Sümer Plita ýazgylary (4-nji plita) /-3 dowamy/

ANU ÝERDÄKI ÝERINE ÝETIRILMELI SOŇKY PLAN ÜÇIN ÝERE GELÝÄR

Bu ýazgylar Anunyň Ýere gelşiniň Ea we Enliliň nädip başarnykly bolýandygynyň, Ea daga Enki lakamynyň berilýändiginiň, Alalu bilen Anunyň ikinji gezek göreş tutýandygy hakyndaky hekaýadyr.
Anu Asman ulagy bilen uçuşa çykdy. Planetalaryň aralaryndan geçdi. Ýolbelet Nungal Lahmunyň (Mars) daşyndan bir gezek aýlaw etdi.
Bir döwürler Kingu bolan Aýyň töwereginden geçenlerinde oňa haýran galmak bilen seretdiler. Anu Aýda hem altynyň bardygy ýa ýokdugy hakynda oýlandy.
Gamyşlygyň ýanyndaky suwluk ýere ulag gondy. Onuň gelmegi mynasybetli sazlyk gamyşlardan oturgyçlar taýynlapdy Ea, Anu ýelken açyp kenara çykdy. Iň öňdäki oturgyçda Ea otyrdy. Hökümdar kakasyny ilkinji bolup garşylady. Anunyň öňünde başyny egdi, soňra Anu ''Ilkinji oglum'' diýip haýkyrdy. Gahrymanlar Eridunyň meýdanynda garşylap durdylar. Serkerde Enlil bolsa olaryň öňündedi. Hökümdar Anunyň öňünde hormat bilen baş egdi, Anu ony hem bagryna basdy. Alalu hem şol ýerde näme etjegini bilmän durdy.
Anu oňa salam berdi. Ýoldaşlar ýaly el gysyşaly diýdi Alaluwa. Ikirjiňlenip duran Alalu öňe bir ädim ätdi. Soňra onuň bilen el gysyşyp salamlaşdy. Anu üçin nahar taýýarlanypdy; agşam düşüberende Ea Anuny öz bina eden külbesine äkitdi. Ertir irden, daň atanda Eanyň ýöredip başlan hasabyna görä ýedinji gündi. Dynç günidi. Hökümdar garşylanan, şähdi açmak ýaly günleriň biridi.

ANU ÝER SAÝÝARASYNDA AÝLANYP GÖRÝÄR

Ertir irden Anunyň huzuryna çykan Ea we Enlil tapyndylary görkezdiler. Näme etmelidigini we näme etmekçidigini onuň bilen maslahat etdiler.
Anu olara: ''Şu ýeriniň topraklaryny menem synlaýyn, göreýin'' diýdi. Gürrüňdeşlikden soň olar Asman gatyna çykdylar. Deňizden, deňize uzaýan garalary synladylar. Abzuwa çenli uçdylar, altyny gizleýän topraga gondular. Altyny çykarmak üçin uly güýç gerek bolar diýdi Anu. Altyny çykarmak hem görgüdi. Altyn näçe çuňlukda bolsa-da hökman çykarylmalydy. Ea we Enlil altyny çykarmak üçin gerek-ýarak zatlary toplap gurnadylar, soňra beýlekilere ony işletmek üçin wezipe berildi. Altyny toprakdan we dag gaýalaryndan nädip çykarmalydygyny, Nibiruwa altyny nädip äkitmelidigini täzeden maslahat etdiler.
Anu iki ogluna: ''Gonmak üçin gonalga taýynlansyn, Ýerdäki alynyp barylmaly işler üçin köp gahryman gerek bolar'' diýdi. Soňra içinden hem şeýle diýdi: ''Älem giňişliginde hem gonalga bolsa-dy''...

ANU HER KESI IŞ BAŞYNA GEÇMELI EDÝÄR...

Anunyň buýruklary şeýledi, Ea we Enlil hem şol pikirde-di, hormat bilen onuň huzurynda baş egdiler. Günler geçdi, hemmesi birlikde Eriduwa dolanyp bardylar. Eriduda maslahat mejlisini geçirdiler; her kime bir iş paýlanyp berildi. Eriduny guran Ea söze başlady: Eriduny gurdum, bu ýerlerde başga-da ýerleşer ýaly gonalgalar gurulsyn, Edin (Mukaddes Kitaplardaky ady Aden. Indiki bölümlerde ýaradan Adamuny = Adamy Nibiru planetasyndakylar şol ýere getirýärler) bolsun ady, adynyň manysy ''Dim-dik bolup duranlaryň mesgeni'' diýen manyda. Şu günden şeýläk şeýle diýip yglan edilsin''.
Ediniň serkerdesi men bolaryn, Enlil hem altyn çykarmak işine girişsin. Enlil onuň aýdanlaryna gahary geldi. Soňra Enlil: ''Bu dogry däl'' diýdi Anuwa.
Buýurmaga we wezipäni ýerine ýetirmekde men has başarnykly, Asmandaky gämilere degişli maglumatlar meniň ygtyýarymda.
Ýeriň syrlaryndan jigim Ea menden has gowy düşünýär. Ea Abzuny aýlanyp gezdi, Abzunyň hojaýyny edip bellemeli ony'' diýdi. Anu onuň öýkeländigini, bada bat aňşyrdy. Jigi dogandylar, ýöne ene başga jigi-dogandylar...
Ilkinji ogul bilen kanuny mirasdüşerleriň sözleri ýarag ýaly bolup degýärdi, olar gidişýärdiler. Ea birinji doglan, bir gyrnakdan dogandy. Soňra Antudan Anunyň aýalyndan bolupdy Enlil. Anunyň ene başga gyz jiglerinden biridi Antu. Şeýle ýagdaýda mesele öz-özünden düşnüklidi. Kanuny mirasdüşer Enlil bolmalydy (Ybraýym pygamberiň gyrnakdan bolan (Gajar) birinji ogly Ysmaýyl bilen ene başga gyz jigsi we aýaly Saradan bolan Yshak dagylaryň arasyndaky kanuny mirasdüşerlik ýaly parallellikleri ýatlaň)...

ANU BIJE ATYP WEZIPE BERÝÄR

Şeýle ýagdaýdaky dawwa altynyň çykarylmagyna kynlyk döredip biler diýip Anu gorkdy...
Jigi-doganlaryň biri Nibiruwa dolanyp barmaly diýip Anu gaýga batdy. Soňra bolsa iki ogluna garap: ''Tagtda oturmak üçin Nibiruwa kim gitmek isleýär? Edine kim baştutanlyk etmeli? Abzunyň hojaýyny kim bolmaly?
Geliň üçümiz bije atyşalyň. Jigi-dogan sessiz-sedasyz haýran galyp seredip durdylar.
Bije atyldy. Nibiru Anuwa, Eden we Ýeriň topraklary Enlile, Abzu (Afrika) bilen Deňizler we Okeanlar bolsa Eanyň paýyna düşdi. Suwly okeanlardaky päsgelçilikden soňky topraklar hem Eanyňkydy. Abzuda (Afrikada) hem ussatlyk bilen altyn çykarmalydy.
Enlil täleýine kaýyl boldy. Eanyň gözleri yşk bilen doludy.
Eridudan we Edinden aýrylasy gelenokdy. Anu Enlile ''Rugsat ber, Ea Eridudaky öýüni unutmasyn. Suwa ilkinji bolup gonanyň Eadygy soňsuz ýatdan çykarylmasyn. Rugsat ber Ea hem Ýeriň eýesidigini bilsinler, lakamy Ýeriň eýesi bolsun (Anadolydakg ezoterizmde Ýeriň hojaýyny ýa-da Ýeriň garawuly hökmünde bilinýän Hyzyry (a.s.) ýatlaň).
Kakasynyň sözlerine hormat bildirip, baş atyp kabul etdi Enlil. Soňra agasyna öwrülip şeýle diýdi: ''Şu günden şeýläk lakamyň Enkidir. Ýeriň hojaýyny diýen manyda.
Menem berilmeli emrleriň hojaýyny diýip tanalaryn. Anu, Enki we Enlil ýygnanyşan gahrymanlara hem muny düşündirdiler.
Wezipe bellenilen kişilere berildi, hemme zat pikir edişimçe ugruna diýýärdi Anu. Indi men siz bilen hoşlaşýaryn, indi arkaýyn aladasyz Nibiruwa dolanýaryn.

ALALU WE ANU GÖREŞÝÄR
Alalu öňe çykyp Anunyň ýanyna baryp, esasy mesele ýatdan çykdy öýdýän diýip gygyrdy. Ýeriň serkediligi maňa ynanyldy; altynlary tapandygymy Nibiruwa men aýdypdym.
Nibirunyň tagtyndan ýüz öwüremok intek. Anunyň hemme zady ogullary bilen paýlaşmasy kemsidiji ýagdaýdy. Şeý diýip Alalu Anuwa duýdansyz ýere garşy çykyberdi. Anu gürläre zat tapman dymdy. Soňra gaharly ýagdaýda şeýle diýdi: ''Dawwamyz anyk belli bolar ýaly ikinji gezek göreşeli, gel, özem şu wagt, şu ýerde. Alalu egin-eşiklerini çykardy. Anu hem çykaryndy (Ýakup bilen Taňrynyň göreşmesini ýadyňyza salyň, Ol göreşde Ýakup ýeňiş gazanýar we Ysraýyl adyny alýar). Bütinleý diýen ýaly ýalaňaçlanan iki kükrek biri-birine direnip söweşe başlady, bu diýseň elhenç garpyşykdy. Alalu dyzyna çöküp, ýüzin ýere serilip gaýtdy (Bu göreş biziň bilýän göreşimiz däldir diýip pikir edýärin. Şeýle ösen aň-düşünjeli halkyň karary göreş bilen çözülmegi ýa-da nesilme-nesil geçip gelen hökümdarlygyň gurulmagy mantykly gelmeýär. Bu ýerde ilkinji Sümer halkyna düşüniläýjek terzdäki wakalar beýan edilen bolmaga çemeli.

ALALU ANUNYŇ JYNS AGZASYNY DIŞLÄP GOPARÝAR


Anu aýagy bilen Alalunyň kükreginden basdy. Göreşde kimiň ýeňendigi belli bolupdy. ''Göreşde kimiň ýeňendigi belli boldy, men hökümdar. Alalu Nibiruna dolanyp barmaz...'' diýip Anu aýaklaryny onuň kükreginden aýyrdy.
Alalu ýyldyrym ýaly bolup süýndi-de Anunyň aýaklaryndan tutdy-da ony ýere ýykdy. Soňra agzyny uly edip açyp Anunyň jyns agzasyny dişläp gopardy-da ony ýuwdup goýberdi (Osiris bilen Isisiň miflerinde hem jynsy agzanyň goparyp ýuwtmak ýaly wakalar bar. Asyl çeşmesiniň Sümerlerdedigini şu ýerden bilse bolýar).
Anunyň ahy-nalaly sesi asmana galdy. Ol ýere ýykyldy. Enki Anunyň ýanyna ylgap bardy. Ha-ha-haýlap gülýän Alaluny tutdy.
Gahrymanlar Anuny külbä göterip alyp gitdiler. Alaluwa nälet okady: ''Adalatly çözülsin hemme zat'' diýip gygyrýardy. Anu kömekçisine: ''Ýagty saçýan ýaragyň bilen at Alaluny... Enlil ''...Ýok, ýok''diýip gygyrdy. Soňra bolsa: ''Adalat öz ornuny tapdy, onuň içine zäher doldy. Alaluny gamyşly çatmalaryň birine alyp gitdiler. Elini-aýagyny ýesir edip daňdylar.






SÜMER PLITA ÝAZGYLARY

Zekeriýa SEJIN

Terjime eden: @Jeksparro
1 лайков 74 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.