülnar süýkdürip aýtdy. Ol beren jogabyna özem ynanmaýan ýaly görünýärdi. Şo bolşuna ol oýun etmegi ýüregine düwen çagalara-da çalym edýärdi. Ýakup: “Näme üçin?”-diýip soranda, Gülnar ýeňiljek gülüp goýberdi

- Ýok diýdimmi ýok waý.

Gülnaryň anyk sebäbini aýtmandygy Ýakup üçin ýapyşalga boldy. Ol muny gyz näzi hökmünde kabul etdi. Gülnaryň ökjeli köwşüni tyrkyldadyp, daşlaşýan pursatyny göz öňüne getirende, hamana bir süýjüsini elinden alanlary ýaly bolandygynam ýatlady. Gülnar mekdebiň ýagty diwarlarynyň arasynda ýüzüp barýan ýaşyl perli gazjagaz ýalydy. Onuň ýaşyl köýnegi tolkun ýaly owsunyp, betonyň ýüzüni örtäýjek bolýardy. Gyzyň ýeňiljek ädimleri bilen Ýakubyň sabyr-takaty gitdi. Şondan soň ol Gülnary garawullap başlady. Gülnar bolsa onuň bilen ikiçäk galmazlyk üçin elinden gelenini edýärdi. Ýakup ony kejir towugyna meňzetse-de, barybir bagyşlaýardy. Kejirligi sebäpli jeza çeken ýene Ýakubyň kiçijek şalygyna degişli towuk bolup çykýardy. Arman, häzirlikçe diňe şunuň bilen kanagat etmeli bolýardy. Ol gany gaýnap duran ýetginjek, sowuk kola içip, deň-duşlary bilen futbol hakda jedelleşýärdi. Uly adamlara mahsus dyzyny epip oturýardy. Daşyndan näçe parahat görünmäge çalyşsa-da, içinde nähili gaý-tupanyň gopýandygyny bir kiçijek şalygyna degişliler bilýärdi.
Bir gezek, agşam düşüberer uçurlary deň-duşlary bilen aýlanmaga çykanda, Gülnary gördi. Özem Gülnar ýeke däldi. Onuň ýanynda gürrüňi edilýän hudožnik bardy. Ýakubyň sakga durany sebäpli, beýleki oglanlaram yzyna gaňrylyp seretdiler. Kölegesi boýunça ol gapdalyndaky iki oglanyň üstünden ýöräp gidäýjek ýaly bolup durdy. Ýakubyň egninde tomsuň yssysyna laýyk gelýän ýukajyk maýkadyr, dyzyna ýetip duran şortigi bardy. Aýagynda öýde geýýän şypbygy bolansoň, bu görnüşde Gülnaryň ýanyna barmagy uslyp bilmedi. Diňe iki sany gumry ýaly tirkeşipjik geçen ýaşlaryň yzyndan seredip galdy. Gülnaryň köçäni dolduryp giden atyr ysy ony wagty bilen ýatyrmady. Ýakup şol ysdan dynjak bolup, ýelek ýassygyny birnäçe gezek burnuna çenli gysyp gördi. Peýdasyz. Gülnaryň ter gülleri ýatladýan atyr ysy Ýakup bilen öýe gelip, diwardyr üçeklere çenli ýaýran ekeni. Ol ys sowuk diwarlarda, üç metr beýiklikdäki üçekde, ýumşak ýorganynda, hatda, suw içmek maksady bilen ýanynda goýan käsesiniň içinde-de bardy. Ol, islese-islemese, Gülnaryň ýanyndaky hudožnik hakda pikir öwürmeli bolýardy. Uzak oýlanyp durmazdan hudožnigiň ýoluny saklady. Bu pursat günortanyň tüp yssysynda, alty sagatlyk sapakdan soň bolup geçipdi. Ýakup bedenindäki iň soňky öýjüge çenli aýgytlylykdan doludy. Ol jinnek ýaly bahana tapsa-da, hudožnigi suwa salma ýençjekdi
- Sen Gülnar bilen gepleşýäň diýip eşitdim
Hudožnik gyýk gözlerini ýyldyradyp seretdi diýäýmeseň, hiç zat geplemedi. Ol ogurlykda tutulan ýaly äm-säm boldy. Ýakup onuň elinden sypaňkyrlan sumkasyny dözüm bilen özüne çekdi. – Çyndanam, seň bilen söýüşýärmi şo? Şeý diýip durşuna, aç adamyň garny ýaly ýelmeşip duran sumkany dörüşdirdi. Onuň içinden surat çekilen standart listleriň eslisini çykaryp seredýärkä, listleriň birki sanysy ýere düşdi. Ýakup hudožnigiň okuw kitaplaryndan diňe birini, ýukajygyny göterýändigini görüp geň galdy. Hudožnik bada-bat ýere eglip, suratlaryny ýygnady. Olar hakykatdanam hudožnik üçin gerekli bolmalydy. Sebäbi hudožnigiň ýüzi çytylyp durdy. Dili bilen hiç zat geplemeýän bolsa-da, gizlemäge çalyşýan gyýk gözleriniň garaýşyny tutaýsaň, ähli zady düşündirýärdi. Ýakubyň oňa nebsi agyrdy. Hudožnigiň bada-bat ýere eglip, listleri toplaýan wagtynda, onuň özüne uly bolýan jalbary geýendigine gözi düşdi. Üstesine, onuň köýneginiň içindäki maýkasy doly ak reňkde däl bolmaly, sebäbi iň kiçijek detalyna çenli bildirýärdi. Ýakyndan seredeniňde, saçlaryna wagty bilen ideg etmeýändiginem görüp bolýardy. Ýakupda: “Gülnar munuň nämesini haladyka?” diýen sorag döredi. Gülnar hatda tebigy owadanlygy bilenem kanagat etmän, dürli gözellik serişdelerini peýdalanýan döwrebap gyz bolansoň, onuň söýgülisem iň azyndan şeýle ýigit bolaýjak ýalydy. Ýakup özüne mahsus endik boýunça hudožnigiň edil alkymyna dykylyp bardy. Ol şo wagt hususy zady bilen çemeleşýän ýaly arkaýyndy
- Seret, Gülnaryň göwnüne degäýseň, gaty görme – diýip ýylgyrdy. Ýakubyň ýene-de bir zatlar aýdasy gelip, dili gijäp durdy. Ýöne özüne erk edip, zordan saklanýardy. Onuň şo diýmek isleýän zadyndan ýaňa kellesi humar ýaly çişip, gözleri bolsa çüýşe ýaly ýaldyraýardy. Ol öz ýanyndan söýgüli gyzyny tabşyrýandygyny bilýärdi. Ýöne ony kime tabşyrýandygy ähli gynanjynyň öwezini tutmasa-da, kanagat edip, ýylgyrarça bardy. Şo pursat, eger Gülnar söýgüsini kabul etmeýän bolsa, nädip alajyny tapmalydygyna düşünen ýaly boldy. Ol mundan beýläk hudožnik arkaly Gülnar bilen söýşer. Olaryň ähli hereketlerini gözegçilikde saklar. Şujagaz hudožnik üçin öz söýgüsini kabul etmeýän Gülnara görkezen garşylygynyň jogabyny gaýdyp berer. Hudožnik bolsa Ýakybyň görkezmesi boýunça hereket eder. Ýakup olaryň durmuşynda tä özi ýadap goýýança bolar, bolar we ýüreginde nähili umyt islegleri bar bolsa, şu hudožnigiň üsti bilen amal eder. Gaýtmazdan ozal, onuň ýene-de listleri ýere gaçyryp, hudožnige çöpledesi geldi. Hudožnik gyzyňky ýaly ysgynsyz elleri bilen aşak eglip, kagyzlary çöplemelidi. Soň ýene ýüzüne seretmäge gorkup, olary tertipleşdiren bolmalydy. Gorkusyny gizlemek üçin ünsüni başga ýana sowansyrap, Ýakubyň sumkasyny yzyna gaýdyp bererine garaşmalydy. Haçan-da, Ýakup “Seret, Gülnaryň göwnüne degäýseň, gaty görme” – diýen pursatynda gyýk gözleriniň ajysyny azaldyp, doly düşünmeýän adamyň keşbinde garaşmalydy. Ajaýyp. Ýakubyň ýüregi gizlin şatlyk bilen gürsüldedi. Munuň bilenem kanagat etmän, ol hudožnigi boýdan başa synlap çykansoň, sumkasyny uzatdy-da, duýlar duýulmaz bir yşarat etdi. Onuň manysyna ýetginjekleriň ikisem doly düşünenokdy, ýöne ylalaşandyklary welin iki tarapa-da mälimdi. Gülnaryň haýsy sebäbe görä hudožnigi saýlandygy Ýakup üçin syr bolup galdy. Nebsi agyrýandyr diýsinmi, ýuwaş görýändir diýsinmi ýa başga bir nämälim hasaplary bardyr diýsinmi, garaz, Ýakup anyk sebäbini bilenokdy. Dogry, ol özüni hudožnikden pes hasaplajak bolubam görýärdi. Sebäbi Ýakubyň surat çekmek ukyby ýokdy. Eger oňa Gülnaryň suratyny çek diýseň, ol häzirki zaman sungaty diýip atlandyrylýan köpçülige düşnüksiz kartinalar bolardy. Gülnaryň uzyn kirpiklerini hatar hatar çybyklar ýaly , üçburç göwüsleri kirpiklerinden kiçi, aýaklaryny bolsa mata bilen örtülen iki sany zamçadan gaýdýan göze görünmezek liniýalar görnüşinde çekerdi. Eger şu pikir edişi ýaly surata geçiräçseň, hudaý bilsin, nähili keşp emele gelerdi. Ýakup hudožnik bilen bolan duşuşygy ýatlap köşeşýärdi. Soňabaka ol hudožnik hakda Gülnardan köp pikir edip ugrady. Hudožnigiň hiç haçan Gülnary ynjytmajagyna, onuň asla janly-jandary söz bilen ynjydyp biljek adam däldigine ynanýardy. Eger ilkibadalar Gülnaryň ýanynda kimi görse, it ýaly ýençmegi ýüregine düwen bolsa, indiler onuň hudožnik bilen söýüşmegine päsgel beresi gelmeýärdi. Ol özüni olaryň howandary hasaplaýardy. Gülnar bilen bagly göz öňüne getirmelerini hudožnigiň ýerine ýetirmeginde ýatlanda, Ýakup assyrynlyk bilen syrtarýardy. Haýran galaýmaly, başga haýsy oglan bolanda-da, ol ýylgyryp oňmazdy. Iň azyndan, otlukly göz öňüne getirmeleri üçin ar alardy. Hudožnige bolsa ýagşydan ýamandan bir zat diýmeg-ä beýlede dursun, beýlekilere-de adyny tutdurmakçy däldi. Onuň hyýalyndaky hereketlerini, azam däl köpem däl, hudožnigiiň ýerine ýetirýändigi Ýakup üçin lezzetlidi. Eger bir ýerde göwnüň galyp, bir zatdan nägile bolaýsaň, hudožnigi tapyp bolýardy. Oňa: “Seret, Gülnaryň göwnüne degäýseň, gaty görme” – diýip bolýardy. Onuň gorkusyny gizlejek bolup, ünsüni başga zatlara diken bolşuna nebsiň agyryp, edil gyzjagazy bagyşlaýşyň ýaly bagyşlap bolýardy. Ýogsa-da, sungatyň nämelere güýji ýetmeýär? Ýakup ýaly kiçijek şalygynda janly-jandardyr ösümliklere çenli gün bermeýän adamam rehimdar birine öwrüp goýaýýar diýip pikirlenýärdi. Daş – töwerekdäki adamlaryň Gülnar bilen hudožnigiň bagtyýar jübütlerdigi baradaky gürrüňlerini eşidende, ol assyrynlyk bilen ýylgyryp oňýardy hem-de olar bilen geljekde nädip söýüşmelidigi barada pikir edýärdi.

Bägül ATAÝEWA


0 лайков 104 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.